Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

MALIÝE SYÝASATYNYŇ ROWAÇ ÝOLY Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde giň möçberli işleriň bady artýar. Ýurt Baştutanymyzyň kabul eden Maksatnamalarynda bellenilen wajyp wezipeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösdürilmeginde döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan maliýe syýasatynyň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, döwlet býujeti ykdysadyýetimizi maliýeleşdirmegiň möhüm guraly bolmak bilen, şu ýyl ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýyşy, medeniýeti ösdürmäge önümçilik, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler goýberildi.

3-nji noýabr Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň günüdir

Diýarymyzyň ajaýyp ösüşleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz ösüşli menzilleri ynamly külterläp, bedew bady bilen öňe barýar. Şeýle ösüş depgini “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda has-da rowaçlanýar. Ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda tutumly işleriň bady barha ýokarlanýar.

Himiýa senagatynyň ösüşi üstünliklere beslenýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrýan Garaşsyz Türkmenistan dünýäde durnukly ösüşe, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna oňyn goşant goşýar hem-de energetika, ulag, ekologiýa, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda we beýleki ugurlarda başlangyçlary öňe sürýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň gurluşyk, nebit-gaz, himiýa senagaty ýokary derejede ösdürilýär. Bu bolsa himiýadan we tebigy bilimlerden habarly kämil hünärmenleri talap edýär. Şonuň üçin hem himiýa ylmyny öwrenmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň bilim edaralary, orta mekdepleri, ýokary okuw mekdepleri döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Bu ugurda ýakynda kabul edilen “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” uly ähmiýete eýe bolup, munuň özi bilimli ýaşlary ösdürip ýetişdirmekde oňyn netijeleri berýär. Zawod-fabriklerde, himiýa ylmy bilen bagly kärhanalaryň hemmesinde, şol sanda hassahanalarda hem tejribehanalar ýerleşýär. Olarda iş alyp barmak üçin himiýa ugrundan hünärmenleriň, laborantlaryň köp gerek bolýandygy öz-özünden düşnüklidir. Himiýa degişli başlangy

Milli manat — durnukly ösüş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen manadynyň kadaly hereket etmegi, onuň hümmetiniň Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kesgitlenen derejede saklanylmagy milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň aýdyň görkezijisidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda: «Bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, milli manadyň hümmetini saklamak boýunça geçirilen özgertmeler durnukly pul dolanyşygyny hem-de ykdysady ösüşi üpjün etdi» diýip belledi. Milli manadyň hümmetiniň durnukly derejede saklanmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň wajyp guraly, şol bir wagtyň özünde-de, şerti bolup durýar. Ýurdumyzda hereket edýän puluň kadaly aýlanyşygyny ýola goýmakda onuň ýerli serişdelerden haryt üpjünçiligine aýratyn orun degişlidir. Bu wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmek üçin milli ykdysadyýet diwersifikasiýalaşdyrylýar, ylmyň, tehnikanyň we innowasion tehnologiýanyň gazanan üstünlikleri önümçilige giňden ornaşdyrylýar, şonuň bilen birlikde-de ýokary netijeler gazanylýar.

Ykdysady kuwwatlylyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde hem-de ýurdumyzyň kuwwatlanmagynda milli manadymyz mynasyp orun eýeleýär. Buýsanjymyz bolan türkmen manady 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizildi. Şol gün berkarar Watanymyzyň ykbalyny kesgitlän günleriň biri hökmünde taryha girdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. Alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny hem-de durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmekden, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly aralaşmagy üçin amatly makroykdysady şertleri döretmekden ybarat bolup durýar.

Belent üstünlikleriň beýany

Häzirki döwürde ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün edýän taryhy ähmiýetli düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. Milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine we ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän oňyn şertleri döretmek, dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, iri maýa goýumlaryny ýurdumyza çekmek ýaly wajyp wezipeler ileri tutulýar. Ýurdumyzda gazanylýan oňyn ykdysady netijeler milli bähbitleriň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna täsirini ýetirýär. Ýurduň ylmy-tehniki kuwwaty çalt ösýän bolsa, onda ykdysadyýet hem durnukly ösüşini dowam etdirýär. Buýsandyryjy innowasion ösüşler täze tehnologiýalar, hyzmatlaryň görnüşi, önümler, önümçilik, dolandyryş maliýe we beýleki guramaçylyk-tehniki çözgütler arkaly gazanylýar. Innowasiýalar kärhananyň maliýe taýdan kuwwatlanmagynyň wajyp şerti bolup durýar. Olar ykdysady amallara üýtgeşmeleri girizip, deňagramlylygy üpjün edýär. Ylmyň gazananlarynyň yzygiderli önümçilige hem-de durmuşa ornaşdyrylmagy ykdysady ösüşe, halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna getirýär. Innowasion syýasat ylmy, tehnikany,

Sazlaşykly ösüşleriň binýady

Türkmenistan döwletimiz ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden bazar ykdysadyýetiniň özboluşly nusgasyny döredip, dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hatarynda ornuny eýeledi. Ýurdumyzyň özygtyýarly ösüş ýolunda asyrlary aşyp gelýän milli däp-dessurlarymyzdan ugur alýan döwlet nyşanlarymyz döredildi. Şolaryň hatarynda türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Şu ýyl milli manadyň dolanyşyga girizilenine 31 ýyl dolýar. 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan ýurdumyzda kabul edilen Kanuna laýyklykda, ýeke-täk kanuny töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde türkmen manady we onuň bölek şaýylyklary bolan teňňe dolanyşyga girizildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan maliýe-ykdysady syýasatyň netijesinde milli manadyň durnuklylygy, kadaly hereketi ýola goýulýar. Milli pul birligimiziň goraglygy üpjün edilip, satyn alyş ukybyny ýokarlandyrmak boýunça çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýeňillikli salgyt syýasatynyň ýöredilmegi we ilata pes göterimli karzlaryň berilmegi eýeçiligiň dürli görnüşlerinde täze düzümleri, iş orunlaryny döretmäge, kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, importyň ornuny tutmaga hem-de eksporta niýetlenen önümleriň möçberlerini artdyrmaga, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaga, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary barha ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara forumy üstünlikli geçirildi

23 — 25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi (OGT 2024) däbe öwrülen görnüşde, şeýle hem onlaýn düzgünde geçirilip, dünýäniň onlarça ýurtlarynda görkezildi. Dünýäniň 50-den gowrak ýurtlarynyň wekilleriniň 830-dan gowragyny birleşdiren forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara forumyna gatnaşyjylara söz berýäris

«Sino Petroleum Technology inc» (SPT) hytaý kompaniýasynyň direktorynyň orunbasary Gen Ten Ten: — Biziň kompaniýamyz Aşgabatda her ýyl geçirilýän halkara nebitgaz forumyna yzygiderli gatnaşýar. Şu gezek geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi oňa gatnaşanlaryň sany bilen tapawutlandy, munuň özi ýurduň möhüm pudagyny ösdürmäge täze itergi berýän giň gerimli çärä bolan gyzyklanmanyň artýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Täjigistandan we Owganystandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 3 million 561 müň 750 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Marketingiň esaslary

2. Marketingiň düýp mazmuny we onuň wezipeleri.

Mahabatyň gelip çykyşy we ösüş ýoly

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Mahabat täze şertlerde. Bazar gatnaşyklaryna geçilmegi bilen, döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň hususylaşdyrma hereketi başlanandan soňra, täjirçilik kärhanalary, gazna we maliýe biržalary, paýdarlar jemgyýetleri döräp başlaýar. Merkezleşdirilen paýlanyşyň aradan aýrylmagy bilen, firmalar mahabatlar arkaly, öz harytlaryny tiz ýerlemekligiň ýa-da gerek bolan harytlary, enjamlary we başgalary edinmekligiň ýollaryny gözläp ugradylar. Şonuň bilen bir wagtda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri — gazetler, kagyz üçin, önümçilik hem-de neşirleri ýerlemek üçin harajatlaryň birden ýokary göterilmegi sebäpli, telewideniýedir radiogepleşikleri bolsa, döwlet tarapyndan goýberilýän pul serişdesiniň ýetmezçiligi zerarly, agyr ýagdaýa düşdüler we batyp galmazlygyň çykalgasyny mahabat işine ýykgyn etmekden gözlediler.

Türkmen halysynyň nepis görnüşleri «Abadan halyda»

Nepisligi bilen sungata öwrülen türkmen halylary geçmişde-de, şu günlerem dünýä halklarynyň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligi siňen bu halylar türkmen halkynyň kalbynyň, belent ruhunyň aýnasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu sungatyň owazasy dünýä ýaýylýar. Ýurdumyzda haly önümçiligi bilen meşgullanýan ýerli kärhanalarymyzyň yhlasly zähmetkeşleriniň birleşen tagallary netijesinde haly önümçiliginde uly üstünlikler gazan y l ý a r . Şeýle kärhanalaryň b i r i - d e 2 0 1 6 -n j y ýylda Aşgabat şäh e r i n i ň Büzmeýin etrabynda işe başlan «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetidir. Bu kärhana ýurdumyzda haly we haly önümleriniň ajaýyp nusgalarynyň toplumyny hödürleýän tanymal öndüriji tarapdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ak patasy bilen açylyp, ulanylmaga berlen «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gysga wagtyň içinde ýokary hilli haly önümlerini öndürmekligi, kärhanada ornaşdyrylan enjamlaryň sanyny artdyrmaklygy, şeýle hem ýüzlerçe täze iş orunlaryny döretmekligi ýola goýdy. Önümleriň hiline aýratyn üns berilýän kärhananyň önümçilik toplumynda Ýewropanyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylandygy hem bellärliklidir. Bu toplumda dokalýan göze ýakymly we ýokary hilli önümler häzirki güne çenli uly islege eýe. Toplumda h

«Turkmen Exporter»: Ygtybarly hyzmatdaşlyk arkaly türkmen önümlerini dünýä bazaryna çykarýan platforma

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça uly özgertmeler amala aşyrylýar. Şol maksat bilen döwletiň garamagyndaky we hususy kärhanalara eksport ugurly önümçiligi ösdürmäge ähli şertler döredilýär. Döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistandaky kärhanalar halkara bazaryna çykmagyň täze ýollaryny tapmagyň üstünde yzygiderli iş alyp barýarlar. Häzirki wagtda «Turkmen Exporter» platformasy amatly we ygtybarly «B2B» görnüşindäki hyzmatdaşlyk arkaly, ýerli öndürijileri dünýäniň dürli künjeklerindäki alyjylar bilen birleşdirýän sanly köpri bolup hyzmat edýär. Döwrebap işewürlik üçin döredilen bu platforma diňe bir dokma we oba hojalygy pudagyna degişli esasy harytlary mahabatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanda öndürilen önümleriň ýokary hiline hem ünsi çekýär. Ýerli kärhanalara dünýä bazaryna çykmakda goldaw

«Alfa-Bank» kitaplardan düzülen basgançak gurdy

«Alfa-Bank» ykdysady forumlarda giň gerimli art-obýektlerini guramak däbini dowam edýär. Bäş metrlik deprekden hem-de sekiz metrlik gyzyl aždarhadan soňra, bank bu ýyl kitaplardan düzülen basgançak gurdy. Basgançagyň uzynlygy alty metre ýetdi. «Alfa-Bank» kompaniýasy bu özboluşly art-obýektini «FINOPOLIS 2024» forumynda gurnady. Basgançak dünýä belli futurologlaryň kitaplaryndan düzülendir.

«UPS» girdejisini artdyrýar

«INTERFAX.RU» portalynyň habaryna görä, şu ýylyň üçünji çärýeginde «United Parcel Service» logistika kompaniýasynyň arassa girdejisi 37 göterim ýokarlandy. Kompaniýanyň wekilleriniň bellemegine görä, arassa girdejiniň möçberi soňky çärýegiň jemi boýunça 1,539 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Ýeri gelende, «United Parcel Service» kompaniýasynyň esasy müşderisiniň «Amazon» söwda platformasydygy bellärliklidir.

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidiler

Anna güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gury ýük gämileriniň ýokary depginde alnyp barylýan gurluşygy netijesinde bu ugurda ýerli hünärmenler taýýarlanylyp, zawodda dünýäniň iň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylýar we zawodyň awtomatlaşdyrylan enjamlary işe girizilýär. Şunuň bilen birlikde, zawodyň has netijeli işlemegi üçin onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, bu ýerde täze enjamlary öndürmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Täjigistanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 561 müň dollaryndan gowrak bolan suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin polipropilen («Türkmennebit» döwlet konserni), nah ýüplük we nah galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 7 million 91 müň manatdan gowrak boldy.

Milli ykdysadyýetimiziň daýanjy

Türkmenistan energiýa serişdelerine baý döwletleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan energetika syýasatynyň netijesinde ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine we onuň halkara energoulgamyna goşulyşmagyna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 6-njy ýanwarynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynda kabul edilen Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň bilelikdäki beýannamasynda «Lu Ban ussahanasy» taslamasyny amala aşyrmagy ilerletmek barada beýan edilýär. Şonuň bilen birlikde, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçysynyň Hytaý nebit uniwersitetiniň Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ýylyň 16-20-nji oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin we Sian şäherlerinde gulluk iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz we bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy, sanly bilim ulgamynyň ösdürilýändigi we beýleki üstünlikler dogrusynda gürrüň edildi. Pekin şäheriniň Hytaýyň nebit uniwersitetiniň okuw binalary, döwrebap tejribehanalary, ylmy-okuw işleriniň alnyp barlyşy, okuw maksatnamalary, okuw meýilnamalary bilen tanşyldy. Uniwersitetiň taryhy muzeýine gezele

Durnukly ösüşiň kepili

«7/24.tm»: №44 (231) 28.10.2024 Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň, döw­let­li­li­gi­mi­ziň esa­sy ny­şan­la­ry­nyň bi­ri bo­lan mil­li ma­na­dy­my­zyň gi­ri­zi­le­ni­ne 31 ýyl dol­ýar. 1993-nji ýy­lyň 1-nji no­ýab­ryn­dan ýurt­da ka­bul edi­len Ka­nu­na la­ýyk­lyk­da, ýe­ke-täk ka­nu­ny tö­leg we ha­sap­la­şyk se­riş­de­si hök­mün­de türk­men ma­na­dy we onuň bö­lek şa­ýy­lyk­la­ry bo­lan teň­ňe do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­di. Mil­li pu­lu­my­zyň do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­me­gi gö­nü­den-gö­ni pul bi­len bag­ly bo­lan bir­nä­çe me­se­le­le­ri çöz­me­gi ta­lap et­di. Olar­dan ma­na­dyň dur­nuk­ly­ly­gy­ny, ka­da­ly he­re­ke­ti­ni ýo­la goý­mak, go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek, sa­tyn alyp bi­li­ji­lik uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ýa­ly çä­re­le­ri gör­kez­mek bo­lar.