Adam hukuklarynyň konstitusion kepillikleri
Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, onda adam jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edilendir. Bu günki günde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli kanunçylygyň we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini goramak we kepillendirmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goralmagynyň döwletimiz tarapyndan kepillendirilýändigini doly tassyklaýar. Onda berkidilen demokratik ýörelgeler adamyň, raýatyň durmuş hem-de ykdysady kepillikleriniň, syýasy hukuklarynyň üpjün edilmegine, erkin ýaşamagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Esasy Kanunymyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyňdyr azatlyklarynyň deňligi, milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk, wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlaryna garamazdan, olaryň kanunyň, kazyýetiň öňündäki deňligi, erkekleriň we aýallaryň deňhukuklylygy kepillendirilýär. Bu ýörelgeler öz gözbaşyny Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyndan alyp gaýdýar.