Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar! Sizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň halkara baýramy — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bütindünýä welosiped güni dostlugyň, parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan baýram hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin dünýä bileleşigi bilen birlikde, eziz Diýarymyzda hem bu sene ýokary ruhubelentlikde, giňden bellenilýär.