Magtymguly Pyragy — terbiýe mekdebi
Ýaş nesli terbiýelemekde türkmen halkynyň taryhyny, ruhy dünýäsini bilmekde Magtymguly Pyragynyň eserleri gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Berkarar, erkana döwlet gurmak türkmeniň aňyrdan gelýän arzuwydyr, sebäbi türkmen asudalygy, oňatlygy, parahatçylygy, özygtyýarlylygy söýýän halk. Türkmen halkynyň taryhynda we ruhy äleminde Magtymgulynyň döredijiligi mynasyp orun tutýar. Onuň döredijiligi jemgyýetiň dürli taraplaryny öz içine alýar. Şonuň üçin-de beýik şahyryň goşgulary söýlüp okalýar, aýdym edilip aýdylýar we onuň sözleri atalar sözleri, nakyllar bilen utgaşyp gidýär. Şahyryň: «Eşiden deň bolmaz gören göz bilen», «Çagyrylan ýere bar, otur-da turma, çagyrylmadyk ýere barma, görünme!» ýaly setirleri nakyla öwrülip gidipdir. Akyldar Magtymgulynyň berkarar döwletli bolmak hakyndaky arzuwlary, asylly niýetleri, öwüt-nesihatlary Watan söýgüsine ýugrulandyr. Şahyryň goşgulary we aýdyma öwrülen setirleri nesilden-nesle geçip, häzirki döwürde hem ýaşlaryň has paýhasly, ynsanperwer, aň-düşünjeli bolmagyna täsir edýär. Halkyň ruhuna siňen bu setirler dillerden düşmän, Watany, ene-atany söýmek, ulyny hormatlamak, kiçini sylamak, agzybirlik, jebislik ýaly türkmeniň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleriniň aňymyzda ornaşmagynda türkmeniň milli mekdebi bolup gelýär. Berkarar döwletimizde ýaşlara ylym-bilim bermek şu günki täze türkmen jemgyýetiniň we halkyň bähbitlerine, tala