Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

«Magtymguly, sözüm bilene sözdür...»

«Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň öň ýanynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini öwrenýän, goşgular ýygyndylaryny dürli dillere terjime eden hem-de dünýä ýaýradan daşary ýurtly alymlarydyr magtymgulyşynaslary Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy türkmeniň beýik danasynyň agzybirligi, parahatçylyk söýüjiligi ündeýän ideýalaryny wagyz etmek işinde çekilen yhlasly zähmete, ylma we döredijilige döwlet derejesinde uly hormat-sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Amaliýa AGAJANÝAN,Ýerewan döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty:

Ajaýyp zamanamyzyň ösüşli ýoly

Sport hem-de saglygy goraýyş ulgamlarynyň sazlaşykly ösdürilmegi jemgyýetimiziň sagdynlygyny gazanmagyň, adamlaryň sagdyn, bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu ugurda durmuşa geçirilýän, adam we onuň saglygy hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýän beýik işleriň rowaçlyklara beslenýändigi guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň 4-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem bu hakykat aýdyň beýanyny tapdy. Şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilen hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenilen mejlisiň barşynda sport we saglygy goraýyş ulgamlarynda ýetilen sepgitlerdir möhüm wezipeler barada hem durlup geçildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewanyň beren hasabatynda bellenilişi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynda bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda 146 altyn, 134 kümüş, 193 bürünç medal gazandylar. Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi.

Üstünlikler, tejribeler, mümkinçilikler

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergide aýdyň şöhlelendi Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. 9-njy oktýabrda öz işine başlan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi hem-de onuň çäklerindäki ylmy maslahat hem bu ajaýyp hakykaty nobatdaky gezek tassyklady. Şu gezekki forumyň paýtagtymyzyň türkmen türgenleriniň ýeňişleri bilen şanlandyrylan Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň türgenleşik meýdançasynda ýaýbaňlandyrylmagy özboluşly many-mazmuna eýedir.

Beýikleriň has beýgelýän eýýamy

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden dünýä ýaýmak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, 11-nji oktýabrda Aşgabatda wekilçilikli halkara forum geçirildi. Beýik türkmen akyldarynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli bu maslahata dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň hem-de wekiliýetleriň gatnaşyp, Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak şahyrana mirasynyň ägirt uly medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklar hökmünde her bir ynsanyň ruhy dünýäsinde, hakydasynda baky orun alandygyny, köptaraply döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini bellemekleri il-ulsumyzyň kalbyny egsilmez buýsanja besledi. Türkmen halkynyň öz beýik şahsyýetlerine çäksiz hormat-sarpa goýýandygyna, olaryň at-abraýynyň dünýä içre has-da beýgelmegi üçin ähli tagallalary edýändigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda akyldar şahyrymyzyň hormatyna geçirilýän giň gerimli dabaralaryň, söz ussady bilen baglanyşykly buýsançly hem şanly wakalaryň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymguly Pyragynyň päk ahlaklylyk, edep-terbiýe, watansöýüjilik, gözelligi wasp etmek, berkarar döwlet baradaky ynsan aňyna we ýüregine ornaýan gymmatly ündewleri biziň döwlet syýasatymyzyň esaslaryny düzýär. Bularyň ählisi iň asylly adamzat däplerine daýanýan yns

Gymmatly eseriň täze jildi

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň täze — XVI jildiniň çapdan çykmagy halkymyza ajaýyp sowgat boldy. 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda gymmatly eseriň täze jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-ensiklopedik işiniň Watanymyzyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň gadymy däpleri barada gymmatly maglumatlary berýändigini buýsanç bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, bu düýpli ylmy işiň esasynda Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesiniň jemlenmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Döwletli ýörelge

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabry milli senenamamyzyň sahypalaryny taryhy wakalary bilen bezedi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi hem-de il bähbitli, ýurt ähmiýetli örän möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy bu hakykatyň aýdyň görkezijisidir. Mejlisde Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, geljekde öňde durýan wezipeleriň kesgitlenmegi bolsa ählihalk forumynyň ähmiýetini artdyrdy. Diýarymyzda halk häkimiýetiniň berkarar edilýändiginiň beýanyna öwrülen taryhy waka ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulýandygyny ýene bir ýola äleme ýaýdy. Türkmenistanyň eýe bolan taryhy ösüşleriniň giňden şöhlelenmegi bütin halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda Watanymyzyň sport üstünliklerine orun berilmegi bolsa okgunly ösüşe eýe bolýan pudagyň gazananlarynyň Diýarymyzyň ýeten belent sepgitleriniň bir bölegi bolup durýandygyny aýdyň görkezdi.

Ösüşleriň mekany

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, berk bedenli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik paýhasyndan dörän Arkadag şäheri hem ýaşamak, zähmet çekmek, döwrebap bilim almak, sport bilen meşgullanmak, medeniýetli dynç almak üçin ähli şertleri özünde jemleýär. Bilim ojaklarynyň mekany bolan bu «akylly» şäheriň görküne görk goşup duran zähmet ojagymyzyň — Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýamyzyň çäginde ýerleşýän sport toplumy sportuň futbol, futzal, woleýbol, basketbol, tennis, stol tennisi, suwda ýüzmek, agyr we ýeňil atletika görnüşlerinden türgenleşik geçmek üçin ähli şertleri özünde jemleýär. Şeýle hem sport toplumynda hem-de umumy ýaşaýyş jaýynda döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan türgenleşik zallary bar.

Gandbol bäsleşigi

Go­laý­da gand­bol bo­ýun­ça 2008-nji ýyl­da dog­lan we şon­dan ki­çi ýaş­ly og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň saý­la­ma ýa­ry­şy ge­çi­ril­di. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 2-nji or­ta mek­de­bi­niň sport za­lyn­da gu­ra­lan bäs­le­şik ýaş tür­gen­le­re ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­mä­ge şert dö­ret­di. Netijede, gyz­la­ryň ara­syn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň 9-njy sport mek­de­bi­niň to­pa­ry öň­de­li­gi eýe­le­di. An­ge­li­na La­pa­ti­na, Wik­to­ri­ýa Ýer­şen­ko, Tat­ýa­na Baý­ja­no­wa, Ali­na Ýa­ku­bo­wa, Sel­bi Mol­la­ýe­wa ýa­ly oýun­çy­lar has-da ta­pa­wut­lan­dy­lar. Sport mek­de­bi­mi­ziň og­lan­lar­dan dü­zü­len to­pa­ry 2-nji or­ny eýe­le­di. Nur­mäm­met Çer­ke­zo­w, Ys­lam Sa­pa­row, Seý­ran Seý­di­ýew, Is­lam Ma­li­nin, Ys­lam Ba­ty­row ýa­ly tür­gen­ler şow­ly çy­kyş et­di­ler.

“Milli ýörelge – köpe görelde”

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda şahsyýet, maşgala, jemgyýet bilen baglanyşykly ençeme milli däp-dessurlary, edim - gylymlary döredipdir. Olaryň ählisi biziň üçin ahlak ýörelgeleridir. Parasatly pederlerimiz ynsanyň içki hem daşky gözelligini görkezýän närsäniň onuň durmuşda özüni alyp barşyndadygyna, edebindedigine, terbiýesindedigine, ahlagyndadygyna göz ýetiripdirler. Aslyýetinde, nesil terbiýesinde zenan ahlaklylygyna, adamkärçiligine degişli wagyz-nesihatlardyr, maslahatlary ýaşlygyndan olaryň gulagyna guýmak örän wajyp işdir. Bu ýörelge durmuş tejribesinde synagdan geçen hakykatdyr. Sebäbi maşgala-döwletiň kiçijik bir agzasy, gaýtalanmajak dünýäsi hasaplanýar. Şunlukda türkmen maşgalasynda gyz edebi, çaga terbiýesi ýaly häsiýetler üns merkezinde saklanylýar. Şonuň üçinde türkmen halky maşgala edebini milli däp-dessur esasynda ýöredýär. Hawa, türkmen halkynyň gyz edebine, nesil terbiýesine garaýyşlary barada söz açylanda, ata-babalarymyzyň: “Gyz edebi - il edebi” diýen pähimi biygtyýar ýadyňa düşýär. Ýelden-Günden gorap kemala getiren perzendiň diňe bir boý-syratyna däl, eýsem başarnygyna, at-abraýyna, edep-ekramyna guwanyp ýaşamak uly bagt.Türkmen gyzy diýlende, sypaýy, näzik, mähir dünýäsiniň eýesi göz öňüňe gelýär. Gyz edebi ene-mamalarymyz üçin iň wajyp borç we jogapkärçilik hasaplanylypdyr.

Ynsanperwer tagallalara belent sarpa

Ýurdumyzda giňden bellenilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň degişli Permanlaryna laýyklykda «Arkadag» medalyna, şeýle-de «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Şolaryň arasynda watandaşlarymyz bilen birlikde, daşary ýurtly myhmanlar hem bar. Abraýly sylaglara mynasyp bolanlaryň käbiri buýsançly ýürek sözlerini şeýle beýan edýärler: Hans MAÝSNER,germaniýaly kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory:

Moskwa duşuşygy: dostluk we hyzmatdaşlyk ruhy bilen

Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ulgamlarda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini nazara alyp, Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 7-8-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna amala aşyran iki günlük iş sapary hem ýurdumyzyň GDA döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ygrarlydygyny nobatdaky gezek açyp görkezdi. 8-nji sentýabrda Uly Kreml köşgünde geçirilen GDA-nyň sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem Moskwa geldiler. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin sammite gatnaşyjylary mübärekläp, mejlisiň gün tertibiniň Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny, şol sanda ykdysady, söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygy, dürli pudaklarda täze iri, özara bähbitli ta

«Akylly» şäherdäki işleriň depgini güýçlenýär

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň, şol sanda Çeperçilik haly kärhanasynyň taýýarlanylan taslamalary, toplumyň baş binasynyň daşky bezeg aýratynlyklary, şäheriň çäklerinde bina edilýän beýleki durmuş maksatly desgalaryň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Bu ýerde haly kärhanasynyň umumy görnüşi, onuň daşky bezeg aýratynlyklary, Arkadag şäheriniň täze seýilgähiniň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň şekil taslamalary hem-de olaryň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri görkezildi.

Üns merkezinde — döwletli maslahatyň döwletli çözgütleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň Prezidiumynyň mejlisiniň gün tertibine beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi. Onuň işine Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet, häkimiýet we jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyz mejlisi açmak bilen, Prezidiumyň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda berkarar ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmaga gelen Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany, «Buig» kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buigi, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buigi we «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andreni, «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony, «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzeri kabul etdi.

TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW «Adamzadyň beýik geljegi parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bagly bolýar. Häzirki döwrüň ösen täze başlangyçlary diňe adamzadyň howpsuz, asuda ýaşaýşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatlary durmuşa geçirmäge hyzmat etmelidir».

Türkmenistan durnukly ösüş ýoly bilen öňe barýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 4-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Hökümet mejlisiniň dowamynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlar bilen çykyş etdiler. Ýurdumyzda gazanylan makroykdysady görkezijiler hakyndaky hasabatdan mälim bolşy ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, şu ýylyň dokuz aýynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,5 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 6,8 göterime, söwdada 9 göterime, oba hojalygynda 5,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,7 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň üç çärýeginde bölek satuw haryt dolanyşygy 11,2 göterim köpeldi. Daşary söwda dolanyşygynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,4 göterim, çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10

Halklary ýakynlaşdyrýan dostluk toýy

7 — 9-njy oktýabrda paýtagtymyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Munuň özi iki dostlukly ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda medeni alyşmalar ýola goýuldy, onuň çäklerinde ylmy maslahatlar, iki ýurduň meşhur aýdymçylarynyň çykyşlary, sergiler, kinofilmleriň görkezilişleri, beýleki bilelikdäki çäreler guralýar. Şeýle-de Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik işgärleri gazagystanly kärdeşleri bilen bilelikde dostlukly ýurduň dürli sebitlerinde Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan «Ismim düşdi ilden-ile» atly dokumental filmi surata düşürýärler.

Möhüm ulgamlarda belent sepgitler

9-njy oktýabrda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň dabaraly açylyşy boldy. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazly çykyşlary halkara serginiň açylyş dabarasyna baýramçylyk ruhuny çaýdy. Ýygnananlar halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny diňlediler. Gutlagda ýurdumyzda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada bellenilýär. Soňra myhmanlar sergi pawilýonlary bilen tanyşdylar. Sergide ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş depgini, Türkmenistanyň lukmançylyk ylmynda we senagatynda, ilatyň saglygyny goramakda ýeten sepgitleri, ägirt uly kuwwaty, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamdaky işjeň gatnaşyklara barha artýan gyzyklanmalary öz beýanyny tapýar. Sergä öz diwarlyklary bilen gatnaşýanlaryň arasynda Russiýadan, Belarusdan, Germaniýadan, ABŞ-dan, Fransiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Hindistandan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan we beýleki döwletlerden lukmançylyk hyzmatlarynyň, tebigy gözellik serişdeleriniň, çaga iýmitiniň dürli görnüşlerini hödürleýän, dermanlary, lukmançylyk enjamlaryny, sarp ediş harytlaryny öndürýän kompaniýalar bar.

Beýik akyldaryň heýkeli — Moskwada

Häzirki wagta çenli daşary ýurtlaryň birnäçesinde şahyryň ýadygärlikleri oturdyldy we oturdylýar. Diňe Russiýa Federasiýasynyň çäginde dana Pyragynyň dürli ululykdaky heýkelleriniň 3-sine duşmak bolýar. Ozal Stawropol ülkesiniň Edelbaý obasynda, Astrahan oblastyndaky döwlet uniwersitetinde, şol oblastyň Funtowo obasyndaky orta mekdepde görnükli söz ussadynyň keşbi «janlandyrylan» heýkeltaraşlyk eserleri oturdylan bolsa, ýakynda Moskwanyň gözel künjekleriniň birinde-de şahyryň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy. M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa döwlet daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynyň öňündäki meýdança dünýä belli akyldarlaryň we edebiýatçylaryň ençemesiniň jemlenip, döwre gurap oturan künjegini ýada salýar. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň başlangyjy esasynda türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragy hem indi ol ýerden orun aldy. Şahyryň heýkeliniň açylmagy mynasybetli bu ýerde ýörite dabara guralyp, ol ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasy tarapyndan söz ussadynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň şanyna dostlukly döwletde geçirilýän baý mazmunly çäreleriň iň esasylarynyň birine öwrüldi. RF-niň medeniýet ministriniň orunbasary S.Perşin, Russiýanyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili M.Şwydkoý, A.M.Gorçakow adyndaky Jemgyýetçilik diplomatiýasyna goldaw bermek boýunça gaznanyň ýerine ýetiriji direktory L.Draçewskiý, Bütinrussiýa d

Gruzin dilindäki neşir tanyşdyryld

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň gruzin diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da çy­kyş eden­ler şa­hy­ryň goş­gu­la­ry­nyň gru­zin di­li­ne ter­ji­me edil­me­gi­niň di­ňe bir Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga däl, eý­sem, tu­tuş türk­men hal­ky­na hem bil­di­ril­ýän uly hor­ma­tyň ny­şa­ny hök­mün­de ka­bul edi­len­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, soň­ky ýyl­lar­da türk­men-gru­zin gat­na­şyk­la­ry äh­li ugur­lar, şol san­da me­de­ni-yn­san­per­wer ugur bo­ýun­ça saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­ýär. Şol bir wag­tyň özün­de, iki hal­kyň dö­re­di­ji­lik we yl­my in­tel­li­gen­si­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da­ky ede­bi gat­na­şyk­lar has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýar.