Açgöz garga (Iňlis tymsaly)
Asmanda gezýän jandarlaryň şasy bolan bürgüt düzde agaýana otlap ýören goýun sürüsiniň üstünden öwrüm etdi-de, birden aşaklygyna gaýtdy. Süriniň içinde dünýäň gaýgysyny etmän gezip ýören guzujygy kuwwatly penjesine gysyp, asmana göterilip, ýitip gitdi. Bu wakany gören garga: «Şunuň ýaly äpet guş bolubam, alyp gidýäni bir kiçijik guzy. Ähli ganatlylaryň şasy halyňa dagy aw edeniňde, haýwanlaryň iň naýbaşysyna ýapyşmaly ahyry» — diýip gargyndy. Garaz, garganyň bürgüdiň hereketine göwni ýetmedi. Göwnünde bir uly goýny penjesine gysaga-da, asmana göterilip, bürgüde görünmek, öwünmek isledi. Bürgüdiň edişi ýaly, süriniň üstünden öwrüm etdi-de, goýunlardan iň naýbaşysyny saýlady. Bürgüt kimin asmandan indirilip gaýtdy-da, saýlan goýnuny penjesinde göterip, uçmak isledi, ýöne goýun ýerinden gozganar ýaly däl. Garga goýnuň derisinden tutýandyryn öýdüp, özüniň dyrnakly aýaklaryny goýnuň ýüňüne has mäkäm çolaşdyrdy.