Watan goragy mukaddesdir
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gözel paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk dabaralary giňden bellenilýär. Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda «Watan goragy mukaddesdir» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyň mugallymlary, talyplary, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar we çykyş etdiler. Watan goragynyň mukaddesligini giňden wagyz etmek bilen, baky Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda parahatçylygy baýdak edinip, dostana goňşuçylyk we ynanyşmak syýasatyny alyp barýar. Milli goşunymyz parahatçylygy, ýurdumyzyň howpsuzlygynyň bähbidine halkymyzyň abadan durmuşyny, erkin döredijilikli zähmetini goramaga hyzmat edýär. Bu ýörelgeler oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan hem-de goranyş häsiýetine eýe bolan harby doktrinamyzda öz beýanyny tapýar diýip, çykyş edenler uly buýsanç bilen bellediler.