Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

«Akylly» şäherler konsepsiýasy ähli sebitlere nusgalyk bolmalydyr

16-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Irden döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurulýan köpugurly işewür merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde wise-premýer Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimize şu desgada, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Abadan durmuşyň bähbidine

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherini hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky möhüm meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, ýazky ekiş möwsümine hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.

Täze desgalarda dünýäniň iň gowy tejribeleri giňden ulanylmalydyr

16-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Irden döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurulýan köpugurly işewür merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde wise-premýer Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimize bu desgada geçirilýän degişli işler, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

«Akylly» şäherler: geljege gönükdirilen iri taslamalar

Muny hormatly Prezidentimiziň 16-njy martda paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş sapary hem aýdyň tassyklaýar Irden milli Liderimiz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurulýan köpugurly işewür merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza bu desgada geçirilýän degişli işler, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz «Laçyn» seýilgähiniň gurluşygynyň tapgyrlary we ýerleşişiniň aýratynlyklary, onuň çäginde guruljak beýleki desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, milli Liderimiz ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesine möhüm üns berilmelidigini aýtdy, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Anyk maksatlar — netijeli çözgütler

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherini hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky möhüm meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, ýazky ekiş möwsümine, şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Milli Liderimiz iş maslahatyny açyp, ilki bilen, paýtagtymyza gözegçilik edýän wise-premýeri hem-de Aşgabat şäheriniň häkimini göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleriniň barşy, şeýle hem ýazky bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şanly wakalar mynasybetli açylyp, ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalardaky işleri öz wagtynda tamamlamagyň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu babatda tabşyryklary berdi.

Aşgabat — baky bagtyň säheri

Aziýanyň merjen şäherine öwrülen Aşgabat häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk syýasaty netijesinde dünýäniň iň owadan we arassa şäherleriniň biri hökmünde tanalýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy uludan tutuljak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda baş şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny giňden belläp geçeris. Ministrler Kabinetiniň 26-njy fewralda geçirilen mejlisinde bu şanly senäni dabaraly geçirmek boýunça Hökümet topary döredildi we 35 bölümden ybarat meýilnama tassyklanyldy. Munuň özi paýtagtymyzy ösdürmek we ony has-da gözelleşdirmek meseleleriniň milli Liderimiziň yzygiderli üns merkezinde durýandygyny doly subut edýär. Aşgabat — ak mermerli binalaryň mesgeni. Bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen, paýtagtymyzyň binagärlik keşbi tanalmaz derejede özgerýär. Bu ýerde bina edilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar bilen paýtagtymyzyň şähergurluşyk infrastrukturasy has-da ösýär. Baş şäherimizde amala aşyrylýan şeýle giň gerimli özgertmeler netijesinde Aşgabat gülläp ösýän ajaýyp şäher we möhüm ykdysady merkez hökmünde ykrar edilýär.

Döwrebap tehnologiýalara daýanyp

Aşgabadyň häzirki zaman şähergurluşyk syýasatyny öňe sürýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz we onuň töwerekleri boýunça guraýan iş saparlarynyň dowamynda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşýar. Milli Liderimiz hünärmenleriň we işgärleriň iş şertleri, olaryň durmuşa geçirýän çäreleriniň netijeleri bilen gyzyklanyp, gurluşyk meýdançalarynda ulanylýan serişdeleriň hili we amala aşyrylýan taslamalaryň ahyrky netijesine täsiri bolan beýleki köpsanly meseleler bilen gyzyklanyp durýar. Arkadag Prezidentimiziň hut şeýle yzygiderli aladalary netijesinde paýtagtymyz gülläp ösdi we dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Paýtagtymyz ak mermerli belent binalary bilen ýylsaýyn öz çägini giňeldýär, abadanlaşdyrylýar we häzirki zaman şäherine, halkara derejesindäki syýasy we işewür merkezine öwrülýär hem-de dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylary özüne çekýär. Milli Liderimiz işiniň köpdügine garamazdan, paýtagtymyzyň amatly, häzirki zaman we myhmansöýer şäher hökmündäki derejesine laýyk gelýän möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilişini hut özi gözegçilikde saklaýar.

Gurýan döwlet gurpludyr

16-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Irden döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurulýan köpugurly işewür merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasyna gelip, bu ýerde wise-premýer Ş.Durdylyýewiň bu desgada geçirilýän, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabatyny diňledi. Häzirki wagtda bu köpugurly işewür merkezli myhmanhananyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Möhüm ugurlarda derwaýys çözgütler

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň paýtagtyny hem-de welaýatlarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, ýazky ekiş möwsümine hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleriniň barşy, ýazky bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaça ekişine taýýarlyk görmek, daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän agrotehniki çäreler, gök-bakja ekinleriniň we miweleriň bereketli hasylyny almak üçin geçirilýän zerur işler, maldarçylyk hojalyklarynyň ýagdaýy we dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi, şeýle hem, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri öz wagtynda çözmek we meýilnamalaýyn işleri ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýa

«Akylly» şäherler — milli binagärlik ulgamynyň geljegi

Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyz we Ahal welaýaty boýunça iş sapary 16-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Öňde durýan anyk wezipeler kesgitlenildi

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherini hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky möhüm meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, ýazky ekiş möwsümine hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.

Habarlar

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ GUTLAGYTürkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergä hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Gutlagda şeýle diýilýär: «Bu dabaraly çäreleriň geçirilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Çünki, berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giňden baýram edilýän ýylynda guralýan sergi hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna, ýurdumyzyň telekeçilerine berilýän döwlet goldawlarynyň öz miwelerini berýändigine şaýatlyk edýär». * * *

Arkadagyň sahawaty — oňyn durmuş syýasaty

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ilaty durmuş taýdan goramak babatda ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýan ilatyň durmuş goraglylygy we durmuş üpjünçiligi halkymyzyň milli ýörelgelerinden, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly asylly häsiýetlerinden gözbaş alýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan durmuş özgertmeleri ilatyň ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygar milli Liderimiziň ýurdumyzda bagtyýar raýatlarymyzyň bolelin ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesidir. Bedew bady bilen öňe barýan gözel Diýarymyzyň ähli pudaklarynda, dürli ulgamlarynda gazanylýan zähmet üstünlikleriniň esasynda hem döwletiň adam hakynda edýän aladasy durýar. Ýagny, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler, zähmet üstünlikleri raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilýär. Ýurdumyzyň döwlet býujetiniň esasy bölegi ilatymyzyň durmuş zerurlyklaryna gönükdirilip, her ýyl zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle hem medeni-durmuş maksatly döwrebap desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär.

Gerçekler öňe saýlandy

Ýakynda maýor Hoşgeldi Muhyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde podpolkownik Azat Altyýewiň guramagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň meýilnamasy esasynda yglan edilen «Gerçek ýigit — goç ýigit» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşik diýseň çekeleşikli we gyzykly geçdi. Ýaryşa gatnaşyjylar bäsleşigiň Düzgünnamasyna görä aýdym aýtmak, çeper okaýyş, gumanitar taýýarlygyndan test sowallaryna jogap bermek we beden taýýarlygy boýunça bäsleşdiler. Ýaryş ezber, başarjaň, tutanýerli gerçek hem-de goç ýigitleriň birnäçesini ýüze çykardy. Bäsleşigiň netijesi boýunça çagyryş boýunça harby gullugyň seržanty Hangeldi Hudaýgulyýew 1-nji, kiçi seržant Abdulaziz Annamämmedow 2-nji, esger Mekan Öwezmyradow bolsa 3-nji orna mynasyp bolup, TMÝG-niň şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary we serkerdäniň adyndan Hormat hatlary bilen sylaglandylar. Tirkeşmyrat ATAMYRADOW, maýor.

Parahatçylygyň döreýşi

Aslynda «Türkmen parahatçylygy» diýen düşünje asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýar. Onuň türkmenleriň taryhyndaky özboluşly geçen ýoly, biziň häzirki bagtyýarlyk döwrümize ajaýyp sazlaşyk bilen goşulýar. «Parahatçylyk» diýen düşünje, gadymy halkymyzda «dünýägaraýyş» diýen beýik pelsepä ulaşýar. Dünýägaraýyş bolsa, jümle-jahanda asuda, abadan ýaşaýşy diňe bir ykrar etmek däl-de, eýsem, ony berkarar etmekden ybaratdyr. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmen eýýamynda «parahatçylyk» sözi goňşy döwletleriň özara ylalaşygynda ýüze çykypdyr. Goňşy-goňşudan arkaýyn bolsa, onda her bir döwlet özüniň abadan ösüşini üpjün edip bilýär. Goňşular bolup, uzakdan gelen ýowy agzybirlikde gaýtaryp, parahatçylygy, ýeňşi gazanmak iň bir möhüm şertdir. Munuň üçin bolsa, hökmany suratda birek-birege bolan ynam gerek. Diňe ynamyň bar ýerinde parahatçylygy berkarar edip bolýar.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherini hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky möhüm meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, ýazky ekiş möwsümine hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Türkmenistan “akylly” şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge çalyşýar

16-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Irden döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurulýan köpugurly işewür merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde wise-premýer Ş. Durdylyýew hormatly Prezidentimize bu desgada geçirilýän degişli işler, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Türkmenistan “akylly” şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge çalyşýar

Milli Liderimiziň paýtagtymyz we Ahal welaýaty boýunça iş sapary Aşgabat — Ahal welaýaty 16-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Halk bähbidini nazarlaýan beýik işler

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherini hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky möhüm meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, ýazky ekiş möwsümine hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.

Ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär

13-nji martda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 13-nji maslahaty geçirildi. Onda birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Bu täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek baradaky toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Maslahata gatnaşmaga birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Gün tertibine laýyklykda, «Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy parlamentarileriň garamagyna hödürlenildi. «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.