Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, içeri işler ministri Hydyrow Muhammet Allamyradowiçe käýinç yglan edildi. ***

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Daşoguz şäheri, 2024-nji ýylyň 5-nji iýuny) Eziz watandaşlar!

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary: Watanymyzyň energetika kuwwatyny artdyrýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen sazlaşyklylykda  elektroenergetika pudagy hem ösüşlerini belentden-belent sepgitlere ýetirýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly tagallalary esasynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda gazanylýan şeýle üstünlikler Arkadagly eýýamymyzda dünýä bazarynda sarp edijilere elektrik energiýasyny eksport etmekde toplan  baý tejribämizi dabaralandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda 5-nji iýunda açylyp ulanmaga berlen Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasy hem munuň nobatdaky beýany boldy.

Arkadag şäheri — sahawat mekany

Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlarynyň hem-de ýadawsyz tagallalarynyň netijesinde eziz Watanymyzda sebitde ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheri bina edildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen we ýaşaýyş üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän «akylly» şäheriň kemala gelmegi ýurdumyzyň berk binýatly, ykdysady taýdan kuwwatly döwletdigini bütin dünýä äşgär etdi. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan kemala gelen Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy alnyp barylýar. Onda, esasan, önümçilik toplumlarynyň bina ediljekdigini nazara alyp, bu ýerdäki gurluşyklarda häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň giňden peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýakynda Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi.

Döwletliligiň gözbaşy

Çagalaryň ylymly-bilimli, watanperwer nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda alnyp barylýan belent maksatly özgertmeler köpmilletli agzybir halkymyzy buýsandyrýar. Körpe nesilleri bagtyýar geljegi ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň işgärleriniň beren gürrüňlerini halkymyz bilen paýlaşmagy müwessa bildik. Maýagözel Hojamberdiýewa, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň müdiriniň orunbasary:

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Hajarbibi HANDURDYÝEWA,Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Maglumatlar merkeziniň 1-nji derejeli hünärmeni: — Şu ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň guramagynda Ylymlar güni hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň kazyýet hem-de ylym-bilim edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy — watançylyk terbiýesiniň gözbaşy»  atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Bagtdan serpaýly menziller

Mähriban Watanymyzyň gözel keşbinden ganma ýok. Arassa asmana ýaraşyk berip, asuda pasyrdaýan ýaşyl baýdagyň roýy ynsan balasyny ýeneki ösüşlere ruhlandyrýar. Köpetdagyň eteginde ynsan eli bilen kemala gelen ýaşyl zolaklary synlaýarkaň, peder pentleri hakydaňda janlanýar-da: «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär...» diýip pyşyrdanyňam duýman galýarsyň. «Bäş gat, dokuz gat, on iki gat» diýip tarypy ýetirilýän ýaşaýyş jaýlaryndan aňsat-aňsat ünsüňi sowup, nazaryňy aýrasyň gelmeýär. Şol ýakymly pursatlarda eziz Diýarymyza ýaraşyk berýän awtomobil ýollaram hyýalyňa dolýar. Gurluşygyň näçeler çig mal goruny talap edýändigi baradaky pikirleriň seni ýakynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ulanmaga berlen Bäherden sement zawodyna sary alyp gidýär.

Pyragynyň heýkeli — ruhy kämilligiň nusgasy

Öz halkynyň berkarar döwlet gurup, erkana ýaşamagy ugrunda öçmez-ýitmez şygyrlar döredip, türkmeniň kalbynda, durmuşynda, ruhy dünýäsinde yz goýan, Gündogaryň beýik akyldary hökmünde ady dünýä dolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanyna dünýäniň çar künjeginde dabaralar geçirilýär. Beýik Pyragynyň ömri, döredijiligi, edebi mirasy has çuň öwrenilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy, uly tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň dabaralaryny halkara derejä çykarmakda köp işler bitirildi. Akyldar şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenjek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi şahyryň şan-şöhratyny dünýäde ýene bir gez beýgeltdi.

Beýik binalar görner

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda gurlup ulanmaga berlen 136 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlaryny synlanyňda, maşgalanyň ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigine göz ýetirmek bolýar. Bu ýerde tutulan toý dabaralarynda halkymyzyň milli däp-dessurlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Gelin-gyzlaryň taýýarlan milli tagamlary, eli çeper zenanlaryň ýerine ýetiren el işleri, inçelik bilen bejerilen keşdeler, ussatlyk bilen güllenen keçelerdir dokalan halylar bu künjekde tutulan jaý toýlarynyň many-mazmunyny artdyrdy. Maşgala binýadynyň berkliginde, nesil terbiýesinde eneleriň mynasyp ornunyň bardygyny açyp görkezýän bu pursatlar ynsan kalbyny gözellige besledi. Toý dabaranyň bezegi bolan körpeleriň şatlygy, milli oýunlar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şan-şöhratynyň egsilmeýändigini äleme ýaýdy.

Il-gününiň sözlär tili, danasy

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şildiräp akýan çeşme suwy ýaly, baharyň mymyk şemaly kimin kalbyňa rahatlyk berýän dürdäne setirleri özüniň ölmez-ýitmezligi, mährem-mähribanlygy, dogruçyllygy, diliniň sadalygy, şirinligi bilen kalbyňa çuňdan ornaýar. Asyrlar ötüp, heňňamlar geçse-de, gymmatyny ýitirmän, her döwürde-de adamlaryň göwnüni awlap, kalbyny ýyladyp bilýän, duýgularyny heýjana salyp, aňyna ýiti täsir edip bilýän şahyryň sözlerine döredilen aýdymlaram göwünlere melhem, köňüllere aram bolup ýaňlanýar. Sada dilde, sagdyn kapiýada ýazylan şygyrlar ýöriteläp ýat tutmasaň-da, dessine ýadyňda galýar. Onuň «sözleri saza goşsaň uz bolup» aýdym ýaly owadan, akgynlylygy bilen dünýäňe dolýar. Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejedäki baýramçylyk edip toýlamak baradaky Kararynyň özi hem tutuş halkymyza ýapylan sahawat serpaýydyr. Çünki gyzylyň gyryndysy ýaly dürdäne, kämil paýhas dünýä dolup, ony kemala getiren halkyň adyny bütin äleme ýaýýar. Dana şahyryň adynyň sarpalanan, arzylanan ýerinde bolsa hökman türkmeniň ady mertebelenýär. Sözüniň rastdygynyň, şerhiniň köplüginiň, dogrulygynyň ykrar edilmegi şahyry dünýä beren halkyň beýikliginiň ykrarnamasydyr. Täzegül HAPYZOWA,

Türkmenistanda bitewi halkalaýyn energoulgam döredildi

5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uçary Daşoguz Halkara howa menziline gondy. Döwlet Baştutanymyz awtoulagda dabaranyň geçirilýän ýerine ugrady. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Daşoguz welaýatynyň häkimi, köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Daşoguz şäheri, 2024-nji ýylyň 5-nji iýuny) Eziz watandaşlar!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriňiziň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Türkmenistanda bitewi halkalaýyn energoulgam döredildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze elektroenergetika desgalarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy 5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy.

Pähim-paýhas ýörelgesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan pähim-paýhasyny, ahlak we durmuş ýörelgelerini täze şertlerde olaryň many-mazmunyny umumadamzat ruhy gymmatlyklary bilen baglanyşykda açyp, ýurdumyzda geçirilýän dürli özgerişleriň paýhas esasy boljak filosofiýa gereklenýär. Bize türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ündelýän halkymyzyň durmuş filosofiýasy gerek. Bilşimiz ýaly, türkmen halky öz taryhynyň dowamynda ýurtda ýaşan danalaryň pähim-paýhasyna eýeren, öz durmuşynda olaryň öňe süren ýol-ýörelgelerinden ugur alan, iliň kabul eden ýol-ýörelgeleri «türkmençilik» diýen pähimde jemlenip, halkymyzyň ynsaply ýaşaýyş paýhasy, ýagny onuň durmuş filosofiýasy bolup çykyş edýär. Bu günki gün biziň ýurdumyzda adamzat jemgyýetiniň has göwnejaý görnüşini, onda adamyň köp görnüşli bähbitlerini, zähmete, eýeçilige, öz pikirini erkin beýan etmäge we goramaga bolan düýpli hukuklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirýän jemgyýetçilik gurluşy kemala gelýär. Jemgyýet ykdysady ösüşi gazanmak bilen bir hatarda durmuş maksatnamalary giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlara ugrugýar. Biz häzirki zaman jemgyýetiniň hakyky gymmatlygynyň, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, baýlyklarda däl-de adamlardadygyndan, olaryň bilimindediginden, hünär derejesindediginden we zähmetiniň netijesindediginden ugu

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Daşoguz şäheri, 2024-nji ýylyň 5-nji iýuny) Eziz watandaşlar!Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Daşoguz şäheri, 2024-nji ýylyň 5-nji iýuny) Eziz watandaşlar!Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Türkmenistanda bitewi halkalaýyn energoulgam döredildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze elektroenergetika desgalarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy 5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bu möhüm wakasy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde wajyp ähmiýete eýe bolan ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ösüş taryhynda nobatdaky sahypany açdy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriňiziň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Daşoguz şäheri, 2024-nji ýylyň 5-nji iýuny) Eziz watandaşlar!Hormatly dabara gatnaşyjylar!