Belent ynam bilen ýagty geljege
Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly 2021-nji ýyl boýunça ilkinji mejlisinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamagy türkmen ýaşlarynyň durmuşyndaky giň gerimli özgertmelere täzeçe badalga boldy. Ol «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp netijeler bilen dabaralandyrmakda ýaşlarymyzy belent sepgitlere ruhlandyrdy. Ýaşlar — ýurduň geljegi, ýagty ertirlere bolan ynamymyz. Şoňa görä-de, bu günki gün ýurdumyzyň ygtybarly geljegini üpjün etmek üçin ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek, ýaşlary ilhalar ynsanlar edip ýetişdirmek ugrunda yzygiderli alada edilýär. Olara döwrebap derejede bilim almaklary, ylym we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş raýatlarymyzyň doly derejeli hukuk we durmuş goraglylygy üpjün edilip, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak maksady bilen, degişli kanunçylyk binýady pugtalandyrylýar. 2013-nji ýylda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bu ugurda esasy hukuk resminamasy bolup hyzmat edýär. Ýaşlar syýasaty boýunça geljek bäş ýyla niýetlenen tä