Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Raýatlaryň sagdynlygy ýurduň we jemgyýetiň ösüşiniň wajyp şertidir. Türkmenistanda bu ulgamyň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda uly tagallalar edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga çekmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketi arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ýaly asylly maksatlardan gelip çykýan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, bedenterbiýe we sport babatda esasy ýörelgeleri kesgitleýär, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär hem-de işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär. Kanunyň 4-nji maddasyna laýyklykda, döwletimiziň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bedenterbiýe we sport guramalaryny döretmäge, şol guramalara we aýry-aýry şahslara hyzmatlar

Gymmatly gollanma

Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildinde keremli topragymyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklary beýan edilýär. Şu jähetden, Milli Liderimiziň ensiklopedik işi halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligi, lukmanlar, şeýle hem ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsini öwrenýän hünärmenlerdir talyp ýaşlar üçin gymmatly gollanmadyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy gözlegleriň netijelerine daýanýan ylmy işi biziň ýankitabymyza öwrüldi. Ylmy-ensiklopedik kitabyň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri jikme-jik beýan edilýär. Hut şoňa görä-de, bu özboluşly ensiklopediýa türkmen topragynda ösýän, asyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermek üçin netijeli ulanylyp gelinýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada bilimleriň hazynasy bolup hyzmat edýär.

Dil — ru­hy ha­zy­na

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ajaýyp ösüşlere, taryhy üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bilim almaga, ylym öwrenmäge giň ýol açylýar, uly mümkinçilikler döredilýär. Elbetde, döwrebap ylym öwrenmek üçin dünýädäki ösüşlerden habarly bolmaly, munuň üçin bolsa daşary ýurt dillerini öwrenmek zerurdyr. Ýurdumyzda dünýä dillerini öwrenmäge döredilýän mümkinçilikler ýaşlara bildirilýän belent ynamyň netijesidir. Daşary ýurt dillerini öwrenmek islendik kärde işleseň-de, okasaň-da, döwür bilen aýakdaş gitmek üçin iň möhüm aýratynlykdyr. Bu sport babatda gürrüň edilende hem şeýledir. Çünki ýurdumyzyň köpugurly ösüşi tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de pugtalandyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ähli döwürleriň beýik lukmany

«Abu Aly ibn Sinanyň ömrüniň 12 ýyldan gowragy Günbatardan Gündogara, Günortadan Demirgazyga uzap giden Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen biziň ýurdumyzyň topragy, türkmen halkynyň taryhy bilen mäkäm baglanyşyklydyr. Alym ömrüniň bu gysga döwründe Gündogaryň nur saçýan ylym merkezleri hökmünde meşhurlyk gazanan Ürgenç, Merw, Bawert, Nusaý şäherlerinde ýiti zehini, akyl-paýhasy, tejribeleridir gözlegleri, düýpli nazaryýetleri bilen täze ylmy açyşlary amala aşyrmak hem-de deňsiz-taýsyz eserleri döretmek bilen, geljek nesillere beýik mirasy galdyrypdyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar. Ine, şol beýik mirasy galdyran beýik ynsanyň abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has belent derejelere göterilendigine onuň Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen döredilen paýtagtymyzdaky «Ylham» seýilgähinde orun alan nurana heýkelini synlanymyzda-da aýdyň göz ýetirýäris. Dünýä ylmynda Awisenna ady bilen belli bolan meşhur alym, akyldar, lukman, tebigaty öwreniji, saz nazaryýetçisi, matematik, psiholog, derman öwreniji, astronom, şahyr Abu Aly Hüseýin ibn Abdylla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina 980-nji ýylyň 16-njy awgustynda Buhara şäheriniň golaýyndaky Afşina atly obada dünýä inýär. Geljekki beýik şahsyýet alty ýaşyndaka maşgalasy Buhara göçüp barýar. Ibn Sinanyň eýýäm on ýaşyndaka Gurhany ýatdan bilmegi, arap w

Geljekki ýeňişlere badalga

Geçen asyryň 70 — 80-nji ýyllarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň alymlarynyň gatnaşmagynda 10 jiltlik ýörite ensiklopediýa taýýarlanylyp, olaryň her biri uly göwrümli kitap görnüşinde okyjylara ýetirilýär. Kitabyň ilkinji jildi çykanda, men mekdep okuwçysydym. Kyblam, alym Orazmyrat Garahanow kitaby öýümize alyp gelende aýdan sözleri häli-häzirem ýadymda: «Türkmeniň dana akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyr bossanyndaky: «Kitap okan gullar magnydan dokdur...» diýen gyzyla gaplaýmaly nesihatlaryndan ugur alyp, şu kitaby we onuň indiki çykjak jiltlerini, umuman, kitaplary aýawly saklap, yzygiderli okasaň, geljekde saňa hemişe hemra we goltgy bolar...». Görkezilen kitabyň on jildini we goşmaça türkmen hem-de rus dillerinde çykarylan jiltlerini gözümiň göreji deý saklap gelýärin we mümkinçiligim boldugyndan olary yzygiderli okaýaryn.

Sazyň jadylaýjy güýji

Sungatyň dünýäniň, adamzadyň ýaşaýşynyň has-da gözelleşmegine getiren görnüşleriniň biri-de sazdyr. Gözellikleri duýmak ukybyny ösdürýän sazy bütin durky bilen diňleýän adama onuň edýän täsirini söz bilen düşündirip bolmaz. Sazyň ynsan saglygyna ýetirýän täsiri-de taryplarça bardyr. Bu ugurda köp tejribesi bolan alymlaryň geçiren barlaglarynyň esasynda gelen netijelerine görä, öz halaýan aýdym-sazyny diňlän adamyň beýnisinde «oňyn energiýa we duýgular» ýüze çykýar. Şol pursatda bolsa adamyň işjeňligi artýar, şähdi açylýar, özüni rahat we ruhubelent duýýar, gaýgy-aladalaryny unudýar.

Welaýatlardan habarlar

Eziz Di­ýa­ry­myz­da ýaş nes­liň be­den­ter­bi­ýe hem-de sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Biz hem TMÝG-niň Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Tag­ta­ba­zar et­rap ge­ňe­şi­niň hü­när­men­le­ri bo­lup et­ra­byň bi­lim bö­lü­mi hem-de sport mek­dep­le­ri bi­len bi­le­lik­de spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ryň gu­ral­ma­gy­na yzy­gi­der­li gat­naş­ýa­rys. Bu gün ýaş­lar ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­le­re iş­jeň gat­na­şyp, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýän­dik­le­ri­ni gör­kez­ýär­ler. Çün­ki sport be­den hem ruhy taý­dan sag­dyn­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň we bag­ty­ýar­ly­gyň göz­ba­şy­dyr. Aja­ýyp za­ma­na­myz­da ge­çi­ril­ýän be­den­ter­bi­ýe we sport çä­re­le­ri, bäs­le­şik­ler ýaş­la­ryň has ze­hinli­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Mekdep okuwçylarynyň arasyndaky zehin bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Etrabymyzdaky orta mekdeplerde bilim alýan zehinli okuwçylar Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 7 ― 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda türkmen dili we edebiýat dersi boýunça geçirilen internet olimpiadasyna gatnaşdylar. Olardan 19-njy orta mekdebiň okuwçysy Albina Seýtahmedowa 10-njy synp okuwçylaryň arasynda üçünji orna mynasyp bolmagy başardy. Bäsleşigiň eminleriniň gelen netijelerine laýyklykda, 7-nji synp okuwçylaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Suraý Röwşenowa birinji orny eýeledi. Şunda türkmenabatly zehinli okuwçynyň iň ýokary utugy (88,75 utuk) toplandygyny aýtmak gerek.

Milli mirasyň hakyda göwheri

Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda täze eserini ― «Hakyda göwheri» atly kitabyny ýazyp tamamlandygy baradaky hoş habar ildeşlerimizde uly şatlyk döretdi. Bu habaryň yzysüre ildeşlerimizden gelip gowşan köpsanly hatlarda olaryň kitabyň okyjysy bolmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklary beýan edilýär. ***

Aba­dan­çy­ly­gyň aý­dyň ýo­ly bi­len

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şiň we aba­dan­çy­ly­gyň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe git­me­gi­ni şert­len­dir­ýär. 22-nji no­ýabr­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de-de döw­let dur­mu­şy­nyň bir­nä­çe me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy. Hö­kü­met mej­li­sin­de ga­ra­lan me­se­le­le­riň ha­ta­ryn­da ýur­du­my­zyň hu­kuk bin­ýa­dy­ny döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­dir­mek, da­şa­ry yk­dy­sa­dy işi has-da ös­dür­mek, içer­ki sarp edi­ji­le­ri te­bi­gy gaz bi­len bök­denç­siz hem-de yg­ty­bar­ly üp­jün et­mek, pag­ta­nyň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni has-da art­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len bag­ly me­se­le­ler bar.

Mil­li­li­gi sar­pa­lap, döw­re­bap ösüşlere tarap

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 25-nji no­ýabr­da ge­çi­ren iş mas­la­ha­tyn­da hä­zir­ki dö­wür­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi hem-de ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­me­tiň ber­ka­rar bol­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy. Oňa Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny­nyň iş do­lan­dy­ry­jy­sy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň wi­se-pre­zi­den­ti R.Ba­za­row we Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti A.Aşi­row gat­naş­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da äh­li ugur­lar bo­ýun­ça mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek, ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, san­ly ul­ga­my öz­leş­dir­mek, önüm­çi­li­ge in­tel­lek­tual eýe­çi­li­gi or­naş­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne döw­let de­re­je­sin­de äh­mi­ýet be­ril­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň bel­leý­şi ýa­ly, bu iş­ler dö­wür bi­len aýak­daş git­me­giň esa­sy şer­ti bo­lup dur­ýar. Iş mas­la­ha­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti A.Aşi­row hä­zir­ki za­man yl­my­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry, ýur­du­myz­da yl­my hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek we ýaş­la­ryň

«Akyl­ly» şä­herde işler ileri

26-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy we degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow, il­ki bi­len, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň luk­man­çy­lyk klas­te­ri­niň önüm­çi­lik top­lum­la­ry­nyň, Çe­per ha­ly­çy­lyk kär­ha­na­sy­nyň bi­na­la­ry­nyň ýer­leş­di­ril­jek ýer­le­ri­ni syn­la­dy. Şeý­le hem bu ýer­de şä­her­de bi­na edil­ýän des­ga­la­ryň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na de­giş­li dür­li se­riş­de­ler gör­ke­zil­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz önüm­çi­lik top­lum­la­ry­nyň ýer­leş­jek ýer­le­ri­ni syn­lap, bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­ne eýe bol­ma­gy­nyň we ola­ryň ýa­na­şyk ýer­le­ri­niň aba­dan­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di. Bu ýer­de gu­rul­ýan dür­li mak­sat­ly des­ga­lar tä­ze şä­he­riň bi­na­gär­lik keş­bi bi­len bir bi­te­wi saz­la­şy­gy eme­le ge­tir­me­li­dir.

Dün­ýä we Mag­tym­gu­ly

Gru­zi­ýa­da 22 — 24-nji no­ýabr­da Tbi­li­si­de gu­ra­lan Türk­men ki­no­sy­nyň gün­le­ri Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýan ýu­bi­leý çä­re­le­ri­niň üs­tü­ni ýe­ti­rip, gru­zi­ýa­ly sun­gat sö­ýü­ji­ler­de uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.

«ME­MO­RIAD» olim­pia­da­syn­da­ky üs­tün­lik­ler

Türk­me­nis­tan­ly mek­dep okuw­çy­la­ry Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «MEMORIAD 2024» at­ly bü­tin­dün­ýä men­tal sport olim­pia­da­syn­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler. Mä­lim bol­şy ýa­ly, «ME­MO­RIAD» olim­pia­da­sy, sport­da­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry ýa­ly, her 4 ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ri­lip, ýat­keş­lik, men­tal ha­sap­la­ma, men­tal arif­me­ti­ka, çalt oka­mak bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ryň gu­ral­ýan ýe­ke-täk meý­dan­ça­sy­dyr. Bu ze­hin bäs­le­şi­gi 2006-njy ýyl­da dün­ýä­niň 60 ýur­dun­da ha­sa­ba al­nyp, şeý­le gör­nüş­dä­ki il­kin­ji ýa­ryş­lar 2008-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär. Türk­men mek­dep okuw­çy­la­ry bol­sa «ME­MO­RIAD» olim­pia­da­sy­na şu ýyl il­kin­ji ge­zek gat­na­şyp, öz te­bi­gy ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­mä­ge müm­kin­çi­lik al­dy­lar. 60 döw­let­den men­tal spor­ta hö­wes­li mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň 150-den gow­ra­gy­ny bir ýe­re jem­län olim­pia­da­da ze­hin­li ýaş­la­ry­my­zyň 17-si Türk­me­nis­ta­na we­kil­çi­lik et­di. Je­mi 15 de­re­je­de ge­çi­ri­len öz­bo­luş­ly bäs­le­şik­de ýa­şa­jyk il­deş­le­ri­miz men­tal arif­me­ti­ka, fleş-an­zan ma­ra­fon, kwad­rat kö­ki çy­kar­mak ýa­ly ugur­lar­da öz deň-duş­la­ry bi­len ýa­ryş­dy­lar.

Gel­jek ýy­lyň şy­ga­ry mas­la­hat­la­şyl­ýar

Go­laý­da mil­li par­la­men­tiň bi­na­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň go­laý­da be­ren tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, 2025-nji ýy­ly döw­re­bap at­lan­dyr­mak we onuň ny­şa­ny­ny kes­git­le­mek bo­ýun­ça ge­çi­ri­len mas­la­ha­ta Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny­nyň iş do­lan­dy­ry­jy­sy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri, de­pu­tat­lar, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Mas­la­hat­da hal­ky­my­zyň, şol san­da ýaş­la­ryň 2025-nji ýy­ly döw­re­bap at­lan­dyr­mak hem-de onuň ny­şa­ny­ny kes­git­le­mek bi­len bag­ly tek­lip­le­ri­ni öw­ren­mek, ýer­ler­de bu ba­bat­da mas­la­hat­la­ry, du­şu­şyk­la­ry ge­çir­mek bi­len bag­ly we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ýy­lyň ady­nyň hem-de ny­şa­ny­nyň ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li, hoş­ni­ýet­li içe­ri hem da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny, hal­ky­my­zyň je­bis­li­gi­ni, bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny şöh­le­len­dir­me­li­di­gi­ne üns çe­kil­di. Il­ki bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy D.Gul­ma­no­wa çy­kyş edip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da do­wam et­di­ril­ýän her ýy­la öz­bo­luş­ly at goý­ma­gyň asyl­ly dä­be öw­rü­len­di­gi­ni, 2025-nji ýy­lyň hem ýur­du­myz üçin

Ýaş­lar baý­ra­gy­nyň eýe­le­ri sy­lag­la­nyl­dy

Paý­tag­ty­myz­da­ky Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň mer­ke­zin­de ge­çi­ri­len Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň dö­re­di­len gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň zäh­met­de, dö­re­di­ji­lik­de aý­ra­tyn ta­pa­wut­la­nan ýaş­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň Ýaş­lar baý­ra­gy­nyň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy gur­sa­gy Wa­ta­ny­my­zy ös­dür­mä­ge my­na­syp go­şant goş­ma­ga hy­juw­dan do­ly ýaş­la­ryň dur­mu­şyn­da aja­ýyp wa­ka öw­rül­di. Wa­tan­sö­ýü­ji, ukyp-ba­şar­nyk­ly, be­den taý­dan sag­dyn ýaş ne­sil­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek Gahryman Arkadagymyzyň ba­şy­ny baş­lan we hor­mat­ly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedowyň üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän ösüş stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu ugur­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty ýur­du­my­zyň ýaş ra­ýat­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ni ile­ri tut­ýan iri jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň işi bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Abatlaýyş işleri geçirilýär

Baýramaly şäheriniň ýaşaýyş jaýlarynda abatlaýyş işlerini geçirip, olary gözel görke getirmekde Mary welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň Baýramaly şäher Ýaşaýyş jaý müdirliginiň işçi-hünärmenleri agzybirlikde netijeli zähmet çekýärler. Müdirlik tarapyndan şäherdäki ýaşaýyş jaýlarynyň 710-syna, öýleriň 6 müňden gowragyna hyzmat edilýär. Olar häzirki wagtda şäheriň 1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji ýaşaýyş jaý toplumlarynda bejeriş-abatlaýyş işlerini alyp barýarlar. Bulardan başga-da, şäheri arassa saklamak maksady bilen, lagym ulgamynyň işini-de talabalaýyk ýola goýdular. Müdirligiň hünärmenleri özlerine ynanylan her bir işi aýny wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Bu babatda olar dürli kysymly 13 sany kuwwatly awtoulagyň hyzmatyndan netijeli peýdalanýarlar. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýeleri Çary Esenow, Çary Orazmämmedow ýaly tejribeli işgärleriň yhlasly zähmeti esasynda işler barha ilerleýär. Şu ýylyň on aýynda müdirlik boýunça meýilnama laýyklykda 3 million 78 müň manatlyk iş amal edildi.

Bagt ojagy

Türkmen halkynyň «Gazananyň toýa ýarasyn!» diýen iň arzyly arzuwlarynyň birinde onuň dünýägaraýşy, durmuş pelsepesi açylýar. Magtymguly Pyragynyň: «Her gün gursaň uly toýny,//Gitse ýürekleriň düwni» diýip belleýşi ýaly, türkmen halkynyň at çapyşykly, göreşli, bagşyly toýlary, olarda ýerine ýetirilýän toý däp-dessurlary ruhy medeniýetimiziň köpöwüşginliligini dünýä ýaýýar. Türkmen toýlary ruhubelentligiň, şahandazlygyň, parahatçylygyň, bagtyýarlygyň nyşany hökmünde mazmun taýdan has-da baýlaşýar. Şeýle dabaraly toýlarymyzyň esasylarynyň biri hem durmuş toýudyr. Ýaşlaryň iň ajaýyp günleriniň, durmuş toýlarynyň şaýady bolmak bagtyna eýe bolan Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň işgärleri-de her ädimde döwrümiziň toý ruhundan, joşgunyndan ylham alýarlar. Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzyň görküne görk goşýan «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen 2011-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Ol dört tarapyndan Oguz hanyň sekizburçly ýyldyzynyň içinde Ýer togalagynyň dünýädäki iň uly binagärlik görnüşi hökmünde Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. 2012-nji ýylyň sentýabrynda Beýik Britaniýanyň London şäherinde geçirilen dabarada «Jemgyýetçilik desgalarynyň binagärligi» ugry boýunça «International Property

Ady äleme ýazylan Arkadagyň şäheri

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinden çykyp, günbatarlygyna sary ýola rowana bolarsyň welin, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, arhitektorlyk ussatlygyndan dörän Arkadag şäheri seleňläp görner. Bu ajaýyplygy ýazyjylar döredijilikli wasp etseler, şahyrlar şanyna goşgudyr gazal düzüp, şahyrana beýan edýärler. Ýol ýakalary al-elwan güllere, ýaşyl zolaklara beslenen aýna ýaly köçeleriň ugrunda bina edilen ýaşaýyş we edara binalary özüniň gurluş aýratynlygy taýdan akylyňy haýrana goýýar. Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşlarynyň çägi ýok. Çünki şeýle mümkinçilikleri, sanly ulgamyň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän, ekologik taýdan arassa şäherde söwda nokatlary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri, umumybilim berýän orta mekdepler, kitaphana, teatr, medeni we durmuş maksatly binalar, elektromobillerdir elektrobuslar, mahlasy, ähli zat halkyň hyzmatynda.

Gurmak — özgerişligiň nyşany

Ykdysadyýetiň kuwwatlanmagynda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda gurluşyk pudagy möhüm orny eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz täze desgalary işe girizmäge, medeni-durmuş maksatly binalary gurmaga döwletimiziň uly möçberli maýa goýumlaryny gönükdirýär. Şanly ýylyň tamamlanan döwründe welaýatymyz boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna esasy serişdelere düýpli maýa goýumlarynyň 5 milliard manatdan gowragy gönükdirildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 15,8 göterim artykdyr. Serişdeleriň 3 milliard 236,2 million manady önümçilik pudaklarynda, 1 milliard 771,7 million manady bolsa beýleki pudaklarda özleşdirildi. Bu görkeziji ykdysadyýetiň döwlete degişli böleginde 1 milliard 163,3 million manada ýetdi. Şol serişdeleriň 41 göterimi önümçilik maksatly desgalara gönükdirildi. Şol bir wagtyň özünde medeni-durmuş maksatly desgalara gönükdirilen düýpli maýa goýumlary geçen ýylyň degişli döwrüne görä 9,4 göterim artyp, 685,8 million manada barabar boldy.