Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Lebaply teatr ussatlary festiwala gatnaşar

Şu ýylyň 18―20-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasyna ― TÜRKSOÝ agza ýurtlaryň ikinji teatr festiwaly geçiriler. Oňa Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatry hem gatnaşar. Häzirki günlerde teatryň döredijilik topary festiwala ýokary derejede taýýarlyk görýär. Has takygy, festiwala ildeşlerimiz «Gelin ýörişi» atly sahna eseri bilen gatnaşarlar. Bu eseriň edebi esasyny ýazan we sahnalaşdyran teatryň baş režissýory Perhat Hudaýberenowdyr.

Sagdynlygyň dabaralanmasy

Welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli giňden ýaýbaňlandyrylan dabaralar şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslendi. Täze taryhy döwürde halkyň saglygy hakynda ägirt uly aladalaryň edilýändigi hünär baýramy mynasybetli geçirilen medeni, sport, wagyz-nesihat çäreleriniň, dabaraly maslahatlaryň mazmunynda aýdyň şöhlelendi. Welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli welaýat Stomatologiýa merkeziniň mejlisler zalynda «Ynsan saglygy — ýurduň baş baýlygy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny galkyndyrmak babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly tagallalar hakynda buýsançly çykyşlar edildi.

Dünýä edebiýatynyň ägirtlerine sarpa

Merjen şäherimiz Aşgabadyň keşbinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini görýäris. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dünýä derejesinde bellenilip geçilýär. Parahatçylygyň we dost-doganlygyň ýolundan ýagty geljege tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyz sarpalanyp, dünýä halklarynyň medeniýetine uly hormat goýulýar. Şu gün – 10-njy oktýabrda paýtagtymyzyň gözel künjeginde dostlugyň nyşany bolan, häzirki zaman gadymy we köp žanrly gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyna Gahryman Arkadagymyz hem-de ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti gatnaşyp, taryhy söz sözlediler. Gahryman Arkadagymyz, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, şeýle-de dabara gatnaşyjylar we myhmanlar soňra gazak halkynyň beýik oglunyň heýkeline ter gül desselerini goýdular. Iki doganlyk ýurduň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary açylyş dabarasynyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.

Zenanlar guramasynda

Hünär bäsleşigi Hormatly Prezidentimiziň «Zenanlarymyzyň zähmetiniň miweleri eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerinde öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrýan beýik işlerimize gelin-gyzlarymyzyň mynasyp goşant goşýandyklary üçin men olara minnetdarlyk bildirýärin» diýen belent ynamyny ödemek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabarlandyrmak maksady bilen, halkymyzyň köpasyrlyk medeni mirasynyň iň görnükli nusgasy bolan türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigine bagyşlanyp, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň golaýda Daşoguz şäher tapgyry geçirildi.

Aýdyň maksatlar dabaralanýar

Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdepde etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan “Aýdyň maksatlar dabaralanýar” ady bilen “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda geçen söhbetdeşlikde etrapdaky 21-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbangözel Muhammedowanyň çykyşy ünsi çekiji boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşyjy hökmünde ol umumy milli forumyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşlary bilen bagly gürrüň etdi. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipelere hem üns çekilendigini belläp, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky tagallalaryna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Ýurt abadan — il bagtyýar

Babadaýhan etrabyndaky 17-nji orta mekdepde «Ýurt abadan — il bagtyýar» ady bilen bäsleşik geçirildi. Welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda ýangyn howpsuzlygy bilen baglanyşykly geçirilen wagyz-ündew ediji bäsleşik uly gyzyklanma döretdi. Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almaklary, berk bedenli, sagdyn ruhly, geljekki durmuşa taýýar, düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmekleri baradaky talaplaryny durmuşa geçirmek, şeýle-de orta mekdepleriň okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmek, olaryň ýangyn howpuna garşy raýatlyk borçlaryna düşünjesini artdyrmak bäsleşigiň esasy maksady boldy. Onda özara bäsleşen mekdep okuwçylaryndan düzülen toparlar ýangyn-tehniki serişdeleriniň ulanyş ýagdaýy, olar babatdaky bilimlerini, ussatlyklaryny aýan etdiler.

Welaýat häkimliginde

Hoşallyk maslahaty geçirildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz ýeňişli ýol bilen ynamly öňe barýar. Milli ykdysadyýetimizde gazanylýan ýokary görkezijiler ösüşli menzillerimize şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berilýän dürli maksatly binalaryň we desgalaryň sany ýylsaýyn artýar. Muňa “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda welaýatymyzyň çäginde bitirilýän işlerem aýdyň subutnamadyr. Golaýda Mary şäheriniň Togrulbeg köçesiniň ugrunda welaýat we Mary şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň 4 gatdan ybarat täze döwrebap binasynyň açylyş dabarasy şatlykly waka boldy.

Halk Maslahaty — belent maksatlaryň rowaçlanmasy

Ýakynda şeýle at bilen Mary şäher häkimliginiň, TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň hem-de Mary şäher halk maslahatynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi we ondan gelip çykýan wezipeleri ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşyga welaýat, şäher halk maslahatynyň agzalary, şäheriň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar we talyplar gatnaşdylar. Täsirli geçen duşuşygy TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow açdy we alyp bardy. Şeýle-de, onda TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, şäher salgyt bölüminiň hasap we hasabat bölümçesiniň başlygy Atajan Jumamyradow, “Maru — şahu jahan” welaýat gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Sülgün Şadyýewa, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmeni Ogulşirin Seýidowa, TDEI-niň talyby Maksatgeldi Jepbarow çykyş etdiler. Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynyň mazmuny hem ähmiýeti, ondan gelip çykýan wajyp wezipeleri durmuşa geçirmekde ýaşlara aýratyn bil baglanylýandygy barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Magtymguly Pyragy — paýhas ummanynyň şamçyragy

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda «Magtymguly Pyragy — paýhas ummanynyň şamçyragy» atly şygar astynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde türkmeniň ruhy äleminde öçmejek yz goýan beýik akyldar, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň Watan mukaddesligi, il-gün hakyndaky goşgularynyň nesilleri terbiýelemekde gymmatly hazyna bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler ajaýyp zamanamyzda Magtymguly Pyragynyň goşgularyny geljekki nesillerimize ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

Kuwwatly desga ulanmaga berildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-njy oktýabrynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Glisirrizin turşusyny öndürýän derman kärhanasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Kärhanada buýan kökünden ýylda 390 tonna glisirrizin turşusyny öndürmek meýilleşdirilýär. Şeýle kuwwatly desganyň açylmagy welaýatyň ýaşaýjylaryny diýseň begendirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgä esaslanýan parahatsöýüjilikli döwlet syýasatynyň dabaralanmagy netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz rowaçly ösüşleri bilen dünýä ýaň salýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty yzygiderli artyp, halkara abraý-mertebesi barha pugtalanýar. Mähriban halkymyzyň abadan durmuşy bereket bolçulygyna beslenýär. Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy üçin irginsiz aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

Aşgabat, 9-njy oktýabr (TDH). Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze neşir ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramynyň — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edildi. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, beýleki ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar gatnaşdylar. Çykyşlarda köp jiltli ylmy neşiriň diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginde däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýändigi we uly meşhurlykdan peýdalanýandygy nygtaldy. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hem-de milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurt okyjylarynyň millionlarçasyna elýeterli boldy. Ol ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygy ösdürmegiň pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançy

Türkmenistanda saglygy goraýyş maksatly täze edaralar açyldy

Her ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyny giňden baýram etmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem bu şanly sene mynasybetli birnäçe iri çäreler geçirilýär. Şu gün paýtagtymyzda açylyp ulanmaga berlen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary şol esasy çäreleriň biri boldy. Bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli ýurdumyzyň sebitlerinde hem iri desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde bolsa welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy ulanmaga berildi. Täze desgalaryň açylmagy Türkmenistanda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Ilatyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

Aşgabat, 9-njy oktýabr (TDH). Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze neşir ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramynyň — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edildi. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, beýleki ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar gatnaşdylar. Çykyşlarda köp jiltli ylmy neşiriň diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginde däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýändigi we uly meşhurlykdan peýdalanýandygy nygtaldy. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hem-de milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurt okyjylarynyň millionlarçasyna elýeterli boldy. Ol ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygy ösdürmegiň pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançy

Sergä gatnaşyjylara söz berýäris:

Ataç Jansewer, «Illuminia» kompaniýasynyň Türkiýe we Orta Aziýa boýunça müdiri: — Sagdynlygyň ýurduna öwrülen Türkmenistanda bu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Ajaýyp baýramçylyk gününde Türkmenistana gelmäge döredilen mümkinçilik üçin örän şat. Türkmenistanyň arassa, jana ýakymly howasy, gözel tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bu toprakda ýetişýän saglyk üçin peýdaly ösümlikler barada gyzykly maglumatlar berilýär. Köp jiltli kitap lukmanlaryň ýan kitabyna öwrüldi. Şu ajaýyp pursatlarda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerini bu ajaýyp baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

«Ikinji Eýnşteýn» ýa-da 12 ýaşly «geniý»

Şu günler dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Suborno Isaak Bari hakyndaky maglumatlar okyjylar tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolýar. 12 ýaşly oglanjyk şu ýyl Malwern şäherindäki orta mekdebi iň ýaş uçurym bolup tamamlady. Ol mekdebiň gutardyş synagynda berlen matematik hasaplamalaryň we IQ testleriň mümkin bolan 100 utugyndan 98-sini gazanmagy başardy. Suborno Isaak Bari 14 ýaşyny dolduryp, ýokary okuw mekdebine girmegi meýilleşdirýär, häzirden synaglara taýýarlanýar. ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatyna degişli mekdepde asly bangladeşli bolan zehinli oglanjyk ähli synplary doly okap, orta bilim hakyndaky şahadatnamany aldy. Ýöne ol munuň üçin her ýylyň soňundaky synpdan-synpa geçiş synaglaryny tabşyrmaly boldy. Adatdan daşary zehinli oglanjyk matematikany we tebigy ylymlary özleşdirip, indi ýokary bilim almak isleýändigini aýdýar. Aslynda, Suborno Isaak Bari 2 ýaşyndaka Mendeleýewiň düzen himiki elementleriniň jedwelini ýatdan bilipdir. Eýýäm 7 ýaşynda kollejleriň umumy sapaklaryna gatnaşyp, şol ýerde geçilýän sapaklara düşünipdir, özleşdiripdir. Matematikany, fizikany we tebigy ylymlary juda gowy bilýändigi üçin bolsa, oňa «ikinji Eýnşteýn» ýa-da ýaş «geniý» (wunderking) diýýärler.

Watan buýsanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygary barha rowaçlanýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet ähmiýetli meseleleri çözmek bilen, häkimiýet bilen halkyň, döwlet bilen jemgyýetiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak babatdaky tagallalaryň aýdyň mysalydyr. Halk Maslahatynyň mejlisinde agzalan ykdysadyýet, maliýe, maýa goýum, ekologiýa, şähergurluşyk, daşary syýasat, ulag-kommunikasiýa, energetika, oba hojalygy, saglygy goraýyş, sport, ylym-bilim, nebitgaz, senagat, hususy telekeçilik ýaly onlarça ugurlarda gazanylan üstünlikler ähli halkymyzy guwandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşlaryny içgin öwrenmek hem-de many-mazmunyny jemgyýete wagyz etmek türkmen ýaşlary üçin wajyp wezipe bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň ak ýoly bilen geçip barýan şanly ýyllar ata Watanymyzy tanalmaz derejede özgerdýär. Dünýäde arzuwlaryň amala aşýan ýurdy hökmünde ykrar edilen Watanymyzyň geljeginiň mundan-da beýik, aýdyň boljakdygyna ynanjymyz egsilmezdir. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideriniň taryhy tutumlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Watanymyzyň oýlanyşykly, ädimme-ädim d

Altyn güýzüň ýalkymy

Golaýda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde guramagynda «Altyn güýzüm» atly medeni çäre geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Her bir gülüň özboluşly gözelliginiň bolşy ýaly, pasyllaryň hem özüne mahsus täsinligi bar. Ter güllere, ýaşyl arçalara, ýapraklary altynsow reňke boýalan baglara syny düşen ynsanyň oýunda iň mähirli hem hoşniýetli duýgular oýanýar. Aýratyn-da, dürli reňkli güýz gülleri ynsan kalbyna üýtgeşik täsir edip, sungat adamlarynyň ýüreklerine ylham berýär. Sary don geýnen güýz paslynda çalaja öwüsýän mylaýym şemala ygşyldaşyp oturan ajaýyp güller paýtagtymyzdaky seýilgähleriň gözelligini has-da artdyrýar. «Altyn güýzüm» ady bilen geçirilen dabarada hem ýazyjy-şahyrlar bular dogrusynda gyzykly gürrüň etdiler, goşgulary okadylar. Dabaranyň ahyrynda ata Watanymyzyň beýik ösüşlerini aýdyň şöhlelendirýän gözel paýtagtymyzy, Arkadag şäherimizi dünýäniň meşhur şäherleriniň hataryna çykarýan hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Seniň hatyň owadanmy?

Size-de şeýle sowal berilýärmi?! «Seniň hatyň owadanmy?». Köplenç mekdepde hatlaryny owadan, gelşikli ýazýan synpdaşlaryma gözüm gidýärdi. Öz hatymyň hem owadan bolmagy üçin yhlasly çemeleşdim. Şeýlelikde, men «Owadan ýazuw» atly bäsleşige gatnaşyp, Hormat hatyna mynasyp boldum. Bu bäsleşige gatnaşmak hat-ýazuwymyň owadan bolmagyna mende uly höwes döretdi. Men enemlere baranymda, ýeňiji bolandygymy hem Hormat haty alandygymy aýtdym welin, enem maňa: «Berekella oglum, ýeňşiň dowamly bolsun!» diýdi. Men: «Ene, siziň hem hatyňyz owadanmy?» diýip soranymda, ol maňa: «Men saňa häzir Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan serime gelenleri ýazyp görkezeýin. Şonda sen meniň hatymyň nähilidigini görersiň» diýdi. Enem Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» atly goşgusyny ýazdy. Dogrudanam, enemiň haty diýseň owadan ekeni. Soňra enem maňa gadymy döwürlerde hatdatçylyk sungatynyň ösendigi barada gyzykly gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, şol döwürlerde patyşalaryň köşgünde hat-ýazuwdan başy çykýan ýörite hünärmenler bolup, olar goňşy döwletlere hat ugradanlarynda hatlary owadan ýazuwlar bilen ýazyp ugradýan ekenler. Bu hünärmenler hat-ýazuwyna ökde bolup, her gün diýen ýaly hatlarynyň owadan bolmagy üçin türgenleşipdirler. Enem maňa «Oglum, seniňem hatyň hemişe owadan bolsun! Hatyň owadan bolmagy seniň köňlüň hem ýüregiň owadanlygyndan habar berýär» diýdi. Enemiň gadymy hatdatçylyk sungaty barada

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdede hamallar, esasan, maddy ýagdaýlaryny ýokarlandyrmak ugrunda iş alyp bararlar. Meýilnamalaryňyzdan garaşýan netijeleriňizi almak üçin onuň guramaçylyk tarapyna ünsli boluň. Birnäçe ownuk ädimleriňizi birleşdirip, wagtyňyzy tygşytlaň.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden soňky oýlanmalar

Asylly däbe eýerip Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzyň her bir güni zähmet üstünliklerine beslenip, şanly wakalary bilen dabaralanýar. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän guwançly wakalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň ösüş-özgerişli menzilleriniň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi üstümizdäki ýylyň taryhy wakasy boldy.