Magtymguly — türkmeniň synmaz ruhy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhymyzy, edebi mirasymyzy öwrenmäge, wagyz etmäge uly üns berilýär. Alym Arkadagymyzyň ýola goýan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan dowam etdirilýän bähbitli işleriň hatarynda medeni mirasymyza berilýän uly ünsüň mundan beýläk has-da rowaçlanjakdygyna ynamymyz günsaýyn artýar. Gündogaryň akyldar şahyry, şygryýet äleminiň ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda şahyryň döredijiligine, ömrüne, ykbaly bilen bagly taryhy wakalara ýüzlenmek hem beýik sarpadan nyşandyr.. Jemgyýetçilik ylymlarynda akyldaryň filosofiki mirasyny özleşdirmek esasy işleriň biridir. Akyldaryň ynsaply ýaşaýyş taglymatynyň diňe bir türkmen halkynyň taryhynda we ykbalynda däl, eýsem adamzadyň ykbalyna dahyllydygyny hem bellemelidiris. Onuň türkmen halkynyň taryhynyň we medeniýetiniň, ylmynyň ösmeginde mynasyp orny bardyr.