Guş — gazna, toprak— tylla
(oçerk) Ilkibada onuň tutumyny oňlamadyklar boldy. Tutan ýerini goparýan ýigit weli, diýeninden dänmedi. Kakasy Sopy agalaryň döwletment, hemişe gelim-gidimli öýünde güžžüldedip düýe sagylardy, «gäwmiş ýaly» diýilýän sygyrlaryň hersi irden bir bedre, agşam bir bedre süýt bererdi, ketekdäki gyzyl horazlaryň sesi şo döwürdäki Tagtanyň (häzirki Görogly şäherçesi) beýlesinden eşidilerdi, towuklaryň guzlan ýumurtgasy kiçeňräk çaga bedresini doldurardy. Eli uzadan ýerine ýetýänem bolsa, Sopy aga zynharlardy: «Ýedi hazynanyň biridir bulaň hersi. Bilip goýuň, ýatagyňda mal, ketegiňde towuk-jüýje bolsa döwletiň doly boldugydyr».