Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi

Aşgabat, 16-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, bu komitetiň ýapon böleginiň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň uly wekiliýeti ýurdumyza geldi. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara dialogyň täze tapgyrynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, maliýe-maýa goýum gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Geljegi uly bilelikdäki taslamalar, önümçilik hyzmatdaşlygynyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Foruma iki ýurduň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, iki tarapdan hem işewürlik düzümleriniň ýolbaşçylary wekilçilik etdi.

Türkmenistan — ABŞ: Işewürlik gatnaşyklarynyň gerimi giňeýär

Aşgabat, 16-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürleri ýurdumyza geldi. Işewürlik maslahatynda türkmen tarapynyň wekilleri şu gezekki sapara ýurdumyzda ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändikleriniň nyşany hökmünde garalýandygyny bellediler.

Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy

Aşgabat, 16-njy dekabr (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi. Häzirki wagtda Türkmenistan sebitiň ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şunda goňşy Eýran Yslam Respublikasyna möhüm orun degişlidir. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjek, özara bähbitli täze ugurlary ýüze çykarmak, tejribe alyşmak, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýän sergi munuň aýdyň güwäsidir. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Eýranyň döwlet hem-de söwda-senagat edaralarynyň, oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarynda, himiki we gaplaýyş önümçiliginde, logistika, bank, söwda, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 60-a golaýynyň wekilleri bar.

Özbegistan Türkmenistanyň çägi arkaly Braziliýa konteýner otlusyny iberdi

Özbegistandan Brzailiýa tarap konteýner otlusy iberildi. Ol Türkmenistanyň hem çäginden geçer. Bu barada «Daryo.uz» habar berdi. Çeşmäniň bellemegine görä, Daşkentden ugran konteýner otlusy 20 günde Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň üsti bilen Gruziýanyň Poti deňiz portuna barar. Ol ýerden bolsa konteýnerler deňiz ýoly arkaly 35-45 günde Braziliýanyň Paranagua portuna eltiler. Konteýner otlusynyň umumylykda 60-70 günde ahyrky menzile barmagyna garaşylýar.

Türkmenistan — ABŞ: Işewürlik gatnaşyklarynyň gerimi giňeýär

Düýn paýtagtymyzda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürleri ýurdumyza geldi. Işewürlik maslahatynda türkmen tarapynyň wekilleri şu gezekki sapara ýurdumyzda ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändikleriniň nyşany hökmünde garalýandygyny bellediler.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi

Aşgabat, 16-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, bu komitetiň ýapon böleginiň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň uly wekiliýeti ýurdumyza geldi. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara dialogyň täze tapgyrynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, maliýe-maýa goýum gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Geljegi uly bilelikdäki taslamalar, önümçilik hyzmatdaşlygynyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Foruma iki ýurduň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, iki tarapdan hem işewürlik düzümleriniň ýolbaşçylary wekilçilik etdi.

Türkmenistan — ABŞ: Işewürlik gatnaşyklarynyň gerimi giňeýär

Aşgabat, 16-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürleri ýurdumyza geldi. Işewürlik maslahatynda türkmen tarapynyň wekilleri şu gezekki sapara ýurdumyzda ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändikleriniň nyşany hökmünde garalýandygyny bellediler.

Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy

Aşgabat, 16-njy dekabr (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi. Häzirki wagtda Türkmenistan sebitiň ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şunda goňşy Eýran Yslam Respublikasyna möhüm orun degişlidir. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjek, özara bähbitli täze ugurlary ýüze çykarmak, tejribe alyşmak, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýän sergi munuň aýdyň güwäsidir. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Eýranyň döwlet hem-de söwda-senagat edaralarynyň, oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarynda, himiki we gaplaýyş önümçiliginde, logistika, bank, söwda, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 60-a golaýynyň wekilleri bar.

Hoşniýetli goňşuçylyk — giň mümkinçilikler

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi hem-de Türkmen-eýran işewürlik maslahaty dostlukly ýurduň söwda-ykdysady, maýa goýum mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmek bilen, işewürlik ugurly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň anyk ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu barada bilelikdäki işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar şeýle gürrüň berýärler: Abbas ALIABADI,Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri:

Türkmenistan — Eýran: möhüm pudakdaky hyzmatdaşlyk

Düýn — 16-njy dekabrda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi we Türkmen-eýran işewürlik maslahaty öz işine başlady. 18-nji dekabra çenli dowam edýän forumda dostlukly ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygynda we azyk senagatynda gazanylan üstünlikler we tejribeler tanyşdyrylýar. Däp bolşy ýaly, forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle-de işewürler gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda bu giň möçberli çäreleriň ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine uly itergi berjekdigine berk ynam bildirilýär.

Döwletara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

Sebit we dünýä döwletleri bilen strategik, uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň gün tertibinde hemişe ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyz özüniň daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, netijeli hyzmatdaşlygy okgunly işjeňleşdirýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji dekabrdaky kabul edişlikleri munuň nobatdaky aýdyň mysallarydyr. Türkmenistan — Özbegistan: Deňhukuklylyk. Hoşniýetlilik. Ynanyşmak

Türkmenistan — Eýran: giň mümkinçilikler, täze tejribeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny okgunly durmuşa geçirmek bilen, halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär. Şunda goňşy döwletler, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berilýär. Düýn ― 16-njy dekabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisiniň hem-de Türkmen-eýran işewürlik maslahatynyň açylmagy munuň nobatdaky aýdyň beýanydyr.

Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilýän Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisiniň we Türkmen-eýran işewürlik maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu giň möçberli çäreleriň Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine uly itergi berjekdigine berk ynanýaryn.

Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

16–18-nji dekabr aralygynda Aşgabatda «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergi we işewürlik maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berýär. Çeşmede bellenilişine gör, sergide oba hojalyk tehnikalary, ekinleriň täze döredilen tohumlary, dökünler, himiki serişdeler hem-de azyk önümlerini gaplamagyň tehnologiýalary tanyşdyrylar.

Şu gün «Iran Agrofood» atly 16-njy halkara ýöriteleşdirilen sergi öz işine başlady

Şu gün, 16-njy dekabrda Türkmenistanyň oba hojalygynda ýylyň iň uly möçberli halkara çäresine öwrüljek — «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergi we işewürlik maslahaty öz işine başlady. «Iran Agrofood» — bu oba hojalyk we azyk senagatyna bagyşlanyp geçirilýän halkara sergi. Ol oba hojalyk toplumynyň gazananlaryny, gaýtadan işleýji we gaplaýjy tehnologiýalary, enjamlary hem-de himiki serişdeleri tanyşdyrýar. Sergi işewürlik gatnaşyklary berkitmek we tejribe alyşmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat edýär.

Sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky okuw merkeziniň işgärleri Özbegistan Respublikasynyň Gümrük komitetiniň Gümrük institutynyň mugallymlary bilen göni wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdylar. Duşuşyk 2022-nji ýyldaky işgärleri taýýarlamak çygrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasyndaky Ähtnamanyň çäginde guraldy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny we geljekki maksatlary ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda taraplar, hususan-da, okatmagyň täze tehnologiýalaryny we usullaryny ornaşdyrmak hem-de hünär kämilleşdiriş okuwlary boýunça sapaklary guramak barada meselelere seretdiler. Duşuşygyň dowamynda harytlary kodlaşdyrmak boýunça sazlaşdyrylan ulgam boýunça 10 sanly kody ulanmakda Özbegistanyň tejribesini öwrenmek meselesine seretdiler we bu ugurda degişli okuwlary guramagy ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 13-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowy kabul etdi. Ol hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ol Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, iki ýurduň halklarynyň umumy ruhy, medeni-taryhy gymmatlyklary arkaly baglanyşýan Özbegistana wekilçilik etmegiň özi üçin uly mertebedigini aýtdy. Diplomat pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 13-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, diplomat hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň we Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Türkmenistan bilen Ermenistany deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar hem-de soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykarylýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Pursatdan peýdalanyp, diplomat döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde

Ýakynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň 23-nji mejlisi geçirildi. Oňa türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Daşky gurşawy goramak, Bilim, Daşary işler ministrlikleriniň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri, şeýle hem degişli hünärmenler gatnaşdylar. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Daşary aragatnaşyklar boýunça Ýewropa gullugynyň (EEAS) Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dolandyryjy direktorynyň orunbasary Lýuk Dewin ýolbaşçylyk etdi. Ýewropa Bileleşiginiň düzüm birlikleriniň, şol sanda söwda, halkara hyzmatdaşlyk, ulag, energetika, bilim, medeniýet, ylmy gözlegler we innowasiýalar boýunça Baş direktoratlarynyň wekilleri, şeýle hem söwda, durnukly ösüş, ulag arabaglanyşygy we ynsanperwer meseleler boýunça hünärmenler wekilçilik etdiler.

Durnukly parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlylyk

Durnukly parahatçylyk we halkara howpsuzlyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan terrorçylygyň ählumumy derejedäki wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, 10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Natalýa Germany kabul etmegi möhüm ähmiýete eýedir. Iri halkara guramanyň wekili özüne Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýokary sylagyň — ýubileý medalynyň gowşurylandygy üçin hoşallyk bildirdi. Myhmanyň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda barha üstünlikli ilerledilýän Bitaraplyk konsepsiýasy hem-de ýörelgeleri Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasy hökmünde özüni görkezdi.