Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ählumumy ösüşiň möhüm ugurlary

Hormatly Prezidentimiziň oňyn Bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasaty ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklar hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýäniň giň goldawyna eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 23-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly eden taryhy çykyşynda dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň ählumumy wehimlerine we howplaryna garşy hereket etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ekologiýa we beýleki möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça döwletimiziň ileri tutýan ugurlaryny we anyk başlangyçlaryny beýan etdi.

Parahatçylygyň we abadançylygyň aýdyň ýoly

Türkmen halkynyň taryhy ýörelgelerine we milli däp-dessurlaryna doly laýyk gelýän ýol bolan parahatçylyk söýüjilik bu gün dünýäde ykrar edilýär. Parahatçylyk söýüjilik ýörelgämiziň dabaralanmagynda baky Bitaraplygymyzyň aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek. Şeýlelikde, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmeniň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen müdimilik ýazylyp, halkymyzyň beýik buýsanjyna öwrüldi. Türkmenistan parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek meselelerinde dürli halkara guramalary, esasan hem, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň netijelidigine, dünýä üçin ähmiýetlidigine esaslanylyp, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk ýörelgelerine daýanylýar. Baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde milli ösüşiň gazananlary bilen dünýä meşhurdyr. Ýurdumyz parahatçylygyň belent maksatlarynyň hem-de ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeldýär. Ähli ulgamlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigi munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Eziz Diýarymyzda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty, ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleri, amatly geosyýasy ýagdaýy özüniň oňyn netijesini berýär.

Belent maksatly menziller

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň ösüş-özgerişlere we toý-baýramlara beslenýän zamanasy bolup, göwünleri galkyndyrýar. Eziz Diýarymyzda dabaraly bellenilip geçilýän şanly wakalaryň mysalynda munuň hakykatdan hem şeýledigine aýdyň göz ýetirýärsiň. Durnukly ösüşiň belent maksatlaryny nazarlaýan şöhratly zamanamyzyň her ýyly, her bir aý-güni şanly wakalara beslenýär. Bu buýsandyryjy hakykat ajaýyp döwrümiziň bagtyýarlyk döwri bolup, agzybir jemgyýetimiziň bagtyýarlygyň, abadan döwletimiziň berkararlygyň eýesidigini bütin dünýä ýaýýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetliligi, dostanalygy ýaly milli tejribesi ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň ruhy esaslary bolup durýar. Halkymyz hemişe şol ýörelgelerden ugur aldy. Sebitde, dünýäde parahatçylygyň merkeziniň gerekdigi baradaky pikirleri öňe sürüp, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekmegi başardy. Şeýlelikde, dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň hem-de ynsanperwerligiň mekany hökmünde tanalýan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdan milli däp-dessurlary, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Belent maksatlar rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzy ösüş-özgerişlere besledi, belent üstünlikler bilen göwünleri galkyndyrdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzda dabarasy dag aşýan şanly wakalar munuň hakykatdan hem şeýledigine şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan beýik işler Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň adyny arşa çykarýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen döwletiniň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ýörelgeleriniň biri bolmak bilen, goňşy we beýleki döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň çäklerini barha giňeldýär. Ýurdumyzyň dünýäde deňhukukly hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary üçin açykdygyny, şeýle hem Bitaraplyk ýörelgelerini, ynsanperwerligiň aýdyň maksatlaryny, adalatlylygy, birek-birege hormat goýmagy ykrar etmegiň hatyrasyna mundan beýläk-de uly işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny nygtamak bilen, Gahryman Arkadagymyz häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini çözmekde BMG bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.

Parahatçylyk döredijiligiň nusgasy

Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak işinde Türkmenistan iri, abraýly halkara guramalar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy, onuň düzüm bölekleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän ajaýyp özgertmeler, ilkinji nobatda, halkymyzyň jebisligini berkitmek, agzybirligi, ynanyşmagy, ýurt parahatçylygy rowaçlandyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, umumadamzat meselelerini gozgaýan başlangyçlar bilen eden çykyşlarynyň, sebit we dünýä syýasatynyň möhüm ugurlary barada öňe sürýän teklipleriniň halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredip, gyzgyn goldawa eýe bolýandygyna dünýä halklary ençeme gezek şaýat boldular.

Parlamentara aragatnaşyklarda Bitaraplygyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýlen ynsanperwer şygar astynda durmuşa geçirilýän işler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da kämilleşdirmäge, döwletiň ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagyna, kämil raýat jemgyýetiniň kemala gelmegine döwrebap şertleri döredýär. Milli durmuş ýörelgelerine sarpaly, şu gününe guwanýan we geljegine ynamly halkymyz bu günki günde agzybirlikde çekýän zähmetiniň hözirini görüp ýaşaýar. Ýetilen sepgitlere, geljege nazar salmak bilen amala aşyrylmaly wezipeleriň anyk kesgitlenmegi we olaryň durmuşa geçirilmegi üçin öz wagtynda zerur şertleriň döredilmegi her bir adamyň ruhubelentlik bilen zähmet çekmegine, netijede bolsa maksadalaýyk netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. 2021-nji ýyl Türkmenistan Watanymyz üçin aýratyn ähmiýetli ýyllaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyjy bilen BMG tarapyndan 2021-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Mähriban Diýarymyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy uly dabaralar bilen bellenip geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň daşynda agzybirlikde jebisleşen halkymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar.

Türkmenistan parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň ösüş ýolunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn we döredijilikli syýasaty ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gözbaş almak bilen, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary tarapyndan doly goldanylýar. Garaşsyz döwletimizde 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň dünýä derejesindäki abraýyny has-da pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Ýurdumyzda sebitiň we dünýä halklarynyň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasaty bu gün yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine pugta eýermek bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Munuň şeýledigine dünýä döwletleri bilen şu günki ysnyşykly söwda-ykdysady gatnaşyklarymyz hem doly şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň sebit, yklym we dünýä derejesinde halkara parahatçylygyny, abadançylygy we ynanyşmagy has-da ilerletmäge gönükdiren başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde gurama agza döwletler tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynda öz beýanyny tapdy. Dünýäde iň abraýly, halkara parahatçylygyny we abadançylygyny üpjün etmekde esasy halkara ygtyýarlyklaryna eý

Ynanyşmak - parahatçylygyň binýady

Hoşniýetlilik, birek-biregi goldamak, parahatçylyk söýüjilik ýaly ynsanperwer ýörelgeler türkmen halkynda nesilden-nesle geçip dowam edip gelýär. Her bir adamyň we tutuş jemgyýetiň bähbitlerini özünde jemleýän hoşniýetli ýörelgeler halkymyzyň milli aýratynlyklaryny häsiýetlendirýär. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz ata Watanymyz üçin baky bagtyň buşlukçysy boldy. Özi hem ol belli bir wagt bilen çäklendirilmedik, hemişelik bagt. Baky Bitaraplygy halkymyzyň milli ýörelgelerinde bar bolan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik häsiýetleriniň esasynda dörän gudrat hasaplamak bolar. Parahatçylygy dörediji diýlip ykrar edilmek, onda-da dünýä derejesinde ykrar edilmek — bu örän uly dereje. Gahryman Arkadagymyz bütin dünýäde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmek hormatyna mynasyp bolan baky Bitaraplygymyzyň döwletleri we halklary doganlaşdyrýan gudratdygyny belleýär.

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň dury akabasy

Dünýäde ähli söhbetleriň başy «salam» sözünden başlanýar. Salam sözüniň manysy hem «Men size abadançylyk arzuw edýärin» diýmekden ybarat. Türkmen halkynyň «Edebiň başy salam» diýen aýtgysyndan-da, onuň näderejede abadançylyga, parahatçylyga hormat goýýandygyny aňmak bolýar. Hatda hoşlaşan wagtynda hem türkmeniň «Sag-salamat boluň!» diýmesinde-de, gör, abadançylyga bolan nähili uly sarpa bar. Türkmen milleti heňňamlarboýy özüniň parahatçylyk söýüji ynsanperwerligi bilen dünýä halklarynyň kalbyndan-kalbyna ýol salyp, menzil aşyp gelýär. Magtymguly Pyragynyň «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýşi ýaly, bu günki gün hem milli Liderimiziň ynsanperwerlik ýörelgeleri dünýä nusgalykdyr. BAÝLYGYŇ SAKASY — SAGLYK

Beýik işleriň beýany

Hemmämize mälim bolşy ýaly, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabyny ýazyp tamamlap, halkymyza peşgeş berdi. Ýatdan çykmajak baýramçylyk sowgadyna öwrülen bu ajaýyp kitapda türkmen Bitaraplygynyň nusgalyk aýratynlyklary, parahatçylyk söýüjilik ýoluna eýerýän ata Watanymyzyň mizemez binýady çäksiz buýsanç bilen bellenilýär. Kitapda hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerimiziň diňe bir taryhy ýagdaý bolmak bilen çäklenmän, eýsem, geljegi nazarlamakda-da belent derejedigi eseriň düýp mazmunyny düzýär. Kitaby okanymyzda, taryhyň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan şanly ýeňişlerimize, parahatsöýüjilikli ýol-ýörelgeleri tug edinen ata-babalarymyza bolan buýsanjymyz has-da artýar. Her bir halkyň taryhynda ykbal kesgitleýji belent maksatlar bolýar. Şol maksatlary hem halkymyzyň agzybirliginde, parahatçylygy, dost-doganlygy ýaran edinmek ýaly ýagşy gylyk-häsiýetlerinde görmek bolýar. Taryha ser aýlanymyzda, halkymyz her müňýyllykda täze-täze ýeňişlere eýe bolupdyr. Kitapda ýurdumyzyň taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan özara düşünişmek, dostana gatnaşyklary berk ýola goýandyklary hakynda gyzykly maglumatlar berilýär. Eserde hemişelik Bitaraplygyň taryhy ähmiýeti, häzirki zamanda ýeten derejesi aýdyňlygy bilen açyp görkezilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň meka

Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we hoş­ni­ýet­li­li­giň nusgasy

Hä­zir­ki bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da uly ösüş­le­re eýe bol­ýa­rys. Ýur­du­my­zyň dür­li pu­dak­la­ryn­da, eziz Di­ýa­ry­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de ga­za­nyl­ýan ösüş­ler, be­lent üs­tün­lik­ler hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Şo­nuň üçin hem hal­ky­myz bu asu­da we pa­ra­hat dur­mu­şa, bag­ty­ýar­lyk döw­rü­mi­ze çuň­ňur ýü­rek­den buý­san­ýar­lar. Şeý­le bag­ty­ýar­ly­gy­myz, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýo­lu­myz bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bu gün Türk­me­nis­tan pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji ýurt hök­mün­de dün­ýä­de giň­den ta­nal­ýar. Mu­nuň özi «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­ny ýö­red­ýän ýur­du­my­zyň dün­ýä döw­let­le­ri bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» at­ly şy­gar as­tyn­da geç­ýän 2021-nji ýyl­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy hem uly ösüş­le­re bes­len­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de iş­jeň ös­dü­ril­ýän pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­si­niň kök­le­ri türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my ta­ry­hyn­dan gözbaş alýar. Şo­nuň üçin hem türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän asyl­ly ýö­rel­ge­si döw­re­bap ös­dü­ril­ýär we dün­ýä ýa­ýyl­ýar.

Belent üstünlikleriň beýany

Ýe­ne-de san­ly­ja gün­ler­den bag­ty­ýar türk­men hal­ky eziz Wa­ta­ny­my­zyň baş baý­ra­my — mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk to­ýu­ny da­ba­ra­ly bel­läp ge­çer. Be­ýik Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň päk ter­bi­ýe, çuň­ňur bi­lim al­ma­gy, ylym öw­ren­me­gi, hü­när edin­me­gi, mil­li ru­hu­my­za, kä­mil ýol-ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze la­ýyk edep­li, wa­tan­per­wer yn­san­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da iş­le­nip dü­zül­ýän we dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let mak­sat­na­ma­sy be­ýik ösüş­le­ri, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şyny üp­jün ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň ok­gun­ly ösü­şi ýur­duň be­lent sep­git­le­re bar­ýan ug­ru­nyň jem­gy­ýe­tiň ru­hy taý­dan baý­laş­ma­gy­nyň üs­ti bi­len ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam ýur­duň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne da­ýan­mak bi­len, ra­ýat­la­ryň mad­dy we me­de­ni is­leg­le­ri­ni do­ly ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga, ola­ryň aň-dü­şün­je­li­li­gi­niň de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga, ila­tyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, ylym, bi­lim, sport, me­de­ni­ýet, sag­

Bagtyýarlygyň röwşen ýoly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan durnukly ösüşiň aýdyň ýolunda belent üstünliklere eýe bolýar. Şeýle beýik ösüşleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiz binýat bolup durýar. 1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada umumy okuw sapagyny geçirdi. Umumy okuw sapagynda hormatly Prezidentimiz agzybirligiň, dostlukly gatnaşyklaryň halkymyzyň hoşniýetli häsiýetleridigini paýhasly belledi. Adamzat gatnaşyklarynyň binýady bolan hoşniýetlilik, ynsanperwerlik türkmen halkynda nesilden nesle geçip, gadymdan gelýän milli ýörelgelerimizdir. Her bir ynsanyň hem-de tutuş jemgyýetiň bähbitlerini özünde jemleýän hoşniýetli, ynsanperwer ýörelgeler türkmen halkynyň milli aýratynlyklaryny hem-de gymmatlyklaryny şöhlelendirýär. Ýeri gelende eziz Diýarymyzyň parahatçylygy we ynanyşmagy öňe sürýän baky Bitaraplyk syýasaty tarapyndan şeýle ynsanperwer kadalaryň ýaýbaňlandyrylmagy dünýäniň jemgyýetçilik gatnaşyklaryna bahasyna ýetip bolmajak oňyn täsirleri ýetirýändigini buýsanç bilen belläp geçmegimiz gerek.

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde ileri tutýan garaýyşlary

Daşaty işler ministrligi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda öz işine başlajak nobatdaky 76-njy mejlisinde ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdi. Mejlise taýýarlyk görmek maksady bilen, DIM-de degişli işler amala aşyrylýar. Bu möhüm resminama hormatly Prezidentimiziň baş pikirleriniň we teklipleriniň esasynda taýýarlanyldy hem-de birnäçe esasy ugurlary özünde jemleýär. Şolaryň biri ählumumy howpa – täze görnüşli howply ýokanç keseline garşy göreşmekde hem-de şonuň ýaýramagy bilen ýüze çykan durmuş-ykdysady täsirleri azaltmakda halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny berkitmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň ozal öňe süren başlangyçlaryny we anyk tekliplerini durmuşa geçirmek boýunça işler ýerine ýetiriler. Şolaryň arasynda ylmy diplomatiýa ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, BSGG-niň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak, BSGG-niň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin ýörite maksatnamany düzmek, BSGG-niň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini döretmek hem-de Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa merkezini döretmek teklipleri bar.

Hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesi

29-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler.

Hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm ugry

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly üstünliklere beslenýär. Eziz Diýarymyzyň saýlap alan döredijilik ýoly, parahatçylyk ýörelgesi dünýä ýaýylýar. Ýurdumyzyň öňe sürýän ählumumy parahatçylygy, ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek syýasaty ykdysady we medeni ösüşiň bähbitlerini göz öňünde tutýar. Şeýle hem ýurdumyzyň alyp barýan syýasaty ösüş arkaly parahatçylygy ýaýbaňlandyrmaga gönükdirilendir. Ykdysady we medeni ösüşler, ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklar türkmen halkynda we sebitiň beýleki halklarynda parahatçylykda hem-de asudalykda ýaşamaga uly ynam döredýär. Parahatçylyk we ynanyşmak ýurdumyzyň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelmek bilen, durnukly ykdysady ösüşi döretmäge we şonuň bilen birlikde, raýatlaryň ýaşaýşynyň hiliniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Parahatçylygyň nysgalyk ýoly

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşlere, belent üstünliklere eýe bolýar. Dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny ýöredýän eziz Diýarymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik işler abadançylygy we ösüşi üpjün edýär. Bu bolsa parahatçylyk we ynanyşmak esasynda ýurdumyzda we bütin dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan ýörelgeleriniň maksadaokgunly, yzygiderli we anyk durmuşa geçirilýändigine doly şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz ylmy taýdan esaslandyrylan, milli özboluşlylygy hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen parahatçylyk ýörelgesini has-da ösdürýär, pugta durmuşa ornaşdyrýar. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýäniň ähli ýurtlary bilen syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer-medeni hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ugurlary özünde jemleýär. Şunda goňşy döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklar ileri tutulýar. Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň ençemesi bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýokary derejede alyp barýar.

Bitaraplyk — parahatçylygy döretmek sungaty

7. Parahatçylygy dörediji taslamalar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň geoykdysady esaslary dünýäniň ählumumylaşýan we özara baglanyşygynyň artýan şertlerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň «Ykdysadyýet syýasata däl-de, syýasat ykdysadyýete hyzmat etmelidir» diýen ýörelgesiniň mazmunynyň Ýewraziýa yklymynyň dürli sebitleriniň ykdysady şertlerini birleşdirmegiň, ýurtlaryň we sebitleriň mümkinçilikleriniň üstüni ýetirmegiň hasabyna, bilelikdäki utgaşykly ösüşe ýol açýandygyny alamatlandyrýar.

Dünýä nusgalyk ýörelge

Garaşsyz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýäde ilkinji ykrar edilen hemişelik Bitarap döwletdir. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylygy dünýä ýaýmagyna oňat mümkinçiligi döredýär. Eziz Diýarymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna diýseň jogapkärli garamak bilen, bu syýasata uly ähmiýet berýär. Halkymyz hemişelik Bitaraplygymyza, parahatçylyk söýüjilik ýörelgämize buýsanýar. Çünki, baky Bitaraplygymyz mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Baky Bitaraplyk ýurdumyza daşary syýasatyny alyp barmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy, häzirki zamandaky ähmiýetli orny we ýurduň güýji baky Bitaraplygymyz bilen ygtybarly berkidildi. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk – ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň berk sütünlerine öwrüldi. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň bütin dünýäde ykrar edilmegi ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň, ynsanperwerlikli ýol-ýörelgeleriniň çuňňur many-mazmuna eýedigini beýan edýär. Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygyň, agzybirligiň berkarar bolmagy we durnukly ösüş ugrunda ynamly öňe gitmegi ýurdumyzyň ýagty geljegini kepillendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary hemişe goldanylýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan BMG-de söz sözleýär

Ol parahatçylyk döredijilige çagyryşdyr Indi ençeme ýyl bäri her ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Baş Assambleýanyň birýyllyk mejlisleri öz işine başlaýar. Ählumumy gün tertibiniň iňňän möhüm meseleleri boýunça bilelikde pikir alyşmak üçin ýeke-täk forum bolup hyzmat edýän bu mejlislere agza döwletleriň her biri öz garaýyşlaryny, teklipdir başlangyçlaryny hödürleýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 14-nji sentýabrynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisi açylýar. Halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde Bitarap Türkmenistan hem öňde boljak möhüm çärä, adatdakylar ýaly, ileri tutýan garaýyşlary, milli Lideriniň beýik başlangyçlary bilen barýar.