Netijeli başlangyçlar we çözgütler — täze üstünlikleriň binýady
Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde rowaçlyklara beslenýändiginiň, durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. 2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna hem-de Oba milli maksatnamasynyň berjaý edilişine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Onda bugdaýa agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, geljek ýylda gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak, möwsümleýin işlerde daýhanlary zerur serişdeler bilen üpjün etmek, biokärhanalarda işleri ýokary derejede guramak meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen bir hatarda, pagta öndürijiler bilen doly hasaplaşyklary geçirmek, daýhan birleşiklerinde oba hojalyk işleri üçin sarp edilen nebit önümlerine tölegleriň geçirilişini gözegçilikde saklamak, welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat edýän edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek, Mary welaýatynda ýetişdir