Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Dünýä döwletleriniň Baştutanlary halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana gelerler

Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň Liderleri 11-nji oktýabrda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşarlar. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar bermegine görä, 10 – 13-nji oktýabrda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana döwlet sapary meýilleşdirilýär. Saparyň dowamynda ol ikitaraplaýyn gatnaşyklary we halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirer hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşar.

Ýewropa komissary: Türkmenistan–Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly ulag köpri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmak üçin sapar bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýneni kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ÝB-niň komissary Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ygtybarly ulag köprüsi hökmünde Türkmenistanyň ornuny aýratyn nygtady. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Serdar Berdimuhamedow syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellemek bilen, “Merkezi Aziýa – ÝB” görnüşdäki hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) bilelikde gurnamagynda geçirilen okuw maslahaty

Ýakynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) bilelikde gurnamagynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň “Deňiz” myhmanhanasynda geçirilen okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahata “Türkmendeňizderýaýollary” Agentliginiň, hem-de ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak-edaralarynyň we ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistan netijeli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklaýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy Moskwa — Aşgabat, 8-nji oktýabr (TDH). Düýn Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Aşgabat — halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli Aşgabat parahatçylyk söýüjiligiň, dost-doganlygyň has-da berkeýän şäheri! Bu günki gün onuň sebitleýin we halkara derejede ylalaşdyryjy merkez, umumadamzat ähmiýetli çäreleriň geçirilýän ýeri hökmündäki abraýy-da barha artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda bolup geçýän taryhy wakalar hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu ýyl ýurdumyzyň, onuň merjen paýtagty Aşgabadyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artmagy bilen şöhratlanýar. Biz muny ýurdumyzda geçirilýän dürli derejedäki halkara çäreleriň — Medeniýet günleriniň, sergileriň, maslahatlaryň, festiwallaryň mysalynda arkaýyn tassyklap bileris. Ynha, şu günlerem Aşgabat şeýle uly halkara çäreleri geçirmek bilen, dünýäniň nazaryny özüne çekýär. Paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum hem dünýäniň jemgyýetçilik-medeni durmuşynda möhüm taryhy waka bolar. Oňa köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň, şol sanda birnäçe döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Beýik nusgawy şahyrymyzyň hoşniýetli ideýalarynyň Türkmenistanyň syýasatynda mynasyp orun almagy we üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu şanly ýyla has-da aýratyn many-mazmun çaýýar. Türkmenistan Mill

Heýkeller hoşniýetli hyzmatdaşlyklaryň hakykatydyr

Rabindranat Tagoryň heýkeli türkmen we hindi halklarynyň hoşniýetli hyzmatdaşlygyny has-da rowaçlandyrýar. Rabindranat Tagor dünýä ýüzünde meşhur hindi ýazyjysy, şahyry, suratkeşi we jemgyýetçilik işgäri hökmünde giňden tanalýar. Sekiz ýaşynda şygyr ýazyp başlan Tagor eýýäm on alty ýaşyna ýetende ilkinji nowellalaryny, dramalaryny döredipdir. Ol şygryýetdäki ilkinji synanyşyklaryny «Bhanu simha» («Gün ýolbarsy») atly lakamy bilen çap etdiripdir.

Türkmenistan we ÝB täze ulag geçelgelerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropanyň daşary aragatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň başlygy Ditmar Krissleriň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa komissiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşiklerde täze ulag geçelgelerini döretmek meseleleri maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, taraplar sebitiň durnukly ykdysady we durmuş ösüşine ýardam etjek Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmegiň möhüm ähmiýetini bellediler.

Türkmen-amerikan gatnaşyklarynda täze gözýetimler

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda boldy. Ol bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we alyşmalary giňeltmek, şeýle hem 2023-nji ýylda gol çekilen bilim babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen guraldy. Ýurdumyzyň bilim ministriniň orunbasary A.Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzümine Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektorlary, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekilleri girdi. Saparyň dowamynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Bilim we medeniýet meseleleri boýunça býurosynyň wekilleri, dostlukly döwletiň öňdebaryjy bilim edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Iş saparynyň çäklerinde Bilim synagy gullugy (ETS) guramasynyň hökümet we daşary gatnaşyklar boýunça direktory Ş.Litton bilen duşuşyk geçirilip, onda gullugyň işine syn berildi hem-de bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek barada teklipler beýan edildi. Hususan-da, Türkmenistanyň “PISA” ýaly halkara barlaglara gatnaşmagyna taýýarlyk görmek, bilim maksatnamalaryna üstünlikli gatnaşmak üçin usulyýetleri işläp taýýarlamak, “SAT”, “ACT”, “GRE”, “GMAT”

Aşgabatda hökümetara türkmen-gazak toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi

2-nji oktýabrda Söwda toplumynyň binasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Mejlise türkmen tarapyna başlyklyk edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew, Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Galymžan Koýşybaýew, şeýle-de toparyň agzalary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar hökümetara toparyň 2023-nji ýylyň maý aýynda Astanada geçirilen öňki mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, söwda-ykdysady, senagat, oba hojalygy, ulag-logistika, maliýe, bilim we medeniýet ýaly ugurlarda özara gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegine üns berildi. Şeýle-de nebit we gaz pudagynda iki ýurduň arasyndaky hem-de sebitara hyzmatdaşlyk meselesi aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary G.Guramişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar özara bähbitli ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň ähmiýeti dogrusynda aýratyn bellenilip geçildi.

«SLB» kompaniýasy «OGT- 2024-iň» bürünç hyzmatdaşy bolar

Mälim bolşy ýaly, 23 — 25-nji oktýabrda Aşgabatda XXIX «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024» («OGT-2024») atly halkara maslahat we sergi geçiriler. Öňki «Schlumberger» ady bilen tanalýan «SLB» kompaniýasy bu halkara maslahatyň hem-de serginiň bürünç hyzmatdaşy bolup çykyş eder. Bu abraýly forum tejribe alyşmak, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we nebit-gaz pudagynda strategiýalary işläp düzmek üçin amatly meýdança öwrüler diýlip garaşylýar. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna ileri tutulýan taslamalar we maýa goýum ugurlary barada iň täze maglumatlar bilen tanyş bolarlar.

Abu-Dabide Türkmenistanyň söwda, işewürlik we maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan halkara maslahat geçiriler

7-8-nji noýabrda Abu-Dabiniň «Grand Hyatt Abu Dhabi Emirates Pearl» myhmanhanasynda Türkmenistanyň söwda, işewürlik we maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan halkara maslahat geçiriler. Oňa hökümet we işewürlik toparlarynyň, türkmen we halkara kompaniýalaryň wekilleri bilen bir hatarda, «British Petroleum», «Auguste Energy», «Buried Hill», «Metro», «Çalık Energy» ýaly öňdebaryjy kompaniýalaryň hünärmenleri gatnaşarlar. Iri möçberli maslahat Türkmenistanda eýýäm iş alyp barýan kompaniýalara ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ygrarlydygyny açyp görkezmäge, döwlet we hususy bölegiň wekilleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga we söwda mümkinçiliklerini öwrenmäge gyzyklanma bildirýän täze işewürlik edaralaryny çekmäge ýol açar.

Balyk önümçilik işi maslahatlaşyldy

2-nji oktýabrda «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda süýji suwly ýerlerde ýaşaýan jandarlar üçin iýmit taýýarlanyşyny ösdürmek we suwda ýaşaýan haýwanlaryň saglygynyň goralmagyny üpjün etmek boýunça maslahat geçirildi. Oňa üç ministrligiň — Oba hojalygy, Daşky gurşawy goramak, şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) wekilleri Haýdar Fersoý we Tom Şipton suwda ýaşaýan organizmler we balykçylyk boýunça maslahatlary bilen çykyş etdiler.

ABŞ bilen Türkmenistanyň uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, möhüm gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Kent döwlet uniwersitetine saparynyň çäklerinde ABŞ bilen Türkmenistanyň uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, möhüm gepleşikler geçirildi. Wise-prezident Marçello Fantoni bilen bolan duşuşykda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň birnäçe möhüm ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Kent döwlet uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýol kartasynyň taslamasy we hyzmatdaşlygyň mehanizmleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, geljekde Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasynyň açylmagyna esas boljak Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň esasynda bilelikdäki okuw meýilnamalaryny, şeýle hem goşa maksatnamalary işe girizmek boýunça işe başlamak barada ylalaşyk gazanyldy. Gepleşikleriň dowamynda ABŞ-nyň SUSI, Fulbright, IVLP we başga maksatnamalarynyň mümkinçilikleri hem göz öňünde tutuldy.

Ulag-kommunikasiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlyk giňeldilýär

3-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýnen, Ýewropa Komissiýasynyň Baş direktorynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça geňeşçisi Henrik Hololeý, şeýle hem Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Gruziýanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Aziýanyň infrastruktura maýa goýum bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Bütindünýä Bankynyň wekilleri gatnaşdylar. Ulag ulgamynyň täzeçil usullaryna geçilýän şertlerde ykdysady ösüşi üpjün etmek örän ähmiýetli ugurlaryň biridir. Ol halkara söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär, tebigy serişdeleri peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrýar, telekeçiligiň ösdürilmegine ýardam edýär. Hazarüsti halkara ulag geçelgesi Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan esasy ulag ugrudyr. Onuň ösdürilmegi sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, ýük daşamalaryň wagtyny gysgaltmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistan — Bütindünýä Söwda Guramasy: hyzmatdaşlygyň ygtybarly nusgasy

Bütindünýä Söwda Guramasy — halkara ykdysady gurama bolup, ol 1995-nji ýylda agza döwletleriň arasynda halkara söwdany düzgünleşdirmek we söwda syýasy gatnaşyklary sazlamak maksady bilen

Özbegistan 8 aýda öýjükli el telefonlaryň 2,6 milliondan gowragyny import etdi

Özbegistan 2024-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda 2,6 milliondan gowrak öýjükli el telefonyny daşary ýurtlardan import etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 318,5 müň sany köpdür. Hasabat döwründe özbek bazaryna daşary ýurtlardan getirilen öýjükli el telefonlarynyň umumy bahasy 236,2 million amerikan dollaryna deňdir. Ýurduň Statistika agentliginiň habar bermegine görä, Özbegistanyň öýjükli telefon importynyň esasy bölegi ýa-da 2,1 milliony Hytaýyň paýyna düşýär. Şeýle-de bu ugurda ilkinji üçlükde Wýetnamyň (405,5 müň) we Hindistanyň (70,3 müň) atlary bar.

Uçýan taksiler üçin ýene ýarym milliard amerikan dollary maýa goýdy

«Toyota Motor» täjirçilik ýolagçy gatnawy üçin uçýan taksileri öndürýän «Joby Aviation» kompaniýasyna 500 million amerikan dollar maýa goýýandygyny yglan etdi. Şeýlelikde, «Toyota Motoryň» «Joby Aviationdaky» umumy maýa goýumy 894 million amerikan dollaryna ýetdi. «Toyotanyň» metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu serişdeler «Joby» elektrik howa taksisini sertifikatlaşdyrmaga we täjirçilik önümçiligine gönükdiriler. Maliýeleşdirmek iki tapgyrda amala aşyrylar: birinjisi, 2024-nji ýylyň ahyrynda, ikinjisi, 2025-nji ýylda.

250 müň adam möwsümleýin işe alnar

Dünýädäki iň uly onlaýn söwda platformasy bolan «Amazon» baýramçylyk möwsüminiň öňüsyrasynda sargytlaryň has artýandygyny hasaba alyp, ABŞ-da 250 müň adamy möwsümleýin işe almagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde, «Amazonyň» ABŞ-daky işgärleriniň sany wagtlaýyn 520 müňe çenli artar. Ýeri gelende bellesek, kompaniýa tarapyndan möwsümleýin işgärlere her sagat üçin 20 amerikan dollary möçberinde zähmet haky tölener.

«Reuters» tölegli abuna hyzmatyny ýola goýýar

«CNN-den» soňra «Reuters» hem habarlar üçin tölegli abuna hyzmatyny döretmegi meýilleşdirýär. Tomson Reoýters tarapyndan döredilen bu habarlar saýty 1995-nji ýyldan bäri, ulanyjylar üçin mugt hyzmat edip gelýärdi. «Reutersiň» habarlar saýtynyň kanadaly okyjylary üçin şu aýda tölegli abuna hyzmaty işläp başlady. Onuň hepdelik bahasy 1 amerikan dollaryna deň. Bu hyzmatyň ýakyn wagtda ABŞ-da we Ýewropanyň käbir ýerlerinde ýola goýulmagy meýilleşdirilýär.