Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Täze desgalar — ösüşiň möhüm ugry

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni täzeliklere, hoş habarlara beslenýär. Şeýle hoş habarlaryň biri hem ýakynda ýaýbaňlandyrylan Daşoguz welaýatyndaky dabaralardyr. Has takygy, Daşoguz welaýatynda ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berlen täze desga ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ösüşlere beslenýändigini aýdyň beýan etdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli beýik işleriniň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem bu ägirt uly desga ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarydygyny, ösüşlere beslenýändigini alamatlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe elektroenergetika pudagynyň maddy-tehniki binýady düýpgöter döwrebaplaşýar, täze mümkinçiliklere eýe bolýar. Munuň özi pudagyň işiniň has-da rowaçlanýandygynyň, üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bu energetika pudagyny ösdürmekde we bir halka düzmekde möhüm ädimdir. Şeýle hem munuň özi diňe bir içerki sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini hem yzygiderli artdyrmaga, ugurlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýän ygtybarly energetika ulga

Energetika ulgamyndaky belent üstünlik

Ýurdumyzyň energetika pudagy uly üstünliklere beslenýär. Energetika türkmen ykdysadyýetiniň geljegi uly bolan çeşmeleriniň biridir. Baý tebigy gory we öndürijilik mümkinçiligi uly bolan döwletimizde bu ugra berilýän üns örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze asma elektrik geçirijisi we beketleri dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Bu bolsa ýurdumyzda bitewi energetika halkasyny döretmek boýunça ägirt uly taslamanyň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen halkalaýyn energoulgamy taslamasy ýurdumyzyň elektrik ulgamlarynyň talabalaýyk işlemegini we zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, elektrik energiýasynyň gerek ugra gaýtadan paýlanmagyny üpjün etmegi öz içine alýar.Ýurdumyzda elektroenergetika pudagyny ösdürmek babatda işler giň gerimde dowam edýär. Türkmen energiýa gurluşykçylarynyň ýadawsyz zähmeti netijesinde, bu taslamanyň birinji tapgyry — Ahal — Balkan bölegi 2021-nji ýylda, ikinji tapgyry, Mary — Ahal bölegi 2023-nji ýylda işe girizildi. Bu taslamanyň üçünji tapgyry bolsa Balkan — Daşoguz böleginiň gurluşygy hem tamamlanyp, ulanmaga berildi.

Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bilim ministrligi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde guralan forum Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de Ylymlar gününe bagyşlandy. Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata gatnaşmaga Azerbaýjanyň, Belarusuň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň, Malaýziýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň we beýleki döwletleriň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr professorlary, halkara guramalaryň, ýurdumyzda işleýän belli gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri çagyryldy.

«Ýaşyl» geljege gönükdirilen halkara hyzmatdaşlyk

5-6-njy iýunda «Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahat «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy. Bu çäre diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça döwletinde sanly ulgam arkaly hem şöhlelendirildi.

«Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň guwandyryjy netijeleri

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän, ýurdumyzyň halk hojalygy üçin zerur bolan ýükleri daşamak, gämileri we läbiksorujylary abatlamak, Amyderýanyň hanasyny arassalamak we çuňaltmak, ulag we gurluşyk hyzmatlaryny amala aşyrmak ýaly işleri alyp barýan «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde ýokary zähmet üstünlikleri gazanylýar. Kärhana boýunça üstümizdäki ýylyň bäş aýynda degişli meýilnama 110 göterimden gowrak amal edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 113 göterimden geçipdir. Bu ýerde ýük daşamaklyk, şol sanda suw üsti ponton geçelgesi, ulag hyzmatlary, şeýle hem gurluşyk, gämileri abatlamak we gämi gurluşygy bölümi boýunça işleriň hersinde göz öňünde tutulan meýilnamalaryň artygy bilen amal edilendigini, ösüş depgininiň hem degişlilikde 121 we 130 göterime golaý bolandygyny bellemek buýsançlydyr.

Portlaryň gurluşygyny we ösüşini maliýeleşdirmek işi işewürlik ulgamynyň wekillerine ynanylar

2025-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli Russiýanyň deňiz portlaryny gurmak we ösdürmek üçin meýilleşdirilen taslamalaryň maliýeleşdirilmegi üçin 541,1 milliard rubla barabar serişdäniň gerek boljakdygyny ulag ministri Roman Starowoýtyň çykyşyna salgylanýan «Interfaks» habar berýär. Bu serişdäniň diňe 41,1 milliard rubla barabar möçberi federal býujetden bölünip berler. «Deňiz portlarynyň ulgamyny ösdürmek üçin 16 deňiz portunda 30 çäräni durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa 2025-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli olaryň kuwwatyny takmynan 232 million tonna artdyrar» — diýip, Roman Starowit tassyklaýar.

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde «DP World» terminallarynda konteýner dolanyşygy ýokarlandy

Dubaý terminalynyň we «DP World» logistika korporasiýasynyň maýa goýum bukjasyndaky terminallar 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde 20,7 million TEU-dan geçdi. Bu bolsa bir ýyl ozalkydan 6% köpdür. Bukjanyň düzümindäki üýtgeşmeleri hasaba almazdan deňeşdirip boljak ösüş 5,5% boldy. Toparyň Aziýadaky we Hindi ýarym adasyndaky terminallary arkaly gatnaw umumy dolanyşygyň ýarysyny emele getirýär. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwrüniň netijesi deňeşdirilende, 10% -den gowrak ösüşiň bellige alnandygyny görkezýär. Şeýle hem, Amerika — Awstraliýa sebitindäki göwrümler takmynan 12% ýokarlandy, ýöne bu «DP World» kompaniýasynyň işiniň iň kiçi bölegi. Ýewropa + Ortaýer deňzi we Ýakyn Gündogar sebitiniň dolanyşygy 1% azaldy we 7,33 million TEU boldy. Muňa garamazdan, Jebel Ali portunyň üsti bilen geçiş mukdary 3,5% artyp, çärýekde 3,6 million TEU-dan geçdi.

Energetika — Watan kuwwaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda bolşy ýaly, energetika pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýän öňdengörüjilikli syýasat netijesinde energetika senagatynyň ösdürilmegi babatda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň 5-nji iýunda Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň işe girizilmegine ak pata bermegi hem milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň senagatyny batly depginlerde ösdürmek boýunça bellenilen maksatnamalary amala aşyrmakda elektroenergetika möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzda ulanylýan, şeýle hem ulanmaga berlen täze senagat we durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin giň gerimli işleriň çäklerinde welaýatlarda döwrebap gazturbinaly elektrik beketleriniň birnäçesi, elektrik geçiriji ulgamlar guruldy. Netijede, energetika senagatynyň önümçilik kuwwatlyklary birnäçe esse artdy. Ýurdumyzyň energiýa kuwwatlyklaryny sebitleriň arasynda paýlamak, elektrik geçirijileriň kadaly işlemegini gazanmak maksady bilen, halkalaýyn

Täze elektroenergetika desgalary — ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň nyşany

Toýlary toýlara ulaşýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň netijesinde, ýurdumyzda dürli önümçilik maksatly desgalar, medeni-durmuş ähmiýetli binalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň uly dabaralara beslenýän günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi ajaýyp döwrümiziň möhüm wakasy boldy. Ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan täze elektroenergetika desgalarynyň ulanyşa berilmegi göwünleri ganatlandyryp, taryhyň sahypasyna zer harplar bilen ýazyldy.

Türkmenistanda bitewi halkalaýyn energoulgam döredildi

5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uçary Daşoguz Halkara howa menziline gondy. Döwlet Baştutanymyz awtoulagda dabaranyň geçirilýän ýerine ugrady. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Daşoguz welaýatynyň häkimi, köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Türkmenistan Russiýadan Merkezi Aziýa Ýurtlaryna, Owganystana we Pakistana ýük geçirýän ulag merkezi bolar

Astrahan şäheriniň häkimi Igor Babuşkiniň ýakynda tamamlanan «Russiýa ‒ Yslam dünýäsi: KazanForum – 2024» atly XV halkara ykdysady forumynda eden çykyşynda Russiýanyň bu sebitiniň halkara gatnaşyklarynyň artýan ýagdaýynda Astrahanyň «Lotos» aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmegiň ähmiýeti bellenip geçildi. «Türkmenistanly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde aýratyn ykdysady port zolagynda ýerleşjek söwda-logistika kompaniýasyny döretmek örän möhüm taslamadyr. Munuň uly ähmiýeti bardyr, şol sanda biziň port mümkinçiliklerimizi ulanmak bilen, ýükleri üstaşyr geçirmekde-de ähmiýeti uludyr» diýip, Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Igor Babuşkiniň sözlerine salgylanýar.

Türkmen wekiliýeti Sankt-Peterburgdaky Halkara ykdysady foruma gatnaşýar

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň çakylygy boýunça Sankt-Peterburgda geçirilýän Halkara ykdysady foruma (SPIEF-2024) gatnaşýar. «Turkmenistan.ru» elektron neşiriniň habar bermegine görä, türkmen wekiliýeti ykdysady forumyň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirer, şeýle-de meýilleşdirilen köp ugurly çärelere gatnaşar.

Kuwwatly elektroenergetika desgalary

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynda ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň taslamasynyň çäginde «Balkan — Daşoguz» ugry boýunça her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan täze asma elektrik geçirijisi we beketler açylyp ulanmaga berildi. Jemi uzynlygy 572 kilometr bolan «Balkan — Daşoguz» ugry boýunça elektrik geçirijisini çekmek boýunça ähli işleriň Garaşsyzlyk ýyllarynda uly tejribe toplan türkmen gurluşykçylary tarapyndan amala aşyrylandygyny bellemek gerek.

Döwrebap hyzmatlar ýola goýulýar

Häzirki döwürde raýatlara dürli maksatly, ýeňillikli döwlet karzlaryny bermek, olary banklaryň hyzmatlaryndan peýdalanmaklyga köpçülikleýin çekmek, banklar bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýän müşderileriň sanyny artdyrmak işleri döwrebap görnüşde guralýar. Raýatlarymyz üçin örän oňaýly bolan dürli görnüşdäki bank karzlarynyň berilmegi döwletimiz tarapyndan ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Banklarymyz tarapyndan raýatlara berilýän karzlaryň görnüşleri we hili dogrusynda belläp geçsek, bu ugurda ozal hem hereket edip gelýän, täze durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny, hojalyk harytlaryny satyn almak üçin üç ýyl möhletli, derejesi 1 göterim bolan, nagt we nagt däl görnüşinde berilýän karzyň möçberi ýokarlandyrylyp, 20 müň manada ýetirildi. Ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara okuw töleglerini tölemek üçin nagt däl görnüşinde «Talyp karzy» berilýär. Onuň möçberi 42 müň manada çenli bolup, üç ýylyň dowamynda, iki aý ýeňillik döwri öz içine almak bilen, ýyllyk 5 göterim bellenendir. Karzyň bu görnüşi şertnama baglaşýan talyplaryň haýsydyr bir emlägi girew goýmagy bilen ýa-da üçünji tarapyň zamunlygynda amala aşyrylýar.

Innowasion ykdysadyýetiň möhüm talaplary

Sanly ykdysadyýetiň ösmegi halk hojalygynyň ähli pudaklaryny öz içine alyp, tutuş jemgyýetiň we her bir adamyň durmuşyny özgerdýär. Bu ösüş, esasan, innowasion tehnologiýalaryň üznüksiz kämilleşmegi hem-de olaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy başarýan hünärmenleriň sanynyň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýetde döwlet kärhanalarynda, hususy pudakda-da işleriň ýola goýluşy özgerýär, hünärmenleriň we ýolbaşçy düzümleriň wekillerine bildirilýän talaplar ýokarlanýar. Munuň şeýledigini häzirki zaman dünýä tejribesi hem tassyklaýar. Meselem, dünýäniň iri banklarynda dolandyryjy wezipelere degişli hünärmenlere bildirilýän talaplar döwrüň şertlerine laýyklykda yzygiderli üýtgäp durýar. Maglumatlar bilen işlemegi öwrenmek, kiberhowpsuzlykdan baş çykarmak, programmirlemäniň esaslaryny bilmek we önümçiligi ösdürmek şol talaplara mysal hökmünde görkezilip bilner. Elbetde, giň dünýägaraýyş, täze bilimleri çalt özleşdirmek we ýüze çykýan meseleleri seljerip, dogry çözgütlere gelmek dolandyryş ugruna degişli hünärmenlere bildirilýän esasy talaplardyr. Sebäbi bu başarnyklar babatda häzirki döwrüň iň kämil emeli aň tehnologiýalary hem adamdan asgyn gelýär. Zähmet toparynyň we kärhananyň ýa-da guramanyň mümkinçiliklerine dogry baha berip, öňde durýan wezipeleri anyk we aýdyň kesgitlemegi, işe kabul ediljek işgärleriň ukyp-başarnyklaryny, bilim derejesini, ruhy-ahlak ýagdaýyny baha

Energetika: bedew batly ösüşler

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň batly depginler bilen dowam edýän hemmetaraplaýyn ösüşleri hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryndan, parasatly başlangyçlaryndan gözbaş alýar. Bu gün ýurdumyz dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryna üstünlikli goşulyşýar. Aýratyn hem, nebitgaz, energetika pudaklarynda durmuşa geçirilýän netijeli işler, gazanylýan durnukly ösüşler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Düýn ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylyşa girizilen her biriniň güýjenmesi 500 kW bolan «Daşoguz — Balkan» ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisi we beketleri hem bu ugurdaky alnyp barylýan maksatnamalaryň nobatdaky möhüm tapgyry boldy. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň energetika pudagy hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen soňky ýyllarda batly depginler bilen yzygiderli ösdürilýär, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Täze energetika ulgamlaryny döretmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikler gazanylýar. Içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly möçberde üpjün etmek bilen bir hatarda, onuň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän işler häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň bu pudagynyň innowasion tehnologiýalar esasynda ýokary ösüş depginlerine eýe bolýandygyny aýdyňlyk b

Eşret paýlaýan kuwwatly desgalar

Milli ykdysadyýetimiziň birsydyrgyn ösüş depginini üpjün edýän esasy çeşmeleriň birisi elektrik energiýasynyň bolelin öndürilmegi bilen baglanyşyklydyr. Halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýän esasy zerurlyklaryň biri bolan elektrik energiýasyny öndürmek wezipesi döwlet syýasatynda hem ileri tutulýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Garaşsyz ýurdumyzda onuň ýeterlik gory döredilip, ondan netijeli peýdalanylýar. Türkmenistanda dünýäniň öňdebaryjy desgalarynyň işe girizilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň we mümkinçilikleriniň ägirtdigini görkezýär. Ilatyň we önümçiligiň elektrik energiýasy bilen zerur bolan mukdarda üpjün edilmegi bolsa il-ýurduň rowaçlygynyň daýanjydyr. Berkarar döwletimizde kuwwatly energetika ulgamynyň kemala getirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ösdürmegiň, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän islendik derejedäki bäsleşige ukyply önümleri öndürmegiň şaýoluna düşülen mahalynda göz öňünde tutulan maksatlara ýetmegiň möhüm şertini emele getirdi. Bir bitewi energetika ulgamyny ösdürmek üçin maksatlaýyn işleriň çägi ýene-de örän giňdir. 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça elektrik energiýasynyň umumy öndürilişi ep-esli artyp, onuň 34,2 milliard kW/sagada ýetirilmegine garaşylýar. Bu döwürde welaýatymyzda hem elektrik energiýasynyň öndüril

Ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim

Milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşinde energetika pudagy wajyp orny eýeleýär. Şundan ugur alnyp, pudagy ösdürmäge gönükdirilen ägirt uly maýa goýumlaryň netijesinde, elektroenergetika senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmakda, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryndan gözbaş alyp gaýdýan bu özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmekde durmuşa geçirilýän tutumlar muňa anyk mysallaryň biridir. Bu taryhy taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisi 2021-nji ýylyň oktýabrynda işe girizildi. Berkarar ýurdumyzyň energoulgamlaryny bir bitewi energetika halkasyna birleşdirjek iri taslamanyň Ahal — Mary ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi 2023-nji ýylyň noýabr aýynda dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyryldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gurluşygy üstünlikli tamamlanan, düýn dabaraly ýagdaýda işe girizilen Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi bolsa halkalaýyn elektroulgamy döretmegiň tamamlaýjy tapgyrydyr. Güýjenmesi 500 kilowat bolan bu geçirijiniň umumy uzynlygy 572 kilometre barabar bolup, şonuň 200 kilometre

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

KÄMIL UGRUŇ AMATLYKLARY Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy häzirki döwrüň häsiýetli aýratynlygydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly, watançylyk ruhunda terbiýelemek biz, mugallymlaryň mukaddes borjudyr. Bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda bilim özgertmeleriniň üstünlikli bolmagynyň girewidir. Okadylýan sapaklaryň göwnejaý guralmagynda multimediýa tagtasynyň täsiri örän uludyr. Hormatly Prezidentimiz milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigini belleýär.

Hökümetara şertnama Hazaryň üstünden uzaýan ugur boýunça ýükleri daşamagyň möhletini iki esse azaldar

Gazagystanyň Parlamenti Hazaryň üstünden uzaýan  halkara ulag ugruny ösdürmek boýunça Hytaý Halk Respublikasy bilen hökümetara şertnamany tassyklady. Ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi bu logistika geçelgesi boýunça Hytaýdan Ýewropa Bileleşigine harytlaryň iberiliş möhletini iki esse azaltmalydyr. Resminamanyň maksady Russiýanyň üstünden aýlanyp, Hytaý bilen Ýewropanyň arasynda haryt dolanyşygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän ugur — Hazaryň üstünden geçýän ýol boýunça multimodal ýük gatnawyny ösdürmekdir. Bu sepgide ýetmek üçin Gazagystanyň we Hytaýyň çäginden haryt daşamak boýunça amatly şertleri döredýän ýol, deňiz we demir ýol ulaglarynyň artykmaçlyklaryndan peýdalanmak teklip edilýär.