Üns beriň, bäsleşik!
2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli döwlet we halkara derejesinde şahyryň döredijiligine bagyşlanan dürli medeni çäreler geçirilýär. Şolaryň hatarynda döredijilik duşuşyklary, maslahatlary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleri we bäsleşikleri görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalarynda hem dürli döredijilik bäsleşikleri yglan edilýär. «Watan» gazetiniň redaksiýasy hem Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, buýsançly geçmişimizi, şanly şu günümizi, eşretli ertirimizi gazet sahypasynda şöhlelendirmek maksady bilen, gazetiň okyjylarynyň arasynda «Çoh garaşan ajap eýýamyň geldi!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Okyjylar köpçüligi öz ýazan (öň çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik) makalalaryny, hekaýalaryny, goşgularyny bäsleşige hödürläp bilerler.