Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ählumumy abadançylygyň hatyrasyna

Umumadamzat bähbitli ýörelgelerden ugur alyp, özüniň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, döredijilik mümkinçiliklerini ählumumy ösüş maksatlaryna gönükdirýän Garaşsyz Türkmenistan sebitde we bütin dünýäde daşky gurşawy goramakda, ekologiýa abadançylygyny berkitmekde möhüm ädimleri ädýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynda gurlan iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşmagynyň çäklerinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda kesgitlän wezipeleri hem-de BMG-niň gazyp alýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumynda öňe süren başlangyçlary bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklady. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyz halkara energetika bazarlarynda ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Bu ugurda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen bir hatarda, daşky gurşawy goramak boýunça ählumumy meseleleri çözmek nukdaýnazaryndan, ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek ýaly möhüm ähmiýetli ýörelgelerden ugur alynýar.

Ykdysadyýetiň ösüşinde kiçi telekeçiligiň orny

Geçen 30 ýylyň dowamynda döwletimiz Garaşsyzlyk ýoly bilen ynamly gadam urup, hemmetaraplaýyn berkäp, dünýäde ýokary depginler bilen ösýän ýurtlaryň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda öňe sürlen ykdysady strategiýanyň çäklerinde milli we halkara ähmiýetli iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, dünýäniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan kuwwatly zawodlaryň, fabrikleriň gurulmagy, ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde, etraplarda, obalarda halkymyzyň parahat, bagtyýar, abadan durmuşy üçin zerur bolan şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine uly itergi berdi we berýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynda ýurdumyzy köpugurly ösdürmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde, Diýarymyzda dürli görnüşli önümleriň öndürilişi barha artýar. Welaýatlarda gurlan senagat kärhanalary we toplumlary, oba hojalygynyň önümçilik desgalary ykdysady ösüşiň uly geljeginiň bardygyndan habar berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan esasy oba hojalyk we senagat önümleri babatda özüni doly üpjün edýän hem-de taýýar önümleri dünýä bazarlaryna çykaryp bilýän döwlete öwrüldi.

Ulag we aragatnaşyk toplumy — milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek, halkymyzyň durmuş abadançylygyny üpjün etmek boýunça tagallalary ýurdumyzda yzygiderli dabaralanýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumy özüne «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmenaragatnaşyk» agentliklerini birleşdirýär. Toplumda onuň düzümleriniň her biriniň ähmiýetli orny bar. Hut şonuň üçin milli Liderimiz olaryň her biriniň işine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýar hem-de olaryň sazlaşykly ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyz ulag we aragatnaşyk toplumynyň ösüş depginlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, işleri sazlaşykly guramaga degişli meseleleriň her birine möhüm ähmiýet berýär, iş maslahatlarynda olara yzygiderli garaýar. Şonuň netijesinde ulag we aragatnaşyk toplumynyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, ilata edilýän hyzmatlaryň hili ýokarlandyrylýar, şeýle hem bu düzümlere täze tehnologiýalar, sanly ulgam ornaşdyrylýar. Toplumyň işini kämilleşdirmek hem-de ösdürmek maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär.

Sanly ulgam durmuşa ornaşdyrylýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ähli ulgamlara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar we bu ugurda oňat netijeler gazanylýar. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýetimizi kemala getirmekde sanly bilim ulgamy hem möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda elektron senagatynyň ösdürilmegi, innowasion, ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň barha artmagy aň-bilim maýasyny, ýörite bilimli hünärmenleriň taýýarlanmagyny talap edýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, innowasion mümkinçilikleriň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga itergi bermek bilen, täze senagat kärhanalarynyň döredilmeginiň baş şerti bolup durýar. Bilim ulgamynyň her bir basgançagyna sanly bilim tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyny ösdürmek häzirki zaman çemeleşmelerine, şeýle hem bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň milli tejribä, halkara ülňülerine laýyk amala aşyrylmagy has-da guwandyryjydyr.

Milli ykdysadyýetiň ösüşi

Häzirki döwürde ata Watanymyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Önümçilige döwrüň ösen öňdebaryjy tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Bu ugurdaky tagallalar milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny peýdalanmagyň we internet ulgamyny ösdürmegiň hasabyna ekologiýa taýdan arassa önümçiligi guramak ýaly geljegi uly taslamalary amala aşyrmakda halkara hyzmatdaşlygy üçin giň mümkinçiliklere ýol açýar. Sanly ykdysadyýetiň ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň işine giňden aralaşmagy bilen, işçileriň täzeçe usullar, ugurlar boýunça mümkinçilikleri, hukuklary giňeldilýär. Şoňa görä-de, ähli ýerde işgärleri okatmak we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy ýola goýmak işleri netijeli durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan, zähmet goruny häsiýetlendirýän esasy görkezijileriň biri bolan hünär bilimi esasy çeşme hasaplanyp, ýurdumyzda bu ulgamyň netijeli hereket etmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ylmy-tehniki ösüşiň belentliklerine tarap okgunly öňe barýan, durmuş-ykdysady taýdan özgerýän we sazlaşykly ösýän ýurdumyzda kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak wezipeleri giňişleýin durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň ähli pudaklarynda hünärlere degişli täze tehnologiýalaryň, usullaryň üsti bilen dürli ugurlardaky hünärmenleri taýýarlamaga giň mümkinçilikler döredilýär. Her bir kärhanada bu çä

Energiýa ulgamynyň kuwwatlyklary artdyrylýar

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 30-njy aprelinde Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň kuwwatyny artdyrmak, içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edilmegini gazanmak hem-de öndürilýän elektrik energiýasynyň eksportynyň mukdaryny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň örän wajypdygyny nygtady. Elektrik energetikasy pudagynyň düzümini giňeltmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi babatda göz öňünde tutulan meýilnamalaryňdyr maksatnamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň berk gözegçilikde saklanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwletimizde gaz turbinaly elektrik beketleriniň gurulmagy ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatyny artdyrmaga, sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň hilini düýpgöter gowulandyrmaga, daşary ýurtlara, şol sanda Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny we ugurlaryny köpeltmäge mümkinçilik berer.

Durnukly ösüş üpjün edilýär

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda okgunly ösüş üpjün edilýär. Munuň şeýledigine şu ýylyň bäş aýynyň netijeleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde giňişleýin gürrüň edildi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlendi, möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň wajyp meselelerine garaldy. Bellenilişi ýaly, bäş aýyň netijeleri boýunça jemi içerki önüm 6,1 göterim artdy. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,3 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek satuw haryt dolanyşygy 17,5 göterim artdy.

Beýik sepgitleri nazarlap

Dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän syýasatyň strategiki we möhüm ugry bolup, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häzir bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy. Munuň özi oba hojalygyny hemmetaraplaýyn we düýpli özgertmek boýunça geçirilýän işleriň oňyn netijesidir. Täze kabul edilen kanunlar toplumynyň esasynda obada täze ykdysady gatnaşyklar kemala gelýär, dolandyrmagyň häzirki zaman usullary we maliýe gurallary ornaşdyrylýar. Döwletimiz pudak işgärlerine hemmetaraplaýyn kömek berýär, oba senagat toplumymyň önümçilik düzümini gaýtadan enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga iri maýa goýumlaryny gönükdirýär hem-de pudagy mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatyny ösdürýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystanyň, Maltanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen EKO-93 kysymly awtobenzini, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny satyn aldylar.

Döwrebap ösüşiň ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, sanly ykdysadyýete geçmek işi barha giň gerime eýe bolýar. Sanly ykdysadyýet adalgasy gün-günden düşünjämize, jemgyýetimiziň ösüşine ynamly girýär. Nagt däl hasaplaşyklara aýratyn ähmiýet berilmegi, sanly tehnologiýalaryň durmuşymyza berk ornaşmagy sanly ykdysadyýetiň ösüşine itergi berýär. Bu bolsa telekeçilik işiniň, halkara işewürligiň, bazar gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagyna hem ýardam berýär. Sanly ykdysadyýet — hasaplaşyklaryň, pul dolanyşygy bilen bagly amallaryň we oňa degişli maglumatlaryň kompýuterleriň, bütindünýä maglumat torunyň kömegi bilen hereketini we dolandyrylmagyny öz içine alýar. Sanly ykdysadyýete geçmek edara-kärhanalaryň we adamlaryň özara gatnaşygyny tizleşdirýär we aňsatlaşdyrýar.

Döwrebap tehnologiýalara daýanyp

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini has-da döwrebaplaşdyryp, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ylmyň soňky gazananlaryny, döwrebap ösen innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlary bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işine aýratyn üns berilýär. Konsepsiýada göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek we bu ugurda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini sanly ulgam arkaly ösdürmek boýunça ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan hem yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.

Ekologiýa taýdan arassa ýangyjy peýdalanmak

döwrüň möhüm talabydyr Hormatly Prezidentimiz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzy Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryna çykarmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek, energiýanyň ekologiýa taýdan arassa görnüşlerine geçmek ýaly möhüm ähmiýete eýe bolan iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge, bäsdeşlige ukyply, halkara ölçeglere laýyk gelýän, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen önümçilikleriň döredilmegine, «mawy ýangyjy» gaýtadan işläp, ýokary hilli gazhimiýa önümleriniň öndürilmegine ileri tutulýan ugurlar hökmünde garaýar. Diýarymyzdaky ösen innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan we ekologiýa taýdan arassa önümçilikler hökmünde «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid», Gyýanlydaky polimer zawodlaryny, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän iri senagat toplumyny görkezmek bolar.

Ykdysady ösüşiň ýoly

Sebit hem dünýä ýurtlary, şeýle-de Hazarýaka döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ata Watanymyz Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň köpugurly esasda ösdürilmeginiň, Ýewraziýanyň sazlaşykly ösýän geosyýasy we ykdysady merkezleriniň biri bolan Hazar sebitiniň ägirt uly tebigy çig mal, energetika, senagat, üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmeginiň tarapdarydyr. Şonuň üçin-de, sebitde döwletara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny has-da berkitmäge gönükdirilen işler giň gerimde alnyp barylýar. Türkmenistanyň nebitgaz toplumy we onuň pudaklary ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy maliýe çeşmesi bolup, ol ýurdumyzyň Hazar sebitiniň we Merkezi Aziýanyň energetika bazarynda esasy ýurtlaryň biri bolmagyna mümkinçilik berýär. Şonuň netijesinde Hazar deňziniň nebitiň we gazyň bütindünýä sanawyna goşulan gorlaryny çalt depginler bilen özleşdirmek, deňiz ýalpaklygynda we kenarýaka zolakda ýakyn ýyllarda «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny düýpli artdyrmak maksat edinilýär.

Döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen öňe tarap

Türkmenistan ekologiýa ugurly önümleri çykarýan senagaty ösdürýär Ahal welaýatynda gurlan täze döwrebap senagat toplumynyň – tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň esasy önümi EСО-93 benzinidir. Bu möhüm maýa goýum taslamasy milli Liderimiziň başyny başlan Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir. Şol strategiýanyň esasy ugry gazy we nebiti gazyp almagyň mukdaryny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini eksport etmegiň köpugurly ulgamyny kemala getirmek bilen bir hatarda, ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmakdan hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden ybaratdyr. Dünýäde ilkinji we özboluşly zawodyň önümçilik kuwwatlyklary bu gün kesgitlenen talaplara laýyklykda işleýär. Bu ýerde çykarylýan sintetiki ýangyç örän kämil ekologiýa häsiýetleri bilen tapawutlanýar – onda daşky gurşaw üçin zyýanly kükürt birleşmeleri hem, azotly organiki birleşmeler hem bolmaýar. Kärhanada bir gije-gündizde 1800 tonna benzin öndürilýär, ol baglaşylan şertnamalar esasynda Owganystana hem-de Ýewropa döwletlerine iberilýär.

Durnukly ösüşiň binýady

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda durmuş ugurly ykdysadyýetiň okgunly ösmegi, eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanyp, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek ugrunda taýsyz tagallalar edýär. Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy milli ykdysadyýetimize öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, esasan hem ylmy-barlaglary köp talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmaga, doly elektron resminama dolanyşygyna, sanly bilim bilen sanly ykdysadyýetiň utgaşyklylykda elektron ulgamyna çalt depginde geçilmegine uly itergi berýär. Türkmenistan kompýuter we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly uzak aralykdan maslahat we bilim bermek boýunça goşmaça elektron hyzmatlarynyň hasabyna sanly infrastrukturany ösdürmekde hem bu gün uly mümkinçiliklere eýe bolýar.

Ýüregi sen ýurdumyň, Ak şäherim Aşgabat!

Ata Watanymyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyzyň barha rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýändigi barada buýsanç bilen pikir ýöredeniňde, berkarar Diýarymyzyň ykdysady, medeni, syýasy ösüşleri, halkara giňişliginde gazanýan üstünlikleri, jemgyýetimiziň ýokary medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň derejesi, ylym-bilim mümkinçilikleri, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşy has aýdyň duýulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine we ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak keşbiniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Milli Liderimiz Aşgabady mundan beýläk-de ähli görkezijiler boýunça paýtagtyň ýokary derejesine laýyklykda gurmagyň we abadanlaşdyrmagyň meselelerini berk gözegçilikde saklaýar. Gözel Aşgabat bu gün eşretli durmuşyň berkarar edilen belent derejesini, gurmagyň we döretmegiň kämil gurşawyny, onuň çuň many-mazmunyny äşgär edip, ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň birnäçe binalary hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hem mynasyp orun aldy.

Beýik maksatlaryň oňyn netijeleri

Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasyna esaslanan, ýurdumyzda ilatyň abadançylygyny we durnuklylygyny gorap saklamagy üpjün edýän düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysady taýdan kuwwatly döwletde bolsa, halkyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga amatly şertler döreýär. Ýurdumyzyň dürli künjeginde badalga berlen iri gurluşyklar, şol sanda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň, sebitlerdäki täze obalaryň gurluşygy, ýakynda Aşgabat şäheriniň güni hem-de paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli sanly tehnologiýalara esaslanýan «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna badalga berilmegi, Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurlan 140 iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy durmuş syýasatynyň üstünlikli ösüşlere beslenýändigini görkezýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ösüşini şöhlelendirýän täze, iri möçberli meýilnamalar, giň möçberli, innowasion ösüşlere gönükdirilen öňdebaryjy özgertmeler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň fewral aýynda Prezident Maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň me

Sanly ykdysadyýet: ösüşiň esasy ugry

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi gazanmak boýunça milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalar üstünlikli ornaşdyrylýar. Bu babatda adamzat durmuşynda innowasiýalara möhüm orun degişli bolan häzirki zaman şertlerinde Diýarymyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» netijeli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge hem-de Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge ýardam berýär.

Dokma önümleriniň sergisi

Düýn Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen serginiň ýapylyş dabarasy boldy. Döwletimiziň haly, söwda we dokma pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan iki günlük sergä ýurdumyzyň Hökümet agzalary, milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Onuň çäklerinde agzalan pudaklaryň, hususy telekeçileriň, önümçilik kärhanalarynyň ýokary hilli we täze önümleri tanyşdyryldy. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we halkara bazarynda bäsdeşlige ukyply bu önümler sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Biz hem haly, söwda we dokma pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergide görkezilen käbir önümler bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy makul bildik.

Täze sepgitleri nazarlap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän energetika syýasaty ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de onuň halkara energoulgamyna depginli goşulyşmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň bu ulgamda amala aşyrýan iri möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem olaryň örän uly orny bardyr.