Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Siziň başlangyçlaryňyz bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan belent sepgitlere ýetýär, taryhy ösüşlere eýe bolýar. Milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda uly özgertmeler amala aşyrylýar, döwletimiz ýagty geljege, has beýik ösüşlere tarap ynamly barýar. Häzirki wagtda geçmiş taryhymyz ebedileşdirilip, milli ýolumyz döwrebap derejede dowam etdirilýär.

Zehin bäsleşigi geçirildi

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda «Akyldar şahyryň edebi mirasy» atly zehin bäsleşigi geçirildi. Beýik söz ussadynyň edebi mirasyny wagyz etmek, çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek, olaryň kalbynda dana şahyrymyzyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelere söýgi döretmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşik üç şertden ybarat bolup, täsirliligi we özüne çekijiligi bilen tapawutlandy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Zehinli körpeler bäsleşdiler

Türkmenabat şäherindäki 62-nji çagalar bagynda welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda «Bir bar eken, bir ýok eken» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan çagalar baglarynyň körpeleri gatnaşdylar. Ýaşlarda däp-dessurlarymyza buýsanç, söýgi duýgularyny ösdürmek, olaryň türkmen halkynyň gahrymançylykly geçmişini, edebi mirasyny, taryhy şahsyýetlerini sypatlandyrýan ertekiler baradaky düşünjelerini baýlaşdyrmak, sözleýiş dilini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde körpeler ertekileri sahnalaşdyrmak arkaly öz zehinlerini ýüze çykardylar. Özleriniň söýgüsini gazanan ertekileriň gahrymanlarynyň keşplerini ýerine ýetirmek bäsleşige gatnaşyjy çagalar üçin diýseň gyzykly we täsirli boldy.

Baýramçylyk dabarasy

TDP-niň welaýat, Şabat etrap komitetleri, etrap häkimligi we medeniýet bölümi bilelikde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Hemişelik Bitaraplyk ⸻ baky abadançylyk» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdiler. Etrabyň Gaýrat geňeşligindäki Jemşit oba medeniýet öýünde geçirilen dabarada «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Arazbibi Kulyýewa, TDP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Ejebaý Akmädowa, etrapdaky 55-nji orta mekdebiň müdiri Akjagül Hangeldiýewa,orta mekdebinkdebinrta mekdebinigi habar berilýär. urdyýewa Enegül Amandurdyýewanyň adyna berlen A 0341083 belgili orta bilim h 39-njy orta mekdebiň mugallymy Güljan Nazarowa, 50-nji orta mekdebiň mugallymy Baýramgeldi Kulyýew, 28-nji orta mekdebiň mugallymy Altyn Bekmedowa, medeniýet bölüminiň işgäri Nurtäç Saparowa dagy çykyş etdiler.

Wagyz-nesihat maslahaty

Köneürgenç etrabyndaky 58-nji orta mekdebiň mejlisler eýwanynda «Sagdyn maşgala — sagdyn jemgyýet» diýen şygar bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Edara-kärhanalarda, bilim, saglygy, goraýyş medeniýet we sport ulgamlarynda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmagynda geçen maslahata etrap häkimliginiň jogapkär hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylary, saglygy goraýyş edaralarynyň lukmanlary hem-de ýaşuly nesliň wekilleri  gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda zähmet çekýän adamlaryň, ýaşaýjylaryň arasynda iş, öý we jemgyýetçilik ýerlerde arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, pasla görä geýinmek, sagdyn durmuş ýörelgelere eýermek ýaly wajyp meseleler barada gürrüň edildi.

Beýik işler guwandyrýar

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly toýuna barýan güneşli  Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde ata Watanymyzda bolup geçýän beýik özgertmeler her bir ynsanyň kalbyny çäksiz buýsanja besleýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz täze taryhy döwürde ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Binagärlik taýdan täze, has ajaýyp keşbe eýe bolýan şäherlerimizi, şäherçelerimizi, obalarymyzy görmäge göz gerek. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalar halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler täze-täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Etrap birleşmämiziň işgärleri hem döwlet Baştutanymyzyň parasatly içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalary halk köpçüligine ýetirmekde wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini yzygiderli alyp barýarlar hem-de halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

Türk­me­nis­tan‑ÝHHG: ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ös­dü­ril­ýär

27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog – abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hanym Pia Kaumany kabul etdi. Myh­man wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ho­şal­lyk bil­di­rip, ÝHHG-niň se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, aba­dan­çy­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da çy­kyş ed­ýän Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­ga uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň 3 klu­by 1/8 fi­na­la çyk­dy

AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­sy Elite ýaryşyn­da Gün­ba­tar se­bi­tin­de in­di­ki tap­gyr­da çy­kyş et­jek to­par­la­ryň 3-si bel­li bol­dy. Ola­ryň 3-si hem Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň we­kil­le­ri bo­lup, «Al-Ah­li», «Al Hi­lal» hem-de «Al Nassr» to­par­la­ry­dyr. 3 klub hem 5-nji oýun­lar­da ýe­ňil­me­di­ler. «Al-Ah­li» to­pa­ry soň­ky çem­pi­on «Al Ain» to­pa­ry­ny Iwan Tou­ni­niň gol­la­ry bi­len 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. «Al Nassr» to­pa­ry-da myh­man­çy­lyk­da Ka­ta­ryň «Al-Ga­ra­fa» to­pa­ryn­dan 3–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Du­şu­şyk­da 2 ge­zek ta­pa­wut­la­nan Kris­tia­no Ro­nal­do­nyň 30 ýaş­dan soň ge­çi­ren gol­la­ry­nyň sa­ny 450-ä ýet­di. «Al Hi­lal» to­pa­ry-da myh­man­çy­lyk­da «Al Sadd» bi­len du­şu­şyp, 1–1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. Ýer eýe­le­ri myh­man­lar­dan Al-Bu­lai­hi­niň 10-njy mi­nut­da­ky go­lu­na 71-nji mi­nut­da Ota­wio­nyň go­ly bi­len jo­gap ber­di. Gün­do­gar se­bi­tin­de-de sa­na­wyň li­de­ri Ýa­po­ni­ýa­nyň «Wis­sel Ko­be» to­pa­ry­nyň ýeň­liş­siz ýö­ri­şi do­wam ed­ýär. Olar öz meý­dan­ça­syn­da Awst­ra­li­ýa­nyň «Sent­ral Koast Ma­ri­ners» to­pa­ryn­dan 3–2 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. On­dan 1 utu­gy kem «Gwan­žu» to­pa­ry Hy­ta­ýyň «Şan­haý Şen­hua» to­pa­ry­ny Asa­ni­niň ýe­ke-täk go­ly bi­len ýeň­me­gi ba­şar­dy.

«Liwerpul» ýaryşy dowam etdirjek ilkinji topar

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da 5-nji du­şu­şyk­lar ge­çi­ri­lip, 18 oýun­da 67 gol ha­sa­ba alyn­dy. Si­şen­be gün­ki oýun­lar­da 40 gol ge­çi­ri­lip, UEFA-nyň bu ýa­ry­şyn­da 10 ýyl­dan soň şeý­le sta­tis­ti­ka gaý­ta­lan­dy. 7 oýun­da myh­man­lar, 8 oýun­da-da ýer eýe­le­ri ýe­ňiş ga­zan­dy. 1-i gol­suz 3 du­şu­şyk deň­lik­de ta­mam­lan­dy. 5 klub bi­len we­kil­çi­lik ed­ýän «Bun­des­li­ga­nyň» 3 to­pa­ry ýe­ňip, 2 to­pa­ry-da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy.

Yz­ly-yzy­na 4-nji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di

For­mu­la 1 bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 2 ýa­ryş ga­lan­da, çem­pi­on bel­li bol­dy. ABŞ-nyň Las We­gas şä­he­rin­de ge­çi­ri­len möw­sü­miň 22-nji ýa­ry­şyn­da 6,2 ki­lo­metr­lik tras­sa­da 50 aý­la­wy «Mercedes» to­pa­ry­nyň bri­ta­ni­ýa­ly sü­rü­ji­si Jorj Ras­sell 1-nji orun­da ta­mam­la­dy. Ol ýa­ry­şy 1 sa­gat 22 mi­nut 05,969 se­kuntda ta­mam­lap, möw­süm­dä­ki 2-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Ýe­ňi­ji­den 7,313 se­kunt yza ga­lan to­par­da­şy hem wa­tan­da­şy Lýu­wis Ha­mil­ton 2-nji or­ny eýe­le­di. «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Kar­los Saýns Ju­ni­or bol­sa ýe­ňi­ji­den 11,906 se­kunt giç pel­le­ha­na ge­lip, mün­be­riň 3-nji bas­gan­ça­gy­na çyk­dy. «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň beý­le­ki sü­rü­ji­si, mo­na­ko­ly Şarl Lek­ler ýa­ry­şy 4-nji orun­da ta­mam­la­dy. Çem­pi­on­lyk üçin gö­reş­ýän 2 sü­rü­ji — soň­ky 3 ýy­lyň çem­pio­ny Maks Wers­tap­pen («Red Bull») 5-nji, bri­ta­ni­ýa­ly Lan­do Nor­ris («McLa­ren») 6-njy or­ny eýe­le­di. Bu ne­ti­je Maks Wers­tap­pe­niň bas­syr 4-nji ge­zek çem­pi­on­ly­gy üçin ýe­ter­lik bol­dy. Ol umu­my sa­naw­da 2-nji ýer­dä­ki Nor­ris­den möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 2 ýa­ryş ga­lan­da, 63 utuk öňe saý­la­nyp, yz­ly-yzy­na 4-nji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. Wers­tap­pen şu möw­süm­de 8 ge­zek 1-nji or­ny eýe­le­di. Şeý­le­lik­de, Wers­tap­pen F1-de 4 çem­pi­on­ly­gy bo­lan fran­si­ýa­l

Hepdäniň esasy duşuşyklary

29-njy noýabr (anna) Malýorka – Walensiýa (01:00)

31-nji tap­gy­ryň du­şu­şyk­la­ry

Türk­me­nis­ta­nyň mil­li çem­pio­na­tyn­da 31-nji tap­gy­ryň çä­gin­de 3 du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Çem­pi­on­ly­gy­ny wag­tyn­dan öň yg­lan eden «Ar­ka­dag» to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da «Kö­pet­dag» to­pa­ryn­dan 8-0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Du­şu­şyk­da gol­la­ryň 3-si­ni Di­dar Dur­dy­ýew ge­çir­di. Ol 11-nji, 24-nji hem-de 31-nji mi­nut­lar­da ta­pa­wut­lan­dy. Beý­le­ki gol­la­ry bol­sa Il­ýa Ta­mur­kin (53), Beg­my­rat Ba­ýow (67 p), En­wer An­na­ýew (82), Şa­mäm­met Hy­dy­row (87) hem-de Na­zar To­wa­ke­low (89) ge­çir­di. 2-nji ýer­dä­ki «Ahal» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da «Ne­bit­çi­ni» El­man Ta­ga­ýe­wiň gol­la­ry (27 p, 89) bi­len 2-0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di.

Ha­syl bo­lan ar­zuw

Köp­çü­lik­de py­la­ny synp­da­şym ýa-da py­la­ny ta­lyp­lyk ýyl­la­ryn­da bi­le okan ýo­lda­şym di­ýip, özü­ne ýa­kyn gö­ren­le­ri­niň öw­gü­si­ni ýe­tir­ýän yn­san­la­ra ga­bat ge­lin­ýär. Ha­ky­kat­da­nam, dur­muş­da se­niň bi­len ýa­kyn syr­daş, mäh­ri­ban dost bo­lup ge­zen bi­le okan ýol­daş­la­ryň se­niň kal­byň­dan hiç ma­hal çyk­ma­ýar. Çün­ki olar se­niň ýa­kyn hos­sar­la­ryň ýa­ly bol­ýar. Se­niň bi­len dost­luk gat­na­şy­gy­ny sak­lap, ge­rek ýe­rin­de sa­ňa kö­mek-gol­da­wy­ny be­rip dur­ýar. Me­niň gür­rü­ňi­ni et­jek bol­ýa­nym hem hut şeý­le yn­san­lar­dan. Onuň bi­len ta­nyş­ly­gym 1992-nji ýyl­da açy­lan Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­tyn­da bo­lup­dy. Çün­ki şol ýyl ins­ti­tut­da oka­mak üçin res­mi­na­ma­la­ry­my­zy tab­şy­ryp, gi­riş sy­nag­la­ry­ üçin ba­ryp­dyk. Şol ýyl iki­miz hem ins­ti­tu­tyň Teatr sun­ga­ty fa­kul­te­ti­niň Halk te­at­ry­nyň re­žiss­ýo­ry hü­nä­ri­niň ga­ýy­ba­na ta­ly­by bo­lup­dyk. Ýa­kyn­da men onuň bi­len du­şu­şyp, dö­re­di­ji­lik ýo­ly ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dim. 1972-nji ýy­lyň tom­sun­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň Gä­wers oba­syn­da iş­çi maş­ga­la­syn­da dün­ýä inen Öwez­my­rat Öwe­zow tu­ruw­baş­dan sun­ga­ta ýyk­gyn edip, ar­tist bol­ma­gy ar­zuw edip­dir. Ol oba­la­ryn­da­ky 9-njy or­ta mek­dep­de okap ýör­kä mek­dep­de he­re­ket ed­ýän dra

Ýag­ty­lyk saç­ýan tomzak

Te­bi­gat­da dür­li geň-taň ha­dy­sa­la­ra ga­bat gel­mek bol­ýar. Ola­ryň bi­ri hem ýal­dy­ra­wuk tom­zak­lar­dyr. Ylym­da «Lam­py­ri­dae» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu tom­zak­lar maş­ga­la­sy­nyň 2 müň­den gow­rak ag­za­sy bar. Her jan­da­ryň öz duş­man­la­ryn­dan go­ran­mak üçin «ýa­ra­gy» bar. Ola­ryň kä­bi­ri duş­ma­nyn­dan çe­ýe aýak­la­ry bi­len ga­çyp gu­tul­ýan bol­sa, kä­bir­le­ri şah­la­ry bi­len go­ran­ýar. Kä­si er­bet ys ýaý­ra­dyp, öz duş­ma­ny­ny ga­çyr­ýan bol­sa, kä­bi­ri be­de­ni­ni çi­şi­rip, duş­ma­ny­na uly gör­nüp, haý­bat at­ýar. Ýal­dy­ra­wuk tom­zak­la­ryň yşyk­la­rynyň duş­man­la­ry­ny gor­kuz­ma­gy­na peý­da­sy bar. «Lam­py­ri­dae» ga­raň­ky dü­şen­den soň­ra bi­ri-bi­ri­ni ça­gyr­mak, kä­bir mör-mö­jek­le­ri özü­ne çek­mek üçin ýag­ty­lyk sa­çyp baş­la­ýar. Ýa­şyl-sa­ry reňk­li ýag­ty­ly­gy gö­ren beý­le­ki jan­dar­lar bu tomzaklaryň ta­ga­my er­bet­di­r öýdüp, on­dan uzak­laş­mak bi­len bol­ýar­lar. Tro­pik ho­wa­ly bat­ga­lyk­lar­da we to­kaý­lyk­lar­da ýa­şa­ýan ýal­pyl­da­wuk tom­zak­la­ra Awst­ra­li­ýa­da, Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da we Ýew­ro­pa­nyň kä­bir ýur­dun­da duş gel­mek bol­ýar.

Dü­ýe­guş­lar, ha­ky­kat­da­nam, kel­le­si­ni gu­ma sok­ýar­my?

Af­ri­ka yk­ly­my äpet guş­la­ryň bi­ri bo­lan dü­ýe­guş­la­ryň me­ka­ny ha­sap­lan­ýar. Tä­sin he­re­ket­le­ri bi­len köp­çü­li­giň ün­sü­ni özü­ne çek­ýän bu guş­lar uçup bil­me­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, sa­gat­da 50-70 ki­lo­metr tiz­lik­de yl­gap bil­ýär­ler. Kä­te haý­wa­nat ba­gyn­da ýa-da jan­ly-jan­dar­la­ryň ýa­şaý­şy ba­ra­da ýaý­ly­ma goý­be­ril­ýän wi­deo­film­ler­de bu äpet guş­la­ryň kel­le­si­ni gu­ma ýa-da ot-çö­püň ara­sy­nda giz­le­ýän­di­gi­ni gör­ýä­ris. Köp­ler mu­nuň se­bä­bi­ni «Dü­ýe­guş daş­ky howp­lar­dan giz­len­mek üçin şeýd­ýär» di­ýip dü­şün­dir­ýär­ler. Eý­sem, ha­ky­kat­da­nam dü­ýe­guş­lar go­ran­mak ýa-da giz­len­mek üçin kel­le­si­ni gu­ma sok­ýar­my? Bo­ýu­nyň 2,5 metr­di­gi­ne, ag­ra­my­nyň 150 ki­log­ram­dan geç­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, dü­ýe­gu­şuň ki­çi­jik kel­le­si bar. In­çe­jik uzyn bo­ýun­ly bu guş­la­ryň ka­me­ra meň­zeş ki­çi­jik kel­le­si ola­ry gül­künç hem täsin gör­kez­ýär. Dü­ýe­guşlar ýu­murt­ga­la­ýan möw­sü­min­de kel­le­si we çüň­ki bi­len ýer­den çu­kur gaz­ýar­lar. Ýu­murt­ga­la­ry­ny çu­ku­ra gö­müp, her gün çüň­ki bi­len öw­rüp dur­ýar­lar. Bu ýag­daýa uzak­dan se­re­de­niň­de, dü­ýe­guş­la­r kel­le­si­ni gu­ma giz­le­ýän ýa­ly gö­rün­ýär. Mun­dan baş­ga-da, bu äpet guş­lar ösüm­lik­le­ri iýen­le­rin­de kel­le­si aşak bo­lan­soň, uzak­dan se­re­de­niň­de kel­le­si­ni aşak­da giz­le­ýän ýa­ly gö­rün­ýär.

Ro­bot oý­na­waç­lar güý­men­jä­niň tä­ze gör­nü­şi

Ýaş nes­liň wag­ty­ny gy­zyk­ly hem-de peý­da­ly ge­çir­mek­le­ri üçin oý­na­waç­la­ryň bir­nä­çe gör­nüş­le­ri bar. Mu­ňa agaç, plast­mas­sa oý­na­waç­la­ry, gur­jak­la­ry, ki­çi­jik ma­şyn­la­ry, sö­kü­lip-dü­zül­ýän güý­men­je­le­ri my­sal ge­tir­mek bo­lar. Oý­na­waç­lar ça­ga­nyň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­mak­da, ýat­keş­li­gi­ni ös­dür­mek­de, tä­ze mag­lu­mat­la­ry öw­ret­mek­de hem-de aň-dü­şün­je taý­dan kä­mil­leş­dir­mek­de örän peý­da­ly­dyr. Ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nen, soň­ky ýyl­lar­da oý­la­nyp ta­py­lan döw­re­bap oý­na­waç­la­ryň bir gör­nü­şi hem ro­bot oý­na­waç­lar­dyr. Ro­bot oý­na­waç­lar ýaş nes­liň aňy­nyň kä­mil de­re­je­de bol­ma­gy hem-de ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ra aň­sat­lyk bi­len erk et­me­gi üçin öw­re­di­ji en­jam­lar­dyr. Ge­liň, ro­bot og­lan­jyk we ro­bot gü­jü­jek bi­len ta­nyş bo­la­lyň! QRIO (ro­bot og­lan­jyk)

Gyş üçin C wi­ta­mini ze­rur

Wi­ta­min­leriň ara­syn­da C wi­ta­mi­ni be­de­ni­mi­ziň esa­sy ze­rur­lyk­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de ta­pa­wut­lan­ýar. Im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­ýän, de­ri­niň tä­ze­len­me­gi­ne we ener­gi­ýa­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýän C wi­ta­mi­ni an­ti­ok­si­dant­la­ryň çeş­me­si ha­sap­lan­ýar. Sit­rus mi­we­le­rin­de C wi­ta­mi­niň köp bö­le­gi sak­lan­ýar. Sit­rus mi­we­le­re li­mon, man­da­rin, apel­sin, greýpf­rut, ber­ga­mot, kam­kat de­giş­li bo­lup, esa­san, hoş­boý ysy we na­rynç reň­ki bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Mun­dan baş­ga-da, ýer­tu­da­na, ki­wi, ana­nas ýa­ly mi­we­ler­de, gy­zyl burç, brok­ko­li, po­mi­dor ýa­ly gök önüm­ler­dir ter ot­lar­da hem C wi­ta­mi­ni sak­lan­ýar. Be­den­de C wi­ta­mi­niň ýet­mez­çi­li­gi sag­lyk bi­len bag­ly çyn­la­kaý kyn­çy­lyk­la­ry dö­re­dip bil­ýär. Esa­san hem, ho­wa­nyň so­wuk gün­le­rin­de C wi­ta­mi­ne baý mi­we­le­ri yzy­gi­der­li iý­mek, be­den üçin ge­rek­li muk­dar­da C wi­ta­mi­ni al­mak ze­rur bo­lup dur­ýar. Ge­liň, C wi­ta­mi­niniň peý­da­ly ta­rap­la­ry bi­len ta­nyş bo­la­lyň!

«Ma­ni­fest»: ýy­lyň sö­zi saý­lan­dy

Her ýy­lyň ahy­ryn­da haý­sy sö­züň ýy­lyň ady­na my­na­syp­dy­gy­ny kes­git­le­mek üçin Kemb­rij söz­lü­gi­niň ag­za­la­ry göz­leg mag­lu­mat­la­ryn­da sel­jer­me iş­le­ri­ni ge­çir­ýär­ler. 2024-nji ýyl­da iň köp ula­ny­lan tä­sir­li söz hök­mün­de «ma­ni­fest» saý­lan­dy. Kemb­rij söz­lü­gi­niň ag­za­la­ry ýy­lyň sö­zü­ni saý­lan­da 3 esa­sy öl­çe­gi göz öňün­de tu­tup, «Haý­sy söz in­ter­net ul­ga­myn­da iň köp göz­len­di we meş­hur bol­dy? Şol ýyl bo­lup ge­çen wa­ka­ny haý­sy söz has tä­sir­li be­ýan et­di? Bu söz dil taý­dan nä­me üçin gy­zyk­ly?» di­ýen so­rag­la­ra jo­gap göz­le­ýär­ler. Olar ýy­lyň sö­zü­ni ula­ny­lyş ge­ri­mi­ne, tä­sir edi­ji­li­gi­ne (sö­züň güý­ji) we dil aý­ra­tyn­ly­gy­na esas­lan­mak ar­ka­ly saý­la­ýar­lar. «Ma­ni­fest» şu ýy­lyň iň köp ula­nyl­ýan söz­le­ri­niň bi­ri bo­lup, in­ter­net­de 130 müň ge­zek göz­le­nip­dir. Bu söz 2023-nji ýyl­da Kemb­rij söz­lü­gi­ne tä­ze ma­ny­la­ry­ny dü­şün­dir­mek ar­ka­ly gaýtadan go­şul­dy. «Ma­ni­fest» sö­zi ir­ki ýyl­lar­da fran­suz we la­tyn dil­le­rin­de «karz al­mak» di­ýen ma­ny­da ula­ny­lyp­dyr. «Ma­ni­fest» adal­ga­sy bi­len bag­la­ny­şyk­ly il­kin­ji ýaz­gy­la­ra 1300-nji ýyl­la­ryň or­ta­la­ryn­da duş gel­mek bol­ýar. «He­re­ket­de ýü­ze çy­ka­ry­lan, gö­rün­ýän ýa-da aç-açan» di­ýen ma­ny­da la­tyn­ça­dan iň­lis di­li­ne ge­çen bu söz bir za­dy çürt-ke­sik açyp gör­kez­mek bi­len bag­la­ny­şyk

Huang­luo – uzyn saç­ly ze­nan­la­ryň oba­sy

Hy­ta­ýyň Huang­luo oba­sy uzyn saç­ly ze­nan­la­ryň me­ka­ny ha­sap­lan­ýar. Huang­luo oba­sy­nyň ga­dy­my däp-des­sur­la­ry do­wam et­dir­ýän ze­nan­la­ry öz saç­la­ry­ny iň gym­mat­ly baý­lyk ha­sap­la­ýar­lar. Bu ga­dy­my otu­rym­ly ýer Hy­taý­da «Uzyn saç­ly oba» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Hat­da bu ýer Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by ta­ra­pyn­dan «Dün­ýä­niň iň uzyn saç­ly oba­sy» hök­mün­de yk­rar edil­di. Bu oba­da­ky ze­nan­la­ryň äh­li­si sa­çy­ny 2 met­re çen­li ös­dür­ýär­ler we sa­çy­ny çe­ýe hem sag­dyn sak­la­ma­gy ba­şar­ýar­lar. Eý­sem, Huang­luo oba­sy­nyň ze­nan­la­ry­nyň sa­çy­nyň uzyn bol­ma­gy­nyň sy­ry nä­me­de?!

Gurluşygyna badalga berler

In­do­ne­zi­ýa­nyň hä­ki­mi­ýe­ti 2027-nji ýyl­da Ba­li ada­syn­da tä­ze ho­wa men­zi­li­niň gur­lu­şy­gy­na baş­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da «The Ja­kar­ta Post» ga­ze­ti ha­bar ber­ýär. Ba­li­dä­ki hä­zir­ki Ngu­rah Ra­ýa adyn­da­ky ho­wa men­zi­liniň ýo­lag­çy gat­na­wy bo­ýun­ça In­do­ne­zi­ýa­da ikin­ji orun­da dur­ýan­dy­gy bel­lenil­ýär. Onuň hyz­mat ediş müm­kin­çi­li­gi 2029-2030-njy ýy­la çen­li soň­ky çä­gi­ne ýe­ter. Ho­wa men­zi­li­niň ýo­lag­çy gat­na­wy­nyň 32 mil­li­on ada­ma ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.