Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Söwda bilen baglanyşykly sözler

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). KONSERN — köp sanly senagat, maliýe we söwda kärhanalarynyň birleşigi (birleşige girýän kärhanalaryň her biri özüniň ýuridik şahs bolmak hukugyny saklap, maliýe taýdan birleşigiň tabynlygynda işleýär).

Hiç haçan ýeke dolandyrmaň,

şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri Keýt Ferrassi, «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory.

Аналитики подсчитали, что Маск может стать триллионером к 2027 году

Состояние основателя Tesla бизнесмен Илона Маска может достичь триллиона долларов к 2027 году, подсчитали специалисты, анализирующие доходы. Группа Informa Connect Academy исходила в своих расчетах из того, что состояние Маска растет в среднем на 110%.

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda Aziýanyň Ösüş banky durnukly we integrirlenen ulag torlaryny ösdürmäge goldaw berer

Aziýanyň Ösüş banky hereketlendiriji güýji innowasion hususy telekeçilik bolan bäsdeşlige ukyply, diwersifisirlenen we ylmy bilimlere esaslanýan ykdysadyýete gönükdirilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň täze strategiýasyny işe girizdi. 2024-2028-nji ýyllary öz içine alýan täze strategiýa ýurduň “ýaşyl” ykdysadyýete geçişini, şol sanda energiýa netijeliligine, energiýanyň täzeden dikeldilýän serişdelerine maýa goýumlaryny hem-de uglerod zyňyndylarynyň pes derejeli synag taslamalaryny we syýasy özgerişleri öz içine alar. Bank ýurdumyzyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek maksatlaryna laýyklykda kömürturşy gazlary we metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça uzakmöhletleýin meýilleri işläp taýýarlamakda Türkmenistana ýardam etmegi dowam etdirer.

Baýlyk agtaryjylaryň toý sowgady

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde binýatlyk hyzmaty ýerine ýetirýän nebitgaz toplumynyň agzybir we başarjaň işgärleri başlarymyzyň täji bolan ata Watanymyzda giňden bellenilýän beýik senäni — ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyny uly zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar. Olaryň arasynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň agzybir hünärmenleri hem bar. Baýlyk agtaryjylaryň Täçmyradow meýdançasynda burawlan gözleg guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Munuň özi olaryň ajaýyp baýrama uly toý sowgatlary bolmak bilen birlikde hormatly Prezidentimiziň täze ýataklary açmak arkaly tebigy gazyň gorlarynyň üstüni doldurmak, täze meýdançalary senagat taýdan özleşdirip, uglewodorod serişdeleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça öňde goýan jogapkärli wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegine hem mynasyp goşantdyr. Täçmyradow geologlaryň kartasynda täze peýda bolan meýdançalaryň biridir. Ol Çärjew etrabynyň çäginde, Malaý gaz käniniň golaýynda ýerleşýär. Öňki ýyllarda geçirilen deslapky barlaglaryň netijeleri bu ýerde tebigy gazyň uly gorlarynyň bardygyny çaklamaga mümkinçilik beripdi. Şol maglumatlara esaslanyp, üstümizdäki ýylyň başynda täze meýdançada kuwwatly buraw enjamy oturdyldy. Bu möhüm işi tejribeli buraw ussalary Işanguly Mämmetgulyýew bilen Döwlet Babakulyýewiň baştutanlyk edýän toparlarynyň agzalaryna ynandylar.

Sanly ykdysadyýetiň uly mümkinçilikleri

Sanly tehnologiýalaryň bank ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere bökdençsiz bank hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik berýär. Halk bähbitli maksatlara gönükdirilen, döwrebap çözgütleriň biri hasaplanylýan sanly ykdysadyýete, başgaça, «elektron ykdysadyýet» hem diýilýär. Munuň özi ykdysadyýetiň bu görnüşinde elektron tehnologiýalaryň giňden ulanylýandygy bilen delillendirilýär. Bank ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy onuň mümkinçiliklerini artdyrdy, hyzmatlaryň hilini has ýokarlandyrdy. Nagt däl hasaplaşyklar ulgamy sähelçe wagt mundan öňküden hem has ösdi. Hyzmatlaryň täze, döwrebap görnüşleri bolsa yzygiderli köpelýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralarynda pul dolanyşygynyň netijeliligi hem ýokarlandy. Hödürlenilýän hyzmatlary online tertipde amala aşyrmak, bank kartlary arkaly töleg ulgamynyň ýaýrawy ýene-de giňeldilýär.

Ilat üçin döwrebap jaýlar

Şu günler ýurdumyzyň haýsy künjegine seretseň, şanly Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän 33 ýyllyk baýramçylygyny zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrundaky tutumly işlere nazaryň düşýär. Begenç Astanoglyýewyň ýolbaşçylygyndaky «Bedaýet» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri hem baş baýramçylygyň öňüsyrasyndaky günlerde iş depginlerini batlandyrýarlar.

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Ätiýaçlandyryş ulgamy kämilleşdirilýär Döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ilatyň goraglylygyny üpjün etmekde tutumly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň işgärleri hem öz öňlerinde durýan wajyp wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirmekde yhlas edýärler. Şeýle yhlas-tagallalarymyzyň esasy maksady bolsa, ätiýaçlandyrylýan raýatlaryň ömrüni we saglygyny ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmekden, ätiýaçlandyryşyň tertibini we şertlerini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi ýol ulaglary üçin birmeňzeş talaplary girizer

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi (ÝYB) ýol ulaglary üçin birmeňzeş talaplary girizmegi maksat edinýär. Bu barada Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrliginiň web sahypasynda habar berilýär. Bileleşigiň agza döwletleri Ýewraziýa ulag geçelgelerine girýän awtomobil ýollarda hereket edilende ulaglaryň rugsat berilýän ölçegleri baradaky Şertnama gol çekmek üçin zerur bolan döwletiň içindäki işleri tamamladylar. Resminama 2024-nji ýylyň 4-nji çärýeginde gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gullugynyň işgärleri alnyp barylýan işler barada maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky daşary söwdanyň gümrük statistiki maglumatlaryny deňeşdirmek boýunça Lebap welaýat gümrükhanasynyň edara binasynda iş duşuşygyny geçirildi. Iş duşuşygynyň dowamynda taraplar daşary söwdada gümrük statistiki maglumatlaryň emele gelşiniň usulyýeti barada maslahatlaşdylar.

Geçen ýedi aýda ulag ulgamy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 118,1 göterime deň boldy

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,1 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 103,9 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 103,6 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 104,8 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110,9 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 153,8 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 107,3 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 113,4 göterime barabar boldy.

Geofizikleriň gaýratly gadamlary

«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalary nebitli-gazly ýataklary senagat taýdan işläp taýýarlamakda, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmakda döwrebap işleri amala aşyrýarlar. Bu ugurda konserniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginde mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy belentden toýlanjak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bitirilýän işler has-da öwgä mynasypdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki görkezmelerine laýyklykda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary önümçilige içgin ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň biridir. Nusgalyk zähmet däplerine baý bolan «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri hem bu belent wezipeleri durmuşa ornaşdyrmakda tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietilen önümini, Owganystanyň telekeçileri bolsa “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine dokma önümleri, nah ýüplük, dokma önümçiliginiň galyndylaryndan dikeldilen süýüm ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 110 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 15 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gyrgyz Respublikasyndan, Türkiýeden, Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Özbegistandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 5 million 110 müň 500 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Söwda toplumynda ýedi aýyň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi

31-nji awgustda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň binasynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynyň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň 30-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça öňde durýan wezipeler, şeýle-de söwda toplumynyň işini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynda, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew şu ýylyň ýedi aýynda söwda toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada çykyş etdi. Şeýle-de wise-premýer söwda toplumynyň garamagyndaky edara-kärhanalaryň degişli ýolbaşçylaryna hormatly Prezidentimiziň söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, hususy pudagyň önümçiliklerini artdyrmak, täze önümçilikleri döretmek, eksporta iberilýän önümleriň mukdaryny köpeltmek babatda maksatnamalaýyn işleri geçirmek, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak işlerini çaltlandyrmak bilen bagly beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajypdygy barada nygtady.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi

Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Bu mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew hem-de tatar tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O.W.Korobçenko başlyklyk etdiler. 27-nji awgustda bolan mejlisiň dowamynda iki tarapyň arasynda söwda-ykdysady, nebitgaz ulgamynda, senagatda, aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary ulgamynda, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak pudagynda, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Giň gerimli ösüşleriň üstünlikli ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli önümleriň önümçiligini hem-de olaryň eksport ugurlaryny has-da giňeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde 80-den gowrak kärhana hereket edýär. Ministrligiň garamagyndaky hereket edýän toplumlaryň önümçiliklerinde sütükli we sütüksiz, örme matalaryň, jinsi, şeýle hem öndürilýän matalardan taýýarlanylýan taýýar tikin-örme önümleriniň dürli görnüşleri içerki bazar bilen bir hatarda daşary ýurtlara eksport edilýär. Onuň möçberiniň barha artýandygy bolsa aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu ugurda öndürijilikli işleri ýola goýan kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Halaç etrabyndaky nah ýüplük egriji fabrigidir. Kuwwatly awtomatik enjamlar ornaşdyrylan fabrikde önümçilik üstünlikli alnyp barylýar. Onda Germaniýanyň, Şweýsariýanyň meşhur kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli egriji maşynlarynyň işledilmegi netijesinde, günde 14 — 16 tonna nah ýüplük öndürilýär. 2005-nji ýylda işe girizilen bu kärhana zerur bolan çig mal welaýatyň pagta arassalaýjy kärhanalaryndan getirilýär. Ady agzalýan kärhanada ýanwar — iýul aýlarynda 61 million 51 müň manatlykdan gowrak önüm, ýagny 2 482 tonna nah ýüplük öndürildi. Şonuň 1 241 tonna golaýynyň daşary ýurtlara eks

Hili dolandyrmagyň ýapon tejribesi

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ýapon nusgasy. Bu nusganyň hereket etmegi Ýaponiýadaky däp-dessurlara, şahsy bähbitlere garanyňda milletiň bähbitleriniň ileri tutulmagyna, ýokary zähmet düzgün-tertibine we işçileriň jogapkärçiligine, ähli täze zady kabul edip almagyň çalt ösüşine uly derejede esaslanýar. Ýokarda sanalyp geçilenleriň we beýleki faktorlaryň hasabyna önümleriň özüne düşýän bahasynyň ep-esli peselmegi, önümiň ýokary hili gazanylýar. Bu ýapon harytlaryna dünýä bazarynda ýokary bäsleşige ukyplylygyny üpjün edýär» (41-42 s.). Gahryman Arkadagymyzyň sözlerinden hem görnüşi ýaly, önümiň ýokary hiliniň gazanylmagy dünýä bazarynda ýokary bäsdeşlige ukyplylygyň esasy usulydyr. Hili dolandyrmak boýunça dünýä tejribesi degerlilikdir täsirliligini şübhedir ikirjiňlemä sezewar etmek üçin hiç hili esas ýok usullardyr tär ýollary işläp düzdi. Önümiň hilini dolandyrmak boýunça dünýä tejribesi ilkinji başdaky materiallaryň durnukly hilini gazanmazdan, öndürilýän harydyň durnukly hilini üpjün etmegiň mümkin däldigini görkezýär. Şol sebäpli öndürilýän harytlary taýýarlaýjylar bilen çig maly, materiallary we toplumyň ýygyndy bölekleridir şaýlaryny üpjün edijileriň arasyndaky özara baglanyşykly gatnaşyklaryň has ýakyndan berk ysnyşykly ýola goýulmagyna bolan meýiller hasaba alynýar. Bu ösen döwletler

230,4 müň tonna uglewodorod serişdelerini import etdi

Täjigistan 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda umumy möçberi 230,4 müň tonna deň bolan uglewodorod serişdelerini import etdi. Şonuň 208,2 müň tonnasy suwuklandyrylan gazyň hem-de 21 müň tonnasy nebit koksunyň paýyna düşýär. «Howar» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, ýurdy suwuklandyrylan gaz bilen esasy üpjün ediji Gazagystan bolup durýar. Hasabat döwründe import edilen suwuklandyrylan gazyň 94 göterimi Gazagystanda satyn alnypdyr.

Kriptomillionerleriň sany 95 göterim artdy

Dünýäde kriptowalýuta millionerleriniň sany soňky 12 aýda iki essä golaý artdy. Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryndaky ýagdaýa görä, kriptomillionerleriň sany 172,3 müňe ýetdi. Olaryň tas deň ýarysy, has anyk aýtsak, 85 müňden gowragy bitkoin kriptowalýutasynyň eýeleri bolup durýarlar. Bu barada «Crypto Wealth Report» habar berýär. Hasabat döwründe dünýäde ýene 6 sany kriptowalýuta milliarderi peýda boldy we olaryň umumy sany 28-e ýetdi. Eýelik edýän kriptowalýutalarynyň umumy bahasy 100 million amerikan dollaryndan geçýän adamlaryň sany bolsa 79 göterim artdy. Olar häzirki wagtda 325 sanydyr.