Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Goja ýazyjy maňa şeýle diýipdi...

Bir gün Baýram Jütdiýew maňa jaň edip şeýle diýipdi: «Sen dag hakynda ýazan makalalaryň bilen önüp-ösen topragyň — Watanyň öňündäki borjuňy berjaý etdiň». Bäh, muny, asyl, žurnaliste-de şeýle diýseň boljak eken, onda-da asuda döwrümizde, parahatçylykly günlerde! Bu söz Watan esgerlerine, Watan goragçylaryna, onda-da gahrymançylykly bir iş bitiren gerçeklere aýdylmaly sözdür hasap edip ýördük.

Halkara Bitaraplyk gününe

Türkmeniň buýsançly toýy Toýlary toýlara ulaşýan türkmen halky ýene bir buýsançly senäniň — Halkara Bitaraplyk gününiň baýramçylygyna barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimiz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýeňişli menziller bilen ynamly öňe barýar. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul edilen Kararnamalaryň ikisi bilen ykrar edilen Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp ýöredýän parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasaty bütin dünýäde uly goldaw tapýar.

Gahryman Arkadagymyzyň täze neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Düýn 3-nji noýabrda Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri bolan «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden mähirli gutlap, döwet galamynyň geljekde-de ýiti bolmagyny arzuw etdiler. Şeýle hem tanyşdyrylyş dabarasyndaky täsirli çykyşlar oňa gatnaşyjylaryň watançylyk duýgusyny artdyryp, mukaddes Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işlere her bir türkmenistanlynyň mynasyp zähmet çekip, şahsy goşandyny goşmalydygy baradaky çagyryşlar bilen utgaşdy. Bellenilişi ýaly, bu eseriň Halkara Bitaraplyk gününiň we Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň öňýanynda halkymyza ýetirilmeginiň uly manysy bar.

Şöhratly taryhyň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalarynyň hatary artýar. Muny ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalar bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy taryhy ýylyň bezegine öwrülip, halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşdy. Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri, ynsanperwerligi, parahatçylygy ündeýän, milli medeniýetimize, taryhymyza, däp-dessurlarymyza, asylly ýörelgelerimize söýgi döredýän beýleki kitaplary ýaly, bagtyýar halkymyza bahasyna ýetip bolmajak gymmatly sowgat boldy. Milli Liderimiz: «Öz oý-pikirlerimi jemläp, ençeme maglumatlary seljerip, halkymyzyň bütin taryhyň dowamynda döreden hem-de häzirki nesillere miras galdyran milli gymmatlyklaryna, şan-şöhratly ýoluna, taryhda uly yz galdyran şahsyýetlerimize bagyşlap, «Hakyda göwheri» atly täze kitabymy ýazyp tamamladym» diýip belläp geçýär. Ajaýyp kitap halkymyzyň hakydalarda baky orun alan şöhratly taryhynyň, medeni hem ruhy mirasynyň beýany bolup, göwünleri buýsanja hem guwanja besleýär. Şonuň ýaly-da, ol türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhda goýan yzlary, meşhur şahsyýetlerimiz we olaryň bitiren işleri baradaky maglumatlary özünde jemleýär. 

Eşretli durmuşyň girewi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygyny goramaga gönükdirilen döwletli tutumlar täze belentlikleri nazarlaýar. Ýurdumyzyň sebitlerinde gurlan häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň, şypahanalaryň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, sport desgalarynyň, ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň hatary ýylsaýyn artýar. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenaryna bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ynsan saglygyny berkitmekdäki giň mümkinçilikleri buýsançly söhbetlere mynasypdyr. Arkadag şäherinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň işiniň ýola goýulmagy bolsa, saglygy goraýyş ulgamynda wajyp ähmiýetli wakadyr. Kärhananyň ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürýän dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleri geljekde halkara bazarlarda hem mynasyp ornuny tapar. Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň saglygyny berkitmekde dowamat-dowam tapýan şunuň ýaly oýlanyşykly özgertmeler mähriban Watanymyzyň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmündäki dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende göterýär. Her birimizi sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermäge ruhlandyrýar. Ynsan saglygyna oňyn täsir edýän bu ýörelgeler adamda tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, zähmetsöýerligi terbiýeleýär, döredijilik kuwwatyny artdyrýar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Halkyň saglygy baradaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu ugurda asylly maksatlara gönükdirilen özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde döwletimizde saglygy goraýyş ulgamy halkara ülňüleriň derejesine ýetirildi. Hut şonuň üçin-de ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary aradan aýyrmak, saglygy goraýşy, derman senagatyny dünýä derejesine laýyklykda ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň esasy ugry bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. Döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan halkyň saglygy we onuň geljegi baradaky alada «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatlara daýanýar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan döwletimizde «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzda yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän döwrebap sport toplumlarynyň, ähli amatlyklary bolan hassahanalaryň, saglyk öýleriniň mysalynda anyk görmek bolýar.

Dünýäniň toýuna öwrülen sene

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Üstümizdäki ýylyň şanly wakalary ýurdumyzyň bedew batly ösüşler bilen öňe barýandygyny bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykarýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar astynda geçýän ýylda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler guralýar.

Göterildi ol ykbaly türkmeniň

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Magtymguly Pyragy ähli döwürleriň, ähli göwünleriň şahyrydyr. Beýik akyldaryň miras galdyran her bir setiri, her bir bendi tutuşlygyna nesihatdyr, durmuşda ýol görkeziji şamçyragdyr.

Sanly ykdysadyýetiň goragy

Maglumatlar asyrynyň wirtual giňişliginde dünýäniň jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sanly nusgasy günsaýyn özgermek bilen. Bu günki günüň adamlary üçin dünýäniň dürli künjegine gaýybana syýahat etmek, san-sajaksyz maglumatlary öwrenmek elýeterli boldy. Şunuň bilen birlikde, şahsy taraplar hem-de edaralardyr kärhanalar üçin maglumatlaryň goraglylygyny üpjün etmek, degişli kiberhowpsuzlyk çärelerini durmuşa geçirmek jogapkärçiligi hem örboýuna galýar. Bu häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň biri bolup, onuň öňüni almak her döwletiň derwaýys wezipesidir. Ol bu gün bütin dünýäde halkara guramalaryň birnäçesiniň geljek üçin niýetlenen maksatnamalarynda özbaşdak bir ugra öwrüldi. Kiberhowplara garşy göreşmek işini döwrüň talaplaryndan, ösen tejribelerden ugur alyp kämilleşdirmek türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary bilen netijeli ýola goýuldy. Bu sanly ykdysadyýete geçmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda durmuşa geçirilýän taslamalaryň hem aýrylmaz bölegidir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli sanly giňişligiň, maglumatlaryň goraglylygynyň üpjün edilmegi halkara hyzmatdaşlygyň esasynda has-da pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, 13-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kiberhowpsuzlyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge dahylly wezipeler barada aýratyn durlup geçilmegi, şeýle-de bu ugruň golaýda geçirilen «Türkmentel — 20

Türkmenistanyň KANUNY

Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda 1-nji madda

Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY

Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Merdana nesliň bäsleşigi

Sport – sag­dyn­ly­gyň, gö­zel­li­giň çeş­me­si

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda uly ösüşlere beslenýän 2024-nji ýylda geçilen menzillere ser salanyňda, bu şöhratly ýylyň türkmen sportunyň taryhyna hem altyn harplar bilen ýazylýandygynyň şaýady bolýarsyň. «Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek arkaly täze sport düzümlerini dörederis. Hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris. Çünki ýaş nesillerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm talabydyr. Sport sagdynlygyň, gözelligiň çeşmesidir» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda diňe bir noýabr aýynda bolup geçen şanly wakalaryň mysalynda hem köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda giň gerimde ýaýbaňlandyrmagyň, ýokary netijeli sporty ösdürmegiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigine, «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylýandygyna bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirmek bolýar.

Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Raýatlaryň sagdynlygy ýurduň we jemgyýetiň ösüşiniň wajyp şertidir. Türkmenistanda bu ulgamyň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda uly tagallalar edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga çekmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketi arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ýaly asylly maksatlardan gelip çykýan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, bedenterbiýe we sport babatda esasy ýörelgeleri kesgitleýär, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär hem-de işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär. Kanunyň 4-nji maddasyna laýyklykda, döwletimiziň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bedenterbiýe we sport guramalaryny döretmäge, şol guramalara we aýry-aýry şahslara hyzmatlar

Gymmatly gollanma

Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildinde keremli topragymyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklary beýan edilýär. Şu jähetden, Milli Liderimiziň ensiklopedik işi halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligi, lukmanlar, şeýle hem ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsini öwrenýän hünärmenlerdir talyp ýaşlar üçin gymmatly gollanmadyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy gözlegleriň netijelerine daýanýan ylmy işi biziň ýankitabymyza öwrüldi. Ylmy-ensiklopedik kitabyň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri jikme-jik beýan edilýär. Hut şoňa görä-de, bu özboluşly ensiklopediýa türkmen topragynda ösýän, asyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermek üçin netijeli ulanylyp gelinýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada bilimleriň hazynasy bolup hyzmat edýär.

Dil — ru­hy ha­zy­na

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ajaýyp ösüşlere, taryhy üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bilim almaga, ylym öwrenmäge giň ýol açylýar, uly mümkinçilikler döredilýär. Elbetde, döwrebap ylym öwrenmek üçin dünýädäki ösüşlerden habarly bolmaly, munuň üçin bolsa daşary ýurt dillerini öwrenmek zerurdyr. Ýurdumyzda dünýä dillerini öwrenmäge döredilýän mümkinçilikler ýaşlara bildirilýän belent ynamyň netijesidir. Daşary ýurt dillerini öwrenmek islendik kärde işleseň-de, okasaň-da, döwür bilen aýakdaş gitmek üçin iň möhüm aýratynlykdyr. Bu sport babatda gürrüň edilende hem şeýledir. Çünki ýurdumyzyň köpugurly ösüşi tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de pugtalandyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ähli döwürleriň beýik lukmany

«Abu Aly ibn Sinanyň ömrüniň 12 ýyldan gowragy Günbatardan Gündogara, Günortadan Demirgazyga uzap giden Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen biziň ýurdumyzyň topragy, türkmen halkynyň taryhy bilen mäkäm baglanyşyklydyr. Alym ömrüniň bu gysga döwründe Gündogaryň nur saçýan ylym merkezleri hökmünde meşhurlyk gazanan Ürgenç, Merw, Bawert, Nusaý şäherlerinde ýiti zehini, akyl-paýhasy, tejribeleridir gözlegleri, düýpli nazaryýetleri bilen täze ylmy açyşlary amala aşyrmak hem-de deňsiz-taýsyz eserleri döretmek bilen, geljek nesillere beýik mirasy galdyrypdyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar. Ine, şol beýik mirasy galdyran beýik ynsanyň abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has belent derejelere göterilendigine onuň Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen döredilen paýtagtymyzdaky «Ylham» seýilgähinde orun alan nurana heýkelini synlanymyzda-da aýdyň göz ýetirýäris. Dünýä ylmynda Awisenna ady bilen belli bolan meşhur alym, akyldar, lukman, tebigaty öwreniji, saz nazaryýetçisi, matematik, psiholog, derman öwreniji, astronom, şahyr Abu Aly Hüseýin ibn Abdylla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina 980-nji ýylyň 16-njy awgustynda Buhara şäheriniň golaýyndaky Afşina atly obada dünýä inýär. Geljekki beýik şahsyýet alty ýaşyndaka maşgalasy Buhara göçüp barýar. Ibn Sinanyň eýýäm on ýaşyndaka Gurhany ýatdan bilmegi, arap w

Geljekki ýeňişlere badalga

Geçen asyryň 70 — 80-nji ýyllarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň alymlarynyň gatnaşmagynda 10 jiltlik ýörite ensiklopediýa taýýarlanylyp, olaryň her biri uly göwrümli kitap görnüşinde okyjylara ýetirilýär. Kitabyň ilkinji jildi çykanda, men mekdep okuwçysydym. Kyblam, alym Orazmyrat Garahanow kitaby öýümize alyp gelende aýdan sözleri häli-häzirem ýadymda: «Türkmeniň dana akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyr bossanyndaky: «Kitap okan gullar magnydan dokdur...» diýen gyzyla gaplaýmaly nesihatlaryndan ugur alyp, şu kitaby we onuň indiki çykjak jiltlerini, umuman, kitaplary aýawly saklap, yzygiderli okasaň, geljekde saňa hemişe hemra we goltgy bolar...». Görkezilen kitabyň on jildini we goşmaça türkmen hem-de rus dillerinde çykarylan jiltlerini gözümiň göreji deý saklap gelýärin we mümkinçiligim boldugyndan olary yzygiderli okaýaryn.

Sazyň jadylaýjy güýji

Sungatyň dünýäniň, adamzadyň ýaşaýşynyň has-da gözelleşmegine getiren görnüşleriniň biri-de sazdyr. Gözellikleri duýmak ukybyny ösdürýän sazy bütin durky bilen diňleýän adama onuň edýän täsirini söz bilen düşündirip bolmaz. Sazyň ynsan saglygyna ýetirýän täsiri-de taryplarça bardyr. Bu ugurda köp tejribesi bolan alymlaryň geçiren barlaglarynyň esasynda gelen netijelerine görä, öz halaýan aýdym-sazyny diňlän adamyň beýnisinde «oňyn energiýa we duýgular» ýüze çykýar. Şol pursatda bolsa adamyň işjeňligi artýar, şähdi açylýar, özüni rahat we ruhubelent duýýar, gaýgy-aladalaryny unudýar.

Welaýatlardan habarlar

Eziz Di­ýa­ry­myz­da ýaş nes­liň be­den­ter­bi­ýe hem-de sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Biz hem TMÝG-niň Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Tag­ta­ba­zar et­rap ge­ňe­şi­niň hü­när­men­le­ri bo­lup et­ra­byň bi­lim bö­lü­mi hem-de sport mek­dep­le­ri bi­len bi­le­lik­de spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ryň gu­ral­ma­gy­na yzy­gi­der­li gat­naş­ýa­rys. Bu gün ýaş­lar ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­le­re iş­jeň gat­na­şyp, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýän­dik­le­ri­ni gör­kez­ýär­ler. Çün­ki sport be­den hem ruhy taý­dan sag­dyn­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň we bag­ty­ýar­ly­gyň göz­ba­şy­dyr. Aja­ýyp za­ma­na­myz­da ge­çi­ril­ýän be­den­ter­bi­ýe we sport çä­re­le­ri, bäs­le­şik­ler ýaş­la­ryň has ze­hinli­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.