Guzularyň sany artýar
Güneşli Diýarymyzyň sähralarynda bolşy ýaly, dowarlaryň owlak-guzy möwsümi welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Serhetabat etrabynyň bereketli ýaýlalarynda hem guramaçylykly geçirilýär. Etrabyň “Serhetçi” maldarçylyk hojalygynyň çopan toparlary hem şu gyzgalaňly möwsümi üstünlikli alyp barýarlar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda maldarçylyk hojalygy boýunça mallaryň baş sany 53670 bolup, şol sanda ene goýunlaryň 27760-syndan 26129 sany sagdyn, guzy almak meýilleşdirilipdir. Hojalykda Gurbanaly Täçmuhammedowyň 1-nji, Kakamyrat Myradowyň ýolbaşçylyk edýän 2-nji maldarçylyk fermalarynyň çopan toparlarynyň arasynda möwsümi üstünlikli jemlemek maksady bilen özara ýaryş giň gerime eýe bolýar. Ýaryşda Gurbanaly Täçmuhammedowyň ýolbaşçylyk edýän maldarçylyk fermasynyň çopan toparlary öňde barýar. Guramaçy, işbaşarjaň müdir bilen giň sährada, zähmetiň gaýnap joşýan ýerinde didarlaşdyk. — Fermamyz boýunça 38790 sany baş mal bolup, şol sanda ene goýunlaryň 17654-sinden 16771 sany sagdyn, guzy almaklyga hötde geldik. Gyzgalaňly möwsümde Eziz Söýünowyň, Güljemal Meňliýewanyň, Merdan Akmuhammedowyň, Kakabaý Arrykowyň, Baýram Meredowyň çopan toparlary özara ýaryşda öňdeligi eýelediler.