Energetika diplomatiýasy: ykdysady kuwwat, ýokary mümkinçilik, durnukly ösüş
Uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýangyç-energetika ulgamynda toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, 23 ― 25-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahatyň we serginiň geçirilmegi dünýäde energetika diplomatiýasyny ilerletmekde uly ähmiýete eýedir. Şu gezekki forum daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň, banklaryň wekilleriniň ýüzlerçesini bir ýere jemlemek bilen, 70-e golaý kompaniýa öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy.