Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Alabaýlar — milli buýsanjymyz

Türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmen alabaýynyň baýramyny her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemek hakynda Karara gol çekdi. Munuň özi edermen türkmen alabaýlarynyň ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri bilen bir hatarda, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny doly subut etdi. Türkmen topragynda döräp, müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşen türkmen alabaýy halkymyzyň milli gymmatlygydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi türkmen itşynaslarynyň ýeten belent derejesini bu gün dünýä mälim edýär. Müňlerçe ýyllyk taryhymyzy öwrenmekde, milli gymmatlyklarymyzy sarpalamakda, olary gözümiziň göreji ýaly gorap saklamakda we geljekki nesillere ýetirmekde hormatly Prezidentimiziň bitiren işleri bimöçberdir.

Münende şaý bolsa tükel esbaby

Türkmen dilinde at esbaplarynyň we şaý-sepleriniň atlaryny aňladýan sözleriň aglabasy beýleki türki dillerde hem ulanylýar. Bu sözler many taýdan durnukly bolup, gündelik durmuşda giňden ulanylanlygy sebäpli, müňýyllyklaryň dowamynda üýtgemän, öz durkuny saklap gelipdir. Gaş — at eýeriniň öňündäki tommarçak, şonuň ýaly-da eýeriň yzky ýarym aýlaw görnüşli ýeri, eýeriň gaşy dürli kümüş şaýlar, çüýler bilen bezelýär.

Türkmen bedewiniň milli baýramyna we Türkmen alabaýynyň baýramyna

ÝELDEN ÝÜWRÜK BEDEWLER Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Ençeme ýyllaryň, asyrlaryň geçendigine garamazdan, türkmen halky özüniň medeniýetini, maddy we ruhy gymmatlyklaryny saklap galmagy başaran halkdyr. Türkmeniň köňül buýsanjy, uçar ganaty hasaplanýan behişdi bedewleriň aslyna ser salsaň, onuň aňyrsynda asman giňişligi ýaly giň we düýpsüz umman ýaly çuň taryhyň ýatandygyny, merdana milletimiziň şan-şöhrata, abraý-mertebä eýe bolmagynda türkmen bedewleriniň ornunyň uludygyny görmek bolýar. Türkmen halkynyň taryhynyň ähli döwürlerinde asyllylygy, ýyndamlygy, gözelligi, eýesine wepalylygy üçin owadan we syratly bedewlerimize uly sarpa goýlupdyr. Türkmen edebiýatynda hem bedew atlara berilýän orun diýseň uludyr. Ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde türkmen bedewiniň waspy öz beýanyny tapýar. Şeýle hem türkmen bedewleri barada ata-babalarymyzdan biziň günlerimize çenli dilden-dile geçip birnäçe nakyllar, atalar sözleri aýdylyp gelinýär.

Üsti şemally bedew

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda syýahatçylyk pudagy uly ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň dünýä bazaryna işjeň aralaşmagynda medeni-ruhy däplerimiz, milli ýörelgelerimiz uly ähmiýete eýedir. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen jahankeşdelere türkmen halkynyň myhmansöýüjilik däplerinden gözbaşyny alýan häzirki zaman hyzmatlary hödürlemek, şonuň bilen birlikde, nusgawy milli ýörelgelerimizi yklymlar içre ýaýmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Mähriban Diýarymyzda atçylyk syýahatçylygyny ösdürmäge hem uly mümkinçilikler bar. Atly syýahatçylygyň ýene-de bir özboluşly aýratynlyklarynyň biri hem atda aýlanmagyň adam saglygy üçin örän ýaramlydygy we gymmatly bejeriş häsiýetine eýedigi dünýä bilermenleri tarapyndan ykrar edilendir. Şeýle hem, bu dynç almagyň görnüşleri islendik ýaşdaky adamlara elýeterlidir, ýöne atly syýahat ýa-da gezelenç etmek belli bir ýaşdaky adamlaryň, galyberse-de, olaryň at münmek ukybynyň, tejribesiniň we endikleriniň bolmagyny talap edýär. Şeýlelikde, bellemeli aýratynlyklaryň biri hem atly syýahat etmek hökmany suratda şäherleriň daşyna, ýagny arassa howa, asuda ýere çykmagy talap edýär.

Milli däbim — mertebäm

ALYNDAŇY Ulugyzlaryň tahýasynyň etegine bir çalnyp daňylýan ýuka ýaglyga «mendil» diýilýär. Bu ýaglyk diňe tahýany saklamak üçin däl, eýsem ulugyzyň bagtly, bagtyýar bolmagy üçin milli ynanja eýerilip daňylýar. Bu babatda «Alyndaňysy alnynyň açyklygy, bagtynyň açyklygy, bagtyny diläp durar» diýen yryma eýerilipdir.

Pederlerimiziň çarwaçylyk ýörelgeleri

GOWURDAGYŇ GARNA SALNYŞY Bu barada bötendagly Täjigül ejeke şeýle gürrüň berýär:

Wepalylygyň nusgasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. At-owazasy dünýä ýaň salýan mähriban halkymyz bu gün ata-babalarymyzdan gelýän milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza uly sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, alabaýyň wepalylygy, batyrlygy aýdyp-diýdirilmeýän terbiýe, görüm-görelde bilen nesilden-nesle geçýän tälimdir. Alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» atly eserinde köpýyllyk barlaglar, pikir ýöretmeler, türkmen alabaýy barada taryhy we edebi maglumatlar giňden beýan edilýär.

Milli buýsanjymyzyň çeper waspy

Dana pederlerimiz iňňän gadymy döwürlerden bäri ahalteke atlaryny hem-de alabaý itlerini idedip, seýisläp, kämillik derejesine ýetirip, soňky nesillere miras galdyrypdyrlar. Bu günki gün bolsa olar türkmen ilinde goşa mukaddeslik hökmünde sarpalanylýar, mertebelenilýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde gamyşgulak bedewlerimiziň, alabaý itlerimiziň şanyna uludan toý tutulýar. Ynha, häzirki günlerde welaýatymyzda-da şanly baýramçylyk mynasybetli dabaralar, döredijilik bäsleşikleri guralýar. Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramaklarynda şeýle bäsleşikleriň biri boldy. Bäsleşige welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary we Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary işjeň gatnaşdylar. Olar owadanlykda, ýyndamlykda, düşbülikde deňi-taýy bolmadyk bedewlerimizi hem-de öz eýesine wepaly, sak alabaý itlerimizi wasp edýän nakgaşçylyk eserlerini bäsleşige hödürlediler. Tejribeli medeniýet işgärlerinden düzülen eminler topary ýaş suratkeşleriň döreden işlerine adalatly baha berdi. Türkmeniň mukaddeslige deňeýän ahalteke bedewlerini, alabaý itlerini belentden wasp etmekde aýratyn tapawutlanan ýaşlar ýörite sowgatlar bilen sylaglanyldy. Bäsleşik talyp ýaşlaryň we okuwçylaryň arasynda aýratynlykda geçirildi.

Milletiň şany-şöhraty

Asyrlaryň dowamynda türkmen bedewleri öz ýyndamlygy, owadanlygy bilen görenleri haýrana goýupdyr. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ahalteke bedewleri merdana halkymyzyň dünýä çykaran gaýtalanmajak, beýik we özboluşly sungatydyr. Olar dünýä bedewleriniň naýbaşysy hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda türkmen halkynyň ykbalynyň, taryhynyň, kalbynyň bedew at bilen bitewiligi örän inçelik bilen yzarlanýar. Kitaby okap çykanyňda, her bir pikiriň mähriban Arkadagymyzyň ýüreginiň töründen çykýandygyny duýýarsyň. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» atly kitaplarynda hem türkmen ruhunyň genji-hazynasy bolan bedew atlarynyň milletimiziň taryhynda, durmuşynda, aň-düşünjesinde tutýan orny ýiti paýhas, çäksiz buýsanç bilen beýan edilýär. Gyratyň şanyny Arşa çykaran «Görogly» şadessany ilimiziň iň söýüp okaýan eserleriniň biridir. Şadessanda Gyratyň keşbi okyjynyň ünsüni özüne çekýär. Ol — ýelden ýüwrük, üşükli, dost-duşmany saýgarmaga ukyply we wepaly. Görogly Gyraty bilen alty aýlyk ýoly alty günde geçýär. Gyrat kämahal adam ornunda iş bitirýär. Öňünden geleni gapýar, yzyndan geleni depýär. Göroglynyň başyna dert gelende, gözünden ýaş dökýär.

Alabaýym bagtdan nyşan, bedew atym — gaýratdan

«Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli ajaýyp nusgasy bolan alabaýymyzda bolsa bagtyny görüpdirler». Hormatly Prezidentimiziň bu dürdäne sözleriniň düýp esasynda halkymyzyň uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşdiren mukaddesliklerine goýýan sarpasy, hormaty ýatyr. Alabaýlar tebigaty boýunça özboluşly häsiýetli bolup, wepalylygyň nusgasydyr. Ahalteke atlarymyz bolsa özleriniň duýgurlygy, mähribanlygy bilen tapawutlanýarlar. Munuň şeýle bolmagy bolsa olary seýislemegiň, arassa ganyny saklamagyň aýratynlyklary bilen şertlendirilýär. Asyrlaryň dowamynda türkmenler wepaly hemrasy bolan alabaý itlerini, ýakyn syrdaşy bolan bedewlerini öz ýanlaryndan goýmandyrlar. Biziň milli gymmatlyklarymyz bolan ahalteke bedewlerimiz özleriniň owadanlygy, mähribanlygy, ýyndamlygy, wepalylygy bilen dünýäni haýrana goýýan bolsa, alabaý itlerimiz özleriniň akyllylygy, çäksiz edermenligi, duýgurlygy, çydamlylygy, ajaýyp gorag başarnyklary bilen tapawutlanýarlar. Köp ýyllaryň dowamynda milli Liderimiz bedewlerimiz, alabaý itlerimiz barada maglumatlary toplamaga, ýurdumyzyň çäklerinde iň gadymy ýaşaýyş ýerleri hasaplanýan Jeýtunda, Altyndepede, Marguşda netijeli arheologiýa işleriniň geçirilmegine aýratyn üns berdi. Beýleki maglumatlar bilen bir hatarda geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde bedewlerimize, alabaýlarymyzyň tohumlaryna degişli gyzykly maglumatlar tapyldy. Gazuw-agtaryş işleriniň dowamy

Türkmen gerçeginiň hemrasy

Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen gerçeginiň hemrasy ahalteke bedewiniň şan-şöhraty mähriban Watanymyzyň abraýyny beýgeldýär» diýip belleýär. Hawa, bu jaýdar bellenen hakykat türkmeniň ýaşaýyş-durmuşyny bezän taryhy ykbaly. «Ertir tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýilmesinde-de halkyň pähim-paýhasy nesillere öwüt-ündew bolup gelýär. Hut şonuň üçin hem türkmenlerde «At — myrat» diýlen aýtgy bar. Halkymyzyň milli gymmatlyklarynda şeýle aýratyn ýer edinen, şanyna döwlet derejesinde toý tutulýan bedewler, hakykatdan hem hemişe wasp edilmäge mynasypdyr. Çünki ýelden ýüwrük bedew atlaryň gymmaty, agramy ähli ölçeg birlikleriniň çäginden çykyp, has ýokarda durýar. Şol bir wagtyň özünde geçmişde bedewler ähli babatda ynsan ýaşaýşynyň hakyky hemaýatçysy hökmünde çykyş edendikleri üçin, belent mertebä eýedirler. Türkmen gerçeginiň hemrasy bolan şeýle ajaýyp ahalteke bedewleri hakynda hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Türkmen gerçegi bedewi bilen myradyna ýetýär» diýip bellemek bilen, ýigidiň gerçekligi bilen bedew söýgüsiniň arabaglanyşygyny düýpli açyp görkezýär. Eziz Arkadagymyz bu eserinde taryhyň gatbar-gatbar goýnunda bedew atyna atlanyp, göreni haýran eden türkmen gerçeginiň geçmişiň sahypalarynda galdyran şöhratly yzlary hakynda, goç ýigidiň ýakyn dosty hasaplanan türkmen bedewiniň dünýä ýaň salan şöhraty we türkmen halkynyň baý ruhy

It hakynda

Aw alan tazy burnundan bildir. Awçy görmese it görer, it görmese at görer.

Bedew bilen alabaý: dört pursat

1-nji pursat. Garadag Uzaklardan bir ýerden gelen arryldy dereleri, zawlary ýaňlandyryp gitdi. Maýdalyna otlap ýören gylýal sürüsi doňňaradaşa döndi. Şol pursat töwerege dym-dyrslyk aralaşdy. Gülleriň daşyna üýşen arylaryňam wazzyldysy kesilen ýaly boldy. Ho-ol aşakda şadyýanja akýan çeşme-de akmasyny goýaýdy öýdýän, şildirdisi eşidilenok. Adatça, özüni görmeseň-de, ýakynda bir ýerlerde bardygyny bildirýän torgaýam «sanawajyny» kesdi. Ümsümlik. Arryldy gaýtalanmady. Az wagtdan torgaýyň sesi eşidilip ugrady. Bir ýerlere sumat bolan arylaram «wazzyldaşyp», gülüň şiresini paýlaşyp başladylar. Gylýal sürüsi otlamak bilen boldy. Ýaş taýçanaklar, öňküsi ýaly, ýene-de jyzzynlap başladylar. Olaryň bu bolşy «gaçdym-kowdum» oýnaýana çalymdaşdy. Garadag, iki aýagy duşakly bolsa-da, bir çeträkde gylýallaryň birini-de gözden salman durşuna, olam ota agyz urdy. Sürübaşynyň otlamaga duranyny gören beýleki gylýallar has arkaýynlaşdy. Şeýdip, aradan esli wagt geçdi.

Türkmen topragynyň genji-hazynasy

Hormatly Prezidentimiz: «Pederlerimiziň irginsiz zähmeti netijesinde, keremli türkmen topragynda kemala gelen we ajaýyp gözelligi, çeýeligi hem-de ýyndamlygy bilen gadymy döwürlerden bäri ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiz milli gymmatlygymyzdyr. Türkmeniň buýsanjydyr, öý-ojagynyň ýaraşygydyr» diýip bellemek bilen, türkmeniň atşynaslyk sungatynyň rowaçlyga beslenmegi, ýyndamlygy hem-de owadanlygy bilen şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimiziň şöhratly ýolunyň gaýtadan dabaralanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel ýerinde behişdi atlaryň onusyny özünde jemleýän heýkeller toplumynyň, Polatly aýlaw ýolunyň gurlup, ol ýerde dabarasy dag aşan bu bedewiň hormatyna ajaýyp heýkeliň oturdylmagy, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde atçylyk-sport toplumlarynyň bina edilmegi, Aşgabatdaky Olimpiýa stadionynyň münberinde ahalteke bedewiniň keşbiniň ýerleşdirilmegi, 2017-nji ýylda baş şäherimizde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport görnüşleriniň sanawyna atçylyk sportunyň hem ahalteke bedewlere goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbiniň atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde ykrar edilip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi ählimiz üçin buýsançlydyr. Türkmen bedewiniň milli baýramyna barýan günlerimizde güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde behişdi atlary

Ahalteke bedewi we türkmen alabaýy — müňýyllyklaryň mirasy

Hormatly Prezidentimiz: «Türkmeniň bedewine, alabaý itine, arwana düýesine we beýleki tohum mallaryna ideg edilişiniň hem özboluşlylyklary bar. Şol özboluşlylyklar netijesinde hem dünýäde deňi-taýy bolmadyk milli gymmatlyklarymyz döredildi» diýip nygtap geçýär. Milli Liderimiziň türkmen bedewi we alabaýy hakyndaky dürdäne eserleri bolsa ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda milli gymmatlyklarymyza buýsanç duýgusyny döretmekde bilim işgärleri üçin ýolgörkeziji şamçyragdyr. Her halk beýleki bir halkdan özüniň dili we milli gymmatlyklary bilen tapawutlanýar. Türkmeni bedew atsyz we alabaýsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Bu iki gymmatlyk özüniň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Munuň şeýledigine 5 müň ýyl mundan öň jaýlanan taýçanagyň mazarynyň Marguşyň merkezi Goňurdepeden tapylmagy hem şaýatlyk edýär. Şeýle hem, Köneürgenjiň Kyrkmolla depesinde gazuw-agtaryş işleri geçirilende miladydan öňki I müňýyllyga degişli toýundan ýasalan taýçanagyň şekili tapylypdyr. Şöhratly taryhymyzyň gatlarynda özboluşly yz goýan behişdi bedewlerimiziň gözel keşbi köşkleriň diwarlarynda, külal we dokma-zergärçilik önümlerinde, pul şaýlarynda şekillendirilipdir. Ol bolsa halkymyzyň bedew bilen bagrynyň baky badaşandygyny görkezýär. Bedew — türkmeniň ykbaly, türkmeniň dünýä içre ykrarydyr. Bedew türkmeniň kämilligiň iň ýokary derejesine çykaran gymmatlygydyr.

Türkmeniň uçar ganaty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhraty has-da belende göterildi. Ata-babalarymyzyň uçar ganaty bolan ýelden ýüwrük behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny Arşa göterýän baýramçylyk dabaralaryny, bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda pederlerimiziň asylly ýol-ýörelgeleri täzeden dikeldilip, türkmeniň atşynaslyk sungaty uly rowaçlyklara eýe bolýar.

Muzeýimiz — hakyda hazynamyz

Ösüp gelýän nesli milli ruhda terbiýelemekde, olarda ata Watanymyza, gözel tebigatymyza söýgi döretmekde muzeýleriň orny uludyr. Çärjew etrabyndaky 29-njy orta mekdepde hereket edýän muzeý hem okuwçylary şöhratly taryhymyz, milli we edebi gymmatlyklarymyz bilen içgin tanyşdyrýar. Biz mundan ýigrimi ýyl gowrak ozal ony döreden, şondan bäri hem gaznasyny yzygiderli baýlaşdyryp gelýän mekdebiň taryh mugallymy Atadurdy Jumaýewden häzirki wagtda alyp barýan işleri barada gürrüň bermegini haýyş etdik. — Ata-babalarymyz: «Taryhy bolmadygyň geljegi bolmaz» diýýärler. Şu jähtden alnanda, halkymyzyň geçmişini, eždatlarymyzyň bize miras galdyran gymmatlyklaryny gorap saklamakda hem-de geljekki nesle ýetirmekde muzeýleriň ähmiýeti örän uludyr. Olar geçmiş bilen şu güni birleşdirýän medeni ojak bolup hyzmat edýärler. Milli gymmatlyklarymyza sarpa goýýan, olaryň öwrenilmegini we dikeldilmegini gazanmak ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň her bir obanyň öz hakyda hem-de ýazuw taryhynyň bolmalydygy, her bir adamyň öz meşhur obadaşlarynyň zähmet we durmuş edermenliklerini, eziz obasynyň ösmegine goşan goşandyny bilmelidigi, her mekdebiň ýanynda obanyň taryhy bilen bagly muzeý döretmegiň, synpdan daşary ülkäni öwreniş sapaklary geçilende, ondaky tapyndylardan peýdalanmagyň zerurdygy barada eden sargytlary biziň esasy ýörelgämize öwrüldi.

Hakydamyza siňen halypalar

Aýdym-saz — jadyly sungat. Adam onuň gudratly güýjüne maýyl. Emma jadyly sungata erk etmek her kime başardyp duranok. Çyn zehinliler birek-biregi has sarpalapdyrlar. Özünden ezberden öwrenmegi kiçilik bilmändirler. Ussatlary küýsäp, käte başga illere göçülen halatlary bolupdyr. Lebaply bagşy-sazandalaryň köp asyrdan bäri Marynyň, Ahalyň senet ussatlary bilen ysnyşykly, dostlukly, aýdym-sazly, halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň bolandygyny olaryň aýdym-saz äleminde galdyran yzlaryndan hem duýmak bolýar. 1735-nji ýylda Ahal welaýatynyň Durun obasynda dünýä inen şahyr hem bagşy Gurbanaly Magrupy birnäçe ýyllap Halaç töwereklerinde ýaşap, gara gazmasyny saýradyp, ýalkymly goşgularyny labyzly okap, ýerli ýaşaýjylara ruhy lezzet paýlapdyr. Onuň ýazan «Ýusup — Ahmet», «Seýpelmelek-Methaljemal», «Döwletýar», «Aly beg — Baly beg» dessanlarynyň, liriki goşgularynyň birnäçesiniň Amyderýanyň çep kenarynda ýaşan döwründe ýazylan bolmagy mümkindir. Ussadyň bagşyçylykdaky ýörgünli ady Saltyk bagşy bolupdyr. Bu onuň türkmeniň Saltyk tiresinden bolandygy bilen baglydyr. Häzirki döwürde agzalan etrapda Saltyk obasy bar. Saltyk bagşy edebiýatda, sungatda ussatlygyň ýokary derejesine ýeten adam bolupdyr. Oňa akyl ýetirmek üçin şahyryň döreden eserleri bilen içgin tanyşmak, şeýle hem ylmy çeşmelerdäki setirlere daýanmak, ol hakynda il arasynda aýdylýan rowaýata diň salmak ýeterlikdir. Ine, ol hakynd

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabyndan dürdäne jümleler

Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän «türkmençiligiň» batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr. ***Sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriniň alamatlarynyň ruhy gözbaşynda türkmen alabaýy bardyr.

Oguz ojagynyň ody

Oguzlar! Agzybirligi baýdak edinip, batyrlygy, gaýraty, edermenligi bilen dünýä ýaň salan ata-babalarymyz! Oguz handan gözbaş alyp gaýdýan nesil-neberelerimiz gojaman Zeminde özleriniň öçmejek yzlaryny goýupdyrlar. Oguz durmuşy öz köküni taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýar. Olar garaňky dünýäde ýakan yşyklary bilen kemala gelip, goja Zemine örküni baglapdyrlar, il bolupdyrlar, ösüp-örňäpdirler. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Älem içre at gezer» atly romanynda şeýle ýazýar: «Bu ýerde aýratyn bir gudratly güýjüň nämälim täsiri bar ýalydy. Ol hem Yzgant diýen at göterýän obady. Yzgant — munuň özi türkmeniň mukaddes ojagynda ilkinji bolup ot ýakan obasydy. Bu obanyň mukaddes ojagynda tutaşan ýalyn bütin oguz iline nur çaýdy».