Sähra pyşdyly
Ýurdumyzyň çäginde pyşdyllaryň 3 görnüşi gabat gelýär. Sähra pyşdyly, Hazar pyşdyly we batgalyk pyşdyly. Olaryň arasynda has giňden ýaýrany sähra pyşdylydyr. Ol dag eteklerinde, sähralyklarda, çölde, jeňňelliklerde we beýleki ýerlerde gök otlaryň köp ýerlerinde ýaşaýar. Bu pyşdylyň bedeniniň arka we garyn tarapy süňk buýnuzdan ybarat bolan gapaklar (çanaklar) bilen örtülendir. Ol üstüne howp abanan wagtynda aýaklaryny we kellesini gapaklarynyň aşagynda gizleýär. Çünki onuň gapaklary örän berk bolup, duşmanlaryndan goranmaga kömek edýär. Pyşdyllaryň gapaklarynyň çalyşma döwründe çanagynda ösüş çyzyklary emele gelýär. Olaryň gapaklarynyň çalyşmasy ýylda 1 gezek bolýar we ösüş çyzyklary boýunça pyşdylyň, takmynan, ýaşyny hasaplap bolýar. Sähra pyşdylynyň bedeniniň uzynlygy 20 santimetre, iň ulularynyňky bolsa 28 santimetre ýetýär. Ene pyşdyllar erkeklerine garanda, ulurakdyr. Gözleri görgür, burunlarynyň ys alşy ýitidir. Pyşdylyň oňurga süňkleriniň kelle we guýruk bölekleri gowy hereketlenip bilýär, beýleki bölekleri bolsa arka tarapyndaky gapagyna hereketsiz berkleşendir. Sähra pyşdylynyň esasy iýmiti otjumak ösümlikleriň ýaşyl baldaklary we dökülen miweleri bolup durýar. Bu süýrenijileriň işjeňligi köplenç olaryň iýmitiniň gögerip çykma döwri bilen bagly. Sähra efemerleriniň — möwsümleýin otlaryň guran ýagdaýynda pyşdyl tomusky uka gidýär. Eger pyşdyl oba hojalyk meýdanlarynda ý