Duýgudaşlygyň we rahatlygyň reňki
Reňkleriň duýgy-dünýämize täsiri hakda köp eşidendiris. Bu hakda okalan, tomaşa edilen, eşidilen zatlaram az däldir. Reňkler we olaryň ruhy dünýämize, duýgularymyza, durmuşymyza täsiri gadymy döwürlerden bäri ynsanlary gyzyklandyryp gelen ugurlaryň biri bolup durýar. Eýsem, reňkler bize nähili täsir edýär? Haýsy reňki halaýan bolsak, şol reňkdäki lybaslary geýnesimiz gelýär. Otaglary şol reňke boýasymyz gelýär. Ykjam telefonlarymyzyň, noutbuklarymyzyň, mahlasy, gözümiz düşýän zatlaryň şol reňkde bolmagyny eý görýäris. Reňkler täsin bir dünýä. Käbir reňkleriň işdäňi açýandygy, käbir reňkleriň ylham berýändigi, käbirleriniň oýlandyrýandygy ýa-da dynç berýändigi ýaňzydylýar. Şol gadymy ýörelgeler häzirki döwürde has-da rowaç. Esasanam, bezeg-zynat (moda) dünýäsi her ýylyň reňkini içgin öwrenýär. Munda adamlaryň ruhy-psihologik ýagdaýlary hem göz öňünde tutulýar. Haýsy reňkleriň göwnüňi göterjekdigi, şatlandyrjakdygy, ylham-joşgun ýa-da rahatlyk berjekdigi hakdaky çaklamalary öňe sürýärler. Şeýdibem, geljek ýylda ýörgünli boljak reňkleri öňünden kesgitleýärler. Munuň üçin ýörite ylmy institutlar hereket edýär. Dünýäniň önüm öndürijileri bolsa, esasanam, moda dünýäsi bu pikirleri alyp göterýär, olary has-da rowaçlandyrýar. Reňk institutlarynyň kesgitlän reňklerini öz önümleriniň bijebaşysy edýär. Ýylyň saýlama reňklerini öz önümlerinde şöhlelendirýärler. Egin-eşiklerde