Pagtaly pelleriň pyşyrdysy
(Oýlanma) Öňem içimden: «Obada pagta ýygymy başlanandyr. Ak hanalar çogup, çaňňalaklar patrak ýaly pagtadan dolup durandyr. Wah, ýaşlyk ýyllarymyz bir gaýdyp geläýsedi. Synpdaşlarym bilen aýdym aýdyp, pagtaly meýdanlara gitsedik. Talyp joralarym bilen Tejeniň ýüpek hanalaryny bir tirsedik» diýip, heserlenip ýördüm. Toý bahanasy bilen Gäwers düzlüginden geçmegimiz ýürek höwesimi hakykata öwrüp goýberdi. Şol barmana-da ýeňil awtoulagdaky okuwçy gyzjagazyň jedirdisi tüýs jüpüne düşdi. Ojagazyň: «Eje, hana, pagta açylypdyr, ýygyp göräýeli. Mugallymymyz gowaçanyň ýapragyndan gerbariý toplamagy tabşyrdy» diýmegi bilen, sürüji ýylgyryp, ulagyny saklady. Maňa gerek ekeni pagtaly meýdanlar. Eneli-gyzdan öňürti peliň başynda peýda boldum. «Ak zat alnyňa ýagşy» diýip, uzak gözýetime ýazylyp gidýän ak meýdany ýüzüme syldym. Soňam pyşyrdap diýen ýaly, «Eý, pagtaly meýdanlar! Eý, Hydyr atanyň nazary düşen, ata-babalarymyzyň maňlaý deri siňen keramatly sähralar! Biziň örkümiz, görkümiz, rysgal-berekedimiz sizde jemlenen. Siz keramat! Edil şu nura beslenen reňkiňiz ýaly ähli arzuwlaryma çyrag beriň! Il-günümize, bala-çagalarymyza, özümize asudalyk, rahatlyk eçiliň!» diýdim. «Güýzüň mylaýym ýeli duýgur» diýseler, ynanman ýördüm. Gowaçalaryň ýürek sesime yranyşyna hoş bolup, hakykaty boýnuma aldym. Ýelleriň öwüsgininde şol gadymkyja pyşyrdylaryň bardygyny duýdum. Megerem, pagtaly p