Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Ykdysady hyzmatdaşlyk — rowaçlygyň ýoly

Ýurdumyz halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda, BMG we onuň iri düzüm birlikleri bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýär. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy hem ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şu ýerde türkmen Bitaraplygynyň dünýäde biragyzdan goldanylmagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýasy ornuny aýratyn bellemek ýerlikli bolar. 2021-nji ýylda Türkmenistan bu sebitleýin gurama ýolbaşçylyk edýär. Şu ýyl Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Yslamabat sammitinde öňe süren başlangyçlarynyň häzirki wagtda iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini aýtmak buýsandyryjydyr. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisi bilen ugurdaş Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijileriniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy sebitde ykdysady goşulyşmagyň we adamlaryň abadan durmuşynyň kepili bolar.

Hyzmatdaşlygyň aýdyň ýoly

Häzirki wagtda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ata Watanymyz Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçlaryna gyşarnyksyz eýermek arkaly, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň örüsini has-da giňeldýär. Ýurdumyz dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy — ÝUNESKO bilen köpýyllyk özara gatnaşyklarynyň netijesinde, ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Şeýle-de türkmen halkynyň «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury hem-de türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Ýurdumyzda medeniýetiň hem-de bilimiň ösdürilmegine, medeni we tebigy mirasyň aýawly saklanylmagyna hem-de wagyz edilmegine uly üns berilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek, Medeni özboluşlylygyň dürli görnüşlerini goramak we höweslendirmek, ýokary bilim babatda hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýalaryna goşulmagy bilen bagly meseleler

Halkara mediaforum: sebitleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär

AŞGABAT, 30-njy iýun (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda syýasatşynaslaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça guralan bu çäre Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça BMG-ä agza ýurtlaryň goldaw bermeginde we biragyzdan kabul etmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän iri habarlar agentlikleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistan — Gyrgyzystan: gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ýolunda

29-njy iýunda Türkmenistandan Gyrgyz Respublikasyna ýörite ýük baryp gowuşdy. Munuň özi ýakynda türkmen-gyrgyz ykdysady forumynyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ylalaşykdan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açandygyny hem-de dostlukly döwletleriň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryna goşmaça itergi berendigini bellemek gerek.

Halkara mediaforuma gatnaşyjylara söz berýäris:

Hadi SOLEÝMANPUR,Ykdysady HyzmatdaşlykGuramasynyň Baş sekretary: — Ilki bilen, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň aýratynlyklaryna ünsi çekmek isleýärin. Biziň sebitimizde ýurtlaryň däp-dessurlarynyň umumylygy esasynda ykdysady we medeni ugurlarda gatnaşyklary üstünlikli ösdürmek üçin amatly şertler bar. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ozaldan dowam edip gelýän özara ykdysady hyzmatdaşlygyny häzirki wagtda-da saklap galmagy sebitiň esasy aýratynlygydyr. Guramanyň agza ýurtlaryny taryhy kökleriň hem-de medeniýetiň umumylygy baglanyşdyrýar. Şol umumy gymmatlyklarda-da türkmen jemgyýetiniň aýratynlyklary äşgär bolýar. Parahatçylyk söýüjilik türkmen halkyny tapawutlandyrýan esasy häsiýetdir. Hut parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi hem Türkmenistanyň sebitde alyp barýan syýasatynyň özenini düzýär.

Türkmenistan — Gyrgyzystan: hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypalar

Hyzmatdaşlyk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan halkara syýasatynyň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen abraýly halkara guramalar bilen oňyn hyzmatdaşlygy alyp barmak esasynda, sebitde asudalygy pugtalandyrmak ugrunda umumadamzat bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, 2021-nji ýylyň 27-28-nji iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana amala aşyran resmi sapary döwletimizde hoşniýetli parahatsöýüjilik syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. DOSTLUK, ÖZARA YNANYŞMAK, HOŞNIÝETLILIK

Telefon arkaly söhbetdeşlikler

29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlikler boldy. Söhbetdeşlikleriň başynda dostlukly döwletleriň Baştutanlary hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk we köpugurly döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler. Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyz bilen dostlukly döwletleriň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk, öňden gelýän dostluk, birek-birege ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň bu gün ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini nygtady. Telefon arkaly söhbetdeşlikleriň dowamynda taraplar köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda gatnaşyklaryň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Özara bähbitli gatnaşyklar üstünlikli dowam etdirilýär

Parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmegi hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklaryň derejesini has-da gowulandyrmagy maksat edinýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde 29-njy iýunda hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geçiren duşuşyklaryny görkezmek bolar. Şol gün döwlet Baştutanymyz degişli yzygiderlilikde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpury, «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy, «KAMAZ» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogini, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amreýewi, Fransiýanyň meşhur «Bouygues Batiment International» kompaniýasynyň prezidenti — Baş direktory Marten Buigi, BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germany, «Altkom» maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenkony, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kristina Weýgandy, Ukrainanyň «Interbudmontaž» gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petrugy kabul etdi.

Türkmen-gyrgyz gatnaşyklary täze derejä çykýar

Şu hepdäniň duşenbe güni paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanynda belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy tamamlanandan soň, iki dostlukly ýurduň Liderleri Oguz han adyndaky Köşkler toplumyna bardylar. Bu ýerde ikiçäk görnüşindäki ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.

Telefon arkaly söhbetdeşlikler

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Russiýa Federasiýasynyň Federel Ýygnagynyň Federel Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikleriň dowamynda dostlukly ýurtlaryň ýolbaşçylary milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli hem-de köpugurly işinde täze üstünlikleri arzuw etdiler. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurtlaryň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändiklerini nygtadylar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ähli ugurlarda ajaýyp üstünliklere eýe boldy.

Hyzmatdaşlyk berkIdilýär

Öňňin diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli taryhy wakalar bolup geçdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününde Aşgabadyň ajaýyp künjekleriniň birinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Hakyky baýramçylyga öwrülen bu dabara daşary ýurtly myhmanlaryň hem ençemesi gatnaşdy. Olar mähriban halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny deň paýlaşdylar. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpury, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türksoý) Baş sekretary Bagdat Amreýewi, «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy, «KAMAZ» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogini, Fransiýanyň meşhur «Bouygues Batiment International» kompaniýasynyň prezidenti — Baş direktory Marten Buigi, «Altkom» maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenkony, Ukrainanyň «Interbudmontaž» gurluşyk assosiasiýasynyň müdirýetiniň başlygy Wladimir Petrugy kabul etdi, şeýle hem BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanas

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa

28-nji iýunda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ir bilen dostlukly ýurduň Baştutanynyň ulag kerweni motosiklçiler hormatly eskortunyň ugratmagynda Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Russiýanyň Baştutany milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk we köpugurly döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikler arzuw etdi. Russiýa Federasiýasynda Türkmenistanyň Baştutanynyň iki döwletiň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berilýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, dostluk we doganlyk gatnaşyklary bilen berkidilen döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen Liderini doglan güni bilen gutlady we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, abadançylyk hem-de döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki ýurduň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde taryhy taýdan kemala gelen dost-doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga we özara goldaw bermäge esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Täjigistanyň Baştutany milli Liderimizi doglan güni bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden berk jan saglygyny, abadançylyk we Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge, halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikler arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpury kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, täze taryhy eýýamda ýurdy ösdürmegiň giň möçberli meýilnamalaryny amala aşyrmakda uly üstünlikler arzuw etdi.