Gyşy guramaçylykly garşylaýarlar
Şu günler «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň ýerlerdäki gaz hojalyk edaralarynyň işçi-hünärmenleri üçin iň bir jogapkärli möwsüm dowam edýär. Munuň şeýledigine düşünýän müdirligiň gazçylary howanyň sowuk döwri bolan gyş möwsümini hemmetaraplaýyn ýokary taýýarlykly garşy alýarlar. Bu ugurda müdirligiň welaýat merkezinde ýerleşýän «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylarynyň şäheriň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmekde häzirki günlerde alyp barýan derwaýys işleri bilen ýakyndan tanyşmak maksadynda ol ýerde bolanymyzda, edarada işleriň döwrüň ruhuna mahsus derejede guralýandygynyň şaýady bolduk. Bu ýerde edaranyň ähli gulluklarynyň, ýagny näsazlygy habar beriş we hasaba alyş, daşary gaz geçirijilere we gaz sazlaýjylaryna gözegçilik, içeri öý gaz enjamlaryny bejeriş, gaz ölçeýji enjamlary oturdýan we hasabyny ýöredýän gözegçilik hem-de hyzmat ediş, şeýle hem gaz ýerleşdiriş we hasabaty ýaly düzümleriň işçi-hünärmenleriniň ählisiniň bir bitewi güýje öwrülip, öz öňlerinde goýlan wezipe-borçlaryny birkemsiz berjaý edýändiklerini turuwbaşdan belläsimiz gelýär. Netijede, Daşoguz şäheriniň çäginde bar bolan dürli basyşly gaz geçirijileriň alty ýüz kilometrden gowrak ýeriniň, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa dört ýüz ellä golaýynyň gije-gündiziň dowamynda saz işlemegi üpjün edilýär. Degişli hünärmenleriň gürrüňlerine görä, edaranyň gazç