Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Watanymyzyň beýik üstünlikleriniň binýady

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň gymmatly ýörelgelerimizi dünýä ýaýmakda bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti bar. Türkmen halkynyň zähmetsöýerlik, dostluk, ynsaplylyk, myhmansöýerlik, agzybirlik ýaly ýörelgeleri, pederleriň pendine ýugrulan rowaýatlar bir bitewi paýhas sazlaşygyny emele getirip, durmuşymyza özüniň nuruny saçýar. Asyrlaryň synagyndan geçen, adam gymmatlygyny özünde jemleýän gadymy ýörelgeler bolsa ýaş nesle terbiýe bermekde gymmatly çeşme bolup durýar. Gahryman Prezidentimiziň bu ajaýyp eseriniň bir bölüminiň ylym-bilim barada bolmagy onuň many-mazmuny has-da artdyrýar. «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» atly bölümde ylym-bilimiň uly baýlykdygy, ylmy ösdürmekligiň ertirki günüňi döretmekdigi, ylymsyz durmuşyň manysynyň bolmaýandygy, hünärli bolmak, il-günüňe peýda getirmek hakyndaky pikirler, rowaýatlar giňden beýan edilýär.

Maşgala

Ol ülkäniň meşhur suratçylaryndan hasaplanylýardy. Emma onuň öz döreden eserlerinden göwni suw içenokdy. Ol bir gün has gowy eseri döretmegi ýüregine düwdi. Ýöne birnäçe günläp oýlansa-da, aklyna üýtgeşik pikir gelmedi. Gözleýänini tapjak bolup, ýeke özi telbe ýaly obanyň çetinde aýlanyp ýörkä, öňünden çykan bir gojadan: ― Dünýäde iň gowy zadyň suratyny çekmekçi bolýaryn. Emma anyk bir zady saýlap bilemok. Maňa kömek edip bilersiňizmi? ― diýip sorapdyr.

Döwletli ojagyň enesi

Arada öýümizde çaý başyndaky söhbetdeşlik kärende ýerimiz bilen baglanyşykly gürrüňlerden başlandy. Kakamyň öz çagalyk ýyllaryny ýatlap, mamama beren sowaly meni-de gyzyklandyrdy. Mamam: «Kakaň pahyr şol döwürde daýhan birleşigiň mirabydy. Ondan maslahat sorap gelýänleriň yzy üzülmezdi. Daýhan birleşigine synpdaşyň Tahyryň ejesi Rozyhal ýolbaşçylyk edýärdi. Ýaş gelin-gyzlar bolup üýşüp, işe giderdik. Ýyl-on iki aý günümiz atyz-pellerde geçerdi. Ýadamany-ýaltanmany bilmän işlärdik. Şeýdibem daýhan birleşik atly hojalyga öwrülipdi. Rozyhala asylly zähmeti üçin «Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri» diýen at berlen ýyllary hem şol döwürlere gabat gelýär» diýip, gürrüň berdi. Şol gün hepdäniň dynç günüdi. Men bu gyzykly gürrüňleriň täsirini gaçyrman, çaýdan soň Rozyhal enä duşup, gürrüňdeş bolmaga howlukdym. Biz bir köçäniň ugrunda ýaşaýarys. Aramyz o diýen daş hem däl. Rozyhal ene bilen söhbetdeş bolmak üçin berjek sowallarym barada oýlanyp barşyma, olaryň öýüniň deňine ýetenimi duýman galypdyryn. Ol ýerde biraz sägindim. Giň howlynyň daş-töwereginde ýetişdirilen miweli agaçlardyr dürli görnüşli güllere syn edip durşuma öz ýanymdan: «Baglara gowy ideg edilişinde enäniň maslahaty uly bolmaly» diýip, içimi gepletdim.

Suw kädi

Halkymyzyň geçmiş taryhyna ser salsaň, metal we daş önümlere garanyňda, hojalyk-durmuş hajatlary üçin maldarçylyk, ekerançylyk, küýze önümleriniň has köp ulanylandygyna göz ýetirmek bolýar. Öňler ekerançylyk diňe bir iýmit çeşmesi bolman, eýsem adamlaryň durmuş zerurlyklaryny hem üpjün edipdir. Geçmişde şeýle maksat bilen köpçülikleýin ýetişdirilen ekinleriň biri hem suw kädisidir. Suw kädi diňe gap hökmünde ulanmaga ýarawly bolup, onuň iýmitlik we mal iýmlik gymmaty ýokdur. Onuň gabarasy näçe uly bolsa-da, içi boş bolýar. Daşyndaky gaby, gabygy bolsa, onda suw, ýag, toşap ýaly suwuk zatlary saklamaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan hekaýatlar

Ene hormaty Ylym-bilimi örän ýetik bir danadan:

Mukaddesligi döredýän eller

(«Mirasym — mertebäm» makalalar toplumyndan) Tamdyr halkyň keramat hasaplaýan mukaddesligidir. Çörek bişirmek üçin her bir hojalykda ulanylýan tamdyry ýasamak köp zähmeti talap edýär. Biz muňa indi bassyr 30 ýyldan gowrak wagt bäri bu iş bilen meşgullanyp gelýän, asylly kärinden döwlet tapan, iki ogly, dört gyzy terbiýeläp ýetişdiren, 19 agtygyň enesi, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Ýalkymly geňeşliginiň Sulhy obasynda ýaşaýan Bagdagül Bazarowa bilen gürrüňdeş bolanymyzda anyk göz ýetirdik.

Başy sümmenli bala

Mähriban çagalar, siz geçen asyrlarda täze doglan bäbejiklere tä 3-4 ýaşyna ýetýänçä nähili başgaplaryň geýdirilendigi barada nämeleri bilýärsiňiz? Geliň, bular barada size käbir maglumatlary gürrüň bereýin... Irki döwürlerde çaga başgaplarynyň dürli görnüşleri bolupdyr. Şolaryň biri-de sümmen börük ýa-da il arasynda aýdylyşy ýaly, çile börük bolupdyr. «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» «sümmen» sözüne şeýle düşündiriş berilýär: «Sümmen — ýaş çaganyň gulaklaryny ýapyp duran gurama tahýasy. Meniň ballym ýaşynda, Ýaşyl sümmen başynda (Hüwdi). Ol adaty tahýadan iç göwrüminiň çuňlugy bilen tapawutlanypdyr. Bu başgaba berlen at hem onuň çaganyň başyna maňlaýy, gulaklary bilen sümdürilip, gaýym geýdirilýändigi bilen baglanyşykly bolsa gerek. Sümmen börük bäbejige ýedi çilesinden soň, ýagny, onuň näzijek teni ýedi günüň dowamynda az-kem berkişenden soň geýdirilipdir. Ony, esasan, bäbejigiň garry enesi tikip taýýarlapdyr. Bu başgabyň biçiliş usuly tahýanyňkydan tapawutlydyr. Tahýa depe we etek böleklerinden ybarat bolsa, sümmen uçlary inçelip gidýän mata böleklerini birleşdirmek arkaly tikilýän başgapdyr. Käbir ýagdaýlarda oňa pessejik depelik hem edilipdir. Kiçijik sümmen dürli reňkli nah matalardan, içine ýumşajyk matadan içlik edilip tikilmeli. Onuň gyralarynyň hem ýumşak bolmagy üçin jähek çalynman, gyzyl reňkli ýumşajyk matadan parawuz tutulmaly.

Milli terbiýäniň nusgasy

Belli bolşy ýaly, jemgyýetiň berkligi, döwletiň berkararlygy maşgalanyň jebisligi bilen özara baglanyşyklydyr. Maşgalanyň abraýy onda terbiýelenýän çagalaryň edep-terbiýe kadalaryny berjaý edişine, daş-töweregindäkiler, ilkinji nobatda bolsa ene-atasyna we beýleki maşgala agzalaryna bolan edepli gatnaşygy bilen ölçenilýär. Şu pikirden ugur alsak jemgyýetiň bagtyýarlygy, döwletiň berkararlygy ýaş nesle maşgalada berilýän terbiýä hem baglydyr. “Eklemek borçdur, çörek bermek borçdur, terbiýe bermek bolsa iki esse borçdur” diýen pähime eýerýän türkmen maşgalasynda çaga terbiýesinde ownuk zadyň ýokdugyny görkezýär. Türkmen halkynyň durmuşynda asylly ýörelgeler bar. Şol ýörelgeler, däp-dessurlar maşgaladan başlanýar. Ýaş nesillere berilýän terbiýäniň özeninde milli we asylly ýörelgelerimiz saklanyp galýar. Halkymyz ýaş nesilleri terbiýelemäge hem aýratyn üns beripdir. Esasan hem ýaşlary terbiýelemegiň milli mekdebi kemala gelipdir. Şeýle milli ýörelgeleri edebi çeşmelerimizden, halk döredijiliginden aýdyň görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda edep-terbiýe barada ençeme nakyllar bar: «Akylly ogul hem edep, hem talap», «Akylly ogul — hümmetli, akylly gyz gymmatly», «Edebiň ýagşysy — salam bereni, Ýakynlyk ýagşysy — baryp-geleni», «Edep başy — dil», «Edep — bergidir, bermedige — görgüdir». Görnüşi ýaly, pähimdar pederlerimiziň döre

Gadymy mirasyň dürler hazynasy

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän şöhratly taryhy bar. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynda halkymyzyň gadymdan gelýän medeniýeti, şöhratly taryhy giňişleýin beýan edilýär. Hut şonuň üçin hem milli gymmatlyklarymyzy ylmy esasda öwrenmekde hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary nusgalyk gollanma bolup durýar. Orta asyrlarda türkmenleriň beýik işleri durmuşa geçirmegi esasynda Gündogar halklaryna, ylaýta-da taryhçylara, dilçilere türkmen dilini, medeniýetini öwrenmäge itergi bolupdyr. Şeýle zerurlyk bilen ýazylan eserleriň hataryna Mahmyt Kaşgarlynyň XI asyrda ýazan “Diwany-lugat at-türk” atly sözlügini goşup bolar. Gurluşy we häsiýeti boýunça bu esere dilçi alymlar türki halklaryň şol döwürde ulanan dilleri, nakyllary, aýtgylary, mahlasy, medeniýeti, edim-gylymy hakynda giňişleýin maglumat berýändigi sebäpli muňa ensiklopedik sözlük hem diýýärler.

Boýaglaryň aýratynlyklary

Geçen asyryň ahyrlarynda söhbetdeş bolmak üçin dokmaçylyk işinde ussatlyga ýeten halyçylaryň biriniň ýanyna bardym. Şonda ol biri-birine meňzeş iki sany mis gaby görkezdi. — Gaýnymdan galan ýadygärlik. Ol boýaglary özi taýýarlaýan ekeni. Birinde nil, birinde ajy taýýarlapdyr.

Ýolumyza nur çaýýan eserler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly uly ruhubelentlige beslenýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagy, ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüji, maksada okgunly adamlar bolup ýetişmekleri üçin amala aşyrylýan işleriň gerimi barha giňeýär. Gahryman Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň il-günümiziň bagtyýarlygyna gönükdirilendiginiň aýdyň subutnamasy bolan ajaýyp eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçinem mähriban Arkadagymyzyň ýiti zehininden döreýän kitaplary hemişelik ýankitabymyzdyr. Döwlet Baştutanymyzyň her bir eseri ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde bize ýakyndan ýardam edýär. Şolaryň hatarynda «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny hem görkezmek bolar. Kitapda pederlerimiziň geçen şöhratly ýoly rowaýatlaryň, hekaýatlaryň, tymsallaryň üsti bilen şöhlelendirilýär. Onda beýan edilen wakalar halkymyzyň ata Watana, ene topraga bolan buýsanjynyň örän ýokarydygyny açyp görkezýär.

Halallyk ýörelgelerine eýerip...

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ata-babalarymyzdan biziň günlerimize gelip ýeten milli medeni mirasymyzy öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga aýratyn üns berilýär. Türkmen halkynyň milli mirasynda hiç bir halkyňka meňzemeýän özboluşlylyklar bar. Köpgörnüşli milli mirasymyz hiç haçan özüniň gadyr-gymmatyny gaçyrmaýar. Biz milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan juwaz hem-de halallyk ýörelgelerine berk eýerilip ýöredilip gelinýän juwazçylyk kesbi bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen bu kesbi arkama-arka dowam etdirip gelýän Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Parahat geňeşliginiň ýaşaýjysy Hydyr Ataýewlere bardyk. Il içinde Kerim Çary ady bilen tanalýan bu adamyň juwaz hem-de juwazçylyk kesbi baradaky gürrüňleri gyzykly boldy.

Soraň, jogap berýäris

Şirin Gylyjowa, Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň ýaşaýjysy, tikinçi:

Nesil ýörelgese dowamat

Näme maksat bilen gelenimizi aňan gelin birden turup gitdi-de, goňşy otagdan üstünden uzak ýyllar geçse-de, diňe sürtülip giden parawuzyndan çen tutaýmasaň, reňkini ýitirmedik matasy täze ýaly çäkmeni alyp geldi. — Garry gaýynatamyň geýen çäkmeni. Gaýynenemiň gaýynenesi, ýagny garry gaýynenem pahyr dokapdyr. Mukaddeslik hökmünde hem aýap saklaýarys, hemem nusga alýarys. Wesýet boýunça, nesip etse, menem gelinlerime geçirmeli.

Görkezip zenan näzlerini, nepisdir gelin ýaşmagy

Ýaşmak! Bu sözi agzanyňda, türkmen zenanlarynyň edep-ekramy, uz ýaşynýan asylzadalygy, milli keşbi göz öňüňe gelýär. Ýaşmak hakynda pikir edeniňde, türkmen zenanlarynyň özboluşly asylly häsiýeti ýadyňa düşýär. Aslynda, taryhy çeşmelerde türkmen zenanlarynyň ýüzüniň açyk bolandygy barada nygtalsa-da, olaryň tebigy keşbinde utanç-haýa, asylzadalyk bar. Şol keşbiň zenanlaryň tebigatyna siňendigini durmuş hakykatynda käbir hereketlerden hem görüp bolýar. Muňa mysal edip, ulugyzyň utananda ýüzüni tutup gürlemeginiň ýa-da kähalatda gyz-gelinleriň iki barmagy bilen agyzlaryny çalaja tutup gürlemeginiň genetikadan (nesil yzarlamadan) gelip çykan häsiýetdigini alymlar nygtaýarlar. Geliň, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň «Uýat eýleýir» şygryndan şu setirleri mysal getireliň: Meňli hanym golun dişläp,

Hala baglanan ykbal (Halypa hormaty)

Ony ýöne halyçy diýip atlandyrsaň, has bärden gaýdýan ýaly bolup dur. Sebäbi ol diňe bir haly-palas dokamagyň ussady däl. Bu zenana berlen tebigy zehin köp ugurlary öz içine alýar. Ol haly gölleriniň täzeden-täze nusgalaryny döretmegem, olary ak kagyzyň ýüzüne nagyşlap, surat çekmegem, haly önümlerine döwrebap şekil bermegem, keşde çekip, gaýma gaýamagy-da başarýar. Diýmek ol, halyçy hem suratkeş, dizaýner hem modelýer, keşdeçi hem gaýmaçy. On barmagynyň hünäri bilen gaýtalanmajak ajaýyp eserleri, dünýäde deňsiz-taýsyz gözellikleri döredýän Annabibi mugallymdan öwrenere zat gaty kän. Okyjylar, gürrüňiň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Annabibi Islamowa barada barýandygyny aňan bolsalar gerek. «Zenan kalby» žurnalynyň sahypalaryny özüniň döredýän ajaýyp haly önümleriniň keşbi bilen bezeýän bu zenany diňe paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň çäginde hem tanamaýan az-azdyr. Kagyz hem-de elektron görnüşde ýüz müňden gowrak tiraž bilen tutuş ýurdumyza ýaýraýan neşiriň üsti bilen okyjylar bu çeper elli zenanyň işlerini synlamaga mümkinçilik tapýarlar. Žurnalyň sahypasyndan görüp, ol we beýleki haly we haly önümleriniň dokalyşy, gölleri hem-de dizaýny barada güneşli Diýarymyzyň dürli künjeginden bolan gyz-gelinleriň redaksiýa sowallar bilen ýüzlenmegi, ussat halypanyň şägirtleriniň köpelýänliginden, ýyllaryň dowamynda toplan baý tejribesiniň çygrynyň giňäp, ba

Nagyşly bukja

Nagyşly bukjanyň parçalarynyň biçilişi hem keşdeli saçagyň biçilişi ýalydyr. Ululyk, giňlik ölçegi hem her kimiň islegine görä bolup biler. Siziň synlaýan nagyşly bukjaňyzda «kürtegoçak», «akly-garaly goçakly gülýaýdy» nagyşlar ýerbe-ýer sünnälenip, gaýma maşynynda gaýaldy. Bukjanyň pugtamasy elde ýerine ýetirildi.

Saçagyň biçüwi

Keşdeli saçagyň nusgada taýýar görnüşinde ilki ýazgynlygyna uzynlyk-giňlik ölçegi 95 santimetr we tikin parhy hem biçime girizilen bolmaly. Saçaklyk parçanyň we saçaga içliklik parçanyň dört tarapyny deň ölçegde biçmeli. Olaryň düzüw ýüzüni bir-biriniň ýüzüne ýapyp, sypap, jebisleşdirmeli-de endigan kök atmaly. Gyrasynda 4—5 mm ýer goýup, dört tarapyny tikip barýarkaň, haýsy-da bolsa bir tarapynda el salar ýaly ýerini tikmeli däl. Onsoň, tikmän goýan ýeriňden eliňi salyp, dört burçuny hem daşyna öwrüp, ütükläp sünnälemeli-de, kök atmaly. Saçagyň gyrasynda 3—4 mm ýer goýup, tikin maşynynda sürmeli. Nusgada görnüşi ýaly, ilki nagyşlaryň ýerini ölçäp belgileseň, nagyşlar ýerbe-ýer hem owadan bolar. Ölçemeseň, nagyşlar çem gelen ýerde ýarty ýa-da goşa düşer. Nusgada «Aý bäş ýyldyzly», «Gün», «çopantelpek güller» el keşdede, «göl», «gowaça gül», «ak bugdaý» gaýma maşynynda ýerine ýetirildi.

«Bäş daş»

«Bäş daş» oýny, salkyn saýaly, özem daşy ýerden syrlap alar ýaly tekiz we arassa ýerde, azyndan iki bolup oýnalýar. Bu oýny, esasan, gyzjagazlar oýnaýarlar. Oýny oýnamak üçin bäş sany togalajyk daş — çagyl saýlanyp alynýar. Ol daşlaryň galyňlygy çen bilen 11 millimetr, göwrümi 22 millimetre barabar bolýar. Ondan kiçi daşlary tutmak, ýerden syrlap almak aňsat däl. Uly daşlar bolsa çagalaryň eliniň aýasyna almaga amatsyz hasaplanylýar. Oýun oýnalanda bäş daş sag eliň aýasynyň içine alynýar. Daşlaryň ählisi ýokary zyňlyp, eliň arka tarapyna düşürilýär we ýene ýokary zyňlyp, eliň aýasy bilen howada gapylýar. Oýna kimiň ilki başlamalydygyny kesgitlemek üçin, oýunçy şu sözleri aýdýar: «Elarka kaky». «Bu elimiň arkasy bilen daşy kakyp, tutup alýaryn» diýdigi. Şeýle sözler bilen başlanýandygy üçin «Bäş daş» oýny käbir etraplarda «Elarka» oýny diýlip hem atlandyrylýar. Bu söz oýnuň ady hökmünde «Gözdaňdy», «Guşakgapdy», «Kepbamgurdy» ýaly oýunlaryň atlary kimin goşma at şekilinde ýüze çykypdyr. Oýnuň bu etaby haýsy oýunçy köp daşy tutup bilene çenli dowam edýär. Mysal üçin, bir oýunçy daşy ýokary zyňanda, bäş daşyň dördüsiniň, üçüsiniň... eliň arka tarapyna düşmegi ýa-da gapylanda hemmesini tutup bilmezligi mümkin. Şeýle ýagdaýda haýsy oýunçy köp daşy gapyp bilse, şol hem oýna ilki başlamaly edilýär we ondan soňra oýnuň indiki tapgyrlary dowam etdirilýär.

Ak öýleriň ýaraşygy

Syrgyn oba gelşik berip oturan ak öýlerini «Ak öýüm—ojagym» — diýip, söýgülän ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz olary haly önümleri bilen bezemegi-de hemişe üns merkezinde saklapdyrlar. Haly türkmen halkymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň biridir. Halyçylygy sungat derejesine ýetirmegi başaran eli çeper ene-mamalarymyz haly bilen birlikde ak öýleriň bezegi bolan haly önümleriniň esasy görnüşleriniň biri bolan ajaýyp torbalary dokamagy-da ussatlyk bilen başarypdyrlar. Çagalyk ýyllarymyz ürç edinip aşyk oýnardyk. Çagalaryň arasynda ýörgünli oýun bolan aşyk oýnunda utup, aşyklarymyzy köpeldip bilsek armanymyz ýokdy. Şonda garry enemiň: «Aşyklaryňy saklar ýaly men saňa aşyktorba dokap bereýin, guzym!» diýip aýdan sözleri ýaşym birçene baranda bolsa, heniz-henizler hem ýadymdan çykanok. Şol aşyktorba, beýleki torbalar bilen birlikde häli-häzir hem maşgalamyzda mukaddes miras hökmünde saklanylýar. Garry enem köplenç işigimizdäki gara öýde bolardy. Men boş wagtlarym ýanynda bolamsoň, bilesigelijilik bilen «Gara öý näme?» diýip, ýa-da onuň içine bezeg berip duran dürli görnüşli torbalary, çuwaldyr horjun we beýleki esbaplaryň, gurallaryň atlaryny, näme üçin ulanylýandygyny sorardym. Şonda enem ýaltanman olar barada düşündirerdi: