Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Tebigatyň täsin gurşawy...

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Dün­ýä­de te­bi­ga­tyň adam sag­ly­gy­na ýe­tir­ýän tä­si­ri örän ulu­dyr. Şo­nuň üçin hem is­len­dik bir adam te­bi­ga­ty aýaw­ly sak­la­mak­da özü­niň yh­la­sy­ny gaý­gyr­man dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na eýer­me­li­dir.

Guşlar dünýäsi

Guşlar ynsanyň ganatly dostlarydyr. Olar tebigatyň zyýankeşlerini ýok etmekde biologiki goragçylarymyzdyr. Guşlar — tebigatyň tapylgysyz gözelligi we baýlygy. Biziň ýurdumyzda guşlaryň 376 görnüşi hasaba alyndy. Olaryň köp görnüşi ýurdumyzyň gündogar sebitiniň hemişelik ýaşaýjylarydyr. Taryhy maglumatlara görä, towuk şekilli guşlar (towuk, bedene, hindi towugy, tawus) Günorta — gündogar Aziýa sebitinde örän ir — neolit döwründe eldekileşdirilipdir. Wagtyň geçmegi bilen bu guşlar Mesopotamiýa, Müsüre we Gresiýa ýaýrapdyr. Şol döwürde towuk şekilli guşlar Siriýada hem giňden köpeldilipdir. Häzirki wagtda towuk şekilli guşlaryň 7 sany maşgalasy, 280-den gowrak görnüşi bellidir.

Bagy-bossan paýtagtym

Pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen gözel paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda her ýylda agaç nahallarynyň müňlerçesi oturdylýar. Köpçülikleýin agaç nahallaryny oturtmak işlerine hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy we ak pata bermegi halkymyzda ýokary ruhubelentlik duýgularyny döredýär. Ynha, şu ýyl hem hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda gözel tebigatymyzyň biologik köpdürlüligini has-da baýlaşdyrmak maksady bilen agaç nahallaryny oturtmak işleri uludan tutuldy. Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmek baradaky Kararyna laýyklykda 16-njy martda ählihalk bag ekmek dabarasynda bag we üzüm nahallarynyň 594 müň 892  düýbi oturdyldy. Häzirki wagtda halkymyzyň durmuşynda arka atylan her bir gün çuň many-mazmunly beýik işlere beslenýär. Gojaman Köpetdagy etekläp oturan ak mermerli Aşgabat hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gür baglyga bürenýär, tebigatyň ajaýyp sazlaşygyny emele getirip, ýaşaýjylarda we myhmanlarda döwrüň beýik ösüşlerine bolan ajaýyp duýgulary döredýär. Jana şypa beriji suw çüwdürimli, müşki-anbar ysy bilen bark urýan köpsanly güllere, ýaşyl baglara bürenip oturan Aşgabady bu gün bagy-bossanlygyň, ajaýyp gülleriň şäheri diýip atlandyrýarlar. Köpetdagyň eteklerinde arça hem-de pürl

Sähra bahar gelende...

Nowruz geldi ülkämize Mart aýynyň ýigrim biri,

Halkymyzyň durmuşynda ösümlikleriň ähmiýeti

Adamzat durmuşyny ösümlikler dünýäsinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Ata-babalarymyz bagy-bossanlygy döretmegi hemişe üns merkezinde saklapdyrlar. Şeýle hem nesilleri ösümlik dünýäsine bolan söýgini oýarmak bilen terbiýeläpdirler. Ir döwürlerden bäri ösümlikleriň häsiýetleri öwrenilip, olar boýag–reňk almakda, deri eýlemekde ulanylypdyr. Olaryň dermanlyk häsiýetlerini kesgitläp, em–melhem üçin peýdalanypdyrlar. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik kitabynda halkymyzyň melhemlik üçin ulanan ösümlikleriniň köp sanlysy, olary ýygnamagyň, guratmagyň, saklamagyň, olardan melhem taýýarlamagyň, ulanmagyň usullary barada berlen maglumatlar hem tassyklaýar. Milli Liderimiz bu kitabynda ata-babalarymyzyň ilkinji «tebigy dermanhana» hasaplanýan dermanlyk ösümliklere ýüzlenendiklerini, olardan peýdalanandyklaryny belleýär. Pederlerimiz çerkez, borjak, buýan, üzärlik, sersepil, ýowşan, arça, narpyz ýaly ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini bilipdirler. Ata-babalarymyzdan bize däp bolup galan bag oturtmak haýyrly, sogap iş hasaplanýar. Şeýle-de ösümlikler dünýäsini goramak bilen baglanyşykly köp sanly rowaýatlar bolup, olar tebigata, bagdyr agaçlara, tokaýlara degişlidir. Bu barada halkymyz «Agaç eken, köpri guran, guýy gazan adamyň ömri haýp geçmez» diýen aýtgy döredipdirler.

Dagdanly — taýmaz...

Dag bezegi bolan dagdan agajyna halkymyzyň juda irki döwürlerden hormaty uly. Öz adyndan hem belli bolşy ýaly, ol owadanlygy, berkligi gadyr-gymmaty dagdan, dag bilinden alýar. Şonuň üçin onuň süňňi sagdyn, ruhy polatdan hem berk. Ol näçe ýaşasa-ýaşasyn egrelip, bükülip bir ýerindenem çat açmaýar. Ýogsa, ol hem beýleki daragtlar ýaly, ýylyň on iki aýynyň jokrama yssysyny, gazaply sowugyny, mahlasy, ähli hadysalaryny aýma-aý, demme-dem öz başyndan geçirýär. Onuň şunuň ýaly häsiýeti üçin agaç ussalarymyz ondan altyn-kümüş şaý-sepleri bilen bäsleşip biljek göz monjugy ýa-da nepis tumarlary ussatlyk bilen ýasap, gelin-gyzlarymyzyň gözelligine gözellik goşýarlar.

Türkmen tebigatynyň gözelligi

Köýtendag täsinlikleri

Uzynlygy 100 kilometre golaý bolan Köýtendag Türkmenistanda iň beýik dagdyr. Ýurdumyzyň iň belent nokady 3139 metr bolup, ol Köýtendagyň Aýrybaba gerşidir. Köýtendag köpsanly kert gaýalardan we çuň jülgelerden ybaratdyr. Dag ulgamynyň eňňitlerinde ýiti gaýalar gaty köpdür. Onuň beýik gaýalaryna çykmak üçin ýörite gurallar gerek bolýar. Çünki onuň ýoly örän dik we kötel, jülgeleriň düýpleri bolsa opurylan gaýalaryň äpet harsaňlaryndan doly. Şeýle-de, käbir jülgeleriň çuňlugy 100 metrden hem geçýär.

Bahar buşlukçysy

Garagum derýasynyň boýuny syryp, gündogardan gelýän adaja şemalyň ýyljajyk demi tebigata bolmajysyny boldurdy, baýyrlardyr gum depeleri läle getiripdir. Guş-gumrularyň şatlanyşynyň dagy çeni-çaky ýok. Ynha, baharyň ilkinji buşlukçysy bolan garlawaçlar jübüt-jübüt bolşup, amatlyja ýerde höwürtge gurunmagyň, tiz wagtdan dünýä injek sary çüňklüje jüýjeleri üçin rahat bolar ýaly, onuň içine pamykdyr per, ýüň übtüklerini düşemegiň aladasynda pelesaň urýarlar. Heniz ýigdekçekäk, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nury Baýramow: «Arada sährada bolanymda, asmandan durnalaryň «gurk-gurk» diýen sesi eşidildi. Haçanda durnalar ýere pessaýlanlarynda, hersiniň üstünden bir garlawaç uçup gitdi. Olary şol uzak ýerden durnalar arkasyna alyp gelipdirler» diýip, bizi haýrana goýardy. «Arkalaşan dag aşar» diýleni. «Gudrat göreý diýseň, daglara bar» diýilýän-de bolsa, çyn gudraty sähralarda hem aç-açan duýup bolýar oguşýa. — Göwresiniň uzynlygy 20 santimetr, agramy 17 — 20 gram bolan garlawajy haýsy guş bilen deňeşdirse bolar? — diýip sorasalar, haýsy guşuň adyny tutjagyňy bilmänjik geçersiň. Ýok, ýok, ony guşlaryň hiç birine-de deňär ýaly däl-ä! Mazalyja synlasaňyz, garlawaç edil ýylanyň damagyndan çykan ýaly, diýseň owadan, erjel guşdur. Onuň, ylaýta-da, asmanda uçup ýörkä çybyndyr çirkeýler, siňekler bilen iýmitlenip ýörmegi her kesi haýrana goýýar. Uçman, birhili howada tans edýän ýaly görünýär. Onu

Älemgoşarmy ýa bulutmy? (Täsin tebigat)

Her paslyň özüne mahsus gözelligi bar. Ýazyna ýagyş ýagandan soň, älemgoşar çykyp, adamlary begendirýän bolsa, gyş günleri ýagan garda çagalar hezil edip oýnaýarlar. Her bir paslyň aýratyn gözelliginiň bolşy ýaly, her yklymyň, sebitiň hem özüne mahsus owadanlygy bar. Dünýäniň dürli ýerlerinde seýrek ýagdaýda duş gelýän ýüzlerçe tebigy hadysa bolýar. Olaryň birnäçesi howadaky suw damjalary bilen Gün şöhlesiniň özara gatnaşygy netijesinde peýda bolýar. Şolaryň biri hem älemgoşar reňkli bulutlardyr. Bu hadysa galyň buludyň Günüň ýüzüni tutmagy we bulutdaky suw damjalarynyň Günüň şöhlesini döwmegi sebäpli ýüze çykýar. Bulutdaky älemgoşar reňkleri, köplenç, solak, örän seýrek ýagdaýda bolsa ýiti görünýär.

Äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň üs­tün­lik­li alyp bar­ýan eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty esa­syn­da her ýy­lyň ýaz we güýz möw­süm­le­rin­de äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­la­ry­ny gu­ra­mak, şo­nuň bi­len hem bu möw­süm­ler­de al­nyp ba­ryl­jak bag ek­mek iş­le­ri­ne ba­dal­ga ber­mek asyl­ly dä­be öw­rül­di.

Güller açýar gözel diýar

Bahar gelse, güller hakyndaky oýlar seriňe gelýär. Baharyň ýaraşygy al-elwan güller. «Gül ajaýyp sowgatdyr adamlara jennetden» diýen setirler orta asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Kesäýi Merwezä degişlidir. Türkmen Diýarynda ösýän reňbe-reň güller hakynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynda hem duş gelinýär. Şahyryň meşhur «Türkmeniň» goşgusyndaky: Gül-gunçasy gara gözümiň garasy...

Bag — bereket çeşmesi

16-njy martda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ählihalk bag ekmek dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Aşgabadyň gözel künjeginde ýedi sany nahal ekdiler. Bu nusgalyk ýörelgä eýerip, ýurdumyzyň ähli ýerinde bag ekmek dabarasy geçirildi. Şeýle haýyrly işler Arkadag şäherinde hem giň gerim aldy. Şol gün ir bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň demirgazygynda bag ekmek dabarasyna Arkadag şäheriniň häkimliginiň işgärleri, edaralaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mugallymlar we talyp ýaşlar, ýaşaýjylar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow

Ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi Ekologiýa terbiýesine bag-agaç nahallaryny oturtmaklygam degişli. Agaç ekmegiň sogaby, haýry ir döwürlerden bäri meşhur we ol çagalykdan aňymyza guýulýan terbiýeleriň biri. «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýä kitabynda onuň ady bar» diýen setirler hem muny tassyklaýar. Bir düýp daragtyň biziň durmuşymyza ýetirýän peýdasy hakda gadym döwürlerde nämeler ündelen bolsa, indi şol paýhaslar anyk ylmy deliller bilen öwredilýär.

Bag — ýaşaýşyň bezegi

Ýazky möwsüme badalga berildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen tebigaty goramak babatynda uly işler alnyp barylýar. Daşky gurşawy goramak, tebigatyň gözelligini we baýlygyny geljekki nesillere ýetirmekde alnyp barylýan işler aýratyn bellärliklidir.

Tebigatyň hemişelik sazlaşygynda

Älem-jahany terlendirip, şahandaz bahar pasly geldi. Tebigatyň janlanyşyny — täzeden döreýşini synlamak her bir ynsanda ýakymly duýgulary oýarýar. Şeýle günlerde Gündogarda meşhur bolan Nowruz baýramy giňden bellenilýär. Onuň döreýşi gojaman taryhyň iňňän irki döwürlerinden gözbaş alýar. Gadymyýetde gije bilen gündiziň deňleşýän gününi adamlar dünýäniň ýaradylan güni hasaplapdyrlar. Nowruz sözüniň manysy hem täzeden döremegi, täze güni aňladýar. Şu ajaýyp baýram mynasybetli bugdaýyň ösüp çykan şinelerinden ― ilkinji maýsalardan semeni taýýarlanylyp, ol Nowruz baýramynyň esasy tagamy hökmünde goňşy-golamlara hödür edilýär.

Halkyň hakydasyndan

Säher bilen itburun gülüni açmasa, şol gün örän yssy bolar. * * *

Guşlar we howa ýagdaýlary

Gargalar bahar gelende suwuň başyna gonup başlasalar, yssy adatdakydan ir düşýär. ***

Nowruz yrymlary

Nowruz güni irden ýere gyraw düşse, toprak hasylly bolarmyş. ***

Sazak — sähramyzyň ýaraşygy

Ýurdumyzyň çägindäki çölleriň ösümlik dünýäsi örän baýdyr. Olar ekoulgamyň deňagramlylygyny saklamakda möhüm hyzmaty ýerine ýetirýärler. Çöl ösümlikleri hakynda gürrüň gozgalanda, ilkinji nobatda, sazak göz öňüňe gelýär. Olar ymgyr çöllerimiziň bezegi, halkymyzyň arzylaýan ösümligidir. Sazaklar çägeleriň süýşmeginiň öňüni almakda, çölleriň haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagynda, maldarçylygyň ösmeginde bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty ýerine ýetirýärler. Ol çöl ýerinde odun hökmünde ornuny çalşyp bolmaýan ösümlikdir. Sazagyň küli-de, püri-de peýdalydyr. Halkymyz onuň tüssesini hem degna ulgamyny rahatlandyryjy serişde hasaplaýar. Ata-babalarymyz sazagyň külüni düýäniň derisini eýlemekde ulanypdyrlar. Gowy eýlenilen şeýle deriden ýasalan gowalar arkaly ýyldyz boýly çuňňur guýulardan suw çykarypdyrlar.