Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 14-nji iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26...+28°, gündizine +34...+36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm. Çyglylygy 30-50 %.

Te­bi­gat bi­ziň baý­ly­gy­myz­dyr

Şu gün­ler ho­wa­nyň aşa gyz­ma­gy bi­len te­bi­ga­ty go­ra­ma­gyň wa­jyp­ly­gy art­ýar. Bu ze­rur­lyk, aý­ra­tyn-da, tebigy ýer­le­ri­mi­zi, baglarymyzy go­ra­mak­da äh­mi­ýet­li­dir. Hut şo­nuň üçin te­bi­ga­ta ze­lel ýe­ti­ril­mez ýa­ly, et­jek iş­le­ri­mi­ziň dürs bol­ma­gy­ny ga­zan­ma­gy­myz ge­rekdir. To­kaý zo­lak­la­ry ýur­du­my­zyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ho­wa­nyň aras­sa bol­ma­gy­ny ga­zan­mak­da ola­ryň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Ýer at­mos­fe­ra­sy­nyň kis­lo­ro­dy­nyň alt­myş gö­te­ri­mi to­kaýyň we se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­nyň bag­la­ryn­dan eme­le gel­ýär. Or­ta boý­ly bir da­ragt bir gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da üç ada­myň dem al­ma­gy üçin ge­rek­li kis­lo­ro­dy gaý­ta­dan iş­läp, bö­lüp çy­kar­ýar. Bir ýy­lyň do­wa­myn­da to­kaý, se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­nyň bir gek­ta­ry el­li ton­na­dan ýet­miş ton­na çen­li to­za­ny öz üs­tün­den ge­çi­rip, ho­wa­nyň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.

Ýakym-ýaraşykly güller

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynda bezeg ösümlikleriniň bioekologik aýratynlyklary, olary ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasy we köpeltmegiň usullary öwrenilýär. Botanika bagynyň tropik we subtropik ösümlikleriniň gazna ýyladyşhanasynda ösümlikler toplumynyň esasyny birnäçe maşgalalara we görnüşlere degişli bolan toparlar düzýär. Ösümlikleriň kadaly ösmegi üçin ýagtylyk, howa, ýylylyk we toprakdaky iýmit maddalary wajypdyr. Esasan, subtropik klimatly ýurtlardan gelip çykan otag gülleri ýagtylygy, ýylylygy we çyglylygy gowy görýär. Ösümlikleriň kadaly ösmegi we güllemegi üçin, ilkinji nobatda, ýagtylyk gerek. Şeýle-de bolsa, gülleriň dürli görnüşleriniň ýagtylyga bolan talaby birmeňzeş däl. Aşa ýagtylyk ýa-da onuň ýetmezçiligi ösümliklere ýaramaz täsir edip biler. Ýagtylygyň işjeňligi we dowamlylygy, köplenç, ýylyň möwsümine, günüň dowamlylygyna baglylykda üýtgeýär. Häzirki wagtda ýyladyşhana şertlerinde Awstraliýanyň ösümligi bolan kallistemonyň bioekologik aýratynlyklarynyň esasynda ony ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasy işlenip düzülýär. Bu bezeg ösümligi owadan gülleri hem-de efir ýagynyň baý çeşmesi bilen tapawutlanýar. Kallistemon düzüminde sitralyň, sitronellolyň, geraniolyň köp bölegini saklaýan ösümlik bolup, parfýumeriýada giňden ulanylýar.

Hazar külkesi

«Hazar hikmetleri» makalalar toplumyndan Dürli balyklaryň, guşlaryň mekany bolan goja Hazaryň kenarynda ýaşaýan ýerli ilat üçin ähli döwürde-de bu jandarlar esasy azyk-owkatlardan bolupdyr. Kenarýaka ilat balykdan dürli görnüşli tagam taýýarlapdyr. Hatda «gowurma» diýlip atlandyrylan gowrulan balygy hojalyk üçin, ony azyk önümi hökmünde uzak wagtlap saklamak, şeýle-de alys ýola gidýänlere taýýar ýol azygy hökmünde berip goýbermek üçin, ony öz ýagyna gowrup, agaç gaplara ýa-da deri meşiklere gapgaryp, ýaga batyryp goýar ekenler. Şeýle ýagdaýda taýýarlanan balyk gowurmasy uzak wagtlap zaýalanman saklanypdyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 13-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 13-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 13-nji iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm. Çyglylygy 10 — 30 %.

Howa maglumaty

Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň Gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa ba­ra­da­ky gul­­l­­­u­gy­nyň ýur­du­myz­da şu gün — 12-nji iýulda bolmagyna garaşylýan ho­wa­nyň ýag­da­ýy ba­ra­da ber­ýän mag­lu­ma­ty: Aş­ga­bat­da: az-kem bu­lut­ly ho­wa bo­lup, de­mir­ga­zyk-gün­do­gar­dan tiz­li­gi se­kunt­da 7 — 10 met­re ýet­ýän şe­mal öw­ser. Ho­wa gi­je­si­ne +24... +26° ma­ýyl, gün­di­zi­ne +37... +39° ys­sy bo­lar. Ho­wa­nyň ba­sy­şy 731 mm, çyg­ly­ly­gy 20 — 40 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 12-nji iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26° maýyl, gündizine +37... +39° yssy bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 10-njy iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda     10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 9-njy iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26°, gündizine +32... +34°

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 9-njy iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Künji

Milli Liderimiz şu ýylyň 18-nji martynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynyň ýagdaýy bilen tanyşlygynyň barşynda degişli ýolbaşçylara beren tabşyrygynda alymlar bilen ýerleriň toprak-howa şertlerini öwrenip, ýag alynýan ösümlikleri, esasan-da, günebakary, zeýtuny, künjini ösdürip ýetişdirip, senagat taýdan gaýtadan işlemegiň mümkinçiliklerini seljermegi tabşyrdy. Öňde goýlan bu wezipelerden ruhlanyp, ylmy maglumatlara, halk tejribesiniň gazananlaryna esaslanyp, ilat arasynda giňden peýdalanylýan ekinleriň biri bolan künjiniň agrotehnikasy, halk lukmançylygynda peýdalanyşy barada söz açmagy makul bildik. Künji gadymy ösümlikleriň biri bolmak bilen, onuň watany Hindistan hasaplanýar. Ol dünýäniň köp döwletlerinde ekilýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 9-njy iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28... +30° maýyl, gündizine +36... +38° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Suw­suz­ly­ga çy­dam­ly ösüm­lik­ler

Suw­suz­ly­ga çy­dam­ly agaç­laryň, gy­rym­sy agaç­laryň, ýabany otlaryň, bir­ýyl­lyk we köp­ýyl­lyk ösüm­lik­le­riň ýüz­ler­çe gör­nü­şi bar. Ola­ryň kä­bi­ri ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­ma­ty dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris. Ka­li­for­ni­ýa gü­lä­le­gi. Ýa­ba­ny çöl gül­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan bu ösüm­lik açyk na­rynç reň­ki bi­len ada­ty gy­zyl gü­lä­lek­den ta­pa­wut­lan­ýar. Gü­lä­le­giň bu gör­nü­şi ABŞ-nyň Ore­gon şta­ty­nyň ke­nar­ýa­ka­la­ryn­dan Mek­si­ka­nyň Aşa­ky Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­na çen­li ara­lyk­da ös­ýär. Me­de­ni usul­da hem ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­me­gi aň­sat bo­lan­soň, tä­sin gül köp ýer­de se­ýil­gäh­le­ri, how­lu­la­ry hem be­ze­ýär. Bu ösüm­li­giň gül­le­ri gün­di­zi­ne açy­lyp, gi­je­si­ne ýa­pyl­ýar. Bu gü­lä­lek­ler ke­nar­ýa­ka­lar­da tu­tuş to­mus pas­ly­nyň do­wa­myn­da gül aç­ýan bol­sa, has ys­sy ýer­ler­de ýaz pas­lyn­da bir ge­zek gül­län­den soň­ra gu­ra­ýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň  Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28...+30° maýyl, gündizine +36...+38° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm. Çyglylygy 15-35 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 8-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +29... +31° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Täsin şaglawuklar

Şaglawuklar ýurdumyzyň gözel tebigatynyň täsinlikleriniň biridir. Biziň ýurdumyzda Goşdemir, Nohur ýa-da Hür-hüri, Degirmenjik, Umbardere ýaly birnäçe şaglawuklar bar. Goşdemir şaglawugy — Sumbar derýasynyň ýokary akymyndaky iň ajaýyp tebigy ýadygärlikleriň biridir. Şaglawukda 4 sany basgançak bolup, olaryň aralygy 1-3 kilometr. Şaglawuk has gurak ýyllarda tomus düşmänkä guraýan hem bolsa, gyş, ýaz-ygal ýeterlik ýagýan wagtynda ýagyş suwy Goşdemriň aşakdan birinji — has uly basgançagynda kert daşyň üstünde 50 metre çenli ýaýrap, akýan suw güýçli şaggyldy bilen 15 metr beýiklikden dik aşak inýär. Akymyň tersine, egrem-bugram derýanyň içi bilen 1,5 kilometre golaý geçeniňden soň Goşdemriň ikinji basgançagy başlanýar. Şaglawuk döredýän ýylçyr kert basgançagyň beýikligi 5 metre, giňligi 25 metre çenli kiçelýär. Ondan ýokarlygyna — üçünji basgançaga gitdigiňçe suw kem-kemden azalýar. Goşdemriň üçünji basgançagynyň beýikligi 5 metre barabardyr, suwuň şaglawuk döredýän ýylçyr daşly ýeriniň ini bolsa 10 metr çemesidir. Dördünji, iň ýokardaky şaglawugyň ini welin, 2 metre hem ýetmeýär.

Müşki-anbarlar

Gündogar medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halkynyň taryhynda atyr öndürmek sungaty köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Arheologiki barlaglaryň netijesinde Gaýly gowakdan tapylan, takmynan, biziň eýýamymyzdan öňki IX-VIII asyrlara degişli gadymy tapyndylar şol döwrüň adamlarynyň ruhy medeniýetini öwrenmäge, olaryň dini ynançlary barada netije çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde gazuw-agtaryş işleri geçirilende, adamlaryň ysly suwuklyklary (ohra) sepinendikleri barada maglumatlar ýüze çykýar. Bu maglumatlar entek daş asyrynda adamlaryň ys beriji serişdeleri ulanandyklaryna şaýatlyk edýär. Bu bolsa Watanymyzda atyr önümleriniň örän gadymy döwürde ýüze çykandygyny görkezýär. Gadymy Goňurdepede gazuw-agtaryş işleri geçirilende-de, täsin tapyndylara duş gelinýär. Şunda biziň eýýamymyzdan öňki 1700-1600-nji ýyllarda gonamçylyklardaky tapyndylarda kümüş bilezikler, piliň süňkünden ýasalan darak, pyşbaganyň arka çanagyndan edilen çanak, kümüş bulgur, bürünç gaplar ýaly enjamlara duş gelindi. Bu toplumda iki sany ýüz görülýän aýna, agzy gapakly kosmetiki çüýşe, ýüze reňk çalnan mahaly ulanylýan gap hem tapylýar.

Tebigat — ýaşaýyş

Dünýäde ekologiýa meseleleriniň üstünlikli çözülmeginde döwletleriň hyzmatdaşlygy nukdaýnazardan, tebigy gurşawy goramak babatdaky halkara konferensiýalaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. 1972-nji ýylyň 5-6-njy iýunynda geçirilen Stokgolm konferensiýasynda daşky gurşawyň wajyp meselelerine degişli dünýä bileleşiginiň garaýşyny özünde jemleýän Jarnamanyň kabul edilmegi dünýä döwletleriniň we halkara bileleşiginiň ekologik syýasatynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu resminamada ekologiýa ýörelgeleriniň 26-sy kesgitlenilýär. Şonuň ýaly-da, Stokgolm konferensiýasynda daşky gurşawy goramagyň çäreleriniň Meýilnamasy kabul edildi. Ekologiýanyň guramaçylyk, ykdysady, syýasy meseleleriniň döwletleriň we halkara guramalarynyň özara hyzmatdaşlygy esasynda çözülmeginiň ugurlary anyklanyldy. Şu konferensiýa mynasybetli, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1972-nji ýylyň 15-nji dekabrynda geçirilen 27-nji sessiýasynda kabul eden Rezolýusiýasyna laýyklykda, 5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Şondan bäri bu sene her ýyl bütin dünýäde bellenilip geçilýär. Her bir adamyň ekologiýanyň ýagdaýyna jogapkärçilikli, tebigata aýawly çemeleşmegi, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesilleriň bähbidine gorap saklamaga işjeň gatnaşmagy zerurdyr. Dünýäniň dürli künjeklerinde Ýer ýüzüniň ösümlik, haýwanat dünýäsiniň köpdürlüliginiň goragyny öz içine alýan medeni we aň-bilim çäreleri