Paýhas akabasynyň zerbap serpaýy
Türkmen halkynyň beýik şahyry, Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda agzybirligiň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň we özara düşünişmegiň tarapdary bolup çykyş edýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň döredijilik kuwwaty gitdigiçe artýar, ýurdumyzyň syýasy-ykdysady we medeni durmuşynda bolup geçýän wakalar, gazanylýan ägirt uly netijeler täze buýsandyryjy sepgitlere ulaşýar. Ýaňy-ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy tamamlanyp barýan 2024-nji şanly ýylyň iň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Bu taryhy ähmiýetli eseriň ata Watanymyzda uly dabara bilen bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda halkymyza peşgeş berilmegi at-abraýy dünýä ýaýran Türkmenistan döwletimiziň gadymy taryhynyň, baý medeniýetiniň, ummasyz miras gymmatlyklarynyň halkara giňişligindäki şöhratly ornuny has-da belende galdyrdy. Aýratyn-da Gahryman Arkadagymyzyň täze ýazan kitabynyň ilkinji nusgasyny pederlerimiziň miras galdyran gymmatlyklaryna çäksiz sarpa goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza hormat bilen ibermegi, hormatly Prezidentimiziň hem şeýle ajaýyp eseri döredendigi mynasybetli Milli Liderimize mähirli gutlagyny ýollamagy mähriban halkymyzyň dowamatlyly