Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Welaýatymyzyň ýüpekçileriniň zähmet ýeňşi

Rysgal çeşmesi Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny öz mynasyp sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinýän welaýatymyzyň merdana ýüpekçileri her güni zähmet üstünliklerine besläp, oňat netijeleri gazanýarlar. Olar 410 tonnadan gowrak pile hasylyny taýýarlap, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler.

Düýe maly — dünýe maly

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda kerwenler uzak ýola rowana bolanda, şol döwürleriň ulag serişdesi hökmünde ulanylan mallaryň içinde Hydyr gören hasaplanylýan düýe maly buýsanç bilen wasp edilýär. Düýe dürli işlerde ulanylmaga bolan ukyby, adamyň erkine ýeňil tabyn bolmagy, ýolsuz-ýodasyz, suwsuz, gazaply ýollara çydamlylygy, aýratyn idegi talap etmeýän, mallaryň iň güýçlüsi we az iýýän, oňňut etmäge ukyply ulag we iş maly hökmünde türkmeniň ykrar eden malydyr. Magtymguly Pyragynyň «Jan içinde» atly goşgusynda düýe şeýle taryp edilýär:

Pileçileriň zähmet ýeňşi

Türkmen ýüpekçileriniň bu günki gazanan zähmet ýeňşi halkymyzy diýseň begendirdi. Aklygy ýüzüne sylýan halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji hasylynyň aklykdan başlamagyny bereketden nyşan hasaplaýar. Ýurdumyzda örän irki döwürlerden bäri ýöredilip, ösdürilip gelinýän ýüpekçilik pudagy täze, belent derejelere göterildi. Şu ýylky öndürilen 2 müň 100 tonnadan gowrak çig pile hereket edýän we çig piläni işläp önüm öndürýän kärhanalaryň esasy çig mal gory bolup durýar. Olaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki ýüpek önümçilik birleşigi iň ulusy hasaplanýar. Bu kärhananyň durkuny täzelemek işleri geçirilenden soňra onuň önümçilik kuwwaty has-da artdy. Netijede, Lebap welaýaty tutuş ýurt boýunça öndürilýän piläniň ýarysyna golaýyny öndürmegi-de öz üstüne aldy. Bu ýyl hem lebaply ýüpekçiler özüniň asylly däbine wepaly bolmak bilen, 1 müň 10 tonnadan gowrak ýokary hilli piläni Watanyň uly çäjine goşdy. Ýeri gelende bellesek, welaýatyň gündogar etraplary ýüpekçilik pudagynda has-da ýokary netijelere eýe bolýar. Şu ýyl hem Kerki etrabynyň ýüpekçileri ýurdumyzda ilkinji bolup, Watana pile tabşyryp başlady. Olaryň göreldesine eýerýän Köýtendag, Halaç, Hojambaz we Döwletli etraplarynyň ýüpekçileri-de öz üstüne alan borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Halaç etrabynyň J.Mähremow adyndaky daýhan birleşiginiň ýüpekçilik boýunça hünärmeni

Depginli ösüş — guwandyryjy netijeler

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 4-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlendi. Obasenagat, söwda we dokma toplumlarynda, gurluşyk, senagat, nebitgaz we energetika pudaklarynda, telekeçilikde şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işler, gazanylan netijeler ýurdumyzyň depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýär. Munuň özi ýurdumyzyň zähmet toparlarynyň taryhy ýylda bellenilýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny mynasyp sowgatly garşylaýandygynyň alamaty. Döwlet Baştutanymyz: «Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr» diýip belleýşi ýaly, paýtagtymyzyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülmegi, şäher bilen bäsleşýän obalarymyzyň döremegi babatda giň möçberli işleri alyp barýar. Bu babatda kabul edilen milli maksatnamalaryň ählisi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň gurluşyk-binagärlik syýasaty netijesinde, ýurdumyzda köpasyrlyk milli binagärlik däpleri häzirki zaman, döwrebap keşpler bilen sazlaşykly ösdürilýär. Paýtagt şäherimiziň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň toplumlaýyn ösdürilmegine, gurulýan binalarda sanly tehnologiýalaryň, ylmyň iň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna, gur

Çäjiňe bereket, gallaçy!

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan ýyly bagtyýar halkymyz belent zähmet ýeňişlerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen häzirki günlerde ýurdumyzda galla oragy guramaçylykly hem-de gyzgalaňly alnyp barylýar. Garaşsyz Diýarymyzyň azyk bolçulygyny döredýän edermen gallaçylar, size belent zähmet ýeňişleri ýar bolsun! Çäjiňize, harmanyňyza, ömrüňize bereket! Arkadag kalbyndan çogan zer däne

Eşretli durmuşyň höziri

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Ýurdumyzda tarp ýerler yzygiderli özleşdirilýär, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça oňyn çäreler durmuşa geçirilýär. Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna uly möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap, ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy ak bugdaýyň bol hasylyny almagyň özenidir.

Meýdan düşelgesindäki ruhubelentlik

Galla oragy möwsüminiň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde oňa gatnaşyjy zähmetkeşleriň armasyny ýetirmek maksady bilen welaýatymyzda netijeli işler alnyp barylýar. Daýhan birleşikleriniň çägindäki meýdan düşelgelerinde guralýan aýdym-sazly medeni dynç alyş dabaralary babatda hem şeýle diýmek bolar. Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde, galla meýdanynyň golaýyndaky meýdan düşelgesinde bolan dabara ýakymly duýgulara beslenen çäreleriň biri hökmünde ýatda galdy. Welaýat häkimligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary we Medeniýet müdirligi tarapyndan bilelikde guralan dabara etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň däne orujy kombaýnlarynyň mehanizatorlary, hasyly ammarlara daşamaga gatnaşýan awtoulaglaryň sürüjileri, gallaçy kärendeçiler gatnaşdy.

Öňdebaryjylara baýraklar garaşýar

Galla — mukaddes baýlyk, her bir maşgala ojagynyň berekedi, sahawatly topragymyzyň egsilmejek rysgal çeşmesi. Şoňa görä-de, bagtyýarlyga beslenen döwrümizde oba hojalygynyň gallaçylyk pudagyna aýratyn üns berilýär. Şeýle ünsüň netijesinde güneşli Diýarymyzyň janypkeş gallaçy kärendeçileri üstümizdäki şanly ýylda hem guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny kemala getirdiler hem-de häzirki günlerde däne oragyny gyzgalaňly alyp barýarlar. Galla oragy jogapkärli möwsümdir. Daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen gallany ýokary hilli, çalt we ýitgisiz ýygnamak möwsümde esasy şertleriň biridir. Şeýle bolansoň, galla oragy möwsüminiň ýokary talaplara laýyklykda alnyp barylmagy ugrundaky asylly işe jemgyýetçilik guramalary hem saldamly goşant goşýarlar. Bu ugurda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan yglan edilen zähmet bäsleşiginiň ähmiýeti uludyr. Ongünlük zähmet bäsleşiginiň welaýatymyzda galla oragyna dabaraly ýagdaýda badalga berlen gününden yglan edilmegi möwsüme gatnaşýanlarda zähmet joşgunyny döretdi.

Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyryldy

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi Aşgabat, 9-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Galla oragy gyzgalaňly dowam edýär

Hormatly Prezidentimiz meýdanlarda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamaga girişmäge ak pata berdi. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň Mary welaýatynyň Murgap etrabynda hem il sylagly ýaşulularyň, gallaçy kärendeçileriň, oba hojalyk işgärleriniň gatnaşmagynda, ýylyň galla oragyna uly ruhubelentlik bilen girişildi. Galla oragyna Murgap etrabynyň Nurana Gurbanmyradow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Täjigül Geldiýewanyň 2 gektar kärende ýerinde badalga berildi. Galla oragynda zähmet çekýän mehanizatorlar, kombaýnçylar, awtoulag sürüjileri we kärendeçiler üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Günortan arakesme wagtynda medeniýetli dynç almaklary üçin oňaýly şertler göz öňünde tutuldy. Kombaýnçylaryň, kärendeçileriň, awtoulag sürüjileriň arasynda zähmet bäsleşikleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu guramaçylyk çäreleri özüniň oňyn netijesini berer. Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli edaralary, medeniýet işgärleri daýhanlaryň armasyny ýetirip durarlar.

Oragyň awtolulag kuwwaty

Häzirki wagtda ýetişdirilen hasyly döwlet ammarlaryna tabşyrmak işini welaýatymyzyň gallaçylary guramaçylykly alyp barýarlar. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň agzybir işgärleri hem ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýerlerdäki galla kabul ediji nokatlara ýetirmek ugrunda daýhanlara ýakyndan kömek berýärler. Kärhanada halk hojalygyna awtoulag hyzmatynyň ähli görnüşi boýunça döwrebap we üznüksiz hyzmat etmek ugrundaky tagallalaryň ýokary derejede ýerine ýetirilýändigini görmek bolýar. Kärhana tarapyndan hormatly Prezidentimiziň ulgamyň işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň gündogar sebitiniň çäginde mynasyp üstünlikler gazanylýar. Bu barada kärhananyň baş inženeri Babajan Hemraýew şeýle gürrüň berýär. ― Häzirki wagtda ýurdumyzda gyzgalaňly dowam edýän galla oragy möwsümine kärhanamyz tarapyndan 480-den gowrak dürli kysymly ýük ulaglary gatnaşdyrylýar. Bu ulaglaryň 80-e golaýy hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen satyn alnan täze «Kamaz» kysymly ulaglar bolup, olaryň iş öndürijiligi ýokarydyr.

Başarjaň bagban

Obadaşlarynyň salgy berýän «guýuly öýüni» ahyry tapdyk. Şeýle diýmezçe-de däl, Atajanyň öýüni kimden sorasak, «Pylan köçede guýuly öýdür» diýip salgy berdi. Asyl, bu ýönelige däl eken. Guýy köçedäki beýleki hojalyklarda-da bardyr welin, Atajanlaryň guýusy edil ýoluň gyrasynda gazylypdyr. Gör, ol näçe ýyldan bäri bu köçeden geçýänlere bal ýaly, buz ýaly suwuň çeşmesi bolup hyzmat edendir. «Guýuly öýden» çykan pälwansypat ýigidi hem alyp, onuň üzümçilik bagyna sary ýola düşdük... Atajan Mamedow Saýadyň Çaltut geňeşliginiň ýaşaýjysy. Mundan 10-12 ýyl çemesi ozal Ukrainanyň Harkow şäherinde ýokary bilim alyp gelen hem bolsa, kakasy Hemra aganyň ýoluna eýerip, ol rysgyny oba hojalygyndan gözledi. Bu gün mal-garasy hem ep-esli bolup giden Atajan mundan 20-25 ýyl çemesi ozal kakasyna berkidilen 1 gektar üzüm bagyna hem eýeçilik gözi bilen seredýär.

500 tonna pile ugrunda

AK PILÄNIŇ ULY HARMANY Pile kabul ediş bölüminiň gapysyndan giren badyňa, ilki bilen, bu ýerde adamlaryň adatdakydan has köpdügi ünsüňi özüne çekýär. Olaryň aglabasynyň şu möwsümde ýüpek gurçugyny idedip, öndüren pile hasylyny getiren ýüpekçilerdigini ýüz-gözlerinden, özara gürrüňlerinden hem aňyp bolýar. Ynha, bir tarapda olaryň birnäçesi ak pileden doly agaç gaplary yzly-yzyna terezä goýup durlar. Hol aňyrda pile arassalaýan enjamlaryň hereketi gözüňe ilýär. Beýle tarapdaky bassyrmanyň aşagyndaky pile hatarlaryny aralap, haýsydyr bir iş bilen meşgul bolup ýörenler hem bar. Şu pursatda nobatdaky gap tereziniň üstüne ýüklenilýär. Tereziban ýigit ony ölçeýär hem-de ýüpekçi ýaşula ýüzlenip, şeýle diýýär:

Daýhandan hereket — ýerden bereket

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan oba hojalyk toplumyny dünýä nusgalyk derejede ösdürmek barada taryhy kararlardyr möhüm çözgütleri kabul edýär, önümçiligi etraplar boýunça ýerleşdirip, pudagy has bähbitli ugurlar bilen ösdürmegiň zerurdygyny aýratyn nygtaýar. Munuň üçin ýerli şertleri nazara alyp, bugdaý we pagta hasyly bilen bir hatarda miweleridir ir-iýmişleri, ýeralmany, gök-bakjadyr beýleki ekinleri agrotehniki talaplara laýyk ösdürip ýetişdirmek esasy wezipeleriň hataryna çykarylýar. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, bazarlarda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny gazanmak maksady bilen, şäherleriň golaýynda ýyladyşhanalary gurmak, olarda gök-bakja önümlerini, miweleri we ir-iýmişleri ösdürip ýetişdirmek üstünlikli ýola goýulýar. Oba hojalygynyň maldarçylyk pudagyny ösdürmek, onuň ot-iým binýadyny berkitmek, ot-iýmiň hilini gowulandyrmak ýaly möhüm wezipeler öz oňyn çözgüdini tapýar. Munuň özi azyk önümlerini daşary ýurtlardan getirmek üçin harçlanýan köp möçberdäki gyzyl puly tygşytlamak bilen birlikde, ilkinji nobatda, oba ilatynyň, tutuş halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, bazarlardaky nyrhlary elýeterli, ilaty öz ýurdumyzda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa önümler bilen bolelin üpjün etmäge giň mümkinçilik döredýär. Bu ugurda Balkan welaýatynda hem döwrüň ösen talaplaryna laýyk işler üst

Daýhan hojalygynyň zähmet üstünligi

Kaka etrabynyň «Ýaz meýdan» daýhan hojalygy ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda gallaçylykda ajaýyp zähmet üstünligine eýe boldy. Guramaçy ýigit Arslan Nuryýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän agzalan daýhan hojalygynyň gazanan üstünligi yhlas bilen çekilen päk zähmetiň miwesidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda tarp ýerleriň özleşdirilişine, topragyň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna, melioratiw ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, tohumçylygyň ösdürilmegine, şeýle-de pudagyň düzümleriniň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna berilýän üns-alada oba hojalygyny ösüşiň täze belentliklerine çykarmakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky tagallalary oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek, ony düşewüntli pudaga öwürmek, ýurdumyzda bereket-bolçulygyny pugtalandyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Muňa oňat düşünýän ýer eýeleri bu gün oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmelerden ruhlanyp, sahawatly toprakdan gowaçanyň, dänäniň we beýleki ekinleriň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.

Bäsleşikler öňdebaryjylary saýlar

Tejen etrabynyň gallaçylary oba hojalygyndaky jogapkärli orak möwsümine guramaçylykly girişdiler. Galla oragyny çalt we ýokary hilli geçirmek, oba hojalygyndaky bu jogapkärli işiň depginini ýokarlandyrmak, möwsüme gatnaşyjy kombaýnçylary, awtoulag sürüjilerini we kärendeçileri höweslendirmek maksady bilen, etrapda ongünlük zähmet bäsleşikleri yglan edildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan möwsüme gatnaşyjylaryň arasynda geçirilýän zähmet bäsleşikleri öňdebaryjylary saýlamakda möhüm ähmiýete eýedir. Etrabyň gallaçylary şanly ýylymyzda guşgursak ak bugdaýyň bol hasyly ýetişdirdiler. Häzirki wagtda galla meýdanlarynda däne oragy gyzgalaňly dowam edýär. Bu işde etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň däne orujy kombaýnlaryna erk edýän mehanizatorlar, hasyly kabul ediş nokatlaryna daşaýan awtoulag sürüjileri yhlas bilen gatnaşýarlar. Özboluşly zähmet bäsleşikleri bolsa, olary has-da tutanýerli we ruhubelent işlemäge itergi berýär. Bäsleşigiň jemini her on günde jemläp, ýeňijileri iş üstünde, şeýle-de gysga wagtlyk arakesmede meýdan düşelgelerinde guralýan dabaralarda sylaglamak göz öňüne tutulýar.

Däneli ekinleri ýetişdirmegiň ähmiýeti

Ýurdumyzda oba hojalygyny galkyndyrmak, oba senagat toplumyny özgertmek baradaky belent maksatlar rowaçlanýar, ýer eýelerine topraga göwnejaý hyzmat etmek we bol hasyly öndürmek babatynda ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi oba zähmetkeşlerini zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda däneli, kösükli däneli we ot-iýmlik ekinleri ekmäge uly üns berilýär. Şonuň bilen baglanyşykly, kösükli däneli ekinleriň ylmy esasda ekiliş usullaryny, tohum kadalaryny öwrenmek, olardan ýokary hilli azyklyk we ot-iýmlik, düzüminde birnäçe ekologiki taýdan arassa biologiki işjeň maddalary saklaýan önümleri almak, topragy gurplandyrmak agrosenagat ulgamynyň örän wajyp meseleleriniň biridir. Kösükli däneli ekinleriň ýapragy, baldagy mallara ot-iým bolup hyzmat edýär.

Türkmen topragynyň berekedi

Galla hasylynyň ýygnalýan häzirki günlerinde bugdaý, bugdaý çöregi hem-de şeýle berekedi öndürýän daýhanlar hakynda, tagamly çöregi bişirýän eneler barada oýlandygyňça, olara bolan hormatyň artýar. Egsilmez bereket-bolçulygy döredýän hormatly Prezidentimize bolan buýsanç bütin kalbyňy eýeleýär. Bu günki gün türkmen daýhanlarynyň bugdaýly meýdanlardaky ýadawsyz zähmetlerini göreniňde kalbyň buýsançdan dolýar. Yhlas etseň, bereket eçilýän topragymyzdan önýän hasyldan taýýarlanan naz-nygmatlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saçaklarymyzyň bezegidir. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzyň daýhanlary her bir gününi zähmet üstünliklerine beslemek hyjuwynda ýadawsyz zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen Ahal, Lebap we Mary welaýatynyň babadaýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa 11-nji iýunda goşular. Belent maksatlary öňlerinde goýan gallaçy kärendeçilerimiz özlerine berkidilen meýdanlaryň her bir gektaryndan ýokary hilli hem-de bereketli hasyl almak ugrunda ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň erkana ýaşamaga, päk zähmet çekmäge, ene toprakdan bereketli hasyl almaga döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, galla bolçulygyny döredýän türkmen daýhanlaryna «Çäjiňize bereket, ömrüňize bereket!» diýesiň

Galla oragy — jogapkärli möwsüm

Ata-babalarymyz: «Gallam bar — tyllam bar» diýipdirler. Şoňa görä, galla bolçulygy rysgal-berekediň, döwletliligiň nyşany hasaplanýar. Edermen gallaçylarymyzyň yhlasly zähmeti netijesinde şu ýyl hem ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 4-nji iýunda galla oragyna badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermeginde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň babadaýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa olara 11-nji iýunda goşular.

Harmanyňa bereket, gallaçy!

Hormatly Prezidentimiz 2-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda edermen gallaçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde, şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini, galla oragy möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini, şeýle-de galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we halkymyzy azyk önümleri bilen doly üpjün etmek üçin azyk bolçulygyny pugtalandyrmagyň möhümdigini aýdyp, ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 4-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa, 11-nji iýunda ýaşulularyň gatnaşmagynda galla oragyna «Bismilla» bilen başlamaga ak pata berdi. Gadymy Ahal ýaýlasy ak bugdaýyň asyl mekany. Bu bereketli ýaýlanyň janypkeş oba zähmetkeşleri ata-babalarymyzdan gelýän daýhançylyk däplerini häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyryp, sahabatly toprakda ýylyň-ýylyna guşgursak dänäniň bereketli hasylyny kemala getirýärler. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uludan toýlanjak ýylynda hem edermen babadaýhanlaryň irginsiz zähmeti netijesinde ak bugdaýyň boldumly hasyly ýetişdirildi. Geçen hepdäniň anna güni welaýatymyzyň edermen daýhanlary galla oragyna dabaraly ýagdaýda girişdiler. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryşy ýaly, bu jogapkärli möwsüme il içinde uly sylagdan peýdal