Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Koreýanyň Ulag instituty Türkmenistandaky demir ýol taslamalaryna gatnaşmaga çagyryldy

“Türkmendemirýollary” agentliginiň wekilleri Koreýanyň Ulag institutynyň (KOTI) ylmy barlagçylaryny Türkmenistanda durmuşa geçirilýän demir ýol taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy. Koreý tarapy bu ugurdaky işlere gyzyklanmalaryny beýan etdi. Şeýle hem, Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýa düzümleriniň wekilleri Koreýa Respublikasyndan ulag-logistika taslamalaryny çekmek meselelerine hem seretdiler. Bu esasan, türkmen demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek işlerini maliýeleşdirmek bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistan Hazar, Baltika, Gara deňizlerine çykýan ulag ulgamynyň döredilmegine gatnaşýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki “Bir guşak, bir ýol” Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatynda häzirki wagtda Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag we logistika düzüminiň köp şahaly ulgamyny döredýändigini we geljekde bu ulgamyň Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özüne birleşdirjekdigini aýtdy. “Munuň özi Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli taslamalary durmuşa geçirmek, Hazar deňzinde täze port infrastrukturasyny döretmek bilen baglylykda örän derwaýysdyr” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary Pekin, 18-nji oktýabr (TDH). Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy.

Ulag we kommunikasiýalar Agentliginiň Baş direktory hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy

16-njy oktýabrda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar Agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew awtoulag serişdelerini öndürýän «Shaanxi Heavy Duty Automobile Import & Export co., LTD» we «Yutong Bus Co., Ltd.» hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Geçirilen duşuşyklarda, taraplar awtoulag serişdelerini Türkmenistana ibermek boýunça gelejekki hyzmatdaşlyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Saglyk bähbitli hyzmatdaşlyk

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikdäki işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özara iki taraplaýyn bähbitli hem-de, şol bir wagtda, dünýäde parahatçylygy berkitmek, abadan, eşretli ýaşaýşy üpjün etmek babatynda halkara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasaty, esasan-da, her bir ynsanyň sagdyn bolmagyny, päk zähmetiň hözirini görüp, eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Berkarar döwletiň bu syýasaty «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgede aýdyň beýanyny tapýar. Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda, şeýle hem «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda her bir raýatyň abadan ýaşaýşyny, saglygyny üpjün etmegiň wezipeleri takyk kesgitlenilýär.

Hoşniýetli gatnaşyklar rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly daşary syýasaty netijesinde berkarar Diýarymyzyň arap döwletleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary has-da pugtalanýar. Şu ýylyň 19-njy iýulynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde geçirilen sammitine gatnaşmagy hem muňa aýdyň mysaldyr. Türkmenistanyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň düzümine girýän alty ýurt — Saud Arabystany Patyşalygy, Birleşen Arap Emirlikleri, Katar Döwleti, Kuweýt Döwleti, Bahreýn Patyşalygy we Oman Soltanlygy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha giňelýär. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-arap hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ylym-bilim we ynsanperwer ulgamlarynda hem uly ösüşlere eýe bolýar. Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan tarapyndan bir okuw otagynyň we kitaphananyň doly kompýuter we multimedia enjamlary hem-de okuw kitaplarydyr gollanmalary bilen üpjün edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hytaý zenanlarynyň sarpasy

Hytaý nakyllarynyň birinde: “Aýal maslahatlaşmak, gaýyn sylamak, ene söýmek üçin berlendir” diýilýär. Zenanlary hytaý halkynyň näderejede sarpalaýandygyny bu nakylyň manysyndanam aňmak bolýar. Zenan sarpasyny şeýle belentde tutýan hytaý halky bu günki gün “Zenanlar we çagalar” döwlet muzeýini döretmek bilen, hytaý zenanlarynyň mertebesini has-da belende galdyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady

Aşgabat — Pekin, 17-nji oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady. Sapara ugramazdan ozal, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde HHR-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny belledi. Häzirki wagtda özara hormat goýmak, dostluk, birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary giň ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär. Biziň ýurdumyzyň şu gezekki sapara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda “Bir guşak, bir ýol” forumynyň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm ädim hökmünde garaýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalar netijesinde oňyn hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Bilim — bitewülik ýoly

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň dowam edýän günlerinde, «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere-de aýratyn üns berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda HHR bilen gatnaşyklaryň gerimi barha giňeldilýär. Munuň şeýledigine dostlukly döwletde geçirilen bilim forumlary hem şaýatlyk edýär. 2023-nji ýylyň 21 — 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektoryndan hem-de institutyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň direktoryndan ybarat wekiliýet Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde iş saparynda bolup, Hytaýyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa institutynyň guramagynda geçirilen «Hytaý — Merkezi Aziýa» seljeriş merkezleriniň III forumyna gatnaşdy. Forumyň açylyş dabarasynda Hytaýyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň wise-başlygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçileriniň wideoçykyşlary boldy. Olar geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dostlukly gatnaşykla

Abadan durmuşyň kepili

Halkymyzyň «Gallaly öý — Allaly öý», «Gallam bar — tyllam bar», «Bugdaýy bolmadygyň ýagdaýy bolmaz» diýen nakyldyr atalar sözleri azyk bolçulygynyň ýurduň ykdysady kuwwatynyň-da, abadançylygynyň-da, ilatyň bagtyýar durmuşynyň-da möhüm görkezijisi hem-de aýrylmaz şerti bolup durýandygyny beýan edýär. Azyk howpsuzlygy bu günki günde ählumumy gün tertibinde möhüm ugur bolmagynda galýar. Ony üpjün etmegiň Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň-de, sebitleýin düzümleriň-de bilelikdäki işi, pikirdeşligi, tagallasy bilen mümkindigini dünýä tejribesi aýan edýär. Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky çykyşynda dünýäde azyk meselesini çözmek barada aýdanlary hem aýratyn ähmiýete eýedir. Bu meselede BMG-ä doly ýardam bermek Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işiniň örän möhüm ugry bolup durýar. Dünýäde bolup geçýän dürli ýagdaýlar her hili amatsyz şertleri ýüze çykarmak bilen, azyk meselesiniň çözülmedik meseledigini aýan etdi. Bu meseleleri çözmek üçin, ilkinji nobatda, ýurtlaryň, sebitleriň arasynda agzybirligi, tutanýerliligi, aýgytlylygy berkitmek zerur. Dürli päsgelçilikleri ýeňip geçýän aýgytly çözgütler, täze çemeleşmeler gerek. Şundan ugur alyp, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda, Bütindünýä az

Medeni hyzmatdaşlyk

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly taryhy pursatlara, buýsandyryjy üstünliklere, döredijilikli başlangyçlara baý ýyl bolup, döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Bu ýylyň taryhy aýratynlygynyň ýene bir sebäbi-de döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy bilen baglydyr. Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, döwlet Baştutanymyza mähriban Watanymyzyň şan-şöhratyny we mertebesini artdyrmakda alyp barýan yzygiderli hem-de maksada okgunly işleri üçin şeýle belent adyň dakylmagy halkymyz bilen bilelikde biz — ýaşlar üçin hem örän buýsandyryjy, guwandyryjy, şatlykly habar boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara guramalar bilen bilim we ylym babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, umumy medeni giňişligi döretmek, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ylym, bilim, medeni diplomatiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Dünýä döwletleri, halkara guramalar, aýratyn-da, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde uly ähmiýete eýedir.

Parahatçylygyň we ösüşiň aýdyň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň abraýy has-da belent derejelere eýe bolýar. Hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bişkek şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde öňe süren birnäçe möhüm teklipleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny yzygiderli öňe sürmegi we olaryň dünýä jemgyýetçiliginde gyzyklanma döretmegi, goldaw tapmagy bilen berkarar döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Bişkek şäheri, 2023-nji ýylyň 13-nji oktýabry) Hormatly döwlet Baştutanlary!Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli başlangyjy bilen, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Aýratynam, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýurdumyzyň köp ýyllardan bäri ygtybarly hyzmatdaşy bolup gelýär. Eziz Watanymyz 1993-nji ýylda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolan gününden bäri bu abraýly halkara gurama bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. Geçen taryhy döwrüň dowamynda özara hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gymmatly tejribesi toplandy. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda çözgüdiň kabul edilendigi baradaky aýdan şatlykly habary-da aýdyň tassyklaýar.

Hytaýyň daşary işler ministri Türkmenistanyň üçünji «Bir guşak — bir ýol» forumyna gatnaşmagyny gutlady

Hytaýyň daşary işler ministri Wan I Türkmenistany Pekin şäherinde geçirilýän «Bir guşak — bir ýol» halkara hyzmatdaşlygynyň üçünji forumyna gatnaşmagy bilen gutlady. Bu barada «Sinhua» habarlar agentligi habar berdi. Hytaýyň daşary işler ministri türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen bolan duşuşygynda Türkmenistanyň bu möhüm çärä gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine we dürli möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegine itergi berjekdigini aýtdy.

Türkmenistan Astrahanda geçiriljek halkara ulag forumyna gatnaşar

25-26-njy oktýabrda Astrahanda «Demigrazyk — Günorta» HUG — täze konsepsiýa» atly halkara forum geçiriler. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar ministrligi habar berdi. Bellenilişi ýaly, foruma 150-den gowrak kompaniýadan, şol sanda Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Russiýadan, Belarus Respublikasyndan, Özbegistandan, Hindistandan, Pakistandan, BAE-den we beýleki ýurtlardan wekiller gatnaşarlar. Gatnaşyjylar ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar, şeýle-de «Demirgazyk — Günorta» HUG taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly amaly meseleler boýunça pikir alşarlar.

Parahatçylyk döredijilik — Türkmenistanyň nobatdaky başlangyçlarynyň esasy

Türkmenistan ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamakda täze başlangyçlary öňe sürüp, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de halkara derejede 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz dünýäniň syýasy, ykdysady, hukuk giňişligine goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine özüniň baý döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanýar. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bişkek şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde öňe süren birnäçe möhüm teklipleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz bu duşuşygyň GDA-nyň çäklerinde ählumumy we sebit gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri boýunça yzygiderli, köpugurly dialogyň dowamy bolup durýandygyny belläp, döwletleriň Arkalaşygyň formatyndaky özara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleler boýunça hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmek üçin amatly ýagdaýy döretmegiň möhüm şerti bolup durýandygyna ynam bildirdi.

Ýüreklere uzaýan dostluk ýollary

Aşgabadyň ajaýyp Halkara howa menzili. Uçuş zolagyndan dostlukly döwlete ugur alan, emaý bilen arassa, asuda asmanymyza göterilip, howa giňişliginde ganat ýaýyp barýan laçyn nyşanly uçaryň aýnasyndan eziz Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin iň amatly, ösen şäherleriniň birine öwrülen, Aziýanyň merjeni — gözel Aşgabadyň nurana keşbini belentden synlamak, gör, neneňsi ýakymly! Şähere bezeg berip oturan, agşamky ýagan ýagşa oňat ýuwlan baglardyr ak mermere beslenen binalaryň, düýbünden özgeren G.Kulyýew köçesiniň ugruna görk berýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara jaýlarynyň we söwda merkezleriniň gündogara uzaýan hatarlarynyň barha daşlaşýan görkünde gözüň eglenende paýtagtymyzda, şonuň ýaly-da ýurdumyzda bitirilýän beýik işlere buýsanjyň artýar. Şu pursatlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Prezident wezipesine girişen günlerinde aýdan sözleri hakydaňa dolýar. «Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder. Biziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, anyk aýdylanda bolsa Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek geljekde hem

«Digital Bridge 2023» atly halkara forumynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gepleşikler geçirildi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Gazagyztan Respublikasynyň  Astana şäherinde ýokary derejeli geçirilen «Digital Bridge 2023» atly halkara forumuna 30-dan gowrak ýurduň 20 000-den gowrak ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar. Halkara foruma Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew gatnaşyp, forumyň esasy maksadyny nygtamak bilen, innowasion ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we çuňlaşdyrmak, bu ugurlar boýunça tejribe alyşmak babatynda öňde goýlan wezipeler barada söz sözledi.

Türkmenistanyň ýol-ulag düzümi Özbegistany Russiýa bilen baglanyşdyrar

Türkmenistanyň ýol-ulag düzümi Özbegistany Russiýanyň Hazar deňzindäki portlary bilen özara baglanyşdyrar. Şeýlelikde, Özbegistan Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesine birikmäge oňat mümkinçilik alar. Bu boýunça Russiýa Federasiýasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ulag ministrleri Witaliý Sawelýow we Ilhom Mahkamow degişli ylalaşyga geldiler diýip, Özbgegistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri mälim edýär. Häzirki wagtda Özbegistan sebitde bar bolan ähli ulag-logistika mümkinçilikleir ýerlikli ulanmak arkaly öz önümlerini dünýä bazaryna diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda iş alyp barýar. Türkmenistanyň demir ýollarynyň ulanylmagy şeýle ädimleriň biri bolup biler.