Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ýagşylyk

(Hekaýa) Guwanç pasyllaryň içinde aýratyn güýz paslyny halaýardy. Her kim oňa güýz paslynda doglany üçin şeýledir öýdýärdi, ýöne ol ýazda doglupdy. Ol güýz paslynda ejesiniň elinden tutup, ilkinji gezek mekdebiň gapysyndan barypdy. Birnäçe ýyllap çagalar bagyna gatnan oglanjyga, ejesiniň ak patasy bilen günde irden mekdebe hem gatnamak nesip etdi. Ençeme ýyllar geçse hem, Guwanjyň kalbynda bu çagalyk pursatlary hemişelik aňynda galypdy. Ol mekdebe gatnap başlanyndan öz wepaly dosty Polat bilen dostlaşypdy. Indi ol mekdebe has hem höwesli gatnaýardy.

Watanyňa guwan!

Säher açylan,Gülüňe guwan!Sen saýrap bilýän,Diliňe guwan! Garaşsyzlykda,Bagtyýar türkmen.Bitaraplykda,Bagty bar türkmen.

Akyl­da­ryň eser­le­ri dün­ýä dil­le­rin­de

«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024 Toý­la­ry to­ýa ulaş­ýan eziz Di­ýa­ry­myz­da «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly üs­tün­lik­ler bi­len ösüş­ler­den ösüş­le­re bar­ýar. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­lyk to­ýu­nyň toý­lan­ýan ýy­lyn­da hem ga­dym­dan gel­ýän mil­li me­de­ni­ýe­ti­miz dün­ýä ýa­ýyl­ýar. Bu ba­bat­da mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, me­de­ni mi­ra­sy­my­zyň çuň­ňur öw­re­nil­me­gi ýa­ly ugur­la­ry aý­ra­tyn gör­kez­mek bo­lar. Bu bol­sa halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost-do­gan­ly­gyň aý­dyň ýo­lu­ny üp­jün ed­ýär.

Mag­tym­gu­ly halk ýadyndan aýrylma!

«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024 Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ar­zuw­lan döw­ri

Mag­tym­gu­ly – buý­san­jy­dyr türk­me­niň

«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024 Mag­tym­gu­ly — çy­ra­gym

Süý­ji sö­züň gud­ra­ty

«7/24.tm»: №43 (230) 21.10.2024 (Bo­lan waka)

Abaý Kunanbaýewiň heýkeli

Görnükli gazak şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň ussatlyk bilen bina edilen bu heýkeli häzir mermer paýtagtymyzyň iň bir gözel ýerleriniň birini bezeýär. Mawy giňişlige sary uzap gidýän bu heýkel göýä janly mysaly, seni şygyrly dünýä sary alyp gidýär. Çep eli bilen ähli halklarda-da mukaddeslik hasaplanýan kitaby bagryna basyp, sag eli bilen bolsa haýsydyr bir wakany suratlandyrýan ussadyň bu hereketlerinde nähilidir bir çagyryş bar ýaly duýulýar. Çünki şahyr öňdebaryjy bolup, goşgularynyň üsti bilen halky asuda, bagtyýar günlere çagyrypdyr. Gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy Abaý Kunanbaýew Magtymguly atamyz ýaly, dünýä edebiýatynda uly orun tutýan şahyrlaryň biridir. Onuň külli adamzada degişli paýhasly dürdäneleri türkmen okyjylarynyň hem ýüreginde giňden orun aldy. Bu günki günde bu heýkele gözüň düşende, şahyryň «Köp zady bilmäge çalyş!» diýen ýaly paýhaslary ýadyňa düşýär, hakydaňda oýanýar. Döredijilik işgäri hökmünde bu heýkeliň açylyş dabarasyna gatnaşandygym, «Gül ajaýyp sowgatdyr, adamlara jennetden...» diýlip wasp edilen gül desselerini goýandygym üçin özümi iň bir bagtyýar adamlaryň biri hasaplaýaryn.

Pyragyly dünýäniň şeýdasy

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi bu günki gün umumadamzat köňülleriniň gymmatlygy hökmünde doly ykrar edildi. Her bir sözi many ummany bolan şygyrlaryň dünýä ynsanlarynyň kalplaryna barýan ýoly geçmeginde dürli halklardan bolan edebiýatçy alymlar zähmetini, yhlasyny, iň esasysy-da, Pyragynyň döredijiligine bolan çäksiz söýgüsini siňdirdiler. Şolaryň biri-de görnükli türk alymy, Pamukkale uniwersitetiniň professory Soner Saglamdyr. Türkiýäniň «Türk edebiýaty, medeniýeti, bilimi» atly žurnalynyň 2014-nji ýylda çap edilen 3-nji tomunyň 2-nji sanynda Soner Saglamyň «Magtymgulynyň edebi şahsyýetiniň kemala gelmeginde kakasy Döwletmämmet Azadynyň täsiri» atly işi bar. Alymyň işiniň esasy maksady XVIII asyrda türkmenleriň jemgyýetçilik we syýasy ýagdaýyny, Azadynyň ogly Magtymgula eden täsirini, olaryň eserleriniň tema, dil, aýratynlyklaryny açyp görkezmekden ybarat. Şahyrlaryň ikisiniňem goşgularyndan mysallar getirilip, olaryň manylary düşündirilýär. Professor pikirlerini jemläp, şeýle belleýär: «Türkmenleriň juda söýen we milli şahyr hökmünde kabul eden Magtymgulynyň dünýägaraýşynyň, edebi döredijiliginiň kemala gelmeginde kakasy Azadynyň täsirini, onuň eden tagallalarynyň oňyn netijeleri berendigini görkezmek pedagogik nukdaýnazardan gaty möhümdir». Alym Magtymgulynyň has kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde kakasynyň ilkinji mugallymy hökmünde be

Şanly ýyldan Şa serpaýly

Abdurahman GÜZELBaşkent uniwersitetiniň Alyşir Nowaýy adyndaky Ylmy-barlag merkeziniň ýolbaşçysy, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor: — Bütin adamzat şahyry hem akyldary hökmünde ykrar edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýy mynasybetli türkmen topragynda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyna gatnaşmagym, şeýle hem «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp saýylmagym edebiýatçy alym, terjimeçi hökmünde başymy gök diretdi. Beýik şahyr Pyragy türk halkynyň arasynda-da meşhurdyr. «Nuru-l beýan» ady bilen mukaddes Kurany türk diline terjime eden türk alymy Şeýh Muhsin-i Fani az-Zahiri tarapyndan hijri-kamary hasaby boýunça 1340-njy ýylda (1921) Türkiýäniň stambul şäherinde «Mahdumkulu diwany we ýedi asyrlyk türkje bir menzume» ady bilen beýik akyldaryň şygyrlary düşündirişi bilen çap edilýär. Ilki şol neşir türk okyjylaryny beýik şahyryň eserleri bilen ýakyndan tanyşdyrypdy.

Şygryýet

Bentler Watan biziň abraýymyz, sarpamyz,Watan biziň şu günümiz, ertämiz.Ol hemişe kalbymyza nur saçýanAk ýolumyz hem penakär arkamyz.

«Uçup gitdi Horasanyň durnasy...»

Wagt gowy zatlaryň gymmatyny artdyrýar. Many gatlagyny galňadýar. Gahryman Arkadagymyzyň biziň durmuş kitabymyza ýazan «Medeniýet şäherçesi» atly ebedi eseriniň many çuňňurlygyny-da wagt atly hökmürowan bize ädimsaýyn düşündirip gidip otyr. Gonalga edinen güzerini taşlap, nämälim alyslyklara uçup gidýän durnalar kimin ýap-ýaňyja-da aramyzda gezip ýören ussatlaryň ömri okalmadyk sahypalaryny güjeňläp oturan kitaba meňzäp barýar... Ýaşuly adamlaryň köňli söýen, jemlenişip, süýji-süýji söhbetleri paýlaşýan, hekem eden ýerleri bolýar. On ýyl gowrak wagtyň içinde biziň şäherçämizde-de şeýle künjek emele geldi. Çagajyklaryň oýnaýan ýeriniň bir gyrasynda, daşyna tor germew aýlanan futbol meýdançasyna dirägede seteran goýlan oturgyçlar — ýaşulularymyzyň Gün ýaşyberende başlary jemlenýän gonalgasy. Ýaňy-ýaňylaram Atamyrat Atabaý, Nobatguly Rejep, Nowruz Gurbanmyrat, Täçmämmet Jürdek, Kömek Kuly... ýaly halypalaryň birinden-birini göreýin diýseň, şol ýere baraýmalydy. Aradan uly bir döwür geçmese-de, kem-kem biziň şol mümkinçiligimiziň ornuny ýatlamalar eýeläp gidip barýar.

Halypalar

Sagadyma diýdim: «Howlukma şu gün,Häzir her minutym gyzyldan gymmat.Ertire bir goşgy ýetişdirmeli,Şu gün haýyş etdi «Edebiýat-sungat». Kerim GURBANNEPESOW,Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

Pyragy dünýä dillerinde

Ýakynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medalynyň eýesi, Alyşir Nowaýy adyndaky Daşkent döwlet özbek dili we edebiýaty uniwersitetiniň professory Bahodir Karimowyň «Magtymgulynyň waspy» atly goşgusynyň özbek, türkmen, türk, azerbaýjan, garagalpak, gazak, gyrgyz, iňlis, hytaý, nemes, arap, pars dillerindäki nusgalary girizilen kitaby okyjylara gowuşdy. Daşkent şäheriniň «Tubo nashr» neşirýaty tarapyndan neşir edilen kitapda tanymal özbek alymy hem şahyry dana Pyragynyň edebi mirasyna bolan buýsançnamasyny ýakyn we alys ýurtlaryň magtymgulyşynaslary bilen paýlaşýar. * * *

Mihail Lermontow

Beýik rus şahyry, ýazyjysy, dramaturgy, suratkeşi Mihail Ýurýewiç Lermontow 1814-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Moskwada dünýä inýär. Ýaňy üç ýaşyndaka ejesi dünýäden öten geljekki şahyry enesi terbiýeleýär. Agtyjagyny jandan söýýän Ýelizaweta Alekseýewna Arsenýewa oňa ýeterlik bilim bermek üçin çykdajyny gaýgyrmaýar. Ony Moskwa uniwersitetiniň ýanyndaky asylzadalar mekdebine okuwa berýär. Mihail ol ýerde okan döwründe iňlis edebiýatyny giňişleýin özleşdirýär, dört dili, birnäçe saz guralyny çalmagy öwrenýär, surat çekmek bilen meşgullanýar. Onuň goşgularynyň ilkinji gezek neşir edilmegi-de pansionda okan ýyllaryna gabat gelýär.

Körpelere okap beriň!

Tuýuglar çemeni Çöl gijesi

Akyldary arşa göteren eser

Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy akyldar şahyryň adyny arşa göteren eser bolmak bilen, döredijilik bilen meşgullanýan ähli raýatlar üçin nusgalyk mekdebe öwrüldi. Şu ýerde Milli Liderimiziň şol goşgusynyň käbir setirlerine ýüzlensek ýerlikli bolar:

El ýazgysy — il ýazgydy

Magtymguly Pyragy ýaşlygyndan ylmyny çykan paýhasly ýigitler bilen kyýamatlyk dogan bolup, olar bilen gatnaşyk saklapdyr. Hatda Nury Kazym hem Nazaraly bilen ömrüniň juwanlyk ýyllaryny ylym-bilim ýolunda geçiripdir. Ynha, indi bolsa Magtymguly gojalyga gol berdi. Dana Magtymguly öz obasynda örän ylymly adamlaryň biri bilen hemsyrdaş bolup, hemişe onuň bilen maslahatly ýaşapdyr. Goja Magtymgulynyň ýürekdeş  dostunyň adyna Begaly şyh diýipdirler. Magtymguly ýazan goşgularyny hökman Begaly şyha okap beripdir. Begaly goşgy ýazmasa-da, goşgudan başy çykýan, oňa çeperçilik taýdan düşünýän giň düşünjeli adam bolupdyr. Bir gün Begaly dostunyň täze ýazan şygyrlaryny diňläp, şeýle diýýär: — Magtymguly, sen gojalyk bilen ýüzbe-ýüz bolduň. Bu goşgularyňy öz eliň bilen göçürip, diwan et-de, halkymyza ýaýrat. Bular diňe bir il-günümize däl, bütin adamzada zerur. Onda-da hut öz eliň bilen ýazan diwanyň gymmaty has-da uludyr. «El ýazgysy — il ýazgydy» diýipdirler. Eliň bilen ýazanyňda mähriň ýylysy kagyza, hata geçip, her harpdan, sözden many saçylyp, ony okan her bir bendäniň ýüregine seniň ruhuň güýç berer. Sen gojalygyň pirimine özüňi aldyrma-da, Alladan güýç-kuwwat diläp, derrew goşgularyňy diwan-kitaba öwür. Allanyň rehmeti bilen ýazan her bir setiriň ony okan bendelere uçursyz güýç-gaýrat berer. Özüňem ýigdelen ýaly bolarsyň. Sebäbi ylahy şygryň içki güýji seniň ýaşaýşyň hemaýatkäri

Pyragy hakynda jaýdar jümleler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir.

Ahlak — ynsan bezegi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ruhy-ahlak taglymatlaryna eýerip, ynsanyň ömür ýolunyň dowamynda gabat gelýän synaglar babatda käbir garaýyşlarymyzy gysgajyk beýan etmegi makul bildik. Ynsanyň ömür ýoly birnäçe «duralgalardan», ýagny çagalyk, ýetginjeklik, hünär mekdebi, zähmet ýoly, maşgala, garrylyk ýaly döwürlerden ybarat. Her bir döwrüň başlanýan we tamamlanýan möhleti bolýar. Şolaryň her haýsynda ynsan dowamly döräp durýan irili-ownukly synaglary başyndan geçirýär. Synaglar ynsany taplaýar, durnukly we ygtybarly ýaşaýşa taýýarlaýar, onuň ähli babatda kämilleşmegine ýardam berýär.

Magtymguly Pyragynyň goşgulary özbek dilinde

Şu gün — 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň özbek diline terjime edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabarada Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, Özbegistan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşmesiniň ýazyjylary, Mirzo Ulugbek adyndaky Özbegistan milli uniwersitetiniň, Alişer Nowaýy adyndaky Özbek dili we edebiýaty uniwersitetiniň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary çykyş etdiler.