Türkmeniň milli gymmatlygy
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, baý öwüşginlere beslenýän milli medeniýetimiz ata Watanymyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň, döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Asyrlaryň dowamynda kämilleşip, beýik sungat derejesine ýetirilen seýisçilik we seýwançylyk sungaty dünýä medeniýetiniň ösüşine goşulan saldamly goşantdyr. Arkadagly eýýamymyzda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan atşynaslyk we itşynaslyk sungaty mynasyp dowam etdirilip, täze ösüşlere eýe boldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 21-nji aprelinde dabaraly açylyp, ulanylmaga berlen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezi baky Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli halkymyza bagyşlanan ajaýyp sowgatdyr. Milli medeniýetimizi döwrebap öwüşginler bilen yzygiderli kämilleşdirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun.