Pagtaçylaryň «armasy» ýetirilýär
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ene topraga zähmet siňdirilip ýetişdirilen pagta hasylyny çalt hem-de ýitgisiz ýygnap almak welaýatymyzyň kärendeçi daýhanlarynyň, kombaýnçylarynyň, daýhan hojalyklarynyň agzalarynyň häzirki günlerdäki esasy aladasyna öwrüldi. Ak hanalara beslenip oturan pagta meýdanlarynda olaryň agzybirlikli, joşgunly zähmetleri möwç urup, «ak altyn» harmanlary barha beýgelýär. Gyzgalaňly günlerde pagtaçylaryň «armasyny» ýetirip, olara medeni-durmuş hyzmatlaryny guramagyň hem möhüm ähmiýeti bar. Şundan ugur almak bilen, welaýatymyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, degişli edaralaryň işgärleri bu ugurda möhüm işleri alyp barýarlar.