Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ajap eýýamyň ymaratlary

Baýramçylyga mynasyp sowgat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şeýle öňegidişlikler “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda has-da rowaçlanýar. Güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berilýän dürli maksatly binalardyr desgalar ösüş-özgerişli ýolumyzyň badynyň ýylsaýyn artýandygyna şaýatlyk edýär.

Şa serpaýynyň eýelerine söz berýäris

Döredijilikli zähmete ruhlandyrdy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler kalbymyza joşgun paýlaýar. Şeýle ajaýyp döwrümiziň saýasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerine döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleriň bardygy bizi, diýseň, buýsandyrýar.

Maldarçylyk

Sähra merdanalary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem welaýatyň maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň Tagtabazar etrabyndaky “Çemenabat” maldarçylyk hojalygynyň kärendeçi maldarlarynyň gadamlary batly, ümzükleri öňe. Dowarlardan önüm almak, baş sanyny artdyrmak baradaky ýyllyk şertnamalaýyn meýilnamalaryny üstünlikli amal edip, hojalygyň maldarlary etrapda öňdeligi eýelediler.

Mawy ýangyjyň mekanynda

Öndürijilikli işe höweslendirýäris Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň zähmet üstünlikli gadamlarynyň bady barha artýar. Milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň gaz senagaty pudagynyň guramalarynda we kärhanalarynda öndürijilikli zähmet joşýar. Tebigy gazyň akymy bilen bagly guramalarda, kärhanalarda we edaralarda üstümizdäki ýylda öňde durýan jogapkärli wezipelere abraý bilen hötde gelnip, bellenilen meýilnamalary ýerine ýetirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekilýär.

Ätiýaçlandyryş işiniň kämilleşmegi ykdysady ösüşiň kepilidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetde amala aşyrylýan özgertmeler ätiýaçlandyryş ulgamynyň kämilleşmegi üçin möhüm şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ätiýaçlandyryş babatda maliýe gatnaşyklaryndaky döwletiň, fiziki we ýuridiki taraplaryň bähbitlerini goramagyň netijeli guraly hökmünde milli ätiýaçlandyryş ulgamynyň orny pugtalanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem ätiýaçlandyryş guramalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek üçin ätiýaçlandyryşyň täze meýletin görnüşleriniň kadalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak babatda wezipeler kesgitlenendir. Ýurdumyzda fiziki we ýuridiki taraplary ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, ätiýaçlandyryşyň täze görnüşleri işlenip düzülýär. «Hususy notariusyň hünär jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary» munuň subutnamasydyr.

Il içinde seniň tutulsa adyň...

Halypanyň zähmet ýoly Halal daýhan maşgalasynda dünýä inip, eklenjiň, rysgal-döwletiň bolelin ýaşaýşyň päk zähmetdedigine ir düşünen Allanazaryň çagalyk döwri Wekilbazar etrabynyň häzirki Mollanepes geňeşliginiň Çotan obasynda geçdi. Ol maşgaladaky bäş ogul, dört gyz doganlaryň iň ulusydy. Şoňa görä-de, ol zähmetde bişişip, sekiz jigisiniň ösüp kemala gelmegi, aňly-başly adamlar bolup ýetişmegi üçin eziz pederi bilen deň hatarda jogapkärçiligini duýýardy.

Ýaşlar syýasaty rowaç alýar

Döwrüň bagtyýar nesilleri Ýaşlar hakynda gürrüň edilende, ilki bilen, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen aýtmak isleýäris. Türkmenistanyň ýaşlar syýasatynyň ata-babalaryň asylly ýörelgelerine hem-de häzirki zaman jemgyýetçilik talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Ýaşlar syýasaty bolsa ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr.

Oýlan, pikirlen!

Krossword

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Notariat we notarial işi Türkmenistanyň “Notariat we notarial işi hakynda” Kanuny ajap eýýamymyzyň döwrebap kanunlarynyň biri. Şu Kanun Türkmenistanda notariatyň we notarial işiniň guramaçylyk we hukuk esaslaryny, notariuslaryň hukuk ýagdaýyny, olaryň işine gözegçiligi, şeýle hem notarial işini amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär.

Asudalygyň goragynda

Derwaýys meselä goşandymyz Durmuş tejribesinden görnüşi ýaly, her bir maşgalanyň bagtyýar günlerde ýaşamagy rysgal-döwletini halal zähmetden gözlemeginden gözbaş alýar. Agzybir, bagtly maşgalalar bolsa, tutuş jemgyýetimiziň mäkämligini we bagtyýarlygyny üpjün edýär. Şonuň üçinem biz etrabymyzda maşgalalaryň abadan, agzybir bolmagy ugrunda aladalanýarys.

Halk Maslahaty: beýik işlere badalga

Milli demokratiýanyň aýdyň ýoly bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli ýerlerinde dabaraly maslahatlar giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Eşretli ertirimiziň eýeleri

Her güni taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda uly özgerişler bolup geçýär. Ýaş nesillerimiziň dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim, terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilip, nusgalyk işler alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly aladasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap enjamlar bilen üpjün  edilen çagalar baglarynda, orta mekdeplerde döredilýän şertdir mümkinçilikler bagtyýar ýaş nesillerimiziň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine ýardam berýär. Bilimli nesil ýurdumyzyň kuwwatly daýanjyna deňelýär. Edep-terbiýeli nesiller eşretli ertirimiziň eýeleridir. Ýurduň ösüşine goşant goşmak, ýaş nesle ilkinji terbiýe bermek, körpelerde irki ösüşlerden başlap, eziz Watanymyza söýgi döretmek, ululara hormat goýmak, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp sypatlary terbiýelemek terbiýeçileriň mukaddes borjudyr. Şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň bilim işgärleriniň öňünde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek bilen, ýaş nesilleri döwrüň ruhuna laýyk terbiýeläp, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzy ösdürmäge mynasyp goşandymyzy goşarys.

Zenanlar guramasynda

Maşgala gymmatlygy wagyz edilýär Maşgala mukaddesligini, maşgaladaky gatnaşyklaryň gymmatyny wagyz etmek maksady bilen, golaýda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň medeniýet merkezinde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap guramasynyň guramagynda geçirilen maslahata etrabyň edara-kärhanalarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, mährem eneler, talyp gyzlar gatnaşdylar.

Ýaşlar we hukuk medeniýeti

Golaýda şeýle şygar astynda TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşi hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny, akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak hem-de ýaşlaryň hukuk medeniýetiniň we sowatlylygynyň ýokarlanmagyny gazanmak maksady bilen maslahat gurady. Oňa ýaşlar guramasynyň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň işgärleri hem-de işjeň agzalary, welaýatyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler eziz Diýarymyzda raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ugrunda durmuşa geçirilýän işler, bu ugurda kabul edilen resminamalar barada giňişleýin belläp geçdiler.

Dowamat

Obamyzyň gündogary baýyrlyk,Maňa gujak açdy Çoňňally depäm.Ümezli gözüme yssy görünýäň,Saňa ylgap çykyp, bedenim bekän.Käýerde öňümden çykýar tilkiler,Öňki görenlerme meňzäp baranok.Nämüçin gädikde biraz saklanyp,Yzyna gaňrylyp, garap duranok? Oglanlygmy ýatladyp dur dereler,Honha uzap gidýär köneje ýoda.Şol deräň böwründe bir topar çaga,Üşän ellerini çoýup dur oda.

«Ýigitlik bir gyzyl güldür»

Şygyrlary pähim-paýhas ummanyna deňelýän akyldar şahyrymyzyň  edebi mirasy täze taryhy eýýamyň bagtyýar ýaşlary üçin durmuş mekdebidir. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ýaşlyk, ýigitlik hakyndaky pikir-garaýyşlary häzirki döwrüň kämil, giň dünýägaraýyşly nesillerini terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Akyldar şahyrymyz: «Ýigitlik bir gyzyl güldür» diýmek bilen, durmuşyň ýaşlyk bilen — ýigitlik bilen gözeldigini ündeýär. Magtymguly Pyragynyň eserlerinde ýigitlik düşünjesi ýaşlyk düşünjesi bilen manydaş şekilde ulanylýar. Muny şahyryň «Gidiji bolma» goşgusyndaky:

Asuda ýol — abadan il

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan her bir işde mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy we rowaçlygy, kanuny bähbitleri ileri tutulýar. Bu bolsa döwletimiziň baş aladasynyň halkyň bähbidine we abadançylygyna gönükdirilendiginiň güwäsidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Ýol hereketiniň kadalary» hem şol aladadan gözbaş alýar. Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de döwletimiziň ýol hereketi baradaky kanunçylygyny halkara ölçeglere laýyk getirmek maksady bilen kabul edilen bu kadalaryň 2-nji bölümi «Sürüjileriň umumy borçlary» diýlip atlandyrylýar. Onda ulagyň sürüjisiniň ýanynda ony dolandyrmaga hukuk berýän sürüjilik şahadatnamasynyň, bu şahadatnama bellenen tertipde elinden alnan ýagdaýynda bolsa, wagtlaýyn rugsatnamasynyň, şahsyýetini tassyklaýan we beýleki resminamalarynyň bolmalydygy, howpsuzlyk kemerleri bilen enjamlaşdyrylan ulagda hereket edilende, kemerleri dakynmaga we olary dakynmadyk ýolagçylary gatnatmazlyga borçludygy barada beýan edilýär. Şeýle-de ulagyň tirkegi bar bolan ýagdaýynda oňa we daşalýan ýüke degişli ähli resminamalaryň bolmalydygy nygtalýar. Agzalan kadalaryň 25-nji bölümine laýyklykda bolsa, sürüji ulagyň tehnik

Mukaddesligiň söhbedi

Ýakynda maýor Merdanmuhammet Gurbanowyň serkerdelik edýän harby bölüminde, serkerdäniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, maýor Döwlet Ýusupowyň guramagynda şahsy düzüm bilen welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesiniň başlygy Bibigül Amanowa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň esasy hünärmeni Meýlis Ataýew, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Hanbaý Saparow, welaýat Polisiýa müdirliginden Tawus Ýagmyrowa we harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant Maksat Çaryýew dagy harby gullukçylaryň watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak, Watan mukaddesligi we onuň gymmaty barada söhbet etdiler. Maral ANNAÝEWA, kapitan.

Bereket kesegi

Bu hakda maňa babam gürrüň beripdi. Mekdebe gatnap başlan uçurlarymdy. Bir gün agşam şamlyga palaw bişirilipdi. Ana, şol palawyň üstündäki et bölegi hem bu söhbediň gep başyna öwrüldi. Babam: — Palawyň etini dograşdyryp, iýiberseňiz bolmaýarmy?! Ýa ony bereket kesegi etjek bolýarsyňyzmy?! — diýip, biziň tabagymyza tarap ümledi. Babamyň nämä kakdyrýandygyny aňsak-da, onuň «bereket kesegi» diýýänine düşünmändik. Muny soragly nazarlarymyzdan aňan babam:

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar: