Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Täsin “orkestr”

Bu wakany maňa heniz kiçijikkäm babam — bagşy we žurnalist Halykberdi Gurbansähedow gürrüň beripdi. Men häzir hem ol gürrüňi ýatlaýan we ýylgyranymy duýman galýaryn. Geçen asyryň ellinji ýyllarynyň aýaklarynda babam ýaş hünärmen bolup, Marynyň welaýat halk döredijilik öýünde işe başlaýar. Ol ýerde geljekki atly režissýor Osman Saparow hem işleýärdi. Olar dostlaşýarlar, birek-birek bilen ýakyndan gatnaşýarlar.

Jümle-jahan habarlary

Ýanardagdan emele gelen ada

Gowaklarda galan gözellikler

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 26, 30-njy sanlarynda). GOWAKLAR WE SPELEOTERAPIÝA

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +1... +6 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +9... +14 gradus maýyl bolar.

Syry köpdür Köýtendagyň...

Güneşli Diýarymyzyň tebigatynyň gözelligini gözüň bilen görmek, ýüregiň bilen duýmak gerek. Diňe şonda bu gözellige hakyky baha berip we oňa akyl ýetirip bolýar. Ýurdumyzda olary goramak we iliň hyzmatyna bermek boýunça ýörite goraghanalaryň birnäçesi bar. Şolaryň biri-de Köýtendag döwlet tebigy goraghanasydyr. Ol ýurdumyzyň gündogarynda, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda 1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda döredildi. Bu goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady Köýtendagyň Magdanly pes daglygynyň we olaryň daş-töweregindäki ýerleriň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakdan, tebigaty goramagyň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr.

Emeli kölüň ýeriň duzlulygyna garşy täsiri

Türkmen topragynda suw ulgamynda gazanylan bu üstünlik öz köklerini halkymyzyň ata-baba suwa mukaddeslik derejesinde garamagyndan, oňa uly sarpa goýmak bilen, dürli suw desgalaryny gurmakda baý tejribesiniň bolmagyndan alyp gaýdýar. Ýurdumyzda geçirilen arheologiýa barlaglary suwarymly ekerançylygyň mundan 8-9 müň ýyl öň dörändigini we dünýäniň suwarymly ekerançylygynyň esasy gözbaşlarynyň biri bolandygyny subut edýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde diýen ýaly, taryhyň ajaýyp ýagdygärlikleri hökmünde bentlere, sardobalara, howuzlara, kärizlere, gatlalara, nowhanalara, arnalara, howuzlara, kaklara we oýtaklara gabat gelmek bolýar. Türkmen halky köp asyrlyk taryhynyň dowamynda suwa tebigatyň bahasyna ýetip bolmajak peşgeşi we durmuşyň gözbaşy hökmünde garap gelýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurlan «Altyn asyr» Türkmen köli hem suw ulgamyndaky asyrlara barabar işleriň netijesidir. Ylmy maglumatlara görä, toprakda erginleriň saklanylyşy 0,01-0,05 göterim bolanda, ekinler ondan iýmit maddalaryny örän gowy özleşdirýärler. Tebigy ýagdaýlarda diňe şorlaşmadyk topraklardaky erginler 0,02-0,2 göterim bolýar. Ösümlikler bu erginlerden hem kadaly iýmitlenip, ýokary hasyl berip bilýärler. Eger-de toprak erginleri 0,3 göterim we ondan hem ýokary bolsa, onda iýmit maddalarynyň özleşdirilişi peselip, ösümliklere zyýanly duzlaryň birleşmeleri artyk toplanýar. Ol zyýanly duzlar t

Ösümlikleriň ýaşaýşynda suwuň tutýan orny

Suw ösümlikleriň ýaşamagynda örän uly orny eýeleýär. Dürli-dürli ösümlikleriň 80 – 90 göterimi suwdan ybarat. Ösümlikleriň öýjüklerinde köp mukdarda suw, organiki we mineral maddalar saklanýar. Ösümlikleriň miwesiniň turşy we süýji bolmagy öýjüklerinde saklanýan askorbin kislotasynyň we şekeriň mukdaryna baglydyr. Suw ösümlikleriň dokumalaryna kök ulgamy we ýapraklary arkaly iýmiti getirýär hem-de ýylylygy sazlaýjy bolup hyzmat edýär, ol ösümligiň ýapragynyň üstünden bugarýar. Bu bolsa köp mukdardaky ýylylygy özüne siňdirýär.

Gowaklarda galan gözellikler

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 26-njy sanynda). “HAŞYMOÝUK” GOWAGY

Köpetdag kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 17, 18, 20, 22, 25, 28-nji sanlarynda). KÄKILIKLER

Otagdaky ýaşyl tebigat

Tebigatyň aýrylmaz bölegi bolan güller hakynda gürrüň edilende, elbetde, otag gülleri hem göz öňümizde janlanýar. Sebäbi güýz we gyş aýlarynda - tebigatyň uka gidýän döwründe öýümizde ýaşyl tebigaty emele getirýän otag gülleri kalbymyza özboluşly ýakymly duýgyny bagyş edýär. Adam ösümliklerdir güllere ideg etmek bilen, olardan ruhlanýar, şähdi açylýar. Otag güllerini haçan we kimiň ösdürip başlandygy hakynda anyk bir zat aýtmak kyn, ýöne bu işe ilkinji bolup gözellik şeýdalary başlangyç beren bolsa gerek. Mundan başga-da, dürli geografik mesgenleriň açylmagy, ösümlik dünýäsiniň öwrenilmegi netijesinde, dürli güller medenileşdirilip, otaglarda ösdürmäge uýgunlaşdyryldy. Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýerlerinden getirilen aloe, balzamin, begoniýa, geran, limon, kaktus, hytaý bägüli, palma, fikus we beýleki güller otaglarymyzda ýaşyl gülzarlygy emele getirýärler. Otag gülleri, esasan, äpişgäniň öňünde ýerleşdirilýär. Güller öýüň howasyny arassalamak bilen birlikde, ynsan ruhuna hem oňyn täsir edýär. Otag gülleriniň, ýokarda belleýşimiz ýaly, görnüşleri köp bolup, olaryň ideg ediliş usullary hem gelip çykýan ýerlerine görä, dürli-dürlüdir. Şol sebäpden her bir otag gülüniň oňat gülläp, ösüp, boý almagyny isleseňiz, onda ilki bilen onuň nähili idedilişi hakynda maglumatlara eýe bolmaly. Özüm hem otag güllerini ösdürmek, olary köpeltmek bilen gyzyklanyp, ilki başda olar

Tebigaty goramak — möhüm wezipe

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde tebigaty goramak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyzyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, tebigatyň peşgeş beren baýlyklaryna aýawly çemeleşmek hem-de ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler nusgalyk häsiýeti bilen tapawutlanýar. «Biz keremli daglarymyzy, özboluşly sähralarymyzy, ajaýyp derýalarymyzdyr köllerimizi aýawly we netijeli peýdalanmalydyrys» diýip, milli Liderimiz nygtaýar we bu ugurda asylly başlangyçlara badalga berýär. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy, «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, ýurdumyzyň ähli künjekleriniň tokaý zolaklary bilen bezelmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Köpetdag kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 17, 18, 20, 22, 25-nji sanlarynda). Keýik sürüsi

Tersaýaklylar

Balyklaryň, guşlaryň we beýleki suw jandarlarynyň dürli görnüşleriniň mesgen tutan ýeri bolan gojaman Hazar deňzi kesel bejeriş, dynç alyş-sagaldyş gorlary bilen tapawutlanýar. Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleriniň gözegçilik edýän zolagynyň baý janly tebigaty bar. Onda ösümlikleriň, balyklaryň, guşlaryň, süýdemdirijileriň, süýrenijileriň we beýleki jandarlaryň dürli görnüşleri jemlenýär. Suwda ýüzýän we onuň töwereginde gezýän guşlar bu giňişligiň gözelligine görk goşýarlar. Olaryň bir topary ýerde ýaşamaga uýgunlaşan bolsa, beýlekisi suwda, üçünjisi batgalyk ýerlerde mesgen tutýarlar. Deňziň ýa-da beýleki bir suw ýatagynyň kenarlaryna baryp, gezelenç edip, suwy synlanymyzda, ilki bilen, tersaýaklylar toparyndan bolan guşlara gözümiz düşýär. Olar ýakyn aralykda synlap duran adamlara-da üns bermän, özleriniň iýmit aladalary bilen başagaý bolup, suwa çümüp-çykyp ýörýärler. Olaryň tiz-tizden suwa çümüp, ussatlyk bilen ýüzüşleri, suwuň jümmüşinden ownuk balyjaklardyr leňňeçjikleri agyzlaryna alyp, ýene-de suwuň ýüzüne çykyşlary ünsüňi özüne çekýär. Bu guşlar uly ýaşly adamlaryň-da, çagalaryň-da iň eý görýän guşlarynyň biridir.

Gözellige baý jülge

Sumbar jülgesiniň täsin tebigaty bar. Sumbar derýasynyň iki kenaryndaky Ýollydere, Aýdere, Pordere ýaly dereleriň gözellikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi bu ýere gelen adamlaryň kalbynda ýakymly täsirleri oýarýar. Özüniň gözbaşyny Daýna obasynyň gündogaryndan alyp gaýdýan Sumbar derýasy şu günler joşup akýar. Bu görnüşe babadaýhanyň göwün guşy al-asmana göterilýär. Çünki derýa bol suwly bolsa, daýhanyň hasylynyň oňat, saçagynyň bereketli boljakdygynyň kepilidir.

Derek agajy

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen türkmeniň sahawata we berekede baý giň sähralary ýaýylyp ýatan bagybossanlyga we gülzarlyga öwrülýär. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda her ýyl ýurdumyzda bag ekmek boýunça ählihalk dabarasynyň geçirilmegi raýatlarymyzyň saglygyny goramagyň, durmuşy we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmegiň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyna şaýatlyk edýär. Türkmen tebigaty miwe, saýa, boýag, ýag berýän, dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň görnüşlerine örän baýdyr. Mähriban Watanymyzda az çyglylykda, gurak howada we ýokary gyzgynlykda ösýän agaçlaryň köp görnüşleri duş gelýär. Şolaryň biri hem derek agajydyr.

Jümle-jahan habarlary

LG-den ýene bir smartfon Günorta Koreýanyň meşhur LG kompaniýasy «CES 2021» tehnologiýa sergisinde «LG Rollable» atly açylyp ýygnalýan ekranly smartfonyny hödürledi. Kompaniýa bu smartfony şu ýylyň dowamynda satuwa çykarjakdygyny mälim etdi. Kompaniýanyň hünärmenleriniň habar bermeklerine görä, smartfonyň ekrany üç derejeli bolup, eplenilende onuň ölçegi 2428x1080 piksele, açylanda bolsa 2428x1600 piksele deň bolar. Şonuň ýaly-da täze önümiň 2428x1366 piksel ölçegli wideo görmek üçin aralyk görnüşi hem bolar. Bu smartfonyň ekrany 6,8 dýuýma (1 dýuým 2,54 santimetr) deň bolup, açyk ýagdaýynda bolsa onuň ululygy 7,4 dýuýma çenli artar. Şeýle hem smartfon kuwwatly batareýa bilen üpjün ediler. LG geljek ýylda bükülýän ekranly smartfony öndürmegi hem maksat edinýär. Kompaniýanyň täze önümleri hünärmenlerde we alyjylarda gyzyklanma döredýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... +5 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +18... +23 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7... +12 gradus maýyl bolar.

Gowaklarda galan gözellikler

Daglar haýran galdyrýan täsinlikleri bilen ähli döwürlerde hem ynsan bilesigelijiligini özüne çekip gelipdir. Her bir jülgesi, gowagy, deresi durşuna syr bolup ýatan Köýtendag hem özünde syrlaryň ençemesini gizläp ýatyr. Ol syrlary öwrenmek we ylmy açyşlary etmek üçin bu ýere soňky wagtlarda alymlar köp gelýärler. Dogry, dünýäniň ähli ýerinde dag hem bar, syrly gowaklar-da, emma olarda Köýtendagdaky ýaly täsinlikler ýok bolsa gerek. Muny bu ýere gelýän daşary ýurtly alymlar hem tassyklaýarlar. Hut şonuň üçin-de, ýurdumyzyň bu täsin künjegi tebigatyň syrly täsinliklerini öwrenýän alymlaryň we hünärmenleriň üns merkezinde. 2012-nji ýylyň maý aýynda italiýaly paleontolog Federiko Fanti, amerikaly alym Martin Lokleý, russiýaly alym Wladimir Malsew dagy bu dagyň gowaklarynda birnäçe barlaglary geçirdiler.

Türkmen arçasy barada bilýärmisiňiz?!

Türkmen arçasy — türkmen tebigatynyň, ylaýta-da, daglarymyzyň bezegi diýsek ýalňyşmarys. Onuň boýy 2 — 10 metr aralygynda bolup, kähalatlarda 25 — 30 metrlik arçalara hem duşmak bolýar. Bu arça aprel-maý aýlarynda gülleýär. Türkmen arçasy deňiz derejesinden 1100 — 2800 metr belentlikde ösüp ýetişmek bilen, esasan, guraksy, daşly eňňitlerde boý alýar. Türkmen arçasy haýal ösüp ýetişýär, ýagny ol ygally ýyllarda 2-3 santimetr, gurak ýyllarda bolsa ýylda 1 santimetr ösýär. Oňa garamazdan, ol gurakçylyga çydamlydyr. Ol yssyny we ýagtylygy söýýär.

Köpetdag kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 17, 18, 20, 22-nji sanlarynda). Tilki, guýrugyň galdy!