Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Paýtagtymyzyň gözel keşbini has özgertjek desgalar

18-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz saparynyň dowamynda Aşgabadyň günorta böleginde Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilýän iri desgalara tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň gelen ilkinji desgasy halkara forumlary geçirmek meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi boldy. Bu toplumyň gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanyldy. Täze gurulýan binada ýokary derejede mejlisleri we duşuşyklary geçirmek, şeýle hem hormatly myhmanlary kabul etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutular.

Islegli önümler öndürilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hususy işewürleriň gazanýan köpugurly üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady özgertmeleriniň ajaýyp miwesidir. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, öňdebaryjy bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän orny has-da pugtalanýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, pugtalandyrylmagyna, harytlaryň öndürilişini ýola goýmak üçin tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen pudaklaryň işini üstünlikli ýola goýmaga uly itergi berýär.

Ösüşleriň berk binýady

Ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilikde ylmy işleri giňden peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işler dowam edýär. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudaklaryň işini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, aýratyn-da önümçilikde ylmyň gazananlaryny we täze tehnologiýalary peýdalanmakda möhümdir.

Ýurdumyzyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim

Hormatly Prezidentimiz täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy 15-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Gaz pudagynyň iri desgasy energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm ädim

15-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde milli Liderimiz Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr bolan täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu waka Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky ýene-de bir möhüm ädimi boldy. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyzyň toý bagyny kesmegi bilen, täze möhüm senagat desgasy açyldy. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, pudagyň işgärleri bar. Hormatly Prezidentimiz çykyş edip, ýygnananlary hem-de tutuş türkmen halkyny bu möhüm desganyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Jahana ýaň salan wakalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepdede Lebap welaýatyna iş sapary üstünlikli hem-de örän netijeli boldy. Şol günlerde diňe bir welaýatyň ýa-da ýurdumyzyň durmuşynda däl, eýsem, halkara ähmiýetli taryhy wakalar bolup geçdi. Saparyň birinji gününde, ýagny geçen hepdäniň penşenbe güni Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.

Sanly ulgam — döwrüň talaby

Ýurdumyzyň ykdysadyýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda barha ösýär. Döwletimiziň ykdysady ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak, düzümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ähli ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Halk hojalygynyň pudaklary bilen bir hatarda, durmuş ulgamyny özgertmek boýunça çäreler dowam etdirilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň hem-de öňe sürülýän oňyn başlangyçlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Durmuş ulgamy ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biridir. Pul serişdeleriniň umumy mukdarynyň uly möçberini bilim, ýaşaýyş jaý hojalygy, saglygy goraýyş, pensiýa gaznasy ýaly ugurlar düzýär. Şeýle hem, durmuş ösüşiniň görkezijileriniň ýokary derejesi zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň hasabyna üpjün edilýär. Bu bolsa her bir türkmenistanlynyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyna ýardam berýär.

Durnukly ösüşiň miweleri

Täze — 2021-nji ýylymyz turuwbaşdan şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparyny amala aşyran günleri sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmäge, goňşy we beýleki ýurtlar bilen biri-birine ynanyşmak arkaly özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen möhüm taryhy ähmiýetli wakalar bolup geçdi. Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina şäherinden Andhoýa çenli uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýol, Kerkiden Şibirgana çenli 153 kilometrlik elektrik geçiriji, şonuň ýaly-da Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat —Turgundy ugry boýunça optiki-süýümli halkara ulgam, «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desga işe girizildi. Bu şanly wakalar sebitde we dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek arkaly parahatçylygy berkitmek boýunça asylly başlangyçlary öňe sürýän ata Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyny ýene bir gezek äşgär etdi. Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredýän Türkmenistanyň Owganystanyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmegi nazarlaýan taslamalary maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmagy biziň ýurdumyzyň öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, giň möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge ugrukdyrýandygyny görkezýär. Munuň goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň dikeldilmegine, parahatçylygyň berkidilmegine ýardam etjekdigi ikuçsuzdyr. «Malaý» gaz ýatagynda gaz gysyjy desganyň

Döwre şan beren iki gün

Bu iki gün barada heniz kän ýazylar, kän-kän gürrüň ediler. Ýöne şunça ýazgy, şunça gürrüň iki güne sygan wakalaryň beýanyna az geler. Ýaşalyp ýörülse, söze sygmaýan pursatlar kän bolýar. Ynha, hormatly Prezidentimiziň geçen hepdede welaýatymyza amala aşyran iş saparyny gypynçsyz şeýle pursatlaryň hatarynda goýup bolar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 158-si baglaşyldy. Şweýsariýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Maltadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtomobil benzinini, gidro- usul bilen arassalanan dizel ýangyjyny, ýakylýan mazudy, nebit bitumyny satyn aldylar. Şeýle hem BAE-den, Özbegistandan, we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 awtomobil benzinini, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Durmuş ähmiýetli ykdysady ösüşler

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 13-nji ýanwarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda şanly baýramçylyga gabatlanyp, Ahal welaýatynda ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň barşy barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiziň sebitleýin syýasaty welaýatlar üçin deň ösüş şertlerini döredýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ilat üçin ýokary hilli durmuş derejesini üpjün etmegi nazarlaýan bu sebit syýasatynda ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda goýulýar. Sebitleriň ykdysadyýetiniň toplumlaýyn ösdürilmegi babatynda uzak möhletleýin taslamalar, täze özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ykdysady syýasatyň täze ugry ykdysady taýdan maksadalaýykdygy we uzak möhletleýin bähbitler nukdaýnazaryndan ähli ykdysady hem-de dolandyryş çözgütlerini kabul etmegi, ykdysady kuwwaty artdyrmak üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmegi göz öňünde tutýar. Ykdysadyýetiň netijeli hususy ulgamyny döretmek hem-de bäsdeşlik esasynda döwlet-hususy gatnaşyklary ösdürmek hem möhümdir. Senagatlaşdyrmaga tarap alnan ugur diňe ykdysady däl-de, eýsem, durmuş ähmiýetli bolup durýar. Häzirki döwürde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň esasy bölegini öz kärhanalarymyzda öndürmek meselesi baş wezipeleriň biri bolup durýar. Ykdysady ösüşi, doly we öndürijilikli iş üpjünçiligi we ähli adamlar üç

Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy Lebap welaýaty, 15-nji ýanwar (TDH). Şu gün Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ojaga — ot, ýürege — ýalkym

Wagta emriň ýetse, ony biraz saklap, taryha şan berýän günleriň lezzetini ine-gana duýasyň gelýär. Ýöne oňa onuň özünden başga höküm ýöredýän ýok. Şeýle-de bolsa, taryhy günleriň ýakymy terliginde, täzeliginde gursagyňda hemişelik ýaşaýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem, turuwbaşdan, ykbal özgerdiji beýik işlere, ynsanperwer başlangyçlara, hakydalara däl, ýüreklere, kalplara ýazylýan ajaýyp wakalara beslenýär. Düýn hem şeýle taryhy günleriň biri boldy. Kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr bolan «Malaý» gaz gysyjy desgasynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi bu taryhy wakanyň şaýatlarynyň hem-de bagtyýar watandaşlarymyzyň ýüregine gyşyň ortaky aýynda ýazyň ýylysyny berdi. Şatlyk GULMYRADOW, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň inženeri:

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky şu aşakdaky goýumlary halkymyza hödürleýär:

1. «Talap edilýänçä» goýumy — goýuma serişdeler nagt we nagt däl görnüşinde çäklendirilmedik möçberde möhletsiz kabul edilýär, göterim derejesi 1% ýyllyk. 2. «Gadamy beýik gahryman» goýumy — 3 aý, 6 aý, 9 aý, 12 aý göterimi ýyllyk 11%, üstüni dolduryp bolýan goýum. Bu goýum Beýik Watançylyk urşuna we owgan urşuna gatnaşan raýatlar üçin niýetlenen. Goýuma goýulan puluň iň pes möçberi 100 (bir ýüz) manat bolup, goýuma pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär.

Dünýäde islegli önümler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasy maksady ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmakdan ybarat bolup, önümçilik kuwwatlyklarynyň ösdürilmegi, mineral çig mal ätiýaçlyklarynyň ykdysady taýdan netijeli peýdalanylmagy has-da ileri tutulýar. Geljegi rowaçly we ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan senagat pudaklarynyň biri-de himiýa senagatydyr. Geçmişe ser salsak, himiýa senagatynyň öz gözbaşyny birnäçe asyr mundan ozalky döwürlerden alyp gaýdýandygyny we geçen asyrda has kämilleşip, biziň döwrümizde güýçli depginler bilen ösýän häzirki zaman senagat pudagydygyny görýäris. Düýpli ylmyň we himiki tehnologiýalaryň okgunly ösmegi bilen bu pudak häzirki zaman ösüşiniň giň ýollaryny açýar. Türkmenistanyň himiýa senagatynda mineral dökünleriň önümçiligi has-da üstünlikli ýola goýulýar. Soňky ýyllarda olaryň önümçilik mümkinçilikleri täze desgalar arkaly has-da artdyrylýar. Şunuň bilen birlikde, azot önümlerini öndürýän zawodlaryň sany köpelýär, muňa mysal edip, 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid önümlerini öndürýän hem-de ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze zawodyň işe girizilendigini aýtmak bolar. Karbamid öndürýän zawodyň işe girizilmegi bilen, karbamidiň eksport edilýän möçberi has-da artdyrylýar.

Guwandyryjy netijeler

HYRYDARLY ÖNÜMLER Bäherden etrabynyň «Bäherden» tikin fabrigi tamamlanan ýyly ýokary iş görkezijileri bilen jemledi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ol ýerde 9 million 497 müň 605 manatlyk iş edilip, bu babatda ozalky ýyl bilen deňeşdirilende 114,2 göterim ösüş gazanyldy. Munuň özi fabrikde ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň pul möçberindäki görkezijileriniň ep-esli artandygyny aňladýar.

Halkara bähbitleriň sazlaşygy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat mümkinçiliklerini artdyrmak, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda obadyr şäherleri, etrap merkezlerini abadanlaşdyrmak, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak, öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlaryny döretmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu özgertmeler döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ykdysadyýetiiň ähli ugurlary boýunça uly ösüşleri gazanyp, dünýäde ýokary depginler bilen ösýän ýurtlaryň birine öwrülýär.

Ykdysady binýat berkidilýär

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak, pudaklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam bermek hem-de döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny netijeli guramak üçin senagat-innowasion binýady berkitmek maksady bilen anyk işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde ata Watanymyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, eziz Diýarymyzyň innowasion ösüşinde hususy pudagyň paýyny artdyrmaga, bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge, döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyny tizleşdirmäge we olaryň işiniň netijeli dolandyrylmagyny gurmaga gönükdirilen anyk çäreler görülýär. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, ýakyn bäş ýylda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýanyň hem-de amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu meýilnamada ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny düýpli özgertmek, sanly ulgamy hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, eýeçilik gatnaşyklaryny üýtgetmek we eýeçiligiň görnüşleriniň köpdürlüligini emele getirmek boýunça işler kesgitlenildi. Çäreleriň meýilnamasynda dö

Geografik taýdan amatly ülke

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamy bedew bady bilen ösýär. Ýurdumyzdan dünýäniň çar ýanyna uzaýan nurana ýollar dost-doganlyk ýollaryna öwrülýär. Milli kanunçylygymyzyň howa, deňiz, awtoýol ulgamlarynda amala aşyrylýan işleri we hyzmatlary düzgünleşdirýän hukuk namalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzüminiň hem-de aragatnaşyk telekommunikasiýalar ulgamynyň kemala gelmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi, diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit we bütindünýä ösüşine kuwwatly itergi berýär. Türkmenistan geografik taýdana örän amatly sebit we sebitara ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwatlyklaryny döwletleriň we halklaryň bähbidine gönükdirýär.

Sanly ulgam — döwrebap mümkinçilikler

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, durmuş-ykdysady ulgamyň ähli ugurlarynyň täze tehnologiýalar esasynda sanly ulgama yzygiderli geçirilmegi babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen Türkmenistanyň Arbitraž, Aşgabat şäher we welaýat kazyýetleriniň arasynda elektron gatnaşyklar ýola goýuldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň elektron hukuk maglumat binýady we ýöriteleşdirilen elektron hukuk kitaphanasy döredildi.