Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmenistan we Owganystan Turgundy portunyň kuwwatyny ýokarlandyrmagy ara alyp maslahatlaşdy

Golaýda Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow Kabulda Owganystanyň demirýol müdirliginiň başlygy Maulawi Bahtur-Rahman Şarafat bilen duşuşdy. Duşuşyk iki taraplaýyn gatnaşyklary we Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda demir ýol aragatnaşygy hem-de üstaşyr geçiş pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlandy diýip, «nCa» internet portaly habar berdi. Hususan-da, Hyrat—Turgundy portunyň kuwwatyny artdyrmak, Tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-owgan topary tarapyndan kesgitlenen ýerlerde täze angarlary we goşmaça şahalary gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Netijeli hyzmatdaşlyk — döwletimiziň durnukly ösüşiniň kepili

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ilkinji hepdesi hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek ugrunda alyp barýan syýasatynyň aýdyň beýanyna öwrülen möhüm wakalara baý boldy. 4-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Zerewşan — Garagum geçelgesi umumadamzat gymmatlygydyr

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ulgamlaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamasynyň kabul edilmegi sebitiň ekoulgamyny goramakda, medeni gatnaşyklary berkitmekde, tebigy täsinlikleri gorap saklamakda örän uly ähmiýete eýedir. Beýik Ýüpek ýoly ýüzýyllyklaryň dowamynda diňe bir söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine däl, eýsem, medeniýetleriň baýlaşmagyna, aň-bilimleriň kämilleşmegine hem täsirini ýetirdi. ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna goşmaga hut Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. Sebäbi Beýik Ýüpek ýolunyň bu geçelgesi halkara ýoluň iň wajyp bölegi hasaplanýar. Gymmat bahaly harytlardan mas ýüklenen kerwenler Hytaýyň öňki paýtagty Sian şäherinden Takly-Mekan sährasyna, soňra demirgazyk Týan-Şanyň eteklerini syryp, Kaşgara, Pamir daglarynyň jülgelerinden geçip, Fergana, Samarkanda hem-de Zerewşan sährasynyň üsti bilen Farap — Amul güzerine gelipdirler. Uzak ýollary külterläp gelen kerwenler Amuldan Merwe, beýleki ugur boýunça Kerki şäherine, Köýtendagyň ter öleňli jülgelerinden geçip, Täjigistana, üçünji ugur boýu

Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi

Bahry-Hazaryň kenarynda mesgen tutan eždatlarymyz ata-baba balyk awlapdyrlar, beýleki halklar bilen suw ýoly arkaly özara söwda edipdirler. Suw üsti ýol ýasamak, elbetde, gury ýerdäki ýaly däl, onda ne yz bar, ne-de toz, ol deňizçiden iňňän uly tejribäni talap edýär. Esenguly, Çeleken, Gyzylsuw ýaly deňiz kenarynda ýaşan türkmen balykçylarynyň kiçi taýmyldan başlap, uly göwrümli gämileri ýasandyklary hakyndaky hakyda biziň şu günlerimize deňiç saklanyp galypdyr. Şol milli suw ulaglarynyň iň kiçisi taýmyl bolup, ol özüniň görnüşi boýunça adaty sport baýdarkasyna çalym edýär. Ol howa ýagdaýyna görä, ýelken hem-de kürek bilen dolandyrylýar. Taýmyl kenar ýakasynda balyk awlamakda, golaý aralykdaky obalara gidilende giňden peýdalanylypdyr. Geçen asyryň ortalarynda kenardaky Çekiçler, Gyzylsuw, Garagöl, Gyýanly obalarynda dommal, taýmyl ýaly suw ulaglary has-da ýörgünli bolupdyr. Şol ýerde ýaşan tejribeli balykçylaryň birnäçesi 1936-njy ýylda Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) — Moskwa aralygyna gurnalan taýmylly ýörişe gatnaşyp, 4 müň 653 kilometre golaý ýol aşyp, ussatlygyň ýokary derejesini görkezipdirler. Annak Geldiýew, Oraz Taganow, Garaderwüş Ilamanow, Baýjan Ataýew, Sary Orazow, Hajytuwak Mämmetannaýew, Hudaýberdi Baýramow, Berdiguly Aşyrow, Gurbanýaz Kowusow ýaly ezber taýmylçylar şol taryhy ýörişde öçmejek yz galdyrdylar.

«Flydubai» awiakompaniýasy Türkmenistan bilen amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak teklip edildi

BAE-de iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Dubai Aviation Corporation» («Flydubai») kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla bilen duşuşygy boldy. «Dubai Aviation Corporation» kompaniýasynyň täjirçilik direktory Türkmenistanda awiasiýa pudagynyň soňky ýyllarda döredilen döwrebap infrastrukturasyna we tehniki gulluklarynyň sazlaşykly işine ýokary baha berdi hem-de «Flydubai»-yň okgunly ösýän Türkmenistan bilen özara bähbiti hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklady. Hususan-da, iki ýurduň arasynda amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak teklip edildi.

Ankarada geçirilen ylmy maslahat

Golaýda Ankara şäherinde 2024-nji ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy maslahat geçirildi. Oňa Türkiýedäki akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy, Ankaranyň jemgyýetçilik ylymlary uniwersiteti hem-de Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşigi tarapyndan bilelikde guralan çärede jemgyýetçilik-syýasy işgärleriň, magtymgulyşynaslaryň, alymlaryň çykyşlaryna giň orun berildi.

Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary

5-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş sapary tamamlandy. ...Irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabiniň Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işler boýunça wekili Mohamed Said Mohamed Al-Ariki bilen bolan söhbetdeşlikde soňky ýyllarda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin açylýan mümkinçiliklere ýokary baha berdi.

Netijeli gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylýar. Munuň şeýledigini türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-5-nji ýanwarda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iki günlük iş sapary aýdyňlygy bilen tassyklaýar. NETIJELI HÄSIÝETE EÝEDIGI KANAGATLANMA BILEN BELLENILDI

Biziň ýolumyz — dostluk, doganlyk ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary barada söhbet Täze ýyl. Täze ýol. Täze uçar... Ine, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bäşinji güni şu üç täzeligiň tereň täsirine beslendi. Şol gün Aşgabadyň ganat ýaýan laçyn keşpli Halkara howa menziline täze «howa gämisi» gelip gondy. «Boeing 777-300ER» kysymly bu uçar bilen Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat ugry boýunça ilkinji howa gatnawy amala aşyryldy. Bu wakanyň hut türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyna gabat gelmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi türkmen döwletiniň syýasatynda söz bilen amalyň bir-bitewülikdigini tassyklady. Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri, täze belentlikleri nazarlaýandygynyň simwoliki nyşanyna öwrüldi. «Uzyn-uzyn ýollar bolmasa, ýakyn-ýakyn iller bolmaz» diýleni. Halklar, ýurtlar ýollar bilen birleşýär. Gatnaşyklar ýollarda berkeýär...

Döwrebap uçarlar Diýarymyzyň howa gatnawlarynyň ugurlaryny giňeldýär

5-nji ýanwarda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu täze uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alan şeýle kysymly uçarynyň ikinjisi boldy. Ýeri gelende, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlaryň ilkinjisini geçen ýylyň dekabrynda kabul edendigini bellemek gerek.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy

Abu-Dabi — Dubaý — Aşgabat, 5-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş sapary tamamlandy. Mälim bolşy ýaly, düýn dostlukly döwletiň paýtagtynda Gahryman Arkadagymyzyň BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplaryň birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipleri beýan edildi.

Türkmenistan — Eýran: dostlukly gatnaşyklar berkidilýär

4-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Kerman şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hereket baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem bu pajygaly waka zerarly doganlyk eýran halkyna çuňňur gynanç bildirýändigi aýdyldy.

Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary

4-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Resmi ugradyş dabarasy

Türkmenistan — BAE: ikitaraplaýyn tagallalar işjeňleşdirilýär

Dünýä döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ykdysady taýdan kuwwatly we ösen ýurtlarynyň biri bolan Birleşen Arap Emirlikleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary aýratyn ähmiýete eýe bolup, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmekde nobatdaky möhüm ädimdir. GYSGA WAGTLYK SÖHBETDEŞLIGIŇ BARŞYNDA

Durnukly ösüşiň binýady

Birleşen Milletler Guramasy dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde, bu ugurdaky öňde goýlan uzak möhletli maksatlary bilelikde amala aşyrmakda ähli agza döwletleriň tagallalaryny birleşdiriji esas bolup hyzmat edýär. Bu, aýratyn hem, dünýäde syýasy deňagramlylygy saklamakda, bähbitleriň özara utgaşykly bolmagyny gazanmakda we olary bir ugra gönükdirmekde zerur bolan şertleri döretmekde uly ähmiýete eýedir. Täze ýylyň öňüsyrasynda BMG tarapyndan taryhy Kararnamalaryň ikisiniň kabul edilmegi bilen eziz Diýarymyzyň şan-şöhraty dünýäde ýene bir gezek dabaralandy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda geçirilen 78-nji sessiýasynyň 49-njy umumy mejlisinde «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny», şeýle hem «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda işlenip düzülen energiýa birikmesi bilen bagly Kararnama 38 döwlet awtordaşlyk etdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2024-nji ýylyň başynda strategiýalary ara alyp maslahatlaşmak, energiýa birikmesini hem-de energiýa çeşmeleriniň hereketini güýçlendirmek ugrundaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, durnukly ösüşi gazanmakda we içerki energiýa çeşmeleri çäkli ýurtlaryň isleglerini kanagatlandyrmakda olaryň esasy ornun

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 4-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz goňşy döwletiň Baştutany bilen mähirli salamlaşyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Kerman şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hereket baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem bu pajygaly waka zerarly Size we doganlyk eýran halkyna çuňňur gynanç bildirýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary başlandy

Aşgabat — Abu-Dabi, 4-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar, şeýle hem BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili ugratdy.

Galkynyşly menzilleriň aýdyň ýoly

Arkadagly eýýamymyzyň ösüşlerden ösüşlere beslenip gelýän ajaýyp ýyllary ýurdumyzyň ösüşlerini täze belentliklere çykarýar. Köpmilletli agzybir halkymyzyň sapaly durmuşy — Garasyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýä ýalkym saçýan ajaýyp keşbi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata Watanymyz Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda gazanylan beýik üstünlikler bolsa dünýä parahatçylykly ösüşiň ýalkymyny saçýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» şygary bilen geçmeginiň özünde hem çuňňur many  bar.

Russiýanyň logistika operatory Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesi arkaly Türkmenistandan ýük daşamagy ýola goýdy

“PEK” köp hyzmatly logistika operatory Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda ýygnama ýükleri daşamagy ýola goýdy. Bu ugur boýunça yzygiderli ýük gatnawy iki hepdede bir gezek amala aşyrylýar. Geljek ýyldan bolsa, bu sanyň artdyrylmagyna garaşylýar. “PEK” kompaniýasy Russiýada iki ýurduň ýaşaýjylarynyň we biznes toparlarynyň harytlarynyň çalt hem-de ýönekeýleşdirilen amal esasynda eltilip berilmegine mümkinçilik döreden ilkinji kompaniýadyr. “PEK” tarapyndan berlen maglumatda Türkmenistanda halkara ulag resminamalaryny elektron görnüşinde ulanylyp başlanmagynyň we Astrahan hem-de Türkmenbaşy portlarynyň arasynda yzygiderli gämi gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň eltip bermek işini has-da ýönekeýleşdirmäge ýardam etjekdigi aýdylýar.

Gazagystan Hytaýa uzaýan täze demir ýoluň gurluşygyna başlady

Gazagystanyň Abaý sebitinde uzynlygy 272 kilometre barabar boljak Bahty-Aýagoz demir ýolunyň gurluşygynyň başlanandygyny «Trend» habar berdi. Taslama Prezident Kasym Žomart Tokaýewiň görkezmesine laýyklykda durmuşa geçirilýär we ýurduň ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Gurluşyk wagtynda Hytaý bilen Bahty — Çuguçak ugry boýunça üçünji serhet geçelgesini açmak meýilleşdirilýär.