Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili
Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba ýerlerinde amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze derejelere göterilip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda dok däneli bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde güýç-gaýratyny gaýgyrmandyrlar. Her bir gallaçy kärendeçi üçin bereketli hasyl bolelin ýaşamagyň binýadydyr, hünär taýdan ussatlygyň synagydyr. Şoňa görä, ýylyň-ýylyna ýurdumyzda halal zähmet çekmegiň göreldesini, netijeli işlemäge ukyplydygyny görkezýän daýhanlaryň sany barha artýar. Häzirki wagtda Diýarymyzda bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerde hasyly ýygnap almak işi depginli alnyp barylýar. Ekerançylyk ýerlerinde bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşleri ekildi.