Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Dünýä täzelikleri gysga setirlerde

In­di­ki oýun­lar Gyr­gy­zys­tan­da ge­çi­ri­ler. 2026-njy ýyl­da Çar­wa­dar­la­ryň VI Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­ny Gyr­gy­zys­tan ka­bul eder. Bu ba­ra­da ýurduň Me­de­ni­ýet, mag­lu­mat, sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistri Al­tyn­bek Mak­su­tow ha­bar ber­di. Gyr­gy­zys­tan Çar­wa­dar­la­ryň bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­ny ge­çir­mek baş­lan­gy­jy bi­len çy­kyş eden ýurt­dur. Ruz­wel­te ýa­zy­lan hat. Fi­zik alym Al­bert Eýnş­teý­niň Ame­ri­ka­nyň 32-nji Pre­zi­den­ti Frank­lin Ruz­wel­te ýa­zan ha­ty auk­sio­n­da 3,992 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy. Hat iki nus­ga­da 1939-njy ýy­lyň 2-nji aw­gus­tyn­da ýa­zy­lyp­dyr. Bu hat Ruz­wel­tiň Nýu-Ýork­da­ky Pre­zi­dent ki­tap­ha­na­syn­da we mu­ze­ýin­de sak­lan­ýar.

Maýa goýumlarynyň mukdary artýar

Ow­ga­nys­ta­nyň Mag­dan se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi soň­ky üç ýyl­da 200-den gow­rak ki­çi we iri kom­pa­ni­ýa bi­len mag­dan ga­zyp al­mak bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ra gol çe­ki­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Mi­nistr­li­giň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ýur­duň we­la­ýat­la­ryn­dan peý­da­ly mag­dan­la­ry ga­zyp al­mak bo­ýun­ça 30 tö­we­re­gi şert­na­ma bag­la­şy­lyp, gur­şun, sink, de­mir, kö­mür we beý­le­ki mag­dan­la­ry ga­zyp al­ma­ga ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň muk­da­ry 7 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy. «Bu şert­na­ma­lar pu­dak­da 150 müň­den gow­rak ada­my iş bi­len üp­jün et­di» di­ýip, «TO­LO­news» web saý­ty ha­bar ber­di. Kä­bir yk­dy­sa­dy bi­ler­men­ler stan­dart­laş­dy­ry­lan içer­ki ga­zy­lyp alyn­ýan peý­da­ly mag­dan­lar Ow­ga­nys­ta­nyň yk­dy­sa­dy ösü­şi üçin peý­da­ly bo­ljak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.

Hyz­mat­daş­lyk jar­na­ma­sy­na gol çek­di­ler

Ger­ma­ni­ýa­nyň Kans­le­ri Olaf Şols Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa üç gün­lük sa­pa­ry­nyň il­kin­ji gü­nün­de mig­ra­si­ýa ba­ra­da iki­ta­rap­la­ýyn şert­na­ma gol çek­di. 15-nji sent­ýabr­da Sa­mar­kant­da gol çe­ki­len şert­na­ma, il­kin­ji no­bat­da, sag­ly­gy go­ra­ýyş we bi­lim pu­da­gyn­da­ky hü­när­men­le­riň, ýag­ny hü­när­li iş­gär­le­riň Öz­be­gis­tan­dan Ger­ma­ni­ýa bar­ma­gy­nyň ter­ti­bi­ni aň­sat­laş­dyr­ma­ga ni­ýet­le­nen­dir. Kans­ler Olaf Şols Sa­mar­kant­da gol çe­ki­len şert­na­ma­nyň Ger­ma­ni­ýa­nyň beý­le­ki döw­let­ler bi­len bag­laş­mak is­le­ýän şu­ňa meň­zeş şert­na­ma­la­ry üçin nus­ga bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Syn­çy­la­ryň pi­ki­ri­çe, iki­ta­rap­la­ýyn şert­na­ma­lar koa­li­si­ýa hö­kü­me­ti­niň mig­ra­si­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy bö­le­gi­dir. Mun­dan öň Ger­ma­ni­ýa Gru­zi­ýa, Hin­dis­tan, Ko­lum­bi­ýa we Ma­rok­ko bi­len şu­ňa meň­zeş şert­na­ma­la­ra­ gol çek­di.

Tä­ze dü­zü­mi­ni işe baş­lat­mak­çy

Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ur­su­la fon der Lýa­ýen, Ýew­ro­pa ko­mis­sar­ly­gy­na da­laş­gär­le­riň tas­syk­lan­ma­gy­nyň gi­jä ga­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň tä­ze­le­nen ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji or­ga­ny­nyň işe baş­la­ma­gy­nyň se­ne­si­niň 1-nji no­ýabr­da bol­jak­dy­gy­ny öňe sür­di. Bu ba­ra­da «Po­li­tico» ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. Ur­su­la fon der Lýa­ýen gen­der de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­la­mak mak­sa­dy bi­len kä­bir ýurt­la­ryň ýew­ro­ko­mis­sar­ly­ga da­laş­gär­le­ri­ni üýt­get­me­gi­ni ha­ýyş et­di. Şo­nuň üçin ola­ryň soň­ky sa­na­wy en­tek taý­ýar däl.

BRICS-iň sam­mi­ti ge­çi­ri­ler

Okt­ýabr aýy­nyň ahy­ryn­da Ka­zan­da gu­ral­jak BRICS-iň sam­mi­ti­ne 20 mü­ňe go­laý ada­myň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu ba­ra­da Ka­za­nyň şä­her hä­kim­li­gi­niň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­di. «BRICS sam­mi­ti­ne da­şa­ry ýurt­lar­dan ça­gy­ry­lan 36 li­de­riň 18-si sam­mi­te gat­naş­mak­çy­dy­gy­ny tas­syk­la­dy» diý­lip, be­ýa­nat­da bel­le­nil­ýär. Mun­dan baş­ga-da, döw­let Baş­tu­tan­la­ry bi­len gel­jek we­ki­li­ýet­ler­den baş­ga-da žur­na­list­le­riň, teh­ni­ki iş­gär­le­riň, hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri­niň we meý­le­tin­çi­le­riň gel­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

Ge­çen aý 1 mil­li­on elekt­rou­lag sat­dy

Aw­gust aýy­nyň ahy­ryn­da Hy­taý dün­ýä­de bir aý­da 1 mil­li­on­dan gow­rak elekt­rou­lag sa­tan il­kin­ji ýurt bol­dy. Hy­ta­ýyň ýe­ňil aw­tou­lag bir­le­şi­gi­niň (CPCA) mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ge­çen ýy­lyň aw­gust aýy bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, bu ösüş 33 gö­te­rim bol­dy. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da elekt­rou­lag sa­tu­wy 4 gö­te­rim azal­dy. Pe­se ga­çy­şly­gyň se­bä­bi Ger­ma­ni­ýa­da sub­si­di­ýa­la­ryň ýa­ty­ryl­ma­gy we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň hy­taý elekt­rou­lag­la­ry üçin söw­da çäk­len­dir­me­le­ri bol­dy. «Şol bir wag­tyň özün­de elekt­rou­lag­la­ra bo­lan glo­bal is­leg art­ma­gy­ny do­wam et­dir­ýär» di­ýip, «Rho Mo­ti­on» bar­lag kom­pa­ni­ýa­sy ha­bar ber­ýär. 2024-nji ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri dün­ýä­de 9,8 mil­li­on elekt­rou­lag sa­tyl­dy, aw­gust aýyn­da ýyl­lyk ösüş 20 gö­te­ri­me deň bol­dy. Elekt­rou­lag­la­ry we gib­rid­le­ri öz içi­ne al­ýan ulag se­riş­de­le­ri­niň pa­ýy Hy­taý­da ýo­lag­çy aw­tou­lag­la­ry­nyň umu­my sa­tu­wy­nyň re­kord derejede 53,5 gö­te­ri­mi­ne ýet­di.

«Ça­ne-6» Lag­ranž no­ka­dy­na ýet­di

Il­kin­ji ge­zek Aýyň ar­ka ta­ra­pyn­dan Ýe­re nus­ga­la­ry ug­ra­dan Hy­ta­ýyň «Ça­ne-6» mis­si­ýa­sy­nyň or­bi­tal en­ja­my Gün-Ýer ul­ga­my­nyň ikin­ji Lag­ranž no­ka­dy­na (L2) ýet­di. Nus­ga­la­ry Ýe­re ibe­ren­den soň, or­bi­tal en­jam pla­ne­ta­my­zyň at­mos­fe­ra­sy­na gaý­ta­dan gir­mez­lik üçin he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri­ni iş­let­di we tä­ze tra­ýek­to­ri­ýa ar­ka­ly uçu­şy­ny do­wam et­dir­di. «Space News» ne­şi­ri­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, bu uçuş Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň gel­jek­ki kos­mos mis­si­ýa­la­ry­ny taý­ýar­la­mak­da, my­sal üçin, 2028-nji ýyl­da ek­zop­la­ne­ta­la­ry göz­le­mek üçin me­ýil­leş­di­ril­ýän «Ýer 2.0» ob­ser­wa­to­ri­ýa­sy­ny işe gi­riz­mek­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup bi­ler. «Lag­ranž L2» no­ka­dy Ýer­den iň az päs­gel­çi­lik bi­len kos­mos çuň­lu­gy­na yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän dur­nuk­ly gö­zeg­çi­lik şert­le­ri­ni üp­jün ed­ýär. Jeýms Web­biň ady­ny gö­ter­ýän te­les­ko­p hem şol se­bit­de ula­nyl­ýar.

100 ýyl­dan soň sa­tyl­dy

Da­ni­ýa­ly işe­wür Lars Emil Bruu­nyň go­ýup gi­den mi­ra­sy 100 ýyl­dan soň­ra sa­tyl­dy. Işe­wür 1923-nji ýyl­da ara­dan çyk­maz­dan ozal, öm­rü­niň do­wa­myn­da ýyg­nan, ba­ha­sy 1 mil­li­on dol­la­ra ba­ra­bar bo­lan mi­ra­sy­nyň 100 ýyl­dan soň­ra sa­tyl­ma­gy­ny wes­ýet edip­dir. Şeý­le­lik­de, onuň ag­tyk-çow­luk­la­ry kol­lek­si­ýa­nyň bi­rin­ji bö­le­gi­ni sa­tu­wa çy­kar­dy. Şa­ýy­lyk pul­lar­dan, bank­not­lar­dan we al­tyn me­dal­lar­dan yba­rat bo­lan kol­lek­si­ýa 16,5 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy. Bruun kol­lek­si­ýa­sy­nyň Da­ni­ýa­nyň mil­li kol­lek­si­ýa­syn­da gaz­na hök­mün­de sak­lan­ma­gy­ny we 100 ýy­la çen­li sa­tyl­ma­gy­nyň çäk­len­di­ril­me­gi­ni, on­dan soň­ra ag­tyk-çow­luk­la­ry­na bäh­bit­li bo­lan ýag­da­ýyn­da, sa­tyl­ma­gy­ny wes­ýet edip­dir. Onuň kol­lek­si­ýa­syn­da jemi 20 müň sany gym­mat­ly zat bar. «Stack’s Bo­wers’a» auk­si­on öýi ta­ra­pyn­dan hö­dür­le­nen ta­ry­hy gym­ma­ty bo­lan zat­lar 14,82 mil­li­on ýew­ro sa­tyl­dy.

Bu­keriň gys­ga sa­na­wy

2024-nji ýy­lyň Bu­ker baý­ra­gy­nyň gys­ga sa­na­wy mälim edil­di. Gys­ga sa­naw­da al­ty ýa­zy­jy bar: Reý­çel Kuş­ner «Ýa­ra­dy­lyş kö­li», Ýa­el wan der Wu­den «Sak­çy», Sa­man­ta Har­wi «Me­kan», Enn Maýkls «Held», Şar­lot­te Wud «Daş how­lu­da­ky di­leg» we Per­si­wal Ewe­rett (Jeýms). Gys­ga sa­na­wa gi­ren her bir ýa­zy­jy 2 müň 500 funt ster­ling, ýe­ňi­ji bol­sa 50 müň funt ster­ling alar. Dün­ýä­niň is­len­dik ýur­du­nyň aw­tor­la­ry ta­ra­pyn­dan iň­lis di­lin­de ýa­zy­lan we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da ýa-da Ir­lan­di­ýa­da ne­şir edi­len çe­per eser ab­raý­ly baý­ra­ga da­laş edip bil­ýär. 2024-nji ýy­lyň Bu­ker baý­ra­gy­nyň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy 12-nji no­ýabr­da ge­çi­ri­ler.

Prem­ýer-mi­nistr we­zi­pe­si­ne 9 da­laş­gär

Ýa­po­ni­ýa­nyň hä­zir­ki Prem­ýer-mi­nist­ri Fu­mio Ki­si­da­nyň ýe­ri­ne Li­be­ral-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň (LDP) tä­ze baş­ly­gy­ny saý­la­mak bo­ýun­ça kam­pa­ni­ýa­lar res­mi taý­dan baş­lan­dy. 1972-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek mas­la­hat be­riş ul­ga­my or­naş­dy­ry­lan­dan soň, 9 da­laş­gär, şol san­da, iki ze­nan bu we­zi­pä da­laş ed­ýär. Da­laş­gär­le­riň sa­ny­nyň kö­pel­me­gi par­ti­ýa frak­si­ýa­la­ry­nyň ýa­ty­ryl­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Saý­law­lar­dan öň­ki çe­kiş­me­le­riň esa­sy mow­zu­gy sy­ýa­sy öz­gert­me­ler we par­ti­ýa­nyň tä­ze­len­me­gi bol­dy. Tä­ze do­lan­dy­ry­jy par­ti­ýa­nyň li­der­li­gi­ne saý­law­lar 27-nji sent­ýabr­da ge­çi­ri­ler we ýe­ňi­ji­niň Ýa­po­ni­ýa­nyň tä­ze Prem­ýer-mi­nist­ri bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

100 ýaşdan geçenleriň sany artýar

Ýa­po­ni­ýa­da 100 ýa­şyn­dan ge­çen adam­la­ryň sa­ny 95 müň­den ge­çip, re­kord de­re­jä ýet­di. Bir asyr­dan köp ýa­şan­la­ryň 90 gö­te­ri­me go­la­ýy ze­nan­lar. Ýa­po­ni­ýa­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nistr­li­gi­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ýurt­da 83 müň 958 ze­nan, 11 müň 161 er­kek – je­mi 95 müň 119 adam ýüz ýa-da on­dan hem köp ýa­şap­dyr. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýyl­da­ky­dan 2 müň 980 adam köp­dür. Go­laý­da bol­sa, ýurt­da­ky 65 ýaş­dan ýo­ka­ry ila­tyň sa­ny­nyň 36 mil­li­on 25 müň adam bo­lup, re­kord de­re­jä ýe­ten­di­gi mä­lim edi­lip­di. Bu gör­ke­zi­ji ýur­duň ila­ty­nyň 29,3 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýär. Ýur­duň ila­ty soň­ky bir ýyl­da 595 müň adam aza­lyp, 124 mil­lio­na dü­şüp­dir. Ba­har AÝ­DOG­DY­ÝE­WA,

Elekt­rou­lag­la­ryň sa­ny ben­zinli ulagdan öňe geç­di

Baý ne­bit-gaz ýa­tak­la­ry­na eýe bo­lan Nor­we­gi­ýa­da elekt­rou­lag­lar üçin uly ýe­ňil­lik­ler be­ril­ýär. Şol se­bäp­li bu ýurt dün­ýä­de ilat sa­ny­na gö­rä iň köp elekt­rou­lag sa­tyl­ýan ýurt ha­sap­lan­ýar. Ýurt­da bu ugur­da tä­ze sep­gi­de ýe­til­di. Nor­we­gi­ýa­nyň ýol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň (OFV) mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ýurt­da­ky 2,8 mil­li­on hu­su­sy aw­tou­la­gyň 754 müň 303-si do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy, 753 müň 905-si ben­zin ýan­gy­jy bi­len iş­le­ýär. Şeý­le­lik­de, ýur­duň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek elekt­rou­lag­la­ryň sa­ny ben­zin bi­len iş­le­ýän­ler­den öňe ge­çip­dir.

Mars daşy «EXPO 2025» sergisinde görkeziler

2000-nji ýyl­da ýa­pon alym­la­ry ta­ra­pyn­dan An­tark­ti­ka­dan ta­py­lan daş bö­le­gi «EX­PO 2025» ser­gi­sin­de köp­çü­li­ge gör­ke­zi­ler. Ýur­duň Yk­dy­sa­dy­ýet we se­na­gat mi­nistr­li­gi ser­gi­niň te­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da kos­mo­syň we ýa­şaý­şyň ge­lip çy­ky­şy­ny öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän stend gu­rul­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Bu stend­de Ýa­po­ni­ýa­nyň Mil­li pol­ýus bar­lag­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň (NIPR) ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan An­tark­ti­ka­dan ta­py­lan, Mars­dan ge­len­di­gi anyk­la­nan daş hem gör­ke­zi­ler. Da­şyň ag­ra­my 13 ki­log­ra­ma, öl­çe­gi 29x22x16 san­ti­met­re ba­ra­bar. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da bu da­şyň dü­zü­min­de suw bi­len tä­sir­leş­me ne­ti­je­sin­de eme­le ge­len mi­ne­ral mad­da­lar ta­pyl­dy. Mun­dan baş­ga-da, ser­gi­de 2020-nji ýyl­da «Haya­bu­sa 2» kos­mos gä­mi­si ar­ka­ly Rýu­gu as­te­roi­din­den ge­ti­ri­len top­ra­gyň köp­çü­li­ge gör­ke­zil­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Bä­gül BA­BA­ÝE­WA,

10 müň dollar baha kesildi, 1,4 million dollara satyldy

ABŞ-nyň Men şta­tyn­da­ky hu­su­sy ja­ýyň üçe­gin­den ta­py­lan kar­ti­na auk­si­on ar­ka­ly 1,4 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy. Su­ra­tyň XVII asyr­da çeki­len­di­gi anyk­lan­dy. Bi­ler­men­ler ese­riň ni­der­land­ly su­rat­keş Remb­rand­ta de­giş­li­di­gi­ni çak­la­ýar­lar. Auk­si­on öýi ese­ri sa­tu­wa çy­ka­ran­da oňa 10-15 müň dol­lar ba­ha kes­di. Bu bol­sa, is­len­dik meş­hur su­rat­ke­şiň ese­ri­niň baş­ga bi­ri ta­ra­pyn­dan meň­zeş ýa-da şo­ňa öý­kü­ni­lip dö­re­di­len nus­ga­sy­dy­gy­ny, onuň ha­ky­ky ese­ri däl­di­gi­ni aň­lad­ýar. Auk­si­on açy­lan wag­ty 32 müň 500 dol­lar­dan baş­lan tek­lip, 1 mil­li­on 400 müň dol­la­ra çyk­dy.

Mahabatdan alýan girdejisi artdy

In­ter­net sa­hy­pa­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat taý­ýar­la­ýan «Sta­tis­ta» «Go­og­le»-yň gir­de­ji­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat ýaý­rat­dy. Mag­lu­ma­ta gö­rä, 2001-nji ýyl­da «Go­og­le» ma­ha­bat­dan 70 mil­li­on dol­lar gir­de­ji ga­za­nyp­dyr. 22 ýyl­dan soň­ra bu gör­ke­zi­ji 237 mil­liard dol­la­ra ýe­tip­dir. Kom­pa­ni­ýa­nyň ma­ha­bat gir­de­ji­si­niň 68 gö­te­ri­mi­ni ABŞ-dan baş­ga ýurt­lar­dan al­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. «Go­og­le» beý­le­ki göz­leg saýt­la­ry bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 90,4 gö­te­rim ba­zar nyr­hy bi­len bi­rin­ji ýer­de dur­ýar. Kom­pa­ni­ýa ge­çen ýyl ABŞ-da 76 mil­liard dol­lar gir­de­ji ga­za­nyp­dyr. Pan­de­mi­ýa­nyň öň ýa­nyn­da in­ter­net ägir­di­niň umu­my gir­de­ji­si gör­ne­tin ar­typ­dyr. 2020-nji ýyl­da 181 mil­liard dol­lar gir­de­ji toplan kom­pa­ni­ýa 2021-nji ýyl­da 256 mil­liard dol­lar ga­za­nyp­dyr.

Hu­su­sy pu­da­gyň il­kin­ji kos­mos «ýö­ri­şi»

Kos­mos be­ke­din­de ýa-da gä­mi­sin­de iş alyp bar­ýan kos­mo­nawt­la­ryň dür­li se­bäp­ler bi­len açyk as­ma­na çyk­mak­la­ry­na «kos­mos ýö­ri­şi» di­ýil­ýär. Go­laý­da hu­su­sy eýe­çi­li­ge de­giş­li kos­mos gä­mi­sin­de il­kin­ji kos­mos «ýö­ri­şi» ama­la aşy­ryl­dy. «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Po­la­ris Dawn» at­ly mis­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de 4 adam Ýe­riň or­bi­ta­sy­na çy­ka­ryl­dy. Bu mis­si­ýa­ny ame­ri­kan işe­wü­ri, mil­li­ar­der Ja­red Aý­zek­man ma­li­ýe­leş­dir­di. 10-njy sent­ýabr­da işe­wü­riň ýa­ny bi­len uçar­man Skott Po­tit, «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň in­že­ner­le­ri An­na Me­non bi­len Sa­ra Gil­lis hem kos­mo­sa git­di. Bu to­par «Dra­gon» kos­mos gä­mi­si bi­len 732 ki­lo­metr be­lent­li­ge çyk­dy­lar. Kos­mos­da 5 gü­ne go­laý bo­lan ast­ro­nawt­lar dür­li tej­ri­be­le­ri ge­çir­di­ler. Sy­ýa­ha­tyň do­wa­myn­da il­ki Aý­zek­man, soň­ra Gil­lis kos­mos gä­mi­si­niň da­şy­na çyk­dy­lar. Sel­bi ÖWL­ÝÄ­GU­LY­ÝE­WA,

Ar­ka­dag şäheri dün­ýä ýaň sa­lýar

Türk­men hal­ky ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ra­my­ny ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­lik­de gar­şy­la­ma­ga taý­ýar­lan­ýar. Soň­ky ýyl­la­ryn­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň bin­ýa­dy­ny go­ýan be­ýik iş­le­ri­ni Ber­ka­rar döwletiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de tä­ze üs­tün­lik­le­re bes­läp do­wam et­dir­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da giň ge­rim­li öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, «Kö­pet­da­gyň gö­zel kün­je­gin­de ak bi­na­la­ry lo­wur­dap du­ran şä­he­riň peý­da bol­ma­gy türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gahryman Arkadagymyzyň jöw­her paý­ha­sy­nyň gud­ra­ty­dyr». Ine, şu gün­ki gün­de se­bi­tiň il­kin­ji «akyl­ly» şä­he­ri bo­lan Arkadag şä­he­ri­niň at-owa­za­sy dün­ýä dol­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni go­laý­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra fo­rum­da Arkadag şä­he­ri­ne ber­len baý­rak­lar­dan hem gör­mek bo­lar.

Mil­li de­mok­ra­ti­ýa­nyň aý­dyň ýo­ly

«Ga­raş­syz­lyk bi­ziň şöh­rat­ly geç­mi­şi­miz­dir, bag­ty­ýar şu gü­nü­miz­dir, be­ýik gel­je­gi­miz­dir. Ga­raş­syz­lyk bi­ziň dün­ýä do­lan be­lent at-ab­ra­ýy­myz­dyr hem-de şan-şöh­ra­ty­myz­dyr» di­ýip nyg­ta­ýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pä­him-paý­has­ly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz be­dew ba­dy bi­len ösü­şiň tä­ze be­lent bas­gan­çak­la­ry­na ta­rap bar­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Ga­raş­syz­ly­gyň ga­za­nan­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak bi­len, tu­tum­ly iş­ler do­wam et­di­ril­ýär. Ata Wa­ta­ny­my­zyň alyp bar­ýan hoş­ni­ýet­li we pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji içe­ri hem-de da­şa­ry sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de hal­ka­ra ab­ra­ýy be­len­de gal­ýar. Mu­nuň özi döw­le­ti­mi­ziň se­bit we dün­ýä möç­be­rin­de alyp bar­ýan yn­san­per­wer iş­le­ri­niň yk­rar­na­ma­sy bo­lup dur­ýar. Al­tyn güý­züň il­kin­ji aýyn­da be­ýik döw­rü­mi­ze şan ber­jek ta­ry­hy wa­ka­lar bi­ri-bi­ri­ne ut­gaş­ýar. Ola­ryň ara­syn­da mu­kad­des Garaşsyzlygymyzyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öň ýa­nyn­da ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si aý­ra­tyn orun­da dur­ýar. Bu äh­li­halk fo­ru­myn­da hal­ky­my­zyň my­na­syp we­kil­le­ri bi­len ge­ňe­şi­lip, il-ýurt bäh­bit­li çöz­güt­ler ka­bul edi­ler. Olar bol­sa ýur­du­my­zyň mun­dan bu­ýa­na-da ok­gun­ly ös­me­gi­ne, ila­tyň aba­dan we eş­ret­li ýa­şa­ma­gy­na it

Ga­raş­syz­lyk – ba­ky bag­ty­myz

San­ly­ja gün­ler­den ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de uly ru­hu­be­lent­lik bi­len toý­la­nyl­jak mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ra­my­na mer­jen şä­he­ri­miz Aş­ga­bat­da hem ulu­dan taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Paý­tag­ty­my­zyň aja­ýyp keş­bin­de mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň hal­ky­my­za peş­geş be­ren bag­ty­ýar­ly­gy aý­dyň şöh­le­len­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ro­waç­lan­ýan ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz döw­rüň kä­mil bi­na­gär­lik sun­ga­ty­na öw­rül­di. Üs­tün­lik­le­re we ro­waç­lyk­la­ra bes­le­nip do­wam ed­ýän «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň her bir gü­ni şan­ly se­ne­le­re, toý­dur baý­ram­la­ra, ýat­dan çyk­ma­jak ta­ry­hy wa­ka­la­ra ulaş­ýar. Bil­şi­miz ýa­ly, şu gün­ler ag­zy­bir hem-de zäh­met­sö­ýer hal­ky­myz ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­lyk to­ýu­na bar­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyr­lar­bo­ýy eden ar­zu­wy­nyň ha­syl bo­lup, mil­li se­ne­na­ma­myz­da mü­di­mi­lik orun alan Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my äh­li ra­ýat­la­ry­my­zyň kalp­la­ry­na eg­sil­mez buý­sanç, göz­le­ri­ne çäk­siz gu­wanç duý­gu­la­ry­ny çaý­ýar.

Eser şekilli eserler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen şekillendiriş sungaty has ösýär we täze öwüşginler bilen baýlaşýar. Halkymyzyň baý milli mirasyny dünýä ýaýmakda, medeniýeti we sungaty ösdürmekde taryhda yz galdyran şahsyýetlerimize aýratyn sarpa goýulýar. Köp ýyllaryň dowamynda sungatda taplanyp, ussatlyga ýetenleriň biri-de Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýewdir. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň iki gezek ýeňijisi, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XX ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi Işanguly Işangulyýewiň eserleri çylşyrymly tapmaça ýaly, göçme manyly pikirleri özünde jemleýär. Suratkeşiň her bir eseriniň öz owazy, öz reňki, gahrymanlarynyň öz häsiýeti, taryhy ýerleriň öz manysy bar. «Togrul beg», «Mälik şa», «Baýram han», «Awçy», «Gorgan baba», «Köne gala», «Kutup minar», «Şapak», «Güýç we kuwwat», «Düýş», «Owaz», «Üç gelin» atly eserleri ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen sergilerde halk köpçüligine ýetirilýär we uly hormata mynasyp bolýar. Suratkeşiň işleri Türkiýäniň, Hindistanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we ABŞ-nyň şahsy ýygyndylaryna girizildi.