Türkmenistanyň Ýaponiýadaky söwda öýüni açmak mümkinçiligine garalýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Tokio şäherine iş saparynyň çäginde 2024-nji ýylyň 22-23-nji ýanwarynda Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň (JETRO) ýerine ýetiriji direktory hem-de başlygy Işiguro Norohiko bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Ýaponiýada söwda öýüni açmak mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. JETRO guramasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda guramanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň açylmagynyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle-de şu ýylyň birinji ýarymynda türkmen tarapynyň JETRO guramasy bilen bilelikde işewürlik forumyny geçirmek boýunça meýilleri beýan edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.