Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Tatar nakyllary we pähimleri

Ogul doguldy — tug doguldy. *  *  *

Diňe söýgi hakynda

Söýgi beýik işlere ruhlandyrýar we hut onuň özi-de olary amala aşyrmaga päsgel berýär. A. Dýuma.

Bagt barada aýdylanlar

Kime bagt gerek däl bolsa, şol iň bagtlydyr, kim özüne erk edip bilýän bolsa, şol iň güýçli hökümdardyr. Seneka.

Welaýat zenanlar bölüminde

Hasabat ýygnagy geçirildi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalar türkmen zenanlaryny gaýratly, joşgunly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Häzirki döwürde zenanlara goýulýan hormat-sarpa barha belende göterilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm wakalarda has-da aýdyň göz ýetirýäris. Çünki, zenanlara goýulýan hormat jemgyýete, maşgala mukaddesligine goýulýan hormatdyr. Zenanlaryň sarpalanmagy döwletiň, halkyň sarpalanmagydyr.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Sagdyn durmuşa badalga Gadymy türkmen halky köp asyrlyk geçmişinde-de sagdyn durmuşa gol ýapyp, neşekeşligi, çilimkeşligi we naskeşligi ýazgaryp gelipdir. Sebäbi sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek bagtyýarlyga, abadançylyga badalgadyr. Şonuň üçinem döwlet Baştutanymyz neşekeşlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş yglan etmek bilen döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli işe badalga berdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu elhenç howpa, neşekeşlige garşy göreşde mümkin bolan ähli zerur çäreler görüldi. Bu göreş ählihalk işine öwrülip, neşe howpunyň derejesi düýpli pese gaçdy.

Bileniň — baýlygyň

Siz nähili uklaýarsyňyz?! Bu ugurdan ýörite barlaglary geçiren alymlar: “Adamyň uklan wagty ýatyşyndan onuň psihiki ýagdaýyny bilmek bolýar!” diýen netijä gelipdirler. Bu barada fransuz psihology Pýer Dawo şeýle diýýär: “Mundan ýeňil zat ýok. Adamyň psihologiýasyny onuň nähili uklaýandygyndan bilmek bolýar”.

Saýlawlara taýýarlyk: milli synçylar bellige alyndy

Demokratik ýörelgeleriň täze we döwrebap ýörelgelerini nazarlaýan hem-de halk köpçüligi bilen maslahatlaşylyp kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, milli parlament Milli Geňeş, onuň kanun çykaryjy palatasy Mejlis, wekilçilikli palatasy Halk Maslahaty diýlip atlandyryldy. Şeýlelikde, Konstitusion kanunyň kabul edilmegi bilen iki palataly parlament ulgamyna geçildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary ýurdumyzyň syýasy durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararyna laýyklykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçirmek bellenildi.

Hasabat-saýlaw ýygnaklary

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň düzümine girýän ilkinji guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary geçirilýär. Etrap birleşmesiniň düzümindäki ilkinji guramalaryň ählisinde geçirilmegi meýilleşdirilen hasabat-saýlaw ýygnaklarynyň gün tertibine döwletimiziň ajaýyp üstünlikleri barada söhbetler, geçen hasabat döwründe bitirilen işler, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ähmiýeti, olary ilat arasynda wagyz-nesihat etmekdäki wezipeler barada pikir alyşmalar ýaly meseleler girizildi. «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň etrap şahamçasynyň, etrabyň sport mekdebiniň hem-de daýhan birleşikleriň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary guramaçylykly geçirilip, ilkinji guramalaryň geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň jemi boýunça edilen işlerine we guramaçylyk meselelerine garaldy. Ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilmeli çäreler boýunça iş meýilnamalary tassyklanyldy.

Mukaddes borç

Ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny belende göterip, olary giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmaga ruhlandyrýar. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilmegi bolsa, ýurdumyzyň merdana harby gullukçylarynyň buýsançly başyny göge ýetirýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň gazanýan üstünliklerine harby we hukuk goraýjy edaralarynyň merdana harby gullukçylary özleriniň uly goşandyny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Eziz Watanymyz — elýetmez baýlygymyz. Biz Watanymyzy başymyza täç edýäris» diýen pähimi Watan mukaddesliginiň her türkmen üçin iň ýokary orunda durýandygyny tassyklaýar. Ýurdumyzyň goranmak kuwwatynyň, hukuk tertibiniň pugtalandyrylmagyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň örän möhüm ugry bolup durýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary bilen harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy üpjünçilik ýagdaýyny gowulandyrmak, Watan goragçylarynyň beden we ruhy taýýarlygyny ýokarlandyrmak, olaryň harby tehnikalara we ýaraglara erk ediş başarjaňlygyny ösdürmek ugrunda uly işler alnyp barylýar.

Ulagly sütün

Bir at güýji diýip 75 kilogramlyk ýüki 1 sekuntda 1 metr hereket etdirip bilýän güýje aýdylýar. * * *

Teatryň sowgady bolar

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýar. Şeýle taryhy döwürde ýaşamagyň, zähmet çekmegiň, döretmegiň we gurmagyň özi hem tükeniksiz bagtdyr. Biz — medeniýet işgärleri Arkadagly döwrümiziň eçilýän ajaýyp peşgeşlerinden ruhlanyp, has-da döredijilikli zähmet çekmäge çalyşýarys. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny giňden belläp geçeris. Şonuň bilen baglanyşykly, Kaka etrabynyň medeniýet-sungat işgärleri täze aýdym-sazlary, joşgunly tanslary, sahna eserleri bilen toýa sowgatly barmagy baş maksat edinýärler.

Düzgünleri berjaý edeliň!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkymyzyň asuda, parahat ýaşamagy, döretmegi hem-de gurmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Beýik ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryň, senagat-kärhanalaryň, durmuş-medeni maksatly beýleki binalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi halkymyz hakynda edilýän bimöçber aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Şonuň bilen baglanyşykly, binalarda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini üpjün etmek meselesi möhüm talap bolup durýar. Ýaşaýyş jaýlarynda ýüze çykýan ýangynlaryň aglabasyna gyş möwsüminde otaglary ýylatmak maksady bilen gurnalýan tebigy gaz bilen işledilýän peçleriň hem-de elektrik enjamlarynyň ulanyş hem-de gurnalyş düzgünleriniň bozulmagy sebäp bolýar. Gaz ýangyjy bilen işleýän enjamlar başarnykly ulanylanda, olar ýangyn taýdan howpsuz bolýar. Şonuň üçin hem tebigy gaz bilen işledilýän peçler hem-de elektrik enjamlary gurnalanda, ulanylanda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaplary hökman berjaý edilmelidir. Ýagny, ýyladyjy hem-de gyzdyryjy enjamlar gurnalanda olaryň aşagyna ýanmaýan önümden edilen gatlaklar goýulmalydyr. Ýyladyjy, gyzdyryjy enjamlaryň sazlygy yzygiderli barlanmalydyr. Şeýle hem peçleriň tüsseçykarlary gurumlardan arassalanmalydyr.

Daşymyzyň sarsmaz galasy

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda döwletimiz harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak barada alada edýär. Bu gün Watan goragçylary üçin döwrebap, kämil, häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen serhet galalarydyr birikmeleri, harby bölümler, ähli mümkinçilikleri bolan ýaşaýyş jaýlarydyr sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen harby okuw mekdeplerinde ökde hünärli, öz işine ussat harby gullukçylary taýýarlamak işlerine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalynyň hem-de Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adynyň we döşe dakylýan nyşanynyň döredilmegi bolsa, Watan goragçylarynyň buýsanjyna buýsanç goşdy. Her ýylyň 27-nji ýanwarynda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda Watan goragçylarynyň güni dabaralara beslenip, döwlet derejesinde bellenip geçilýär. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatçylygynyň goragynda durmak bilen, mukaddes borçlaryny abraý bilen ak ýürekden ýerine ýetirýän harby serkerdelerdir esgerleri ýokary üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň sözleri bilen aýtsak, bu baýram Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion

Milli mirasyň muşdagy

Başlangyç synp okuwçysykam «Görogly» şadessanyndan käbir düşünmeýän sözlerime gabat gelenimde, olaryň manysyny tirip bermegi ejemden haýyş ederdim. Ejem mollada okapdy, sowatlydy. Bir gezek «Ýigit gerek herbap, herbap» setirindäki «herbap» diýen sözüň manysyna düşünmän, ejemden soradym. Ol: «Oglum, birnäçe işi, käri başarýana herbap adam diýilýändir» diýdi. Biziň şu makalada gürrüňini etjek kişimize — Hangylyç Tagangylyjowa hem herbap adam diýmek bolar. Ol — mugallym, folklorçy, mirasgär, agramly oçerkleri, makalalary ýazýan, şahyrçylykdan hem başy çykýan, şeýle-de dilçi, edebiýatçy, okumyş adam. Biz onuň bilen uzak ýyllaryň dowamynda dostluk gatnaşygyny saklap ýörüs. Käbir köne sözleriň manysyna düşünmesem, jaň edip, Hangylyçdan soraýaryn. Aýdylyşy ýaly, çöp döwen ýaly edäýýär. 

Asudalygyň mizemez binýady

Türkmen Watan duýgusyny, Watan düşünjesini ömrüniň ölçeg birligine öwrüpdir. Şonuň üçin ol her bir adamyň kalbyny heýjana salýar. Oňa ýaşamaga, işlemäge, durmuşy söýmäge güýç-kuwwat berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkyň eşretli durmuşynyň gözbaşyny onuň üçin asuda, parahat ýaşaýşy üpjün etmekde görýär. Türkmenistanyň harby syýasaty parahatçylyga, asudalyga ýugrulmak bilen, ol ähli döwletleriň harby güýç ulanmazlygyna, ýaragsyzlanmagyny gazanmaklaryna gönükdirilendir. Muny Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň parahatçylykly, ýagny goranmak häsiýetine eýedigi-de aýdyň görkezýär. Milli goşunymyzyň parahatçylygy goramaklykdan ugur alýan söweşjeň taýýarlygy we ýurdumyzyň harby goranyş kuwwaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň çuňňur many-mazmunyny özünde jemleýär. Onuň gözbaşynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyga, dost-doganlyga ýugrulan hemişelik Bitaraplyk syýasaty dur. Asudalygyň goragyndaky Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi-de hut şu nukdaýnazardan ugur alýar. Bagtyýar halkymyzyň asuda ýaşaýşynyň rowaçlygy Garaşsyz Diýarymyzyň berk goralyp saklanylmagy, Serhet gullugymyzda, beýleki harby we hukuk goraýjy edaralarymyzyň düzüminde işleýän hem gulluk edýän gullukçyl

Mukaddeslige sarpa

Her ýylyň 27-nji ýanwarynda Diýarymyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde açylan sergi «Watan goragy mukaddesdir» diýlip atlandyryldy. Sergide ýerleşdirilen muzeý gymmatlyklarymyz ata-babalarymyzyň şöhratly ýoly, hormatly Prezidentimiziň bimöçber üns-aladasy bilen gurşalan Milli goşunymyzyň şu günki ösüşi barada özboluşly gürrüň berýär.

Giň dünýäniň geň habarlary

Sahara gar ýagdy Dünýäniň iň jöwzaly künjegi bolan Sahara çölüne we Saud Arabystanyna gar ýagdy. Ak gara bürenen çäge depeleri özboluşly gözel görnüşleri emele getirdi. Howanyň derejesi selsiý boýunça -3o peseldi. Bu sebitlere ýagan ýagyn gar sürçeklerini emele getirip, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda päsgelçilik döretdi. Alžiriň Aýn-Sefra sebitine ýarym asyrdan bäri ilkinji gezek gar ýagdy. Garyň ýagmagy sebitiň daglyk künjekleri üçin gaty bir seýrek ýagdaý hem däl, emma ýagan gar bir günden uzak saklanmaýardy diýip, degişli hünärmenler gürrüň berýärler.

Watan — başlaryň täji

Şeýle bir duýgy bar. Ol küti kitaplara-da sygmaýar. Ony iň täsirli, iň nurana sözler bilenem beýan edip bolmaýar. Ol — watançylyk duýgusy. Eýsem, Watan, watançylyk duýgusy nämeden başlanýar? Watanyň serhetden, öý-ojakdan başlanýandygy öz-özünden düşnükli. Galyberse-de, Watan ynsanyň ýüreginden başlanýar. Köp zat kalba, ýürege bagly. Şahyr aýtmyşlaýyn: «Dünýäde ýaragy güýçlüler däl-de, ýüregi güýçlüler üstün çykýar». Bu anyk. Taryhy alalyň. Taryh — uly bir kitap. Ony sahypalap görüň. Taryh eždatlarymyzyň edermenliginden söhbet açýar. Ynam bilen aýdyp bileris, Watan — ýürekleriň nurudyr. Gadymyýetde türkmen maşgalasynda ogul terbiýesine aýratyn üns berlipdir. Bu häzirem şeýle. Elbetde, Watan üçin, halk üçin dogumly, mert, gaýduwsyz ýigitler gerek. Diýmek, her bir maşgala özi üçin däl-de, Watan hem-de halk üçin ogluny terbiýeleýär. Gör, terbiýäniň düýp manysy nirelerden gelip çykýar. Ýene bir taryhy hakykaty ýatlalyň: gadymyýetde mertlik ýa-da akyl işi esasynda özüne mynasyp at gazanmadyk perzent ömürboýy isimsiz gezibermeli bolupdyr. Türkmen ojagynda ogul dünýä inse: «Bir ýumrugymyz artdy», «Oguldyr döwletiň başy» diýen ýaly buýsançly aýtgylar aýdylypdyr.

Ýurda gulluk — biziň asyl kesbimiz

Ähli döwürlerde ata Watany, ene topragy goramak her ynsanyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky borç hasap edilipdir. Häzirki wagtda hem bu ýörelge özüniň ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şunda ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçekleriniň alyp barýan işleri örän uludyr. Harby doktrinamyza laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň baş maksady ýurdumyzyň milli bähbitleriniň hem-de harby howpsuzlygynyň goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň Harby doktrinasy döwletimiziň harby howpsuzlygyny üpjün etmegiň ýörelgelerini, maksatlaryny, harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýär. Şeýle-de ýurdumyzda hereket edýän kanunlar Türkmenistanyň harby-syýasy ugrunyň esaslaryny düzýär. Türkmenistanyň raýatlarynyň harby borçlulyk we harby gulluk çygrynda Watany goramakda konstitusion borçlaryny ýerine ýetirmekleriniň hukuk binýady «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenendir. Kanunda Türkmenistanyň her bir raýatynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, öz ata Watanyny — Türkmenistany, onuň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramaga borçludygy berkidilendir. «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny harby gullukçylaryň huku

Ata Watany goramak mukaddes borçdur

Biziň her birimiziň ykbalymyz Watan bilen bagly, Watan — bagtyýar ýaşaýşymyzyň şaýady. Köňüldäki hyjuwymyz, zybandaky dessanymyz, goldaky tarymyz — Watana bolan söýgimiziň nyşany. Şonuň üçin hem türkmen nesli dünýä inen gününden başlap, şular bilen bagly gymmatlyklary beýan edýän hüwdi bilen kemala gelýär. Taryha ser salnanda, bu hakykatyň geçmişiň müňýyllyklaryndan gözbaş alýandygyna göz ýetirmek bolýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belleýşi ýaly, Watan özüniň gerçekleri bilen beýikdir. Watanyň abraýy merdana ogullary bilen beýgelýär. Bu zatlar ýürege ýazylgy heýkel ýaly müdimidir. Gerçek ogullary terbiýelemek parahatçylykly döwrümizde hem hakyky merdanalygy terbiýelemegiň, durnukly şahsyýetleri kemala getirmegiň möhüm bölegi bolup durýar.