Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

IRU: Ýewropanyň awtoulagda ýük daşaýjylarynyň çykdajylary 40% ýokarlandy

Ýük daşamak boýunça operatorlar zähmet haklaryny, enjamlar we hyzmatlar üçin çykdajylary ýokarlandyrýarlar. Bu barada Halkara ýol ulaglary bileleşiginiň (IRU) metbugat gullugy tarapyndan neşir edilen maglumata esaslanýan «Логист.Today» habar berýär. Soňky on ýylda ýük awtoulag pudagynda umumy aýlyk haklary (aýlyk haklary, bonuslar we goşmaça kömek pullary) takmynan 49% ýokarlandy. Munuň özi düýpli ösüş bolup, pudakda işleýänleriň sanynyň 27% ýokarlanmagy we aýlyk haklaryň gönüden-göni artmagy bilen baglanyşyklydyr.

Agyz suw arassalaýjy desga

Ozal sözden bina bolan dünýäde ähli zady tämizleýän suw hakda pikir etmedik, megerem, ýok bolsa gerek. Adamzat durmuşynda tämizligiň alamaty hökmünde görülýän suwuň her bir damjasynyň altyna deňelmeginiň özünde hem giň many bar ahyry. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda: «Hoşamaý söz, alkyş edil ýagmyr suwy ýalydyr, her bir janly-jandara ýagşy täsir edýändir» diýip, hoşamaý sözde suwuň päkliginiň barlygyny nygtaýar. Il-günümizde suw her bir zady päkleýji, arassalaýjy serişde, diriligiň alamaty hökmünde görülýär.

Beýik döwre beýik işler ýaraşýar

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegi, işlere toplumlaýyn çemeleşmegi ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň öňünde hemişe esasy wezipe edip goýýar. Oýlanyşykly özgertmeleriň, ylmyň gazananlarynyň, sanly ulgamyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň işleriň ýokary hilli we netijeli bolmagynda ähmiýetiniň örän uludygyna ünsi çekýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, pähim-parasatlarynyň netijesinde, eziz Diýarymyz dünýäniň çalt ösýän döwletleriniň hataryna çykaryldy, milli ykdysadyýetiň kuwwaty has ýokarlandyryldy. Eýýäm geçen sanlyja ýyllaryň özünde türkmen döwleti üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän netijeli syýasy we ykdysady, medeni strategiýanyň amala aşyrylmagynyň barşynda uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabatda, Arkadag şäherinde, welaýatdyr etrap merkezlerinde, obalarda durmuş-medeni maksatly, şol sanda ata Watanymyzyň energetika kuwwatynyň ösüşinde möhüm orun eýeleýän döwrebap elektrik geçirijileriniň, elektroenergetika desgalarynyň, önümçilik taslamalarynyň gurluşyklary toplumlaýyn esasda, batly depginlerde alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurd

«Döwranly ülkäniň» islegli önümleri

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan telekeçilik işiniň ilerlemegine aýratyn uly ähmiýet berilýär. Döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanýan türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde ýokary işjeňlik görkezýärler. Ynha, indi birnäçe ýyldan bäri «Döwranly ülke» hojalyk jemgyýetiniň düzüminde hereket edýän kerpiç zawodynda-da işler guramaçylykly dowam etdirilýär. — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Annaseýit Nuryýew döwlet goldawyndan ruhlanyp, ýerli çig maly özleşdirmek, gurluşyk işlerinde zerur bolan kerpiç önümçiligini ýola goýmak maksady bilen Hojambaz etrabynyň Gultak geňeşliginde 2006-njy ýylda häzirki «Döwletli-Döwran» hojalyk jemgyýetiniň düzüminde bu kärhananyň işini ýola goýdy.

Göwnejaý hyzmat

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen häzirki döwrümizde ýurdumyz barha uly ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar. Ähli ugurlar bilen birlikde ulag we aragatnaşyk pudagynda hem ýokary netijeler gazanylýar. Muny biz soňky döwürde halkymyza edilýän ýokary derejeli hyzmatlaryň mysalynda hem görüp bilýäris. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine Ýaponiýanyň önümi bolan «Toyota Coaster» kysymly orta synply, «Toyota Hiace» kysymly awtobuslaryň getirilip, şäherara gatnawynyň ýola goýulmagy ildeşlerimiziň buýsanjyna buýsanç goşdy. Şu günler ýokary amatlylykly ulaglaryň welaýatymyzyň ýaşaýjylaryna şäherara we şäherýaka ugurlarynda ir ertirden giçlige çenli hyzmat edip ýörendiklerini görmek bolýar.

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Ulag ulgamynyň ýeňişli sepgitleri Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ykdysady syýasaty Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýeňişli sepgitlere ýetilýär. Şeýle ösüş depgini “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem saklanyp galýar. Milli ykdysadyýetimizde gazanylýan ýokary netijeler Garaşsyz döwletimiziň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagyna oňyn tasirini ýetirýär.

Energetika pudagyndaky batly gadamlar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça anyk işler durmuşa geçirilip, olar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny, şol sanda elektroenergetika pudagyny hem sazlaşykly ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilýär. Döwletimiziň elektroenergetika pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmakda, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda durmuşa geçirilýän işler diňe tarypa mynasypdyr. Türkmenistan energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolup, bu pudak dünýä möçberinde girdejili pudaklaryň biri hasaplanylýar. Şol sebäpli-de, pudagy ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýumlary hem barha artýar, bu bolsa elektrik energiýasyna islegleriň Ýer ýüzünde uludygy bilen şertlendirilendir.

Watanymyzyň ykdysady kuwwaty artýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyza rowaçlyklar hemra bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler halkymyza eşretli eýýamy peşgeş berdi. Bu gün durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş derejesi barha ýokarlanýar. Önümçilik we medeni-durmuş maksatly iri desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginlerde dowam etdirilmegi, ähli pudaklarda uzak möhletleýin maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegi, sanly ykdysadyýete geçilmegi, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlaryndaky öňegidişlikler ýurdumyzy durnukly ösdürmegiň ygtybarly esasydyr. Daşary ykdysady gatnaşyklarda maýa goýumlaryň çekilmegine, söwda dolanyşygynyň ösdürilmegine uly üns berilmegi bolsa, dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze mazmuna eýe etdi. Häzirki wagtda diňe bir Aziýa däl, eýsem, Ýewropa giňişliginde hem özara bähbitli ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösüşiň täze belentliklerine göterdi. Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän şeýle öňegidişlikleriň, ilkinji nobatda, Esasy Kanunymyzdan gözbaş alýandygy aýratyn bellärliklidir. Ösüşleriň durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýan häzirki döwrümizde

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ýük awiagatnawy

2024-nji ýylyň iýulyndan Gruziýanyň “Georgian Airways” awiakompaniýasy Tbilisi (Gruziýa) – Meýlan (Hytaý) – Türkmenabat (Türkmenistan) – Tbilisi (Gruziýa) ugry boýunça ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlady. Bu barada Türkmenabadyň halkara howa menzili habar berýär. Täze halkara ýük awiagatnawy Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar.

Döwrüň bagtyýarlyk owazy

Biz gözelligiň dünýäni halas edýändigi baradaky pähimi kalbymyza nagyşlap, kämil, owadan, gowudan gowy nusgalaryň, ýol-ýörelgeleriň dowamat-dowam bolmagy ugrunda çalyşýarys. Elbetde, iň owadan, mukaddes gözellik bolsa, ynsanlaryň kalbyny nurlandyrýan haýyrly gowulyklary, ýagşy işleri amal etmekde şöhlelenýändir. Biz Magtymguly Pyragynyň «Ýagşylyk — ýar behem eder» diýişi ýaly, ýagşy, gözel niýetleriň myrat tapýandygyna, ýagşy işleriň çogalýandygyna, herekete berekediň ýardygyna, agzybirlik bilen başlanan işleriň rowaçlyklara beslenýändigine ynanýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň agzybirlik bilen, ýagşy işleri amal edip, bellenilen sepgitlere ýetmäge, yzygiderli ösmäge ymtylyşynyň beýany ak maksatlary gazanylýan üstünliklerde şöhlelenýär. Bu döwür ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen häsiýetlendirilýär. Munuň aýdyň mysallarynyň biri-de, şu ýylyň 6 aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleridir. 12-nji iýulda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň 6 aýynda dürli ugurlarda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy, durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmagyň barşynda gazanylan netijeler anyk görkezilip, öňde duran esasy wezipeler kesgitlenildi. Ýylyň başyndan bäri milli ykdysadyýetimizde gaz

Döwletiň ykdysady kuwwaty — ilatyň durmuş abadançylygy

Akyldarlaryň aýtmaklaryna görä, ykdysadyýet ilkinji nobatda adamlaryň öz zähmetlerini hem-de akyl-paýhaslaryny ulanyp, özleri üçin zerur bolan şertleri we ýaşaýyş serişdelerini döretmekleridir. Onuň kadaly hereket etmegi döwletiň kuwwatly bolmagynyň iň esasy hem iň zerur şertidir. Sebäbi ykdysadyýetiň kömegi bilen döwlet özüniň ähli maddy baýlyklaryny edinýär, toplaýar, artdyrýar. Şonuň netijesinde-de, döwlet jemgyýet tarapyndan özüniň döredilmeginiň iň esasy we iň möhüm maksadyny durmuşa geçirip, jemgyýetiň maddy hem ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak mümkinçiliklerine eýe bolýar. Munuň şeýledigine öz durmuşymyzyň mysalynda-da göz ýetirýäris. Bilşimiz ýaly, 12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlis döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň derejesini kesgitlemäge, anyklamaga ajaýyp meýdança boldy. Şol mejlisde degişli ýolbaşçy tarapyndan berlen 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň derejesine guwanmaga, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş abadançylygynyň üpjün edilmeginiň ygtybarly binýadynyň bardygyna ynamy berkitmäge esas berdi.

Türkmenistanyň gatnaşmagyndaky täze halkara ulag geçelgesi boýunça ylalaşyga şu ýyl gol çekiler

Türkmenistanyň gatnaşmagynda Hazar we Gara deňizlerini baglanyşdyrýan täze ulag geçelgesi dörediler. Bu barada «Report» habar berdi. Çeşmäniň bellemegine görä, täze «Hazar deňzi — Gara deňiz» halkara ulag geçelgesi Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Gruziýanyň hem-de Rumyniýanyň gatnaşmagynda dörediler.

Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny Adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär. Adamzada uly peýda getirjek şol oňyn başlangyçlaryň hatarynda energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, energiýa serişdeleriniň iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin innowasiýalary ornaşdyrmak we peýdalanmak ýaly başlangyçlar bar. 2012-nji ýylda Howanyň üýtgemegi barada milli maksatnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýäniň howa bilen bagly meseleleriniň gün tertibine gatnaşmagy üçin möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň Howa baradaky Pariž ylalaşygyna goşulmagy bu ugurda hereketleriň logiki dowamyna öwrüldi. Şonuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda Howanyň üýtgemegi boýunça milli maksatnamanyň rejelenen görnüşi tassyklanyldy.

Durmuş ugurly syýasatyň dabaralanmagy

Milli ykdysadyýetiň ösüş ugrunyň durmuş ugurly ynsanperwer syýasat bilen utgaşmagy Türkmenistanda adam hakdaky aladanyň baş orunda durýandygyny görkezýär. Çünki adam jemgyýetimiziň iň uly gymmatlygy bolup, raýatlarymyzyň bagtyýarlygy döwletimiziň abadanlygydyr, ýurdumyzyň berkararlygydyr. Şu ýylyň 12-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi munuň, hakykatdan-da, şeýledigine ýene bir ýola şaýatlyk etdi. Ykdysadyýetiň pudaklarynda geçen alty aýda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisde nygtalyp geçilişi ýaly, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür. Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 454 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şeýle hem senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, beýleki desgalaryň gurluşyklary meýilnama esasynda alnyp barylýar.

Azerbaýjanyň täze gämisi ilkinji ýüküni Türkmenistanyň portuna getirdi

«Azerbaýjanyň Hazar ýük daşaýyş kompaniýasynyň» (ASCO) sargydy esasynda Baku gämi-gurluşyk zadowynda gurlan hem-de 2-nji iýulda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanylyşa berlen «Zangilan» tankeri ilkinji ýüküni Türkmenistanyň Alaja deňiz portuna getirdi. «Zangilan» tankeri ilkinji ýüzüşe Azerbaýjanyň Sangaçal deňiz portundan başlap, ol ýerden ýüklenen çig nebiti 17-nji iýulda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesiniň golaýyndaky Alaja deňiz portuna getirdi.

Köpugurly özgertmeler— depginli ösüşiň binýady

12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň geçen alty aýynda durmuş-ykdysady ösüşimizde gazanylan netijelere baha berildi we geljekde öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Mejlisde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biziň alyp barýan syýasatymyz bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir» diýen sözleri ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak wezipesiniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny görkezýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatyň durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Üstümizdäki ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda önümçilik hem-de hyzmatlar ulgamynda gazanylan oňyn netijeleriň ykdysadyýeti dolandyrmagyň oýlanyşykly usullaryny ulanmagyň esasynda mümkin bolandygy nygtalmaga mynasypdyr. Maksatnamalaýyn çemeleşme şeýle usullaryň biri bolup, onda ösüşiň häzirki tapgyrynda wajyp meseleleriň çözgüdine gönükdirilen maksatla

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümler, pamyk toplumlary, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 70 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt- çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 27 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Azerbaýjandan, Owganystandan hem-de Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi, «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen awiakerosini we gurluşyk önümlerini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 14 million 70 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: FINLÝANDIÝA RESPUBLIKASY

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Finlýandiýa 2016 — 2025-nji ýyllar üçin sirkulýar ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň ýol kartasyny kabul edýär we şeýle resminamany kabul eden dünýädäki ilkinji ýurt hökmünde taryha girýär. Bu ýol kartasy Daşky gurşaw ministrliginiň, Oba we tokaý hojalygy ministrliginiň, Ykdysadyýet we iş üpjünçiligi ministrliginiň, işewürligiň we ylmy jemgyýetçiligiň wekilleriniň, işjeň raýatlaryň gatnaşmaklarynda işlenip taýýarlanylýar. Ýol kartasy ýerine ýetirilýän döwründe onuň üstüni zerur çäreler bilen doldurmak bellenen. Ol şu strategik maksatlary öz içine alýar: bäsdeşlik we durmuş ukyplylygynyň esaslaryny täzelemek, pes uglerodly energetika geçmek, tebigy baýlyklara gytçylyk hökmünde çemeleşmek we gündelik çözgütleri özgerişi höweslendirmek üçin ulanmak. Ýol kartasy sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek üçin durmuşa geçiriljek çäreler barada jemgyýetiň dürli gatlaklaryna zerur maglumatlaryň berilmegini üpjün edýär.

AZERBAÝJAN 334 million dollarlyk miwe we gök önüm eksport etdi

Russiýa «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen daşalýan ýükleriň möçberini 2040-njy ýyla çenli üç esse artdyrmagy meýilleşdirýär. Hususan-da, 2023-nji ýylda agzalan ugur boýunça daşalan ýükleriň möçberi 19 million tonna bolup, bu görkezijini 2030-njy ýyla çenli 28 – 32 million tonna, 2040-njy ýyla çenli bolsa 60 million tonna ýetirmek göz öňünde tutulýar. Ýeri gelende bellesek, «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ugry boýunça ýükleriň esasy bölegi demir ýol arkaly daşalýar.